Žabralar suwsaýar

Gije sagat ikide çykdyk. Deňiz göze ýakymly däldi. Emma güýji, energiýasy, wagşy erki hatda ýokarda, gaýalaryň üstünden duýulýardy. Gury ýerde ýöräp ýören adam uly suwy uzakdan duýýar. Köçeden ýöräp barýar — birden üstüni basdy, ys gelip başlady: ynha şu burçuň aňyrsynda, öwrümiň aňyr­synda giňişlik açylar, duzly şemal hem ýüzüňe urar. Kenara tarap — dik aşak — daşyň içinden geçirilen, öwrümli, ýöne tertipli bejerilen ýoda eltýär. Gerek ýerinde — tutawaçlar, gerek ýerinde — basgançaklar. Deň aralyklarda — çyralar, olar bizi aýratyn begendirdi: garaňkyda biz Semýon bilen ýörişiň başyndan üç minutdan soň bu ýerde boýnumyzy döwdürerdik. Gije oňat, duzly, italýan günortasynyň ýagly gijesidi, — pyçak bilen al-da çörege çalyber. Eger-de başarsaň. Ýöräp barýarkak, deňiz az-azdan açylýardy, bezeg ýaly bolup durmagyny bes etdi. Düşnüksiz goh aýratyn seslere bölündi: ine togalanyp geldi, ine urdy we köpük bolup ýaryldy, ynha pagşyldady we yzyna gaýtdy. Soňky öwrümiň öň ýanynda men aýak çekdim we: — Seret. Şolmy ýa däl? — diýdim. — Meňzeş, — diýip, Semýon jogap berdi. — Ysy gowy. Hakyky deňziňki. — Ortaýer deňziniňki, — diýip, men takykladym. — Täze ys, — diýip, Semýon aýtdy. — Düýbünden başga. Gara deňziniň ysynyň nähilidigini — bilýärin. Kaspyňkynam. Baltikanam — ysgapdym. Demirgazyk deňzem ysgadym. Aral deňzem... Ortaýer deňzini ysgap görmandim. Kenar daşlaryň üýşmegi bolup çykdy, her ikinjisi awtoulagyň ululygyndady. Emma bu ýerde-de gödek gaýa gapyrgalarynyň arasynda zähmetsöýer el bilen geçelge ýasapdyr. Men aýgytly ädimläp başlap, soňky metrleri geçdim, uly daşyň üstüne mündüm we lezzetden ýaňa gülmäge başladym, ýöne haçanda nobatdaky tolkun meniň gury aýakgaplarymy öllände bolsa, men ýene-de bir sapar — has gaty we has aladasyz gülmäge başladym. Hemme zat hakykygydy. Kapri adasy, gije, fewral, Moskwada minus ýigrimi bäş, bu ýerde bolsa — men häzir jalbarymy çykararyn we suwa bökerin, we ýüzrin. — Ynha, — diýip, men Semýona gygyryp goýberdim. — Bu şol. Ortaýer. Ysga, gardaş! Semýon eýýäm egin-eşiklerini çykarypdy. — Ýöne men Garany beýleki tarapyndan ysgadym gördüm, — diýip ol jogap berdi. — Türkiýe tarapdan. Kontrabanda haryt gatnadýan wagtymda. Türkiýeden Noworossiýskä, gijelerine, welbotda... — Romantika, — diýdim men. — Hawa, — diýip, Semýon agras razylaşdy. — Onda-da nähili. Ol meniň gapdalymdan geçdi, eýýäm ýalaňaç, daşlaryň arasyndan leňňeç ýaly bolup ellerine daýanyp, daşlaryň arasyna mündi we Mokswanyň çeperçilik teatry­nyň köne mekdebiniň äheňinde howlukman, goşgy okady: “Balyklardan, ýyldyzlardan şalandany getirýär! Üç sany grek Odessa kontrabanda getirýär.” Ol biraz tagaşyksyz ýöreýärdi, ýöne hiç hili artykmaç hereket edenokdy. Artyk­maç hereketleri ol öňden bäri edenokdy: gije suwa düşülýän wagtlarda-da, umuman hem. Ol äpet bir dişe meňzäp duran ullakan bölek daşyň üstünde oturyp: — Ähli ýerde daş! — diýip, habar berdi. — Berkräk ýapyş, — diýdim men. — Tolkun gelse, boýnuňy oňurdarsyň. — Eýýäm gelýär, — diýdi Semýon we tolkun onuň üstüni ýapdy. Haçanda köpükli tolkunyň ýetip barýarka, soňky pursatda Semýon begençli ýa-da gorkuly boguk ses (käwagt olaryň ikisem birmeňzeş çykýar) çykardy şondan soň ýitdi. Birinji tolkundan soň dessine edil şonuň ýaly güýçli ikinji tolkun geldi. Suwuň ýüzüne ýüzüp çykyp Semýon eýýäm doýgun ýogyn ses bilen şol bagtly gykylygyny gaýtalady. “Žabralaryny ölledi”, — diýip men pikir etdim we: — Ýüz! — diýip gygyryp goýberdim. — Impossible! — diýip Makarow jogap berdi, üsgürip we erbet titräp yzyna dyr­maşyp ugrady. Ýanymda oturdy we içinden geýýän maýkasy bilen eginlerini süpürip ugrady. Biz süpürgiç almandyrys. — Eger-de ýöne aýagyňy döwdürseň, bu hiç. Emma dabanyň galaýsa — onda ony güm edip goparar, — diýdi. — Ýerli adamlaryň bu ýerde nädip suwa düşýärkäler. — Olar suwa düşenoklar, — diýip, Semýon aýtdy. — Bu biziň üçin ekzotika, emma olara näme? Deňiz deňizdir-dä. Gel ine başga tarapdan seredeliň. Iki sany kelesaň italýan iki günlük Moskwa ýörite fun tutmak — anna güni günortanlyk nahardan soň Üçünji ulag halkasyndan ylgap geçmek üçin gelipmişler. Olaryň biri ylgap geçýär-de, beýlek-ä: “Mario, bu örän gowy! Gel meniň ýanyma! Ol ýerde çalt ylga, ol ýerde togta we seret, haçanda fura geçende, howa tolkuny uraýmasyn...” — diýip gygyrýar. Men güldüm. Semýon üsgürip başlady. — Näme, gardaş, — diýip, men soradym, — žabralaryň ýatdan çykarypmy? — Hiçle, — diýip, Makarow jogap berdi. — Bu peýdaly: deňiz suwy bilen gulak-burun agzalaryňy ýuwmak. — Biz Kapri adasynda, — diýdim men. — Bu ýerde ähli zat peýdaly. Suw, howa, yslar. Hatda daşlaram. — Daşlar — hawa, — diýdi Semýon. — Daşlar örän hakyky. Şu uly daşyň aňyr­syndan çepräkden gir. Onuň yzyndan ikinjisi, kiçirägi bardyr, — ol dörtburç, ondan ýapyş, — ýöräber. Haçanda tolkun uranda, ýöne şol birinji daşa arkaňy ýapla, ol tekizdir. Ýöne ýeňsäňi gora. Hem-de rahatlan. — Maňa rahatlanmagy öwretme. Eger-de men bolmadyk bolsam, sen şu wagt edaraňda ereýän kofäňi süzer oturardyň. — Hawa, — diýip Semýon şadyýanlyk bilen aýtdy. — Muny biz gowy oýlap tap­dyk. — “Çykdyk” diýip atlandyrylýar. — Edil özi, — diýip, Semýon razylaşdy. Çykdyk! Sen gelýäňmi? Hatda aýyň çala ýagtysynda-da onuň titreýändigi görnüp durdy. — Sowukmy, — diýdim men. — Sen özüň, ýör çümeli, gije, daşlar, ýyldyzlar... diýip gygyrdyň ahyryn. Ýöre. Ýöne howlukma. Ol seni diňe bir itmän, eýsem, özi bilenem äkidip bilýändir, şony göz öňünde tut. — Tolkunmy? — Hawa. — Hamala zenan barada aýdýan ýaly bolduň. Semýon zenanlar barada bir zatlara jogap berdi — men eşitmedim. Hemme ýeri daş däldi. Edil suwuň gyrasynda el bilen ýasalan, tekiz meýdança bardy: takyr beton, ol bul ýerde çukurlar, megerem, tomusda ol ýerlere saýawanlar oturdylýandyr, matadan edilen saýawanlar üçin ýeňiljek daýanç nokatlary bolandyr. Ýokary-orta gatlakdaky ýewropalylaryň köp sanlysy bu ýerlerde peýdaly ultramelewşeden lezzet alyp, güne ýanýandyr. Men türsüge çenli çykaryndym. Biraz oýlanyp, onam sypyryp goýberdim. Gijeki suwa düşme ýalaňaçlygy göz öňünde tutýar. Suw ýakyp gitdi. Spirte çümen ýaly, anyk duýgy ýüze çykdy. Ýiti ysly, sesli gara spirt ähli tarapdan gurşap aldy, örküç-örküç bolup çişdi, togalandy, agyr syçrantgylar bilen partlady, kenardan meni — somalýan daş bölegine eýýäm sypjyrdylan iki elli bilen ýapyşyp durany kenardan daşa aýyrjak ýa-da hatda agdaryp we urup öldürmek üçin, — meni şol ýerden goparjak boldy. Aýdym aýdyp başladym: Men ýyly sebitlere deňze gelerin! Ýedi sagat uçuşda — ynha günortada men! Gaýalaryň üstünden ýörärin, deňze çümüp çykaryn — Seniň ýanyňa, demirgazyga hökman dolanaryn! Gaýnaýan spirt rehimsizdi. Haçanda suw tabyt yza çekende, yna ýag ýaly gara giňişligiň üstünde ähli ýerde rifleriň depeleri görnüp gidýärdi. Men üç minut mundan ozal her edip, hesip edip kenardan biraz daşraga ýüzmegi meýilleşdirdim. Tolkuny eýerläp münüp, Semýona, öz köne dostuma, çilimkeş garagola, mümkin bolmajak zadyň mümkindigini subut etmegi meýilleşdiripdim; häzir bolsa köne dostu­myňkynyň rastdygyna düşünýärdim. Bu ýerde diňe granit burçlara aýalaryňy diräp, tebigatyň biperwaýlygyna guwanyp oturyp bolýardy. Pursat tapyp daşyna çykýaryn — haçanda nobatdaky tolkun arkamda gohlap, meniň yzymdan ýetende, diňe bir daşyna çykmaly däl-de, eýsem, ylgap halas bolmalydygyma göz ýetirdim. Kellämi egnime gysyp başagaý bolup başladym, ýene-de bir gezek tirsegimi syp­jyrtdym. Semýon eýýäm geýnipdir we ýeliň ugruna al uçgunlary goýberip çilim çekip durdy. — Men hem bu aýdymy ýadyma düşürdim, — diýip ol gygyryp goýberdi. — “Men ýaşaýaryn demirgazykda! Işleýärin seýnerde!” — Ýene bir sapar çümüp çyk! — Ýok, — diýip, Semýon jogap berdi. — Sowuk. Gidroeşik almaly eken. — Ýene näme. Bu öýken kesellileriň, dem gysmalylaryň we baý garrylaryň adasy. Bu ýerde gidroeşik ulanmaýarlar. Bu ýerde ak jalbar we kanotýe ulanylýar. — Onda ak jalbar almaly eken. — Ýok, — diýip men garşy çykdym. — Egnimizde näme bolsa, şonuň bilen gitmeli — diýen pikir bardy. — Örän dogry edipdiris-dä, — diýdi Semýon. — Men-ä şat. Ýeri, bu çyndanam jennetmi? — Şeýle diýip ýazylypdyr, — diýip men jogap berdim hem-de sowukdan ýaňa titräp başlandygymy duýdum. Ýöne men oňa gynanmadymam we onuň üçin ruhdanam düşmedim. — Eger şu ýeri jennet bolsa, onda men çilimiň galyndysyny nirä zyňmaly? — diýip, Semýon sorady. — Gutudan sellofandan edilen daşyny çykaryp, şoňa dola-da jübüňe sal, — diýip men maslahat berdim. — Bolýa, — diýip Semýon jogap berdi. — Indi bilerin. Ýarym kilometr aňyrda, çep tarapda on gat jaýyň uzynlygyndaky ýylçyr gaýa suwuň içinden çykyp durdy, sagrakda aýyň şöhlesiniň ýoly bardy: şondan elmydama günbatara tarap ýüzüp, göni Gibraltara çenli, ondanam aňryk — Karib adalaryna we Braziliýa baryp bolýardy. Hiç hili böwet, araçäkler, ýokary çykmalar we aşak inmeler, çatryklar, köp gatlakly estakadalar, anna gününiň trafigi we doňaň ýol ýokdy — diňe suw we başga hiç zat; bu şeýle bir ýönekeýdi welin, aň total göni ýoluň bardygy hakyndaky pikire ynanmakdan boýun gaçyrýardy. Emma haçanda bäşinji onluga gadam basanyňda, iň gowusy aňa ynanmaly däl. Öz intuisiýaňa, duýgulara bil baglamaly. Islegleriňe. Islediň — ýüzdüň. Islediň — petek satyn aldyň we deňze, balykçylaryň we nakgaşlaryň keramatly ýerlerine uçup geldiň. — Ýeri, — diýip, Makarow gep gatdy. — Nätdi? Seniň žabralaryň razymy? — Hawa. — Onda gideli. Ýokaryk galanymyzda men ýylandym. Gowy depginde iýezuitleriň ybadathanasynyň duşundan geçdik we ýekeje-de janly jemendä duşman, çäherçäniň tennis meýdançasyndan sähelçe uly baş meýdançasyna çykdyk. Köçeleri bir ýarym metr giňlikdäki yş bolan köne ýaşaýyş toplumy­nyň içine siňdik. Bu ýerde öňden ýöräp barýan Semýon saklandy. — Ümsümlik, — diýdi ol. — Hormat goýýaryn. Salkyn diwara arkalarymyzy diräp, durduk. — Bu kinozala meňzeş, — diýip Makarow ýuwaş aýtdy. — Şeýle ümsümlik... Haçanda hemmeler eýýäm öz ýerlerinde oturanda, çyra-da öçürilende, petekçi girelgedäki tutyny çekip goýberende bolýar. Ekran bolsa entek ýakylanok. Ümsümlik, garaňky we hemmeler otyr... Sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Men bolsa ýedi ýaşymda we aýratyn sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, hatda dişlerim şakyrdaýar. Häzir maňa “Adam-amfibiýany” görkezerler. Ihtiandr edil şular ýaly köçelerden ylgap geçip gider... Onuň yzyndan bolsa — ganhor. Pedro Zurita. Ganjyk we gutaran nejis. Eýýäm ýetip barýar diýen ýaly, ýöne Ihtiandr — hop! — gaýadan deňize bökýär! Ol gitdi, belan onuň yzyndan ýetersiň... Haçanda dagyň hut gerşine münenimizde, birbada adanyň iki eňňidini hem gördük. Günortasyndakyda ýerli halk ýaşaýardy, günbataryndaky durşuna — biri-birine degip duran — feşenebel otellerden doldurylypdyr — bu ýerde çyralar has köpdi, has ýitidi. Ýoda giňedi we gözenekli derwezä eltdi. Semýon asylgy gulpy çekip goýberdi — demir tukat zarňyldap gitdi. Makarow burnuny çekip başlady we simlerden ýapyşyp, aýgytly dyrmaşdy. — Eger garawul bolsa? — diýip, men aşakdan soradym. — Pul bereris. — Almasa? Polisiýa çagyrsa? — Hakykaty aýdarys. Biz rus syýahatçylary. Birden zähmet hepdesiniň ortara­synda deňizde suwa düşmek isledik. Özi hem ýöne bir deňizde däl, Ýewropanyň iň medeniýetli ýeriinde. Suwa düşeniňden soň, elbetde, imperator Tiberiýiň willasynyň duşundan düýbünden geçip gitmek bolmaz. Italýan harabalyklary — bu dünýä brendi! Edil italýan futboly ýaly! Edil italýan zir-zibili ýaly! Geldik — ýapyk. Içiň ýangyjyna agyň tutýar... Şeý diýeris. — Bagyşlaň, daýyjanlar, biz gaýdyp etmeris? Semýon böküp goýberdi, ellerini jalbaryna süpürdi we ýygy simleriň arasyndan ýylgyryp seretdi. — Gaýtam olar bize: “Bagyşlaň, daýyjanlar!” — diýmeli. Sebäbi biz hakykaty daýyjanlar bizd-ä. Uly ýaşly erkekler. Biz hakykatdanam harabalyklary görmäge uçup geldik. Tä şolary görýänçäk, biz bu ýerden gaýtmarys. Sebäbi biz syýahatçylar. Özümizi gowy alyp barýarys, çilim galyndylaryny zyňamzok, ýöne haltajyga salýarys. Örän pul sowasymyz gelýär hem-de ýyly myhmansöýer Italiýa hakyndaky ýatlamalary sowuk Russiýa eltesimiz gelýär... Hany dyrmaş. Bu ýerde garawul ýok. Men dyrmaşyp ugradym, Makarow bolsa töwereklerine garanjaklap, dowam etdi: — Haçanda men aňzak gyşda Gyzyl meýdanyň ortarasynda garyň içinde doňup durkam, meniň üstüme gorkunç aýy topulanda we meniň garry süňklerimi gemirip ugranda: “Ömrüm biderek geçmedi! Men Kapri adasyny gördüm! Men Tiberiýiň ruhy bilen gürrüňdeş boldum! Men ýabany rus adamy, emma meniň žabralarym italýan deňzinden dem alyp gördi! Haçanda meniň ata-babalarym biri-birlerini agaç taýak bilen öldürip ýörkäler, bu ýerde eýýäm demokratiýa, poçta we suw geçiriji bolupdyr!” — diýip men pikir ederin. Eger-de meni tussag etseler, men şeýle diýerin. Köp gatlakly, uly göwrümli harabalar gap-gara, sessiz we hyrsyzdylar. Goralmaýardylar we yşyksyzdylar. Edil Ortaýeriň demirgazyk kenarynyň ähli ýerinde bolşy ýaly, guran geçi gumalagynyň ysy gelýärdi. — Hiç zat duýamok, — diýdim men. — Iki müň ýyl, — diýip Semýon jogap berdi. — Bu ýerde onuň ýekeje molekulasam galmandyr. — Mümkin däl. Tiberiý tutuş dünýäni dolandyrypdyr. Ol Pontiý Pilata-da höküm edipdir. Kaligula onuň ogullygy eken. Gözlemek gerek. — Onda gözläli, — diýip, Semýon aýtdy. — Ýöne çilim bir çekme. Ruhlar temmäki ysyny halanoklar. — Seň aýdaýýaň. Emma göz öňünde tut, tiz daň atar. — Bu biziň peýdamyza. Daň atmagyň öňýanyndaky bir sagat — iň gizlin wagt. Möjek bilen itiň arasyndaky wagt. Semýon sada aşa duýgurlyga, ekstrasensorika, hyýaly zatlara ynananokdy — kölegeler dünýäsi oňa adaty erteki bolup görünýärdi, — emma şu wagt ol oýlandy we samyrdady: — Ruhuň ýerzeminde ýaşamaly bolmagy ahmal. Aşaky gatda. — Beýle bolmaýmasa. Aşakda hojalyk otaglarynyň bolan bolmagy — zat saklanýan ýerler, at ýataklar we başgalar. Men-ä ýokarda ýaşardym. Ýakalarymyzy galdyryp, biz gorkunç daş labirinti ýene-de bir gezek aýlanyp çyk­dyk. Men onuň ähli burçlarynda, köp gatly gara tümlük bilen doldurylan diwardaky tekjelerde, üçburçlyk, megerem, öz takdyryna garaşyp, imperatoryň örän gowy görýän ýaşajyk oglanjyklarynyň oturan kameralarynda oturyp gördüm. Emma hiç zat duýmadym. Diňe ýeňiljek yrgyldylar, Tiberiýiň özüniň däl-de, ýöne onuň şu diwarlary galdyran, howdanlary suwdan doldurýan we hoşboý ysly serişdeler tütedilýän gaplarda ot ýakýan gullarynyň gowşak yzlary ýa-da yzlaryň yzlary galyp­dyr. Hökümdarynyň zähmetine garanyňda, ussadyň zähmeti hiç haçan ýitip gitmeýär. Men Semýony iň ýokarsynda, synlaýyş meýdançasynda tapdym: ol ýylanjak bolup, oturyp-turýardy we ellerini galgadýardy. — Termos almaly eken. — Ýeňil-ýelpaý diýip dilleşdik. Diňe has zerur zatlary alýarys. Şonuň üçin agşama çenli çyda. Günortada çyralaryň uzyn hatary bilen Neapol özüni görkezýärdi. Düýn biz Santa-Lýuçiýanyň kenaryndan ýöräp geçdik, emma tolgunmandyk. Neapol köne motorollerlere meňzeş, eýesiz itleriň we eýesiz itlere meňzeş köne motorollerleriň şäheri bolup çykdy. Kapri adasy Neapola seredeniňde has arassa we ulurakdy. Adanyň ýaşaýjylary — Neapollylardan has asuda we has hoşamaý. Tiberiýiň köşgüniň harabalyklary — San-Elmo galasyndan has gazaply we has syrly. Imperatoryň willasynyň ýokarky, altynjy gatynda özlerine wepaly katolikler kiçi ybadathana we Mariýa Gyzyň heýkelini goýupdyrlar. Ýadygärlik tagtasy bu zatlaryň ählisiniň Ioann Pawel Ikinjiniň ak pata bermeginde ýerine ýetirilendigini tassyklaýardy. — Tapmadyňmy? — diýip, Semýon sorady. — Ýok. — Rahatlan. Eger-de men Tiberiýiň ruhy bolan bolsadym, onda men bu ýee asla burnumam sokmazdym. Pikir et: men Isany öldürdim, ondan bäri iki müň ýyl geçdi, meniň öýümiň üçeginde bolsa adamlar ýadygärlik goýýarlar! Özem Isanyň özüne däl-de, onuň ejesine! — Tiberiý Isany öldürenok. — Ýok, — diýip, Semýon rahat jogap berdi. — Gös-göni onuň günäsi. Ol Isany öldüren ulgamy dolandyrýardy. Seniň özüň gürrüň berýärdiň, Tiberiýiň döwründe Rim imperiýasy çendenaşa gülläp ösüpdir. Şonuň üçin — ol gümüne gitsin. Onuň ruham. Taryh ýigidi pozdy. Seret: daň atyp başlady. Biziň töweregimizde eýýäm guşlar oýandylar we saýrap başladylar. Gözýetimiň çyzygyny bulutlar ýapyp durdy, biz bolsa Semýon bilen ilkinji şöhläni görüp bilmedik. Ilki utanýan ýaly bolup, biri-biriniň yzyndan ýyldyzlar ýitip ugrady: gaýtmaly wagt boldy — hä diýmän bu ýerleriniň hojaýyny geler; soňra kölegeler gök öwsüp başlady; ahyrsoňy hojaýynyň özi aşakdan bar güýji bilen urdy, bulutlary gülgüne altynsow reňke boýady, olary aýyrdy we ýokaryk togalandy. Çarlaklar öz gury ýerdäki gardaşlary bilen bilelikde — unisonda gygyryşyp ugradylar, ýöne olaryň sesi has gyryk çykýardy — deňiz guşlary materikdäkilerden has güýçli, has gödegräk. Solak aý oýun sahnasynyň arkasyna geçmäge howlukdy. Meniň, hem Semýony, hem žabralary, hem ruhy şu pursatda, elbetde, gapdaldan geçip giden Tiberiýany unudanyň, gözlerimi ultramarin gapdy — haçanda çagyrylmadyk myhmanlar täze şapaga çenli bukulmak üçin ünslerini sowanda, pursatdan peýdalandy. Öli zalymlaryň ruhlary diri başagaýlygy halanoklar. Demirgazykdan täze, has dykyz, sink-çal reňkli bulut geldi, ýöne olam diňe bolup geçýan zatlary bezedi, altynsöw öwüşginini has ýumşak kümüşsöw reňke çenli ýumşatdy, deşiklere bolsa gymmatbaha ýalpyldyly dökülýärdi we aşak düşýärdi. — Olar muny her gün görýärler, — diýip, Semýon ýuwaş aýtdy. — Gözüň gidýärmi? Makarow buýsançly güldi. — Ýok. Jennetiň ýaşaýjylaryna görüplik etmek akmaklyk. Olaryň žabralary gowy. Biz bolsa — gury ýerdäki jandarlar. Biziň žabralarymyz hemişe sowukladylan. Deňiz hakyndaky arzuw hemişe biziň ýanymyzda. Biziň aň-düşünjämizde otyr. Şäherde ylgap ýörüs, ulaglaryň tüsselerini ysgaýarys, hyrryldaýarys... Palma agaçly suratlary diwara asýarys... Haçanda gelenimizde — žabralar begenýär. Ýagny bizde şol dowzahy begenç bar, olarda bolsa ol ýok. — Biz bu ýere dowzahdan geldik diýip pikir edýärsiňmi? Semýon bir salymdan soň, haçanda biz eýýäm yzymyza gaýdyp gelýärkäk, jogap berdi. Biz derwezeden dyrmaşyp durmadyk, haýatyň böwründen deşik tapdyk. — Moskwa dowzah däl, — diýip, Semýon aýtdy. — Ol bu kategoriýalaryň da­şynda. Bulutlar indi diňe ýekeje deşik goýup, gök gümmeziniň tutuş gündogar bölegini ýapdy. — ondan bolsa suwuň üstüne altyn alawyň örän göni sütüni düşýärdi. — Fotoapparat almaly eken, — diýdim men. — Ýok, — diýip, Makarow garşy çykdy. — Diňe gaty zerur zatlary alaly diýip wadalaşdyk. Şäherjik oýandy. Bütin äleme meşhur, nakgaşlaryň bakylaşdyran uzyn, melewşe, italýan kölegeleri — kesilmeýän ýaly bolýardylar — burçlaryň we karnizlaryň ara­synda ýatdylar. Haýatlaryň aňyrsyndan adamlaryň we tehnikanyň garyşyp gelýän sesi eşidilýärdi. Ejeler köp gürläp çagalaryny mekdebe howlukdyrýardylar, ýaşlar motorollerleri otlaýardylar, gökçüler limonly gutulary çykarýardylar. Meýdança janlandy, kafeleriň ikisi hem açyldy we ähli bartenderler ýaly, ünsli bartender hem dessine bize iki sany dabl-espressony: “Prego, signori!” — diýip, prilawkanyň üstünden süýşürip goýberdi — biz jogap hökmünde gülüşdik, olam düşündi. Kofe we kislorod zerarly meniň başym aýlanyp ugrady. Men oturgyja çöküp, tirseklerimi ak saçagyň üstünde goýdum. Dostuma seretdim-de: — Indi şu barymy? — diýip soradym. — Hawa, — diýip, Makarow aýtdy. Dessine düşündi. — Bu bary, gardaş. Uçup geldik, derilerimizi öl daşlara sypjyrtdyk, harabaçylyklarda aýlandyk — öýe dolanmaly. — Örän aňsat! — diýip, men goşalanyp içilen göçgünligiň awusyndan we jennetiň sadalygy hakyndaky pikiriň hut özünden tolgunyp, gygyryp goýberdim. — Men bu başdan geçirme bolar öýtdüm. Kapri adasyna baranyňdan, meniň Bogorodskiý raýonyndaky daçama barmak has kynrak. — Dünýä kiçilipdir, — diýip, Semýon jogap berdi. — Ýa-da biz ulalypdyrys. — Seniň göwnüň geçäýdimi? — Men bagtly. — Menem, — diýip, Semýon jogap berdi we işjeňlik bilen: — Aýallarymyza hemme zat başa bardy diýeris. Deňiz ýyly, mähirli. Tiberiýiň ruhy ýerinde. Diwardaky deşikden çykdy we ähli zady bolşy ýaly gürrüň berdi. Isany öldürmändir, oglanjyklar bilen ýatmandyr, taryhçylar ýalan sözläpdirler... — Meniň pikirimç-ä, aýallarymyza barybir, — diýip, men aýtdym. — Olar şokda. — Zyýany ýok, — diýip, Makarow ýeňles jogap berdi. — Bu peýdaly şok. Men özümiňkä göni: “Diňe iň zerur zatlary alýaryn. Ýagny diňe seni we puly” — diýdim. Ol ýigrimi minutda şaýyny tutdy. — Meniňki — on bäş minutda, — diýdim men. Haçanda men otagyma dolananymda, ol entek uklap ýatyrdy. Oýaryp durmadym. Öz aýallaryny ukudan oýarýan erkekler üçin, dowzahda aýratyn ýer bar. Ýatyrka, ol aladasyzlygyň jemlenmesi ýaly bolup görünýärdi. Gowşadylan, edil mermer ýaly, dodaklar, ýaňaklar, gabaklar. “Meniň üçin aşa owadan”, — diýip, men ýüzünji gezek pikir etdim. Moskwadaky öýüniň aşhanasynda onuň özüniň gözlerini ýumup we düýş görýän ullakan foto suraty uzak wagtlap asylgy durdy; Suraty, elbetde, onuň menden öňküleriň biri edipdir, anyk kimdigini men soramadym. Uky onuň köpsanly dinleriniň biridi. Soň, çylşyrymly bir duýga eýerip, ol özüniň ukudaky suratyny diwardan aýyrdy. Men näme üçin diýip soramadym. Meniň özüme ony agtaryp tapmak ýaraýardy. Haçanda men duşda ýuwnup gelemde — ol eýýäm arkasyna iki sany ýassyk goýup, eline ýazuw depderini we awtoruçkany alyp otyrdy: düýşlerini ýazýardy. — Suwa düşdüňmi? — diýip, ol gözlerini galdyrman sorady. — Ýok, — diýip, men jogap berdim. — Deňiz gazaply. Sowuk. Ähli ýerde daş. Kenarda oturdyk we harabalyklara gitdik. — Tiberiýiň ruhuny tutmagamy? Men balkonyň gapysyny açdym, deňziň we limon agaçlarynyň ýapraklaryndan bugaryp çykýan säher damjalarynyň ysyny içeri goýberdim. — Bir zatlar-a bolandyr. Gowşak, gysga. Megerem, ol ýerde tutuş gijäni oturyp geçirmelidir. Ähli tapgyrlary başdan geçirmeklik üçin. Gün batýar, soň ýarygije, säheriň öň ýanyndaky tümlük — we günüň dogluşy. Ruhlar sabyrlylary halaýar. Ol jogap bermedi — öz ýazgylarynyň içine çümdi. Bir ýarym ýylyň içinde men şeýdibem onuň birbada birnäçe gatlakda ýaşaýandygyna hiç öwrenişip bilmedim: hakyky, ýarym hakyky we düýbünden hyýaly zatlar ony deň derejede özüne çekýärdi, ol bir gatlakdan beýlekä dessine geçip gidýärdi. Men uzak ýyllaryň dowamynda beýle aýallar bilen ýaşaşyp bolmaz diýip pikir edýärdim, birdenem beýle pikiriň ýalňyşdygyny anykladym. Ol özüniň inkunabulusyny ýapyp goýberdi we gülüp duran gözlerini galdyrdy. — Megerem, sen şu wagt: “Men nähili ösen adam! Ähli kişi entek ýatyr, men bolsa aýak üstünde... tutuş adany sökdüm... Zalym hökümdaryň köşgüniň harabalyklarynda şapak garşy aldym...” diýýänsiň. — Mümkin, şeýledir, — diýip, men jogap berdim. — Megerem, ähli adamlary ýönekeýje ösen we ösmedik diýen iki topara bölseň, mümkin, men barybir birinji topara düşerin... Ol gülüp başlady we ýene-de biraz irkiljek bolup edil tolkuna giren ýaly bolup düşegiň içine girip gitdi-de: — Ana! Bu seniň ýalňyşyň. Sen gowak adamy. Oldskul-men. Eger-de sen ösen bolsaň, olam özüňçe. Gowakdaky ýaly. Ýabany adam hininden çykdy, bir-iki gezek özüni görkezen boldy — ýene-de derrew yzyna hine! Oturdy we özüne buýsandy. Ine men başarjaň! Ine men güýçli! Isledim — çalt ýerimden turdum — we gyş kurtkada Italiýa uçdum! Hany jaň et — bu gün ertirlik buýurmak seniň gezegiň. — Bilýäňmi, haçanda Tiberiý ýaş wagty Awgust imperator oňa aýrylyş diýip höküm edipdir. Ony ikinji gezek öýlendiripdir: öz gyzy Ýuliýa. Soňrak bolsa ýene ony ikinji aýalyndanam aýrylyşdyrypdyr. Özi hem gaýybana: Tiberiý Ermenistany we Polşany basyp alypdyr, emma soň ýöne wezipesini taşlapdyr we Rimdan Gresiýa gidipdir. Ýuliýany ýany bilen alyp gitmändir — diýip, men aýtdym. — Ol ony söýmändirmi? — Onuň Agrippinany göresi gelipdir. Bir gün oňa tötänden duşupdyr — şeýle bir seredipdir, şeýle bir nazar aýlapdyr-da Awgust dessine aýala Rimi terk etmegi buýrupdyr. — Munuň nämesi bar? — Awgust jahanyň ilatynyň ýarysyna gözegçilik edipdir. Onuň üstesine-de kesekileriň nazaryndan baş çykarmaga ýetişipdir! Megerem, bu adamzat taryhynda erkegiň zenana oklan iň meşhur nazary bolan bolmagy mümkin. — Üýtgeşik zat ýok, — diýip, ol aýdýar. — Muny haýsydyr bir taryhçy ýazyp­dyr dälmi? — Swetoniý. — Ýeri, oňa-da şeýle gyzyklandyrma etmek gerek bolandyr. Diňe bir kakadylan alymlar däl-de, ýöne adaty adamlaram onuň kitaplaryny okar ýaly. Zenanlar hem. Ynha, şonuň üçinem ol ýüregi heýjana salýan rowaýaty şöhratly edermenlikler baradaky hekaýalaryň arasyna goşupdyr... — Tiberiý şöhratly edermenlikleri amala aşyrmandyr. Ol gazaply we oýlanyşykly erkek eken. Güýçli hojalykçy bolupdyr, — diýip, men garşylyk görkezdim. — Şol sebäplem sen ony halaýarsyň. Senem şeýle. Gazaply we oýlanyşykly. Jaň et. Sen iýip-içmeli. Eýwanda kofe içdim. Bir sagatdan otagy boşatmalydy, ýene-de dört sagatdan bolsa uçara münmelidi. Öýkenlerim, žabralarym, tutuş derim bilen dem alýardym. Hatda, gözlerim bilenem dem alanýan bolmagym mümkin.dyryn. Howa gowudy. Moskwada beýle zat ýok.