Psyroha
Men sagat jyňňyrdamanka oýandym we gözlerimi ýumup ýatyryn. Timofeýiç gijäniň bir mahalyna çenli futbol diňläpdir we “şlýapany” öçürmegi unudypdyr. Muny ol şeýle edäýýärdi, sebäbi ýary gijede, senadan soň, radionokat öz-özünden sesini kesýär. Ine tranzistordan bolsa, düwmejegi aýlap, Başaşkin lakamly Ýura Baturin daýynyň “džaz” diýip atlandyrýan, kesekiniň, çaýkanýan sazyny daňdana çenli hem tutmak mümkin. Mundan başga-da, daşary ýurt, hatda pişigiň gülkünç myrlamasyna meňzeş, hytaý dilindäki samramalary hem tutup bolýar.
Säher hem senadan başlanýar. Ilkibaşda, hamala patefona çatly plastinka goýlan ýaly, kadaly şyrkyldatma eşidilýär. Soňra otagy biziň Watanymyzyň — SSSR diýen ritmik atly we tugrasy bugdaý desseleriniň arasyna uçup giren topa meňzeş ýurduň gaýnap duran heňi doldurýar. Biz tomsuna biz obalylar bilen Wolgada kolhozçylaryň meýdanda galdyran çowdary bogdaklaryndan derweze ýasap, futbol oýnardyk. Bir gün top suwa gaçdy, ony akym alyp gitdi we haçanda uly ak teplohod perini gütledip geçende topy çägä zyňdy.
Men garaňkyda senany diňläp ýatyryn. Saz gaýnaýar we dört palubaly “Waleriý Çkalowdan” ýaly belent, dabaraly tolkunlar bilen gurşap alýar. Men Şura Kazakowa barada pikir edýärin. Şu gün ol synpa dolanyp gelmelidi: ol tutuş bejergi almaga bir çärýeklik “tokaý mekdebine” iberipdiler. Öýkenine bir zat bolupdyr. Bu barada Olga Wladimirowna sapagyň ahyrynda habar berdi we maňa birhili geň seretdi. Şura bilen biz bir ýyl bir partada oturdyk we haçanda ony alyp gidenlerinde, meniň şeýle bir içim gysdy welin, men bir hepde okuwa barmadym. Men başym aýlanýar, gözüniň öňünde bolsa enemiňki ýaly, siňekler topar boup uçýarlar diýipdim.
— Garamy? — diýip, maňa kömek bermek üçin gyssagly çagyrylan uçastogyň lukmany Skornýakowa anyklady.
— Ak siňekler, — diýip, men näme üçindir ýalan sözledim: indeý serdary Ýalňyz Bizon garjagazlary şeýle atlandyrýardy.
— Geň zat, — diýip, ol özüniň seýrek murtjagazlaryny sypalap oýa batdy. — Analiz tabşyrmak gerek. Hem-de gowy iýmitlenmeli! Ejesi, bu näme? Gapyrgalary edil kir ýuwulýan tagta ýaly! Balygyň ýagy — gyssagly!
Men aýagymy gaňyrtsam gowy bolardy! Ejem-kakam, elbetde, maňa güp ynandylar, Anýa enem hatda begendem: “Ynha! Men size öňden: gany azlyk diýip aýdýardym. Serediň: has owadany hem tabyda salýarlar!”. Bu, elbetde, ýalandy: ikinji gatdaky ýükçi Şutow menden has ýaramaz görünýärdi. Haçanda goňşular onuň bilen umumy ýaşaýyş jaýynyň howlusynda hoşlaşanlarynda, bizi, çagalary, tabydyň golaýyna-da eltmediler, emma men märekäniň arasyndan öli gyşaran ýüzi görüp ýetişipdim. Ol meniň zaýalanan switerim ýaly çal-gök reňkdedi. Men onuň öz janyna kast eden, biri-biriniň üstünde goýlan ellerinem görüp ýetişdim. Elhenç!
Iýmit barada eşiden Lida dessine dermanhanadan balyk ýagyny we şokolada çalarak çalym edýän gematogeni alyp geldi. Ýol ugry ol Bakuninskidäki gastronoma girip, gara paýus işbilini we syýabasgyç kagyz ýaly ýükajyk kesilen ýüz gramm sewrýuga hem satyn alypdyr. Näme üçindir ol kesellän çagalara süýji, “Kartoşka” pirožnysyny ýa-da, aýdaly, meniň gowy görýän “Tokaý hekaýasy” waflisini däl-de, hut işbil we sewrýuga bermeli diýip hasaplaýar. Ulular iýmite asla düşünenoklar.
...Duýdansyz saz bilen oýadylan kakam uly ses bilen “jyn urmuş” diýip sögünýär. Biziň umumy ýaşaýyş jaýymyzda hemmeler oňa Timofeýiç diýýärler. Ol jygyldaýan krowatda oturýar, sesini öçürmek üçin garaňkyda sermenýär, emma soň kellesine gelýär: tranzistoryň muňa dahyly ýok, iş — “şlýapada”. Saz ýene bir gezek gaýnaýar we kesilýär. Ýura daýy (aslynda, maňa onuň adyny dakypdyrlar) senanyň öň Staline bagyşlanan sözli bolandygy, ony hor bolup aýdandyklary, emma mekgejöwen Hruşyň köne bentleri ýatyrandygy we täzelerini bolsa şeýdibem oýlap tapmandygy barada ynandyrýar. Indi ine diňe saz galypdyr. Ýygyrt-ýygyrt şlýapa geýen, köp siňňillli takyr kelle çişigi, salparan penjeginde üç sany gahryman ýyldyz bolan Hruşýowyň özüni bolsa, geçen ýyl wolýuntarizm we “kuzkina mat” üçin wezipesinden boşatdylar. Ol biziň bar çöregimizi Kuba iberdipdir, meni bolsa çörek dükana nobata durmaga iberýärdiler. Ulular ýekşenbede stoluň başynda üýşenlerinde, endik boýunça seslerini peseldip, bu täzelikler barada gürrüň edýärdiler. Olar, eger gürrüň syýasat we jöhitler barada barsa, hemişe şeýle ederdiler. Başaşkin maňa öň serdarlar baradaky ýaramaz sözler üçin hatda zyndana hem äkidip bilendikleri, indi, elbetde, tussag edenoklar, emma gorkynyň şonda-da galypdygyny düşündirdi.
...Timofeýiç hykgyldap, ýerinden turýar we “na-gora” berlen kömür we “magdan baýlaşdyryjy kombinatyň üçünji nobaty” hakyndaky ruhubelent säher täzelikleri öçürýär. Men bir däl-de üç nobat bolup duran çörek dükanyny göz öňüme getirýärin. Eger-de agşam kakam, hakykatdanam, gara şlýapa meňzäp duran ýokarky burçdaky reproduktory däl-de tranzistory diňlän bolsa-dy, onda olam bagtyýatan Şutow ýaly, taburete münmese-de bolardy. Emma Timofeýiç Lidany gynandyrmak islemedi.
Munuň şeýleräk taryhy bardy: arada işde oňa Ýigrimi üçünji fewrala bagyşlap “Sokol” atly kiçijik priýomnigi sowgat berdiler. Ony töwerekdäkilere päsgel bermän, edil tulum edişiň ýaly, gulagyňa tutup diňläp bolýardy. Lida gaharlanýar: “şlýapa” mugt aýdýar, “Sokol” üçin bolsa wagtal-wagtal kyrk teňňelik “Krona” batareýajygy satyn almalydy. Emma ol gysgançlyk sebäpli gaharlananok-da, tranzistory kakama zawkomyň berendigine ynanmaýardy, meýilleşdiriş bölümdäki haýsydyr bir Tamara Saidowna berendir diýip güman edýärdi. Emma Timofeýiç oňa elmydama “çyn partiýa sözüni” berýärdi, Lida hem, KPSS-iň agzasy bolansoň, oňa ynanmaga borçludy.
— Ol ýerde biziň ýene nämämiz barka? — diýip, kakam näzik ses bilen ýuwaşja soraýar.
— Gerek däl! — diýip, ejem gaharly pyşyrdaýar. — Eliňi aýyr! Ýatmaga goý!
— Barybyr ýarym sagatdan turmaly.
— Gerek däl, diýýän! Professor, belki, eýýäm oýanandyr...
— Isleseň, barlaýyn? Ol haçanda uklansyrasa, men bilýärin.
— Islämok! Gowusy Tamarkanyň tranzistoryny diňle!
— Anha ine, ýene-de başlady! Men näme diýýän, dutarym näme diýýä!
Kakam gaharlanýar, jygyldaýan krowatdan birden turýar. Penjiräniň aňyrsynda çalaja çalarypdyr. Onuň ak maýkasy garaňkyda öz-özünden hereket edip ýör, hamala kakam göze görünmeýän adama öwrülen ýalydy. Biz bu kitapjygy, men Baturinlerde myhmançylykda bolamda, Ýelizaweta Mihaýlowna ene bilen okapdyk. Ol ýerde daryşgynlyk sebäpli, gijesine maňa stoluň aşagyndan düşek ýazyp berýärler. Soňra men birnäçe gün, hamala hiç kime görünmän, ähli otaglara seredip, umumy ýaşaýyş jaýyň içinde gezmeläp ýören ýaly, göz öňüme getirýärdim.
Ýöne welin, bizde şeýle-de islendik goňşa çakylyksyz baryp bolýardy. Eger-de ol ýerde agşamlyk nahary iýilýän bolsa, onda senem stoluň başynda oturdarlar, ýürekden etli wermişeli ýa-da doňuz ýagynda sogan bilen gowrulan ýeralmany tarelka püre-pür edip guýarlar we açlykdan çykan ýaly bolup iýşini synlap (ýogsam öýde şol zatlary eýýäm bokurdakdan geçenok welin), seniň bahalaryň barada sorap başlarlar. Dördünji synpdakydan başga näme sorap boljak?
Eger-de biziň un sepilen ýaly duw-ak ýüzli we benewşe dodakly täsin kempirimiz Aleksewnany görmäge barsaň welin, onda ol ýüzünji gezek bolsa-da hökmany oňa 1913-nji ýylda Hodynkada muzdsuz sowgat berlen patyşa wenzelli görkezer. Onuň otagynda hemişe waleriananyň ysy bardy, Sygan atly gara pişigi bolsa, edil maýmyn ýaly, tutylarda böküp ýör.
Meniň bir saparam myhman bolup görmedik ýeke-täk goňşymyz — bu Komkowlar. Olar asla-da hiç kimi öýlerine salanoklar, aý özlerem daşyna seýrek çykardylar. Käwagt güne çoýunmak üçin pagta balak we döşüniň üsti jübüli, geň çal kitel geýen goja Komkow howla çykýar. Ol hiç haçan penjireleriň aşagynda dominonyň çöpjagazlaryny tyrkyldadýan erkekleriň ýanyna baryp oturmaýar. Goňşular oňa eşitdirmän “zyýan beriji” diýýärdiler. Birinji topar ol on ýyl oturypdyr, beýlekilsi — agaç çapypdyr, üçünjisi bolsa naryda ýatypdyr diýýär. Umuman, onuň ol ýerde näme işländigi o diýen düşnükli däldi.
Komkowlaryň köp sanly maşgalasy dälizli we özbaşdak elýuwulýanly iki otagda sessiz-üýnsiz ýaşaýar! Ol ýerden wagtal-wagtal agyr ýaramaz ys gelýär.
— Samogon gaýnadýarlar, — diýip, ýekşenbe günortanlyk naharynyň başynda Başaşkin çaklady.
— Gowy samogon arakdan ýagşy, — diýip, Ýura daýynyň aýaly Walýa daýza belledi.
— Goýsana, sen näme aýdýaň! — diýip, Lida öz uly uýasyna geň galyp seretdi. — Bu erbetlik ahyryn! Hakykatdanam, men Komkowyň aýalynyň şekerli we hamyrmaýaly torbasyny gördüm, — diýip, ol kakama şübheli seretdi.
— Milisiýa nirä seredýär diýsene! — diýip, ol gözüni başga tarapa sowup, nägilelik bildirdi.
— Arza ýazmaly. Olar sebäpli Şutow ölinçä içdi!
— Lida, günäsini göterme! — diýip, Manýa ene ýuwaşlyk bilen haýyş etdi. — Olary aýyplarlar, seni bolsa, gyzym, utandyrarlar!
Näme üçindir, enem ýaly, menem öz ejemiň, ýöne içimden, Lida diýip adyny tutýaryn. Ol (ejem) ulalyp, durmuşa çykyp, meni we Saşkany (ol häzir bäş günlük bakjada) dogran bolsa-da, emma, meniň pikirimçe, kalby boýunça entegem şol ewakuasiýa wagtynda otludan galan, tutuş menzili sesden dolduryp aglan, kiçijik gyz bolup galypdyr.
...Ýok, pioner ähli şübheli zatlar barada milisiýny habardar etmäge borçludygyna seretmezden, men göze görünmeýän adam bolup, Komkowlaryň öýüne girmekçi däldim. Entek üsti açylmadyk başga ýerlerem bardy... Geçen tomus meniň dostum Wowka Lemeşew jedelleşip, kiçijik penjireden gyzlaryň suwa düşýän ýerine girdi. Şonda erbet başagaýlyk turupdy. Sebäbi ol ýerde biziň topar ýolbaşçymyz Zoýa hem suwa düşýär eken, onuň bolsa ik satanynyň arasyndaky buýralary kellesindäkiden köp eken. Wowka hemmelere aýdyp çykdy, ony bolsa çagalaryň dynç alyş merkezinden kowupdylar...
Timofeýiç gutyny takyrdadyp, penjiräniň ýanyna barýar, penjiräniň pes mermer öňüne bir dyzynda durýar, fortuçkany açýar we birikdirilen aýalarynyň arasyndan enemiň gyzyl abažurynyň aşagyndaky çyrasyny ýatladyp ýanýan otluçöpi çyzýar. Gyzyl-sary ýagtylykda onuň buýra saçlary, çytylan gür gaşlary we syrylmadyk, çilim soranda içine çökýän ýaňaklary mese-mälim görünýärdi. Men seresaplyk bilen ýorganyň aşagyndan jyklaýaryn: hakyt — kakam meniň akwariumymyň üstünde durup çilim çekip dur, kül bolsa suwa gaçýar, bu bolsa balyjaklar üçin zyýanlydy. Otagda “Belomoryň” ysy gelýär, fortuçkadan bolsa arassa howa girýär.
— Çagany üşedersiň! — diýip, Lida igenç bilen duýdurýar.
— Degme bekesin! Ol gulluga gitmeli.
— Ýap!
— Çekip gutaraýyn, ýaparyn. Ýat! Sen ýatjakdyň ahyryn.
Mart. Gijeler entek sowuk. Anýa enäň aýdyşy ýaly: “Geldi martjagaz — geýäý üç balajyk!” Emma hemmeler eýýäm ýaza taýýarlyk görýär. Howly arassalaýjylar asfalt köçedäki “Tagamly we sagdyn iýmit hakyndaky kitabyň” galyňlygyndaky buzy lomlar bilen urup döwdüler. Äpet bölekleri piramida ýaly edip goýdular, ýöne entek ýük maşynlaryna ýükläp äkitmediler we Ýauza zyňmadylar. Biz dagyň patyşasy diýen oýny oýnaýarys. Meni çür depeden okladylar, men asfalt köçedäki suwa gaçdym we Walýa daýzamyň doglan günüme örüp beren täzeje switerimi ýagly palçyga buladym. Elhençlik!
Ilkibaşda men tegmili aseton bilen aýyrjak boldum, ony maňa biziň garawulymyz, öň deňizçi bolup işlän altynjy otagda ýaşaýan, Grişa daýy ýuwaşlyk bilen berdi. Aýryp bolmady. Ene-atamyň agşamky çalşyga giderine garaşyp, men suw gaýnatdym, legende hojalyk sabynyň ýarysyny ezdim, emma netijede öň akja switer, edil öli Şutow ýaly, gurşun-çal reňkli boldy. Sabynly suwy sykyp, men daýzamyň sowgadyny diwanyň aşagyna dykdym we bolanyna görä ähli zat üçin birden jeza çekerin diýip, ýene-de bir zatlar ederime garaşdym.
— Näme üçin otagda çygyň ysy bar? — diýip, çalşykdan gelen Lida sorady.
— Men balyjaklaryň suwuny çalyşdym.
— Oňarypsyň, ýogsam geçen gezekki ýaly ölüp galarlar!
— Bu kül sebäpli!
...Timofeýiç meniň akwariumymyň has golaýynda özüniň, hatda ganhor wolga çybynlaryňam ysyna çydap bilmeýän, “Belomoryny” çekýär hem-de meni ünsli synlaýar. Men ony duýýaryn we gymyldamajak bolýaryn.
— Professor ýatyr, — diýip ol köpmanyly äheňde Lida habar berýär.
— Ýok! — diýip, Lida çürt-kesik jogap berýär.
“Professor” — bu meniň lakamlarymyň biri. Enem-atam men entek çagalar bagyndakam şeýle atlandyrýardylar diýýär. Günüň dowamynda özüni nähili alyp bardy diýen adaty soraga terbiýeçiler: “Gowy alyp bardy! Beýleki çagalar ylgaşýarlar, gygyryşýarlar, betlik edýärler, siziňki bolsa hemişe otyr we professor ýaly pikirlenýär. Çaga däl — gudrat!” diýip jogap bererdiler. Soň ol lakam ýatdan çykyşdy hem-de pes gemoglobinim sebäpli men “perdeli aýakly gaza” öwrüldim. Soňra meni uzak wagtlap “Psyroha” diýip atlandyrdylar. Häzire çenli käwagtlar entegem şeýle atlandyrýarlar. Oh, bu aýratyn waka.
Bir wagtlar, haçanda men birinji synpy tamamlanymda, biz Baturinler bilen Täze Afona, deňze barýardyk. Ýogsada, ol ýerden geçen ýyl men ullakan balykgulagam getirdim. Men ony Şura Kazakowa sowgat bermek üçin, tas gark boljak bolup, öz elim bilen deňziň düýbünden alypdym. Emma gaýnadylan rapany dörjelänimde, men, ähtimal, aýlawly bedenjigi simjagaza gowy ildirmedik bolmaly, guýrujyk bolsa içinde galypdyr. Balykgulak meniň bilen Moskwa ýetýänçä, ol porsady we Komkowlaryň öýündäkidenem beter erbet ys çykaryp başlady.
— Syçan ölüpdirmi, nämemi? — diýip, Manýa ene öýümiziň burçlaryny dörjeleşdirýärdi, emma batareýanyň aňyrsyna göz gezdirmelidir öýtmedi.
Sowgady halas etjek bolup, men onuň içine Timofeýiçiň Lidanyň Sekizinji marta sowgat beren “Krasnaýa Moskwa” atyryny guýdym. Netijede, onuň ysy hasam nejis boldy. Balykgulagy üçege çykarmaly we köne gazetleriň arasyna salyp goýmaly boldum. Goý ýelejiresin. Şura bolsa şol arada öz “tokaý mekdebine” gitdi. Basym öýde gyzyl çotgalyja gutuda saklanylýan aýlawly flakondaky göze durtülip duran ýetmezçiligi bildiler.
— Name boldy?! Hany atyr?! — diýip, Lida tas aglap başlapdy.
Hamala barmagymy kesip, ýod tapman ýarany atyr bilen zyýansyzlandyrdym diýip aldamaly boldum. Bu gürrüňe düşündiler: Anýa ene çagaka antonowyň odundan — ganyna hapa geçendigi zerarly tas ölen ekeni. Hatda “Krasnaýa Moskwanyň” ýarty çüýşesi giden ýarany barlamagy hem unudyp, meni ugurtapyjylygym üçin öwdüler.
— Berekella, Psyroha, emma geljek üçin ýatda sakla: ýod serwantda çep tarapda, walerýankanyň ýanyndadyr, durandyr. Düşündiňmi?
— Düşündim!
...Kakam fortoçka üfläp, çilim çekmegini dowam edýär. Külüni ol, elbetde, akwariuma kakýar. Ýogsam söz beripdi ahyryn! Tüsse burugsylary, aýnanyň aňyrsyndaky fonaryň şöhlelerinde kümüşsöw öwsüp, gat-gat bolup köçä ýüzüp gidýärler. Meniň göwnüme bolmasa, Timofeýiç entegem ukudadygymy ýa-da oýadygymy biljek bolup meni synlap duran ýalydy. Çynyrgatjak bolup men hor çekýärin we dodaklarymy şapbyldadýaryn.
— Akwariumyň ýanyndan aýryl! — diýip, gyryljyk ses bilen Lida talap edýär. — Balyjaklar ölerler.
— Hemmämiz öleris.
— Sen Psyroha söz berdiň!
— Senem maňa bir zat söz beripdiň...
...Ine şeýdip, haçanda biz Täze Afona gidip barýarkak, otly haýsydyr bir menzilde durdy, yssy sebäpli açylan aýnalara tarap ellerinde bedreli erik we gara böwürslenli kulýok bolan gaty sesli ýerli ilat okduryldy. Bir galmagalçy daýza hemmelere entek irdenem gagyldan gowrulan ördegi hödürleýärdi. Ýolagçylar ördegi ysgaýardylar we ynananokdylar. Eriklerem Walýa daýza turşy bolup göründi. Emma otly ugrap başlady welin hemmeler saňsar ýaly bolup iýmit satyn alyp başladylar. Ördegiň üstünde bolsa tas urşupdylar. Men şol wagtlar harplygy öwrenipdim we gözüme ilen islendik ýazgylary okajak bolýardym. Penjiräniň aňyrsyndan geçip barýan menziliň adynam, onda-da örän batly ses bilen okaýdym:
“Psy-ro-ha”.
Plaskart hahahaýlamadan ýaňa sarsyp gitdi. Iň bärkisi satyjydan iki griwna gaýtargysyny alyp ýetişmedik, gaşy çytyk derli maýkaly zähmet rugsadyndaky adamam göwünsiz ýylgyryp goýberdi. Hakykatda bolsa ol abhaz menzili “Psyrsha” diýip atlandyrylýan eken. Soň meni, sowatly adamy görmäge hatda beýleki wagonlardanam gülek ýolagçylar gelýärdiler. Men uzak wagtlap, hemişelik diýen ýaly, “Psyroha” bolup galdym.
Ýöne birnäçe wagt men “delegator” hem boldum. Bir gezek ýekşenbede biz haýwanat bagyna gitdik, gaplaňlary, ýolbarslary, düýeguşlary, pili gördük we krokodil-alligatorlary gözläp ugradyk. Tapdyk. Men begenjime tas uçupdym, ol elhenç haýwany gowja synlamak üçin kakamdan meni elinde ýokary götermegi haýyş etdim, we, märekäniň üstünden galyp: “Hany indi siziň bu delegatoryňyz nirede?” diýip gygyrdym. Adam bary gülüşdi. Nobatdaky gurultaý golaýlaşýardy we radioda ertirden agşama çenli Moskwa aňyrsyna göz ýetmeýän Sowet Soýuzynyň ähli künjeklerinden delegatlaryň gelýändikleri barada gaýtalanýardylar. Meniň kellämde nädip “delegat” bilen “alligatoryň” birigip, “delagatora” öwrülendigi belli däl. Ýöne hemmeleriň göwnünden turdy. Başaşkin bu barada harby orkestrdäki öz gullukdaşlaryna aýdyp beripdir, olar bolsa maňa salam aýtmagy haýyş edipdirler. Emma “delegator” lakamy uzak ýaşamady. Ine pionerleriň dynç alyş merkezinde maňa “Şalýapin”, meniň iki sany dostuma bolsa — “Lemeşew” we “Kozlowskiý” lakamlara berk ýelmeşdi. Näme üçin? Munuň aýratyn taryhy bar.
Soňky wagtda meni öýde ýene-de “Professor” diýip atlandyryp başladylar, ýöne öňki hoşamaýlyk ýokdy. Golaýda men Başaşkiniň goňşusy Sergeý Dmitriýewiçiň sowgat beren markalaryny reňkli filtrli ýepbeşik hytaý fonarjygyna çalşypdym we indi ýorganyň aşagynda-da okap bilýärdim. Kakam näme üçindir munuň üçin erbet gaharlanýar, sögünýär, öňňin bolsa meniň ýorganymy sypyrdy we fonarjygy elimden aldy.
— Ýat!
— Ýatasym gelenok!
— Onda eneň-ataňa ukusyny almaga goý!
— Men hiç kime päsgel beremok. Men ýorganyň aşagynda ahyryn.
— Demigersiň!
— Demikmerin!
— Pälgel berýäň!
— Çaga fonary gaýtar! Goý birsalym okasyn...
— Ýok, okamasyn! Garry adam ýaly bolup, äýnekli gezer. Kör bolsa sen ony eklejekmi? Senmi?
— Kör bolmaryn! — diýip, men pert söz berdim.
— Ýatmaly! Getir bärik kitaby!
— Özüň hiç zat okaňok, ogluňa bir okamaga ber! — diýip, düşnüksiz heşelle bilen Lida meni goldady.
— Men häzir siziň hemmäňize okamaga bererin! — diýip, Timofeýiç arlap goýberdi, tranzistory açdy we şatyrdaýan ýaýlymdan sporta degişli bir zatlary gözläp başlady.
— Diýmek, topar ýolbaşçysy sowgat berdi diýýäňmi? — diýip, Lida pallap, boldugyça biperwaýrak äheňde gyzyklandy.
— Ýene-de başlady! — diýip, kakam gyzaryp, gutudan “Belomoryň” birini çykaryp goýberdi we edil şu günki ýaly, penjirä tarap ýöneldi.
Geň galaýmaly, şeýle bir peýdaly zat bolan gön daşly “Sokol” priýomnigi, gör, nähili ýaramaz zatlary getirip biljek eken! Ynha şu wagtam görgüli Timofeýiç burnuny çekip, çilim çekip gutaryp barýar, galyndysyny fortoçkadan oklaýar, ol bolsa gyzyl yz galdyrýan ok bolup martyň garaňkylygyna uçup gidýär.
— Professor çyndanam ýatyr... — diýip, ol naýynjar ses bilen ejeme habar berýär. — Hany, Lida!
— Ýok! — diýip, ol öňküdenem pert jogap berýär.
Kakam dişlerini gyjyrdadyp, oturgyçlara büdreýär, plastmassa stakanjyga çotgajygy urup takyrdaýar we alagaraňkyda agaryp duran ak wafli el süpürgiji tapýar we egnine atýar. Bosagada agras soraýar:
— Saňa nobat tutmalymy?
— Ýok, bu gün mende hünär derejämi ýokarlandyryş. Dokuza gitjek. Ýene biraz ýataýyn...
— Ýat, ýat!
Gapyny ýapyp goýberip, ol sakgalyny syrmak we ýuwunmak üçin aşhana gidýär. Eger hajathana nobat ýok bolsa, on minutdan yzyna dolanar.
— Gorşogy çykar! — diýip, öýkeli ses bilen Lida onuň yzyndan gygyrýar, uludan demini alýar we düşekde gorsanýar.
Men, öz günämi guman edip, gözlerimi ýumup ýatyryn we Şura barada pikirlenýärin. Sapaklardan öňünçä üçege ylgap baryp gaýtmaly boljak we eger balykgulak ýelejirän bolsa, onda ony şu günüň özünde “tokaý mekdebinden” gelenliginiň şanyna synpdaşyma sowgat bermeli. Eger-de ýelejiremedik bolsa näme? Onda oňa maýonez bankada gyzyl tor ýaly guýrukly guppini berseňem boljak. Bu balyjaklar mende köp: olar janly balyk dogurýarlar we yzyny üzmän köpelýärler.
Birdenem men geň sesleri eşidýärin, gözlerimi çalarak açýaryn: Lida içki geýminde krowadyň üstünde otyr, elinde “Sokol” priýomnigini tutup dur we aglaýar. Ýagdaý ýaramaz! Häzir “Şipr” odekolonynyň ysyny ýaýradyp, Timofeýiç gaýdyp geler. Ýaňagyndaky täze kesilen ýara, adaty bolşy ýaly, gazettiň gan degen bölejigi ýelmenendir.
— Möňňürýäňmi? — diýip, ol sorag berer.
— Ýene näme! — diýip, olam jogap berer.
Olar ýene-de meýilleşdiriş bölümindäki Tamara Saidowna barada gürrüň açyp başlarlar, soň hökman sögüşerler, kakam krowadyň aşagyndan çüňkleri metal üçburçlukly süýümden edilen çemodany çykarar, häziriň özünde Anýa enemiň ýanyna Çeşiha gidýändigini aýdar, goşlaryny ýygnaşdyryp başlar we käýinip, her sapar sögüş wagty bir ýerlere zym-zyýat bolýan, ýeke-täk galstugyny uzak wagtlap gözläp ugrar.
— Bilýän men seniň Çeşihaňy. Bol, bol!
— Ýene-de! Men näme diýýän, men dutarym näme diýýär!
Muňa asla ýol bermeli däl. Men ýaňy oýanan ýaly bolup gerinýärin, göz edip gözlerimi gyrpyldatýaryn we pallaýaryn. Lida dessine gözýaşlaryny süpürýär we egnine ýorganyny atýar.
— Oýandyňmy, Psyroha?
— Hawa...
— Düýn ýatmankak sen maňa näme aýtjakdyň?
Düýn men oňa gök horazjygyň urkaçysy işbil taşlady we öldi diýip aýtjakdym. Şonuň üçin täze balyjak almaga Guş bazaryna gitmelidi, munuň üçin bolsa elli teňňe gerekdi. Tramwaý aňryk we bärik alty teňňe, balyjak kyrk teňňe, kizil siroply gazly suw dört teňňe durýar. Emma men oňa düýbünden başga zat diýýärin:
— Sen käýermersiň gerek?
— Nämedigine bagly... — diýip, ol üşerilýär.
Men ýerimden tur ýaryn we torşeri ýakýaryn — gözüňi iýip barýan ýiti elektrik çyra otagy doldurýar. Ejemiň gözleri gyzarypdyr. Ol kakamyň galstugynyň uçjagazyny ýassyk daşyň aşagyna bukdaklap dykyşdyrýar. Ýüzümde gamly umytsyzlygy görkezip, men burnumy çekip, diwanyň gapagyny galdyrýaryn we onuň tozanly agzyndan zaýalan switerimi çykarýaryn, agyr, henizem öl, ýaşylymtyk kerep bilen örtülip gidipdir.
— Bu indi näme zat? — diýip, Lida hopukýar.
— Walýa daýzaň switeri...
— Bela! Kakam seni öldürer!
Meni, elbetde, hiç kim öldürmez. Belki, saýarlar. Timofeýiç, edil Kotowskiniň gylyjyny gynyndan çykaryşy ýaly, bir gezek silkende balagyndan kemeri çykarar, meni diwana ýatyrar we meni ýarym-ýalta saýyp başlar, ejem bolsa, ýalbaryp, onuň eline ýapyşar:
— Bolýala, Mişa, ýeterlik! Çaga ahyryn...
Ýöne ýalaňaç syrtyma birinji batly agyrdýan urgy gyzdyrmanka, men howla gaçyp ýetişäýmegim has ähtimal. Timofeýiç kemeri elinde has köp galgadyp we ony işe girizmän, bilgişleýin maňa gaçmaga mümkinçilik berýän ýalydy. Ol ýerde, howluda men ýaşşikleriň arasynda bukulyp, eden etmişleri üçin gyzjagazlary, meselem, Şura Kazakowany saýýarlarmykalar diýip oýlanyp, gynanaryn. Eger-de saýýan bolsalar, onda, megerem, bökülýän ýüp bilen saýýandyrlar. Mekdebe gitmäge taýýarlyk görmelidigim sebäpli, men ýarym sagatdan yzyma dolanaryn. Basgançakda, belki, işe gijä galyp barýan keýpi kök kakama duşaryn. Ol ylgap barýarka meniň ýeňsäme ýeňiljek, ýaraşyk şarpygyny çalar. Men öýkeläp ýüzümi öwrerin hem-de soň bir-iki gün diňe balyjaklarym bilen gürleşerin. Ýöne meniň enem-atam sögüşmez we hiç kim Çeşiha gitmez.
Maňa temmi bermezden ozal, olar näme üçindir hemişe ýaraşýarlar...




