Nimfa
1
Elbetde, Ak Halatyň sözi köpdür. Gaýta-gaýta ol maňa nusgawy “satiriaz” barada gerek bolmasa-da aýdyp berýär. Ol eýýäm menden bir ädim daşdady!.. Men näme “satirmэnmi”? Men näme aý gojasymy... Hatda gönümel edepsizlik bilen “satirgojajyk” diýen sözem sypyp gitdi. Garrylgyň öňüsyrasynda şeýle bolýarmyş (Eger-de häziriň özünde keseliňi bejertmeseň!.. Kelle gidýär... Wah, wah! Howply!..) Goý, ony aýdybersin... Işleýär!... Lukmanyň öz ylmy sözlerini her hili edip ulanmaga hukugy bardyr. Emma meniňem olara ynanmazlyga hukugym bar... Ömür — bu maýa goýumy. Men ony ýaşadym... Öz-özüme ýumşaklyk, ýuwaşlyk bilen dargamagy rugsat berip bilýärin.
Ak Halat, elbetde, rahat we maksada okgulylyk bilen ýumşadylan, emma berk gorkyny näsagyň aňyna guýýar. Gorkynyň aurasy. Näsag otyr... Doňup galdy... Öňden bolşy ýaly, lukman bilen näsag — stoluň dürli tarapynda. Düýbünden dürli taraplarda!... Diwarlarda diagrammalar... Suratjyklar... Hatda nakgaşlyk eserleri... Hemme zat hoşamaýlyk bilen şol ýumşadylan berk gorkyny has köp döretmek üçin niýetlenipdir. Emma näsag — bu men. Menem öz-özüme men bary-ýogy biraz adekwat dal diýip pyşyrdaýaryn. Meniň ýagdaýym ýeňil. Has ýeňil!.. Meni diwardaky suratjyklar bilen gipnoza salyp bolmaz.
Emma men onuň iş otagynda oturyp, gör, nähili batyrgaý pikirleri edýärin1 Ak Halatyň garşysynda oturyp... Men şu minutlarda ägirt uly goragy alyň barýarmyşym... Häzir iş otaglarynda oturan we gorkudan ýaňa essinden agyp barýan gojalaryň müňlerçesi we on müňlerçesi. Görgüliler!... Saklanjak bolmaly... Biz — adamlar. Öz aňymyz üçin göreşmeli. Biziň uçsuz-gyraksyz ýaýylyp ýatan frontumyzda... Saklanmaly, sebäbi bu göreş... Goý, lukmanlar haçanda bolsa bir wagt — “Bu Pýotr Petrowiç Alabin bary-ýogy bir gojajyk, emma nähili!” diýsinler.
— Indi şu günlükçe iň soňky sorag, Pýotr Petrowiç... Başy... Nämeden we nädip — anyk — bu sizde başlanandy?
Ol eýýäm menden üçünji gün soraýardy.
— Näme başlandy? (Men birden çöňňelik edýärin. Surnukdym...)
— Biziň gürleşip oturan zadymyz.
Men bolsa tasdan gaýtadan sorapdym — howa, howa... düşnükli... şeýle biz näme hakynda?
— Biziň üç gün bäri gürleşip oturan zadymyz. Siziň, Pýotr Petrowiç, şu ýere geleniňize sebäp bolan şol zat barada.
Men dymdym... Men?.. Nämäniň hatyrasyna?.. Emma men näsag däl ahyryn. Siz, lukman, meniň ýagdaýym has ýeňil diýip, bu sözleri aýdan özüňiz... Eger dogrusyny aýtsaň, men şu ýere, siziň ýanyňyza (psihologiýa we psihiatriýa bölümine), biraz gijigen goja bilesigelijiligi sebäpli geldim. Bilesigelijilik sebäpli... Hemem biraz adamlaryň arasynda bolmak üçin. Gojanyň adamlar bilen bolasy gelýär!
Hem-de biraz öz içimdäkileri dörjeleşdirmek üçin. Käbir zatlar barada pikir alyşmak üçin. (Belli bir derejede ýönekeý seresaplykdan.)
Lukman Nedoplýosowyň sesi biraz gödek çykyp başlady:
— Şol siziň gorkup şu ýere gelen zadyňyz. Nämeden we nädip başlandy?
Men nämedendigi düşnüksiz... ýadawlykdan... gürrüňden gaçyp başladym:
— Ýadyma düşenok.
Ol gülüp başlady:
— Adamlardan üzňeleşdiňizmi?.. Düşünýärin, Pýotr Petrowiç... Gojalygyň ilkinji synagy... Ilkinji! Bu edil psihiatryň aýaldan onuň ilkinji erkegi barada soraýşy ýaly-da...Göräýmäge, onuň hemme zat ýadyna düşýär, hemme zady bilýär. Ýöne sözler tapylanok... Täsin, emma şol bir wagtyň özünde örän adaty stuporyň mysaly!
Hakykatdanam, menden bir sözem çykanokdy. Hakykatdanam, hamala men erbet ýadyma düşürýän ýalydym.
— Onda-da, Pýotr Petrowiç, gowja synanyşyň... Haýsydyr bir jikme-jik zatlar. Islendik biderek zat... Düşüniň: siziň ilkinji tejribäňiz siziň şahsyýetiňiz baradaky güýçli, hatda ägirt uly güýçli bilimleriň çogdamyny özünde jemleýär. Kodlanan bilimiň. Ony sizem, menem birbada tutup we bilip bilmeýäris... Emma eger ýuwaş-ýuwaşdan bolsa... Ädimme-ädim...
Elbetde, psihiatr-psiholog näsaga öz diýenini etdirmegiň ugruny bilýär. Degme edibersin... Kimdir biri bir ýerd-ä şu Nedolplýosow barada aýdypdyr...Telewizorda öwüpdir. Maslahat beripdir... Soňra bolsa meniň agtyk ýegenim Oležka (has takygy, meniň Oležkamyň ýarym däli dosty) internedi dörüşdirdi. Onsoň tapypdyr — ýöne gabat gelýär, tötänleýin — hut şu aňrybaş lukmanjygy.
Biz şonda çaýlaşyp otyrdyk. Oležka alma gemirýärdi. “Ata, belki, saňa gyzykly bolmagy ahtimal?.. — diýip, ol güldi. — Psihiatr Nedoplýosow. Eşidipdiňmi?.. Garrylara seredýärmiş”. Oležka, elbetde, gülýärdi. Hem-de (ýaşlyk edip) meni gižželeýärdi. Men bolsa tor düşdüm.
Men tutuş teksti görkezmekligi haýyş etdim. Meniň bolsa şol bada ünsümi çekdi. Gyzykly!..
Grek mifleri adam psihikasynyň goýazlygy ýaly, bu ýoň! Ynha, bir Nedoplýosow atly lukman garrylaryň belli keselini satiriň dürli miflerdäki has hem belli özüni alyp barşy bilen deňeýärdi. Edil şol satiriň... Eýýäm asyrlar boýy beýik suratkeşleriň çeken suratlaryndaky uklap ýatan nimfany synlap oturan garry we betnyşan satir. Nedoplýosow boýunça mifiň owadanlygy ýagşylyga öwrülýär — maňa bolsa, biziň tükeniksiz durmuşy hyjuwlarymyzyň hatda belli bir derejede bagyşlanmagy bolup göründi. Erbetmi näme? (Hristiançylykdan öňki gödegräk rehim-şepagatlylyk. Ýöne diňe olam däl.)
Gapdalynda bolsa — gülkünç zat. Kada bolşy ýaly, işjeň okyjylardan her hili synanyşyklar we goşmaçalar-goşundylar. Internet ýaňsylamasy... Degişmeler... Ýöne gyzykly ýeri, kemakyllaram, olar bilen deň derejede intellektuallaram ýaş meşhur lukmanyň familiýasyndaky “ýo” sesiniň üstünden hezil edip gülüpdirler. Ol olarda hem lukman Nedoplýasow, hem Nedoplýosow, hem Nedoplakow, hatda Nedopisow bilen Nedopihowam bolupdyr. Men güldüm.
Elbetde, meni şu bellik örän ruhlandyrdy:Gyzykly ýagdaýlarda lukmanyň maslahaty we sapaklary mugt.
Nedoplýosow:
— Siz entek gürläp başlarsyňyz, Pýotr Petrowiç... Siz hökman gürlärsiňiz... Bu gün ýa ertir däl, emma biz siziň ilkinji başdan geçiren ýagdaýyňyzy hüjüm etmänjik göz astyna alarys. Biz bir birleşigiň agzasy ahyryn, dogry dälmi?..
Men baş atyp goýberdim.
— On minut dynç alyň. Soň bolsa — otaga.
Nedoplýosow men hakynda ýazyp oturan kagyzyny oýun edýän ýaly edip, aňsatja stoluň gyrasyna atyp goýberdi. Ol ýaňyja näsagy elleşdirip, şol kagyzda degişli bölümleri we öýjükleri dolduryp otyrdy.
Men ýerimden turdum:
— Lukman... Maňa suraty asmaga kömek edäýiň diýipdiler.
— Hawa-hawa. — Nedoplýosow başga bir kagyzdan gözüni aýyrman otyrdy. — Şol ýerde biraz gaýrat ediň, baş üstüne. Muňa on minut wagt gider. Siziň dördüňizem şotaýda... Soň bolsa — otaga.
Men ýerimden turdum — gapylara tarap. Haçanda lukman gaýdan sekundymdan diýen ýaly, yzymdan çalt maňa ýüzlenende — men, hakykatdan, eýýäm gaýtdym, men çykalgada, men açylýan gapynyň tutawajyna basypdym.
— Pýotr Petrowiç, onda-da... Dessine jogap beriň... Ilkinji başdan geçiren ýagdaýyňyzy siz näme bilen baglanyşdyryp bilerdiňiz?.. Meňzetmäniň üsti bilen... Dessine! Islendik bir söz bilen... Birinji aňyňyza gelen söz bilen, hä?
— Boržomi, — diýip, men näme üçindir çalt jogap berdim.
— Örän gowy. Boržomi — ýaşaýyş ýermi ýa-da içilýän suw?
— Suw.
— Baryň, baryň. Boldy.
Men koridoryň ugry bilen gidip barýardym. Nähili tutanýerli!.. Maglumaty goparyp aldy!.. Edil şu wagt Nedoplýosowyň ýene-de meniň kagyzymy öňüne süýşürip, boş öýjükleriň birine: “Boržomi. Içilýän suw”, — diýip, ýazyp oturan bolmagy gaty ähtimal.
Koridoryň ugrunda men biziň goja dörtlügimiziň arasyndan göwnüme has ýaran Çižowy gördüm. Ol mekdep mugallymydy.
Ýakynrak baryp, men häzirki zaman lukmançylygyň şanyna zähmet çekmäge, kömek etmäge taýyn diýdim — hany, nakgaşlyk surat nirede? Surat nirede?
— Bilemok. Ony ulagda alyp gelýärler... Ýa-da göterip getirýärler.
— Näme üçindir uzak göterip getirýärler. Olar ony synlaýarlar öýdýän.
Men degişmek isledim:
— Synlaýandyrlar, men berk bilýärin... Elleýändirler. Nimfanyň syrtyny ýuwaşja tutýandyrlar.
— Çekilen nimfanymy? — diýip, ol pyňkyryp goýberdi.
— Hawa, suraty çekileni... Näme üçin ýok?
Ýöne meniň oýnum Çižowyň göwnünden turanok. Mekdep mugallymy biziň bu ýerdäki sapaklarymyza çynlakaý garaýar. Nedoplýosowa öte çynlakaý garaýar. Durmuşa aşa çynlakaý seredýär. Meniň pikirimçe, oňa käwagtlar gojalyk ýeňilligi ýetmezçilik edýär. (Çal saçlaryň öňürdikläp çapmasy! Goja kemakyllygy!.. Bu zatlar Çižowa degişli däl-di.)
Ýöne, mümkin, olaryň Nedoplýosow bilen aragatnaşygynda durmuş kepilligi, birek-birege goldaw bermek ýüze çykar. Mugallym lukmany äsgermezçilik edip bilmez.
— Men biziň lukmanymyzy gowy gördüm. Ol zehinli. Iň bolmanda, beýlekilerden üýtgeşik, — diýip, Çižow (mugallym hökmünde meniň pesderejeli pikirlerimi aňyp) başlaýar. — Maňa diňe onuň bu leji gaçan “satirmэn” sözi maňzyma batanok... Bilýäňizmi, ol şol sözi ylmy dolanyşyga işjeňlik bilen ornaşdyrýar... Onuň makalalaryny gördüňizmi?
— Ýok.
— Waheý.
Çižowyň gürleşesi gelýär. (Lukmanlaryň eline düşüp, islendik ýalňyz. Şonuň üçin edara koridorlaryndaky aragatnaşyklar gojalar üçin has gymmatly. Çalt dostlugyň surrogaty).
— Näme üçin okamadyňyz?... Pýotr Petrowiç, size “satirmэn” sözi birhili görnenokmy?
— M-m.
— Düşünýärin... Öwrenişip gitseň bolýar. Ýazuwda welin ol isleseň-islemeseň,
gözüňe dürtülip dur. Näme üçin “э” harpy bilen?.. Gyzykly ýeri, bu söz iňlisçe nähili ýazylar-ka... Rus dilinde ähli şuňä meňzeş sözler “e” bilen berilýär... “sportsmEn”, “biznesmEn”, “jentlmEn”...
Onuň sesi barha gatalyp gitdi:
— Men Nedoplýosowdan sorajak boldum. Hamala, meni gyzyklandyrýarmyşyn... Hamala, sözüň ýazylyşy köp zady habar berýär... Emma men gorkdum we dymdym. Birden ol “jentlmen” sözi düýbünden başga adamlar barada diýäýmesin.
Hä, hä! Bizem birazajyk oýun edýäris. Mekdep mugallyma goldamaly:
— Hawa, siz wagtynda ýatlaýdyňyz jentlmenlik barada, — diýýärin menem.
Biz eýýäm üç bolduk. Biziňkilerden ýene-de biri — Dibykin koridordan geldi. Dessine-de uly ses bilen:
— Ýeri näme, akyllyjalar?
Jogap bermeseňem bolýar. Dibykin kemakylrak, onuň bilen gürleşip bolanok. Olar bile durlar — tapawutly jübüt. Çižow salyhatly. Çižow — uzyn boýly, hor, kiçiräk çalja sakgallyja we äýnekli. Ol eýýäm Ýaltadaky Çehowa meňzeýär. Hemme zat düşnükli. Mekdep mugallymy, elbetde, özi barada-da, Çehow barada-da bilýändir... Megerem, şol meňzeşliginem görkezmäge çalyşýandyr. Şeýlelikde, ol ýüregi ýuka, ýumşak we adamkärçiliklidir. Dibykiniň onuň ýanynda edil dag ýaly tapawudy bar. Äpet, daýaw goja. Biziň ählimiz (ähli dörtlügimiz) ýeterlik derejede sagdyn gojalar, emma gödek äpet Dibykin — bu düýbünden başga zat. Myşsalaryň topbagy.
Bu myşsalaryň topbagy ahyry ýadyna düşürdi:
— Ýörüň, ýörüň arka tarapdaky girelgä tarap, akyllyjalar!.. Ha-ha-ha. Surat şotaýda. Surat ulagda geldi!
Ol ha-ha-haýlaýar... Güler ýaly näme bar şu taýda?
Biz arka tarapdaky girelgä tarap ýöreýäris. Surat hakykatdanam şol ýerde. Ony düşüripdirler we edil gapynyň ýanynda goýupdyrlar. (Ugrap barýan awtoulagyň sesi eşidilýärdi.) Suratyň ýanynda şepagat uýasy Arişa bilen biziň dördünji gojamyz Klýuşkin dur. Ol gyzma goja. Ol bize ýaralanan we saralan elini salgaýar:
— Siz näme ol ýerde!.. Boluň, boluň, satirmэnler. Göterip äkitmeli...Garaşýaryn, garaşýaryn, hiç kim ýok!
Biz onuň ýanyna barýarys. Nädip göterip bolarka diýip, oýlanýarys. Men aşakdan we gapdaldan galdyrýaryn.
— Wauters... Göçürmeden göçürme, — diýip, maňa surat hakynda mekdep mugallymy Çižow ýuwaşja habar berýär. Mugallym adamlaryň hemme zady bilmegini isleýär. Aň-bilim ýaýradyjy... Olam ramanyň aşagyndan tutýar.
Göterdik.
Suratyň göwrümi kiçi däl, ramasam agyr. Arişa bizi ugrukdyryp, ýanymyzdan ýöreýär hem-de: “Gönüräk göter!”, “Burçda seresap bol!” we “Ýuwaşja, ýuwaşja. Bu saňa roýal däl!” diýen gysga buýruklar bilen bizi haýdadýar. Emma ol soň dymýar. Biziň ellerimiz sazlaşdy. Indi Çižow bize buýruk berýär. Mekdepde mugallymçylyk eden wagtynda, ol suratlar bilen bir-iki gezekden has köpräk iş salşan. Çynymyzy aýtsak, bizem hemme zady bilýäris. Buýruk gümüne gitsin! Gojalarda islendik tejribe ýetik! Asylyp durmaly ýeri bellenen we esasy göteriji gaňyrçak eýýäm koridoryň diwaryna çüýlenen bolsa suraty asmak düýbünden kyn däl. Daýaw Dibykin gaňyrçaga asýar, Çižow ikimiz bolsa aşaky burçlaryny saklap durus. Gatnaşmaýan Klýuşkinam gatnaşyp dur. Ol süýem barmak bilen ýaly, saralan eli bilen dürtýärdi hem-de bize gyzmalyk we gaharjaňlyk bilen gygyrýardy:
— Çepe al! Çepe!... Çižo-ow!.. Sen näme, köne palçyk, düýbünden çaşdyňmy?!
Işden dynyp, biziň hemmämiz birnäçe ädim yza süýşýäris we getiren zadymyzy synlaýarys — näme diýmeseňem nakgaşlyk surat! Biz, elbetde, bu eseriň sagal-
dyş-terbiýeçilik manysy barada eýýäm eşidipdik we bu barada bilýärdik. Öz gürrüňlerinde Nedoplýosow miflere bir ýa iki sapardan köp salgylanýardy... Frans Wauters, XVII asyr, ýagly reňkler, “Satir we nimfa”... Nimfa otluk meýdançada... Düşnükli zat, ýalaňaç, uklap ýatyr. Garry we ýazgarylýan satir sessiz ädimler bilen bukdaklap gelýär. Ynha, ol eýýäm golaýlaşdy. Töwerekde yns-jyns ýok. Diňe tokaý.
Biz Çižowdan bilşimiz ýaly, bu göçürmäniň göçürmesi. Reňkler göze ilginjräk. (Moskwanyň etegindäki Podolskdaky galereýa). Emma ýitgiler diňe reňkde däldi. Nimfa hem göçürlenden soň, güýçli üýtgäpdir: nimfa horlanypdyr. Golland etjagazy sykylypdyr we nimfajyk on üç ýaşlyja gyz bolupdyr. Ol şeýle bir ýaşajyk welin, hatda Çižow pessaý we öwüt beriji (we oýun edip) ses bilen meniň ünsümi çekýär: bu düzedilen suratyň adyny hem biraz düzetmeli eken — “Satir we nimfa” däl-de “Satirmэn we nimfetka” diýmeli ekenler.
— Asimmetriýa, — diýip, men goldap goýberdim.
— Şeýle. Hut şeýle! — Mugallym janykdy. — Ene tebigatyň ýaradyşy boýunça satirmэnler nimfetkalaryň barlygyny delillendirýärler, nähili aýtsamkam, delillendirýärler we olary has üns çekiji edýärler. Anomaliýa anomaliýany düşündirýär. Satirmэnler nimfetkalary düşündirýärler. Olar nimfetkalara çalym edýär. Ýaşynyň diagonaly boýunça... Asimmetrik deňagramlylyk.
Ýanymyzda duran we gulaňy ýeňil Dibykin bizi akyl satmaga goýanok:
— Palçyklar. Siz näme samahyllaýaňyz!
Sessiz seredýäris... Nähili bolsa-da surat erbet däl. Oýlandyrýar. (Bu slaýd däl.)
— Gojajyk. — diýip, Dibykin meniň ýeňimden çekýär. — Sen hünäriň boýunça kim?.. Nädip çörejik gazanypdyň?
Men göni onluk nyşana çenäp jogap berýärin:
— Mellekçi.
— M-m! — diýip, ol ynanmazçylyk bilen hymmyldaýar.
Dymýarys. Bize täsir etdi. Gözellik hemişe-de adamda bir gymmatlygy halas edýär — bu ýagdaýda bizde bir zatlary halas edýär. Bir salym tutuş dörtlük ümsüm durdy. Biziň ählimiz çyn ýürekden dymýarys. Biz daşyndan öz masgaraçylygymyza seredip durus.
2
Nimfanyň endamy edil aňyrsy görnüp duran küýzedäki süýt ýalydy. Bu onuň endamynyň tutuşlygyna duw-ak däldiginiň alamaty bolmaly (Köp gaýnadylyp mele bolan süýdüň reňki. Üstündäki gabyk. Gatan gaýmajyk.). Asman bolsa gorkuzanok, asman ýalaňaç we ukuda ýatan nimfanyň üstünde giňden ýaýylyp dur. Yssy... Gyrymsy agaçlar...
Şöhle — zeýtun agaçlarynyň ýapraklarynyň arasyndan — özüne deşijek ýakmagy başarypdyr. Seredip dur. Menem seredip durun. Men bu şöhläniň üstünde ýüzdüm. Men — şöhlede tans edýän tozanjyk. Ýöne ýokardan men ukudaky nimfany tutuş boýuna görüp bilýärin. Onuň teni hiç haçan uklanok. Onuň teni çagyrýar. Onuň dar maňlaýy instinkt hakynda gygyrýar. Emma şol instinktlere (nimfanyň instinktleriň ynandyryjy garaňkylygyna çenli) görgüli satir nädip ýetmeli... Gyrymsy baglaryň arasyndan bökmek aňsat däl. Bökmek başgarak batyrlygy talap edýär. Eger-de satir gahryman bolan bolsa-dy...
— Pýotr Petrowiç, siz uka gitdiňizmi! — diýip lukman Nedoplýosow meni dostlarça çekeläp oýarýar. — Hany, arzuw edeliň hany. Emma ilki anyklalyň: biziň satirimiz näme işleýär? Ýeri?
Ýoň bolan psihiatr Nedoplýosow optimizmden doly. Ir sagat on, — onuň sesi ýaş, gujurly, tutanýerli, ýeňişe ynamly çykýar, oňa bolsa bizi — gojalary ynandyrmak gerek. Bu aňsat. Birbada dört sany gojany ynandyrmalydy ahyryn. Olaram alyp-ýolup baranok... gujurlam däl... Ýaşam däl.
— Jyklap dur, — diýip, men jogap berýärin. — Ol başga näme etsin.
— Pýotr Petrowiç, siz nähili, nimfa häzir özüne erkek kişiniň seredip durandygyny bilýär diýip pikir edýäňiz?..
Emma Pýotr Petrowiç aňkarylyp dur. Ussatlyk bilen çekilen surat meni ysgyndan gaçyrýar. Hatda slaýd bolsa-da. Hatda hili pes bolsa-da. Hatda sapakdan soň, dolap rulan edip ýygnalýan solak ekran bolsa-da.
Nedoplýosow dessine meni taşla ýar we çasly sesi bilen Klýuşkini nirwanadan çekip çykarýar:
— Nimfa häzir şoňa erkek kişiniň seredip durandygyny bilýärmi? Ýa-da ol synlanýandygyny eýýäm takyk bilýärmi?
Ýöne Klýuşkinam entek düzüwli jogap berip bilenok. Diňe agzyny şapbyldadýar. Jyk-juk. Dodaklaryny çömmeldýär, öňküdenem has gatyrak şapbyldadýar. Süýjedip şabpyldadýar... Ony saklamaly. Nedoplýosow bolsa gülýär:
— Düsündim. Düşündim... Jogap kabul edildi!
Synp otagynda garaňkylyk, ak diwarda bolsa (ekranda) Rubens... Satir bukdaklap gelýär, ýalaňaç nimfa bolsa uklap ýatyr... Satir has golaý bardy, eýýäm iki ädim aralykda dur, emma ondan aňryk geçmäge güýji ýetenok. Aňkaryp dur. Onuň ak uly teninden ýaňa gözleri gapyldy... Olaryň arasyndaky bitarap çyzyk — edil serhet ýaly. Iki ädim beýlede... Satiryň gyýgy-gamy... Jyk-juk edip, Klýuşkin şapbyldaýar.
— Rakursy çalşyň! — Nedoplýosowyň sesi meni ýene-de ýarym ukudan çykarýar.
Biziň toparymyz kiçi. Ýöne biziň her birimiz aýratyn stoluň başynda, her birimiz berk oturgyçda otyrys. Dört sany näsag üçin — ýaramaz pikirler bilen, üstesine-de has ýaramaz düýşler bilen, elem-tas edilen (çaklanylýar), dört sany goja üçin irdenki psihiki bejeriş çäresi... Men ysgynsyz garaýyş bilen göz gezdirýärin... Üç adam (şol sanda menem) sag diwaryň ýanynda. Biziň sagdaky setirimiz... Ynha bolsa biri (bu Dibykin) penjiräniň ýanynda. Penjire, elbetde, tuty bilen ýapylypdyr.
Biziň yzymyzda, proýektoryň ýanynda lukman Nedoplýosow. Ol şol ýerden biziň ählimiziň sazymyza dirižýorlyk edýär. Slaýdlary çalşyp — nimfalary çalyşýar. Özi hem düşündirýär... Şöhle ýiti däl. Erkan bulaşyk, edil Aýyň üsti ýaly (nakgaşlyk suraty näçe solak bolsa, zenan teni şonça-da näzik görünýär). Suratjyklardaky satirlerem üýtgäp dur. Olar janly adamlar. Döwler däl-de, adamlar!.. Lukman Nedoplýosow biziň dördümiziň hem öz keselimizden utanmaklygymyzy bes etmegi tekrarlaýar. Ýeri, bu bolýan zatda... Eýjejik gojajyklar! Dünýäde köp zatlar bolýar!... Öz ýarym çaga utançlaryňyzy zyňyp taşlaň. Siziň utanýan zadyňyz eýýäm bir wagt bütin jahana äşgär. Siz hakyky dälilere meňzäňzok. Siz hatdagaragollara-da meňzäňizok. Adamzat müňlerçe ýyl ýaşap gelýär we ony hemme zady ýerbe-ýer bolan semizje aýaly synlamaklyk bilen geň galdyryp bolasy ýog-a! Kynçylyk bolaýşyny!
— Synlaýan ýeriňizi üýtgediň. Ýygy-ýygydan üýtgediň... Suratjyklar bizde örän az! Lukman öjükdirýär. Ol kellämizi gymyldadyp, ýarym minutlyk saga, soň çepe öwürmegi talap edýär... Biraz süýşürdýär. Biraz nazaryňy üýtgetdirýär... Lukman bizden bir suratdan on sany suratyň täsirini aldyrtjak bolýar. Bir Rubensden oňa meňzeş ýene-de on sany suratçyny sykyp almaly (Biz ýöremeýän näsaglar üçin niýetlenen gimnastikany ýerine ýetirýän ýalydyk. Kelläňi sag eliňe diremeli, tirsekleriň stoluň üstünde. Kelläňi çep eliňe diremeli... Göni oturmaly. Biraz yza gaýşaryp oturmaly). Bu täsin!.. Ýaňy bir tirseklediň, kelläňi gymyldadyp goýberýäň welin, ol ýerde eýýäm şemaljyk oýnady, zeýtunly meýdandan! grek jeňňeliden öwsüp gitdi!.. Ýapraklar gaharlanyp başlaýar. Satiriň özi bolsa, ak syrta tarap hamala başga tarapdan, gyyrymsy agajyň golaý tarapyndan bukdaklap barýar. Gör, onuň batyrlanaýşyny!.. Ýöne Rubens nähili täzelenip! Uklap ýatan nimfanyň ne kiseýa bilen çalarak ýapylan garny, ne süýt reňkli syrty, a göwsi... çep... ol nähili goja nazaryny özüne güýçli çekýär!.. Titräp gitdiler, nimfanyň ak dyzjagazlaram titreýär...
— Bu bolsa Marsiý!... Ol barada eşdipdiňizmi, jenaplar?.. Frigiý satiri Marsiý. Eger eşiden bolsaňyzam, siz ol barada ýene bir gezek diňläň. Ol şoňa mynasyp, biziň Marsiýmiz...
Nedoplýosow gülýär:
— Görüň-ä, nähili mysapyr, ýogsam ol bu ugurdan bilermen... Ol Nimfa nähili seredýär... Nähili çekinjeň. Nähili utanypdyr! Bu ümsümje öz ykbalyndan şeýle gaý turzar diýip kim pikir edip biljek. Şeýle apy-tupany!
Bu Marsiý günde ýaşajyk gözeli bukulyp synlamaga gelipdir. Leýlisaçyň şahalarynyň arasyndan onuň suwa nähili düşüşine seredýär... Ýöne Nimfa ýalaňaç halda suwdan çykan badyna, utanjaň Marsiý bir gyra gaçýar. Aşyk satir milt edenok. Ol utanýardy. Ol garrydy... Diňe uzakdaky depejigiň aňyrsyndan, bukulyp, ol nimfany synlaýardy. Onuň nädip dynç almak üçin gyşarşyny... Onuň uka gidişini...
Bir sapar, şol depejikde Marsiý büdredi we aýagynyň dabanyny bir zady basyp, agyrtdy. Siziň, elbetde, ýadyňyzdadyr, eger bilýän bolsaňyz, otlukda tüýdük bardy.
Ähä! Ynha nimfany oňa imrindirjek zat!.. Satir depejigiň üstünde oturdy we çalyp başlady. Nähili zehinli çalyp başlady... Emma Nimfa ne oýandy, ne ylgap geldi. Beýle aýallaram bolar eken. Has agyr aýtdy... Onuň göwnüne gamyşlaryň arasynda şemal aýdym aýdýan ýaly boldy... Ajaýyp sazdan onuň gyz düýşleri hasam süýjedi.
Ýöne ruhlandyryjy saza golaý ýerlerde ýaşaýanlar ylgaşyp geldiler. Bu ykbalynda ölüm bolanlar, bu obalylar (sada gadymy grekler) onuň mukamlaryna haýran galdylar we özüniň saz çalşy bilen satir hemmelerden... hemmelerden öňe saýlandy diýip biri-birinden beter gygyryşýardylar... Apollonyň özünem masgara etdi! Adamlar ruhlandyryjy zady ylahy zat bilen deňeşdirmegi gowy görýärler. Hudaýlar bilen deňemegiň howpludygyny bolsa, başagaý bolup ýören adamlar üçin kän bir bildirip baranok.
Satir Marsiý dessine başyna barmady. Ikirjiňlendi... Emma ol nimfanyň onuň aýdym aýdýan tüýdüginiň sesine, özüniň triumfuna gelmegini şeýle bir isläpdi. Ol “hawa” diýdi — ol Apollonyň baýramçylygyna barmaga razylaşdy, otaýda ol, ýönekeý satir, hudaýyň şanyna saz çalar. Belkem, hudaýyň özündenem gowy çalar.
Şeýlelikde nimfa bolsa gelmedi. Ýa-da, beýlekileriň aýtmagyna görä, gelipdir, emma uly we galmagally üýşmeleňe gyzygyp, töwerekde aýlanyp ýörüpdir. Kä ol ýerde, kä bu ýerde... Oňa ähli zat gyzykly! Haçanda goja Marsiý, gözlerini petredip, jadylaýjy owazlary üfläp otyrka, ol hatda oňa golaýlaşmadam... Gaýta Apollon golaýlaşdy. Hudaý özüniň owadan keşbinde gelipdir. Haýsydyr bir gojanyň ussatlygy hakyndaky myş-myşlar onuň gaharyny getirýärdi. Ol eline tüýdügi aldy we çaldy. Soň lirany aldy we ýene-de çalyp başlady. Ol, elbetde, ýeňdi. Ol ýeňdi, emma ýumşamady... Öňe sokjarylanyň tekepbirligine gaharlanan hudaý öz ýeňşiniň yzysüre şol bada hemmelere özüniň kimdigini görkezdi — ol Marsiýiň derisini sypyrdy we ony uzak asyrlyk agaçdan asyp goýdy. Ony ol ýerde şemalyň galgadanany az ýaly. Ýene-de kemsiilmegiň agyrysy. Aňrybaşy agyry! Kimdir biriniň tüýdüginiň islendik ýakyndaky sesine görgüli satiriň derisini jebir-jepa titreýärdi... Galgaýardy.
Şonda Nimfany bolsa, nirededigine garamazdan, şol bada uky basýardy. Şeýdip ol uka gidýärdi.
Nedoplýosow lukman biziň şol ekranyň aňyrsyndaky zeýtun jeňňeljigi bilen bileleşmegimizi isleýär. Duýgur we asuda halda (töwerekdäkileriň gykylygyndan we sögünjinden gorkman) ukudakyny synlar ýaly... Lukman biziň aň asty aňymyza ilkibaşdaky beýik ýagşylygy pürkýär, ornaşdyrýar: grek mifleriniň ägirt başyna gitmesini. (Freýd ata hem monça bolupdy. Näme üçindigi hem düşnükli. Zeýtun ýagy bilen, ýöne şol bir şüle.)
Garry satiriň we ýaşajyk nimfanyň ýaş aratapawudyndan utanmak asla gerek däl. Şeýle bolupdyr we bar. Örän köp gezek boldy... Ikiýüzlülerem gümüne gitsin (Aýratynam elliden geçen aýallar)! Asyrlar boýy nakgaşlar nimfaly sýužete haýran galypdyrlar. Olary haýran galdyryp! Olar çotgalaryny saklabam bilmändirler. Howa şeýle, çotganyň hut özi kagyzyň ýüzünde iki ýana gaýypdyr. Çotga olaryň göz öňüne getirýän zatlaryny suratlandyrmaga zordan ýetişipdir... Çotga jyklaplapdyr!
— Serediň-ä, gör, siz nähili gujurly ekeniňiz... Tut ýalyjak... Hawa, ýürek... Hawa, aşgazanda ýara... Keseller ýerinde. Emma men haçanda şepagat uýasy Arişa (depderleri doldurýarkak) siziň her biriňiziň ýaşyňyz barada aýdanymda, ol tasdanam oturgyçdan ýykylypdy. Bir-bire. Gwardiýanyň esgerleri... Siz entek hemmelere görkezersiňiz! Dibykin ertir Taýsony urup ýykar. Emma gulaklaryňy gora, goja!... Esasy zat bolsa... Esasy zat — siziň hemmäňiz — uzak ýaşan adamlar! Allanyň sowgady!
Ol “uzak ýaşan adamlar” düşünjesini bize has uly güýç bilen siňdirdi. Arakesme.
— Hakykatdan jyklap seretmeiň özünde hiç bir jenaýatçylyk hatda, hiç bir ahlaksyzlyk ýok ahyryn... Emma..
Nedoplýosow ahyry göni amaly netije çykarýar. Jemleýär. Biz üçin, gojajyklar üçin... Ol mify pritçä öwrüp goýberdi.
— Siz düşündiňizmi?.. Marsiý jezlandyryldy. Çagyryş üçin jezalandyrylypdyr. Siz aňşyrdyňyzmy, jenap satirmэnler? Siz nimfalar barada näçe arzuw etseňiz ediberiň we hyllyklaryňyzy akdyryberiň... Siz ýarygijede görkezilýän erotik filmli ekrany ýalabam bilersiňiz... Suratjyklarda... Kenarlarda... Siz doly lezzet alyp bilersňiz. Emma... — psihiatryň sesi güýçlenýär, — emma — direnip durmalydäl... Emma — çagyryş oklamalydäl... Emma — öz tüýdügiň bilen kesekiniň ýyladylan düşegine girmeli däl.
Lukman Nedoplýosow slaýdy çalyşýar we diwaryň ýüzünde ýene-de bir ukudaky nimfa janlanýar... A bu kim?.. Nireden bular? Bir bada iki satir. Ikisiniňem endamy gap-gara... Ikisem demini alman dur... Nimfa üsgürip goýberýär, olaryň ikisinem ýel göterjek. Olar onuň ak (we göräýmäge goragsyz) teniniň üstüne abanyp duran ýaly. Uilýam Etti. “Ukudaky nimfa we satirler”. 1828. Londonyň milli galereýasy.
Küýzäniň ýüzüne çekilen surat: “Afina we satir Marsiý”. Biziň eramyzdan öňki V asyr. Ähä! Bu biziň pahyrjygymyzyň taryhynyň başlangyjy ahyryn. Bu haçanda Marsiý otda aýagy bilen basyp, tüýdügi tapýar... Ýagny deňsiz-taýsyz tüýdük ilkibaşda aýal hudaýy Afinaňky eken. Kesekiniň tüýdüjegi ekeni!
Pussen. “Satir we nimfa”. 1630. Ine bu ýerde nimfanyň ýüregi gysýar. Onuň ýüregi gysýan ýaly. Satir ondan bary-ýogy iki ädimde we çüýşeden yzyny üzmän owurtlap dur. Goja golaýladylypdyr! Täsin zat!.. Emma nimfadan birnäçe ädim (iki ädimlikde!) golaýda bolmak welin, heniz biziň gojajygymyzyň üstünlik gazanandygynyň alamaty däl. Nimfa oňa ýöne bir serhoş bolmaga rugsat berýär. Kim bilýär — belki-de, ol, içgili satir, ony şatlandyrar. Onuň göwni açylar ýaly. Biraz wagt geçirer ýaly... Körpeje Erot, oňa ýene-de içgi ber, ber. Goý, owurtlasyn! Nähili erkeç!..
Soň bolsa göreris, göreris... Bir seretseň, biziň gözýetimimizde-de nähili bolsa-da, bolgusyzja bolsa-da bir gahryman peýda bolar. Zeýtun jeňňeljigiň çetinde...
Ýadaw, tozan-tot basyp giden erkek göbekli gahryman... Bu erkeji bolsa... onda bu satiri ýok etmeli! Şol wagt ýeňsesine bermeli!
— Rakursy üýtgediň! — diýip, Nedoplýosow aňňyrýar (Haçanda men oýaly-ukudakam, islendik ses aşa gaty eşidilýär).
Men rugsat berlen çäkden çykyp, gözümiň garaklarynyň içinden şol ýere — şol güneşli depejiklere gaçaýmaýyn diýip, gözlerimi süzýärin. Gür zeýtunlaryň we olaryň kölegesinde ýatan ak, ýylmanak tenli nimfalaryň üstüne... Men ol ýerde näme edeýin? Men ol ýerde bolanymda näme üýtgejek?.. Bi satir artar.
Men özümiň satirmэn (“э” ýa-da “e” bolsun — tapawudy ýok) däldigimi bilýärin. Men bu ýerde ýönekeýje bilesigelijilik edýärin. Ýeňil ýagdaý!.. Men aşyk bolagan gojajyk. Mümkin, şeýdibem dünýäden öterin. Goý, bolsun. Elbetde, men köp garry satirleriň men bary-ýogy derrew aşyk bolagan adam diýip öz-özlerini ynandyrýandyklary barada eşidipdim (Men bolup biler diýýärin). Goý, şeýle bolsun... Soňy bilen howlukmak nämä gerek. “э” ýa-da “e” bilenmi, emma men eýýäm suratjyklara seredip seretmezim çykdy. Men dok. Meni nakgaşlar mynjyratdylar. Men hem örän basym sungatyň araçäginden aňyrda (ruhuň töwereginde) adamynyň hiç zatdygy bilen doly ylalaşaryn. Adam kiçijik. Ol ownuk.
Bu men bärde kiçijik we ownuk... Haçan-da men ajaýyp nakgaşçylyk eseri görenimde, eýýäm bu dünýäni partladasym gelenok. Eýýäm manýowr üçin wagt ýok. Eýýäm yza çekilmeli bolaýsa-da ýer ýok. Gan gaýnaýar, emma men garry, gaýnaýan gan bolsa dünýäni däl-de, meni ýarar.
Ž.-F.-Ž. Sali. “Satir bilen owlak”. 1751. Ynha!.. Ynha satir (şonuň bilen bilelikde suratjyklary synlap doýan satirmэniňem) özüne ýürekdeşi nirede tapypdyr!.. Ynha kim bilen ol özüni gowy duýýar — kiçijik dört aýaklyja jandar bilen. Bu ýaş görünjek bolýan mermer satir hem nähili rahat bolupdyr. Ol owadan. Ol — tebigatyň bir bölegi. Onuň özi entek owlajyk (Ol diňe ertir nimfany görer. Diňe ertir... ondan soň jebir-jepalaryň tutuş gazany onuň başyna iner). Ol çagalykdan... kiçijik owlaklyjygyň jennetinden gitmesedi...
Çagyrýarmy?.. Emma nimfa çagyrýarmyka? (Onuň üç sany näzik alkymlarynyň biri çagyrýar. Onuň garnyndaky ýüz gasynyň biri). Bermelimi ýa bermeli däl — ine munda mesele ýok. Nimfa üçin bu mesele dällik... jogabyň manysyzlygy sebäpli ýüzýyllyklara uzap gidýär! Bu başgalar üçin mesele. Nimfanyň gözlerinde jinnik ýaly pikir ýok. Emma reňkler, reňkler! Emma teniň nähili toýy. Göni otuň üstünde. Zümerret reňkli otuň üstünde. Ene Ýerden dömüp çykyp duran ak bulka...
Ýatyr we ýatyr. Nimfa hatda gahrymana-da garaşanok... Ol öz başyna. Şöhlä... Ýagşa... Mör-möjege... Guwa... Asmandan gaçjak islendik zada garaşýar!.. Emma ýerdäkä, kirlä, satira meňzeşe däl. Eger sen satir bolsaň, seniň aýdýanyň näme, Nimfa düşünenok. Satir onuň üçin öýsüz-öwzarsyz ykmanda — bomž. Köp ýaşan bomž.... Satirleriň (rusça rifmalanýar) ýok öýleri. Satiriň dawa-jenjeli ýok... Ýene nämesi?.. Hajathanasy ýok?.. Edil bu ýerinde. Bu ýerde tutuş meýdan we zeýtun jeňňeli hajathana... we ýene-de gyrymsy agaçlar, gyrymsy agaçlar, gyrymsy agaçlar...
Pyşyrdap (başgalara päsgel bermezlik üçin):
— Pýotr Petrowiç... Ýerimizi çalşaýaly, hä?
Bu Çižow. Mekdep mugallymy rakursy düýpgöter üýtgetmek isleýär. Maksat edindi... Meniň ýerime geçmegi...
Emma men başymy ýaýkaýaryn we oňa pyşyrdy bilen: ýok... diýýärin. Hamala, rakurs — hem çäre. Maňa, hamala, rakurs üçin maňa gözümi süzsem, aňrybaşy bilen ýeterlik. (Hakykatda bolsa men ýöne ymyzganypdym. Men ýaltanýardym.)
Çižow Klýuşkine tarap öwrüldi — ol oňa şobada düşünýär we olar ýerlerini çalyşýarlar. Berekella! Göz öňüme getirýärin, olar üçin zeýtun jeňňeljigi täzeden nähili öwüşgin atyp başlandyr! Biraz ýürege düşüp başlan çişik nimfa hem olaryň gözlerine ýaşaran ýaly bolup görünendir (Nedoplýosow olaryň ýer çalşanlaryny görýär, emma hiç hili düşündiriş bermeýär, diýmek, goldaýar.). Soň Çižow Dibykinyň ýanyna gyssanyp barýar, ýene-de we ýene-de çalyşmaly... Yhlas edýär! Iki taraplaýyn çalşyk — bu iki taraplaýyn rakurs ahyry. Gowy mugallym edil gowy okuwçy ýaly.
Kim ol? Bu mugallym Çižow durmuşda nähilikä?.. Degişgen okuw müdirimi?.. Ýa-da uly synplaryň himiýa mugallymy bolmagy ahmal? Himiýa mugallymy uly synplarda hökman bälçik, ýöne hatda edepli-ekramly hem — göze çöp atýar?.. Gyzykly ýeri, Çižowy gyzjagazlaryň kakalarynyň urany boldumyka? Onunjy synp gyzjagazlarynyň arzyndan soň?.. Çižowy üç gezejik dagy mekdepden kowandyrlar diýen çaklamadan başga oýuma hiç zat gelmedi. Şonda-da ol görgüli mugallymçylyk etmäge, daş ýerlere gitmäge taýyndy. Bu mekdebi başga bir mekdebe çalyşmaga... Sebäbi öz kärini söýýär. Durmuş ýoly!.. Çet gyrada bir ýerlerde ol ahyrsoňy işe ýerleşip bilerdi. Moskwanyň eteginde... Ony şol ýerdenem, mekdepden gümüni çekip kowýarlar! Indi köp oturan pensioner hökmünde kowýarlar. Çižik uçup geldi. — Çižyk uçup gitdi!.. Başbütin kowup bilerdiler, ýöne tomusda sowokdan galan elhenç mekdep dynç alyş öýüne mugallymlardan kim gider. Ol bolsa gider. Hökman... Soň näme?.. Hassahananyň ak otaglary... Ümsüm maýyl gije düşüp başlaýar. Şeýle bir maýyl, şeýle bir tomus gijesi! Russiýada agşamlar nähili ajaýyp... (“Eger şeýle alsaň, siziň ýagdaýyňyz onçakly bir gyzykly däl. Sizi urmandyrlar — diýip, ilkinji duşuşygymyzda Nedoplýosow maňa aýtdy. — Meniň müşderilerimiň aglabasy bolsa urlupdyr”). Şeýle alsaňmy? Men gödek Dibykinda her hili gyzmalyk bolandyr diýip göz öňüme getirip bilerin. Emma Çižow... Uzyn boýly, inçesagt, ýüzi mähirli, ýumşak sakgallyja, göze ýakymly Çižowy nädip urjak — nädipÇehowy ýençjek? Burnunyň üstünden pensnesini aýryp ýetişmedigi. Terbiýesizler!
Mekdepleriň tomusky dynç alyş öýleri — bu sylagsyz, aşa ýürek gysgynç iş hem-de ol ýere gitjek diýip özi haýyş edýän seýrek. Ol bolsa haýyş eder... Üýşüp şäheriň daşyna çykarlar. Şol bolgusyzja panerlardan edilen sümelgelere we çalak-çulak gurlan çadyrlara. Ol üşeýär. Ajykýar. Aşgazany towlaýar. Aşgazanyndaky ýara (ýetginjek-ýaşlar iýmitinde) gozgar... Emma ol gider. Näme berseler iýer. Çižik hemme zady çokar!..
Emma soň onuň,Çehowa meňzeşiň, gijäň içinde çadyrlaryň arasynda bukdaklap ýörşüni men eýýäm örän uly kynçylyk bilen, öz-özüme zor salyp göz öňüme getirýärin... Aý... Hemmeler ýatyr... Ahlakly okuw müdiri, ol howluganok. Ol çadyryň girelgesinde uzak wagtlap oturyp, biraz üşeýär, ol häzir gitse hem bolaýjak ýaly... Uly synpdaky ýetişenje gyza seredýär. Gyzjagaz uklap ýatyr. Emma uklansyraýan bolmagy mümkin... Ýok, ýok, mähir bilen ol diňe elini uzadyp onuň uşeýän egninden otjagazy aýyrýar... Ol barada şeýle pikir etmegiň özem, elbetde, bir haramylyk. Haramylykdygyny bilýärin. Men mekdebiň zähmetkeşlerine hormat goýýaryn. Katorga.
Intelligent elleri ar almakdan däl-de, öýkeden ýaňa titreýär. Urlan Çižow, meniň pikirimçe, asla gahar-gazapsyz... Ol çirkin-çirkin gygyrar-gygyrar-da, soňam uzak wagtlap hamsygýar, aglaýar.
3
Örän yssy howa... Örän yssy howa bedeni gowşadýar... Nimfa çuw-ýalaňaç bolup, edil tokaýyň gyrasynda ýatyrdy, onuň ak teninden serhoş bolan satir Marsiý bolsa agaçlaryň arasyndan seredýärdi. Gahryman däl... Satire şeýdibem batyrgaýlyk gelmedi. Hiç bolmady! Şonda ol onuň daşyndan aýlanyp başlady. (Golaýlaşanman, emma daşa-da gimän. Uklap ýatan nimfany bimaza etmän, ýöne ony gözden sypdyrman.) Tokaýyň gyrasynda aýlanyp ýörkä, Marsiý edil gamyşdanam bolmadyk fleýtany aýagy bilen basdy.
Ol fleýtany aýal hudaýy Afina asylly sugunyň süňklerinden edipdir. Ertirlerine ol ony diňe özi üçin, agşamlaryna bolsa, käwagt, hemmeler üçin çalardy. Afina, şeýle agşam çagynda Gera bilen Afroditanyň näme sebäpden gülüşýändigine, hiç düşünip bilenokdy. Biri-birlerine seredişýärdiler we hatda pyňkyryşýarlaram, emma muňa garamazdan güýmenje (fleýtanyň sazy) bolsa täzedi we, sübhesiz, ajaýypdy. Has hem geň zat, beýleki hudaýlaryň ählisini onuň sazy şatlandyrýardy. Aýratyn hem — şemala öýkünme wariasiýasy...Ýöne onuň solosy iki sany meşhur gözele ýaranokdy. Olam hakykat. Oýun eder ýaly zat däl!
Ir säher bilen tokaýa has çuňrak aralaşyp, Afina çeşmejigiň boýunda oturdy-da, suwuň ýüzündäki öz şekiline seredip, öz-özi üçin saz çalyp ugrady. Ana, näme eken!.. Ol pökgeren ýaňaklary we howa ýetmezçiligi zerarly dartylyp duran ýüzi bilen şeýle bir betnyşan bolýan eken. Görse, fleýtada saz çalanda onuň ylahy gözel ýüzi betgelşik bolýan eken... Afina şol bada, şuny ýerden kim göterse, nälet diýip, fleýtany zyňyp goýberdi.
Görgüli Marsiý bolsa ses çykarýan zady ýerden göterdi. Marsiý saz bilen diňe nimfany özüne çekmek isledi. Ol garşylyk görkezýändirin diýip, oýuna-da getiren hem däldir. Ony öz baýramçylygyna çagyryp, obalylar bildirmän ony gižželäpdiler. Hany, bol, bol! Hany, seniň nimfaňam çagyryldy... Geler...
Baýramçylygy has-da mahabatlandyrmak üçin bolsa, döredijilik bäsleşigine gyzyklandyrdylar we Apollonyň hut özüni hem lirasy bilen çagyrdylar... Hudaýam geldi. Hudaý näme gorkjakmy... Haýsydyr bir satirden? Tüf!.. Şeýdibem iki sany fleýtanyň konserti başlandy (Soňrak bolsa eýýäm lira seslendi.). Olar uzakly gün saz çaldylar — garaňky düşýänçä. Emma bäsleşik ýeňijini doly kesgitlemedi. Deňe-deňlikdigi anyklandy. Adalatly grekler, ikisine-de diňläp jedelleşikli deň, iki sany topara bölündiler.
Ine näme üçin kemsinen Apollon Olimpa öz erkek doganjyklarynyň ýanyna ylgap gidýär... Ol — goý hudaýlar çözsün — diýdi. Gapyny şakyrdadyp, hudaýlaryň ýanyndan gaýtdy. Ol olardan täzeden hasaplamak üçin ses bermeklerini haýyş etmedi. Ol ownukçyl däldi... Ol Olimpdäki oglanlaryňam özleri, özleriçe we hiç hili ikirjiňlenmän, ýeňşi oňa berendiklerem düşnükli zat.
— Ýeňlenlere bela-beter degsin, — diýip, Apollon aýtdy.
Hem-de jezalandyrmagy buýurdy. Satiriň diriligine derisini sypyrmagy... Nimfa ol ýerdedi... Ol onuň derisini nädip sypyryşlaryna seredip bilmedi-de, öz otluk meýdançasyna ylgap gaçdy.
Jeňňeljikde suwa düşüp, otuň üstünde gyşardy... Marsiý görgüliniň hamyny bolsa şol wagt gowakda asyp goýdular. Asyrlar boýy asylgy durar ýaly... Ynha näme görüpdirler: obadan fleýtanyň ýönekeýje, sadaja owazy eşidilende, artistiň duýgur derisi takta görä gymyldap, titräp başlaýar.
Emma haçanda hudaýlar fleýtada saz çalanda welin, deri gymyldaman sallanyp durupdyr.
Dibykin — hakyky satirmэn. Uly kelleli. Hüžžük... Äpet goja, myşsalaryň topbagy. Ol bu dünýä güýçliniň kütek artykmaçlygy bilen hem-de şol bir wagtyň özünde hem ýiti çagalyk gorky bilen seredýär. Ol özüniň çaga ýalylygyny bukýar. Ähli adamlar onuň üçin — uly ýaşlylar.
Saga-çepe süýşüp, rakursy üýtgetmek barada görkezme berlendigi sebäpli, Dibykin sýşýär, ýöne edil çaga ýaly — oturgyjy bilen bile. Oňa şeýle aňsat ýaly görünýär. Oturgyç bilen aýrylyşmak nämä gerek we aýyrmak nämä gerek?... Ol oturgyç bilen bitewi. Edil bökýän gurbaga ýaly — bir metr saga tyrk-tyrk... bir metr öňe tyrk-tyrk... Ol özüniň hereketiniň tyrkyldaýandygyna, biziň ählimiziň gulaklarymyzda ýaňlanýandygyna düşünenok.
Nedoplýosow oňa bellik edýär:
— Dibykin, sen toýnaklaryňy kakýarmyň.
Hem-de ýumşadyp, ýylgyrýar:
— Biziň, jenaplar, öz kentawrymyz bar.
Dibykine ýetmedi. Ol ýene-de çapyp ýör. Şol bir wagtyň özünde-de ol slaýddaky myssyk nimfadan — güjeňleýji ak tegmilden gözüni aýranok. Indi çepe tyrk-tyrk!.. Eňeňinde hyllygyň sülekeýi bar.
Men ýarymukuda. Meniň daşymda hudaýlar, satirler, nimfalar... kentawr näme üçin bolmaly däl?.. Çuň mifologik oýa gitme.
— Ähli asyrlarda kentawrlar adamlarda iň beýik duýgulary oýarypdyrlar.
Edil beýle-de däl, jenap Nedoplýosow. Edil beýle-de däl... Käbir meşhur bolmadyk miflere görä, KENTAWRLAR — çöpdüýbüler (Ýarsynyň adamlygy üçin). Bu unudylanok. Hemmeler muny unutmandyr... Britaniýaly, dili duzly Swift kentawrlary halamandyr ýaly. Ol düşnüksiz gibridi ýene-de ikä bölmek isläpdir. Ol hakykat isläpdir. Yza, yza!.. Ony başky elementleri päkligine tarap çekipdir. Swift hem iki bölek edýär — kentawrlary owadan atlara we ýigrenji ýehulara bölýär.
Haçanda görgüli Marsiýiň derisi barada gep açylanda, biziň ägirt Dibykamyz aladaly ýaňaňyny dişläp başlaýar. Ol ýuwaşja, emma täsirli dişlerini gyjyrdadýar. Ol olara boýun egmezdi. Ol öz derisini halas ederdi (sözüň göni manysynda). Ol olaryň hemmesine nämäniň näçedendigini görkezerdi. Onuň özi bolsa bu Apollonyň gapdalyny sypyrardy! Asyrlar boýy şemalyň ugruna entek kimiň hamynyň galgajakdygy belli däldi...
Birdenem polda oturgyç bilen bile aýlanan kentawr Dibykin tutuş otagy dolduryp gygyrýar. Ol uly ses bilen gygyrýar. Ol bu zatlaryň asyl manysyna bizden has çuňňur düşündi:
— Esasy zat — fleýtany basmaly däl!
— Pýotr Petrowiç... Rakurs! — Bu ýene-de Nedoplýosow.
Men dessine jogap beremok.
— Pýotr Petrowiç!
— Men üýtgedýärin, üýtgedýärin... Men gözlerimi ýumup-açýaryn.
— Ýeri, onsoň näme?
Lukman Nedoplýosow meniň yzymdan ýetýär. Ýeňiljek ýaňsy bilen ol maňa derek sözlemimi aýdyp tamamlaýar:
— ...Onsoň nimfanyň özi sizi yzarlap başlaýar. Dogrumy?
Goýsana olary soňam ýaňsa alybersinler... Meni olaryň nukdaýnazarlarynyň çalt üýtgäp durmagy özüne çekenogam we gyzyklandyranogam. Bazar!.. Gatnaşamok! Agzasam däl!.. Töwerek-daşymda zat çalşyjylar, bazar bolubersin, olaryň hemmesiniň akyly üýtgäpdir, meniňki bolsa ýok — men diňe gözlerimi ýumup-açýaryn. Bir sagymy — birde-de çepimi. Bu meniň duçar bolan ýeke-täk üýtgeşmäm. Emma eýýäm Dibykin hem öz tyrkyldaýan oturgyjyny goýup, ýerlerini çalşyp oturan Klýuşkina we mekdep mugallymy Çižowa goşuldy. Indi olar üçdüler. Olara men nämä gerek?.. Dellallarmyşda!.. Üçüsem hezil etdiler. Gojajyklar, öňe! Kütelen göz öňüne getirme, öňe! Eger-de gözüňi has golaý, has okgunly we gyňyr seretseň-ä, onda sen asla-da bu ümsümje ýatan zeýtun jeňňeljigiň, bu ukudaky otlaryň — bu uklap ýatan ýaş zenanyň eýesem bolýaň. Näme bilen örtülen?.. Hiç zat bilen — diňe onuň semiz ak aýaklarynyň arasynda towlanyp ýatan inçejik, we ýeňil esgi bölegi. Eger-de hakykaty aýtsaň, onda butlarynyň arasynda.
Olar derrew-derrewden ýerlerini çalyşýarlar. Klýuşkin Çižow bilen, rahatlanmaýan mugallym Çižow Dibyka bilen çalyşýar!.. Dibyka Klýuşkin bilen, Klýuşkin ýene-de Çižow bilen!.. Tükeniksiz... Eger-de ýokardan seretseň — çalşygyň yzygiderliligi ondanam çalt geçýär. Hamala kimdir ägirt biri (göze görünmeýän kimdir biri) gojajyklar bilen üç sany oýmak oýnaýan ýalydy.
Emma bu täze tapylan nukdaýnazarlaram, görnüşi ýaly, satirmэnlere uzak wagtlyk şatlyk getirmeýär. Oturgyçdan oturgyja (ýylydan ýyla) gezekli-gezegine böküşmeler has hem ýygylaşdy. Meniň gojajyklarym gaýmalap başladylar. Gaýmalaşdylar. Eýläk-beýläk... Beýläk-eýläk... Diňe ýer çalşylanda penjiräniň ýanyna düşenler (ol ýerde deşijekden ir säheriň şöhlejigi görünýärdi) her sapar näme diýseňem eglenýärler... Oturma kemi galmady... Emma ony kowýarlar, oňa wagt boldy, wagt boldy diýip düşüner ýaly edýärler!..
Ägirt göze görünmeýän oýmakçy bolsa ýene-de tizligi ýokarlandyrdy. Onuň eliniň aşagynda bu üçüsi nähili çaltlaşyp başladylar. Nähili tolgunýarlar. Rakursy çalşan batlaryna, ýene-de çalyşmak isleýärler. şaslary gelýär (Biziň ýok ýerimiz gowudyr.).
— Pýotr Petrowiç — diýip, Çižow pyşyrdap maňa ýüzlenýär.
Böküp ýerinden turdy we — hany gel, seniň bilenem oturgyjymyzy çalşaly, bar, meniň penjiräniň ýanyndaky ýerime geç! — diýen manyda meniň egnimi elläp goýberdi.
Men kellämi ýaýkaýaryn — islämok.
Ol bolsa, has erjel, meni howlukdyrýaram — bar, bar, Pýotr Petrowiç, sen bu ýerde gamlanýaň. Sowugam gelýär. Hatda ýelem çekýär.
— Asla ýel çekenok.
— Çekýär, çekýär! Saňa tarap çekip dur! — diýip, garry mugallym meniň psihikama erjellik bilen täsir edýär.
Bu nähili samsyklyk. Bütin ömrümizde (muny hemmelerem bilýär) ýel diwardan däl-de, penjireden bize tarap çekýär we öwüsýär. Şeýle manysyz zady Dibykin aýdyp bilerdi, oklap goýberip bilerdi... Klýuşkin hem bilerdi... Emma mekdep mugallymy hiç hili aýtmazdy.
Has erjel Çižow güýç bilen diýen ýaly meni oturgyçdan turuzýar. Häh eýesiz ýapyşdy-da! Men kesekiniň erkine boýun bolýaryn, ýeri bolýa-da, rakursy üýtgetmek üçin penjirä tarap ýöreýärin. Çižikowyň oturgyjynda gümpüldäp oturýaryn we ekrana seredýärin — bu ýerde näme täzelik bar?.. Şol bir baky gözel we baky ýalaňaç naýada... Şol bir ýylmanyp-ýalanan meýdança. Şol bir biziňki däl jeňňeljikdäki gür ösýän zeýtunlar... Emma edere iş tapman (we seredere zat tapman) men biziň tuty bilen ýapylan giňişligimize — penjirä seredip goýberdim. Muňy bir görsene!
Gapdaldaky binada, birinji gatda — edil penjiräniň öňünde — ýaş gyzjagaz uklap ýatyrdy! Hakyt diri!.. Ukuda, üsti çala ýapylan, pökgüje ýaňajykly hem-de ol şeýle bir diri welin, hatda, eňeňinde örän kiçijek tüýkülik hem doňup galypdyr. Onuň dodaklarynyň gyrasyndan çykan... Togalanyp gaçmaga ýetişmedik... Onuň egni we bir göwsi (ýeňiljek ýorganyň daşyndan) gowy görünýärdi. Emma onuň ak dyzjagazlary aýratyn gowy, göze ilginç, özüne çekiji öwüşgin atýardy.
Bu bina (üç gatly) taslama laýyklykda saglygy dikeldiş bölümi diýip çak edilen bolmagy mümkin. Uly ýuwulmadyk penjireleriň aňyrsyndan ol ýerdäki şwed mebellerini, türgenleşik enjamlaryny görüp bolýar... Hatda, torly basketbol halkasy-da bar... Bu zatlaryň hemmesi häzirlikçe tozana gömülipdir we poslap ýatyr. Kimdir biri satyn alypdyr diýýärdiler... Ine-ine, diýýärdiler... Emma bina boş durdy. Gyzjagaz bolsa boş öýde —gerek bolmagy ahmal, gijeki garawul ýaly. Eger çen etseň, bizden bary-ýogy on bäş-ýigrimi ädim aňyrda. Ukudaky gudrat!.. Näme üçin “penjiredäki ýere” Dibykin oturgyçly çapýardy! Näme üçin gojajyklaryň her biri howlugýardy, ol ýere dyzaýardy. Näme üçin bu hyllyklylar şeýle çalt-çaltdan ýerlerini çalyşýardylar!.. Häzir meni-de bu ýerden aýrarlar. Pýotr Petrowiç, oturma kemiň galmady!
Biziň günlerimiziň adaty ýagdaýy: ýaşajyk gyzjagaz gijelerine öli binany garawullaýar. Seret. Elbetde, gara köpük üçin... Birden men ellerim, barmaklarym, tas dyrnaklarym bilen... barmaklarym agyrýança aşagymdaky oturgyja ýapyşandygyma düşünýärin. Dessine gitmerin! (Gözlerimi penjireden görkeziş ekranyna — nimfadan nimfa gönükdirýärin.) Meni ýeňiljek galagopluk gurşap alýar. Men bu ýerde baky däl. Basym meni bu ýerden kowup goýbererler.
Men bu diri bedene asla maýyl bolmadym: gyzjagaz diňe ýaşajyk bolandygy sebäpli gowja ýalydy. Megerem, sowuklandyr (howa görä)... Biraz maňkalyrakdyr (ukudan soň). Dogrusyny aýtsaň, diri nimfa suratdaky nimfadan utulýardy. Ýöne ol diri, meniň beýnime urdy, ok atdy. Meni oýardy. Diňe indi men olýerdedim... Zeýtun jeňňeljiginde. Men ol ýere uçup bardym... Tizden-tiz!.. — diňe indi ekrandaky nimfa doly janlandy. Hakyky nakgaşlyk eserine atylyp girmeli. Hut şeýle. Doňup barýan ýüregiň bilen girmeli däl-de, atylyp girmeli. Nakgaşlyk eserine bökmeli — tramplinden bökmeli (Lyžada böküşleri ýaly. Uzap gidýän, biraz gyşaran, yrgyldap duran we howada gaýýan lyžalarda.). Ýaşaýşyň pursadyndan we nakgaşlykdan ýaňa ýürek gysyldy. Bu teşneligi düşündirip bolanok. Men doňdum... Ukudaky bolsa biraz öwrüldi. Olam bilýär (Rakursy üýtgedýär.). Ýorganjygam, düşeginiň örtgüsem biraz süýşüp gitdi... Eý Allam... Gör, nähili eken. Uklap ýatan görgülijigiň... Onuň... Bu gyzjagazyň dabany ýok eken. Çep aýagynda. Bagtyna, ýorganyň bir burçy bilen onuň gasygy we garny örtülendi. Ýatyşyň nusgawy görnüşi. Bu görkezilip goýlan ak dyzjagazlar şeýle bir güýçli aç-açan hem-de özüne çekiji öwüşgin atýardy.
Pikirleniş oýandy — meniň gözlerim pişekleri gözledi. Ýa-da söýeniş saply taýagy... Ýok... Hiç zat...
Emma ünsli göz tapdy. Göz kaklyşdy... Şikeslenen gyzjagazyň ýatan eplenýän krowadynyň aşagynda... aýrylýan protez... Gijesine ol ony aýagyndan aýyrýar. Arzan... Gödek, betnyşan köwüşli... Bagjykly... we berkidijiler. — Protezsiz onuň üçin aňsadrak. Elbetde, oňa aňsat... Ýatanda aňsat— diýip, men gynanç bildirip, men näbelli birine samraýardym (Öz-özüme. Duýdansyz üstüni basdyrana.).
Arkamdan bolsa eýýäm meniň ýamyma Çižow ýakynlaşypdyr. Eýýäm howlukdyrdy (gördüňmi?.. boşat, boşat ýeri!).
— Başga ýere seredýärsiňiz, — diýip, ol maňa bellik etdi.
Daban-a dabandyr welin, gyzjagazyň aýaklarynyň has ýokarrak ýerine seretmelimiş. Epindäki erteki... Gözellik... Gördüňizmi?... Dyzlaryň epinindäki erteki.
— Düşünmedim... Näme? — diýip men täzeden soradym. — Siz näme diýdiňiz?
— Men däl... Gumilýow,— diýip, köpçüligiň ählumumy nadanlygyna gahary gelip, garry mekdep mugallymy hüňürdedi. — Gumilýow şahyr aýtdy. Dyzlaryň epinindäki erteki.
Ýuriý Mamleýew




