Çäýnekden çykýan ses

Kimdir biri ony erjellik bilen yrgyldadýardy. Ýöne göz açasyň gelenok. Hawa. Düýnki dostlarym bilen bolan “malçişnik” çaklanany ýaly gutarmady. Şeýle, arman, eýýäm bolupdy. Indi, ol ýene nirä düşdükä? Öýde köpden bäri hiç kim ony yralanok. Gabaklar kynçylyk bilen açyldy. Şeýle! Gözler açylmadyk bolsa, gowy bolardy. Onuň üstünde negriň ýüzi örän ýakyn durdy. Muňa entek düşünmek boljakdy — häzir negrler biziň köçelerimizde hem duşýar. Bu, ýöne, “New York City” diýen ýazgyly kokardo papaklydy. Edil şeýle ýazgy, ýöne biraz uly harply, onuň köýneginiň ýeňiniň ýanynda hem bardy. Şeýle. Bir zadyň üstünde-nä barypsyň! Öz durmuşynda onuň agyr ýagdaýa düşüşi birinji gezek däl — her gezek baş alyp çykýardy. Emma, Liteýnidäki serkerdeler öýünde piwoly kürüşgäni agzyňa ýetirip, edil şol wagt hem, göz açyp-ýumasy salymda diýen ýaly, Nýu-Ýorkda peýda bolmak — beýle zat henize çenli bolmandy. Ilki bilen ýagdaýy dury kelle bilen anyklamaly — dury kelle bilen diýip, öte geçene meňzeýär. Arkasy gurşup, oňa bir zat çümýän ýalydy. Ýerinden turup, eýläk-beýläk seretdi. Ol giň büdür-südür basgançakda, arkasyny beýleki basgançaga diräp ýatyrdy. Gapdalynda owadan çal reňkli ymarat beýgelip durdy. Aýlanyp duran çüýşe gapydan intelligent sypatly adamlar girip çykýardylar. “Hudaýa şükür, bolsa-da gowy ýer eken!” — diýip, ýylgyryp goýberip, ol pikirlendi. — “Diýmek, hormat goýýarlar. Ýöne — kim?“ “Patriot” barynda ofisiant bilen nämäniň gürrüňini edeni onuň ýadyna gowy düşýär. Nýu-Ýorky ol sargamandy. — Ken aý help ýu? — diýip, polismen sorady. Onuň iňlis dilinde gürlemegi, Sidorowyň işini gördi. Başga zada garaşmak sam­syklykdy. Ýöne näme üçindir ol soňuna çenli ynam etdi. Bu ýagşy ýigitden Liteýniýdäki Serkerdeler öýüne taşlamagy haýyş etmelimi? Ol nädogry düşünäýse. Bolýar-la! Meni ýuwundy dökülýän çukurdan tapan däldirler! Adamdyryn-a Bir zatlar aňladýandyryna! Gara reňkli dosta muny nädip durýdurmaly. Ol ýerinden aýgytly turdy, polisiýa işgärine ýylgyrdy: pikirlendiň, bolar, ýeterlik! Oňa bir mähirlije zatlar diýseň hem boljakdy, ýöne kim bilýär: aksent iňkise gidiräýmese. Boldy! Özümizi ele alýarys! Ol arkaýynlyk bilen basgançaklardan düşdi. Indi şeýle arkaýynlyk bilen bir tarapa ýöremeli. Saga? Çepe? Piterde ol muny anyk bilerdi. Bu ýerde biraz aljyrady. Haçanda sanýa otlusy “Mirnyý” we “Wostok” antarktika stansiýalaryň ara­synda galanda — ölüm ýakynrakdy. Ýöne onda näme üçindir arkaýynlykdy. Ölmek — bir zat, ýöne masgara bolmak — başga zat. Bu “nagt pully şäherde”, mekdepde muňa şeýle diýýärdiler, masgara bolasyň gelenokdy. Özüňkileriň arasynda — bu başga zat. Basgançaklar soňunda iki äpet ýolbars bolan beýik germew bilen gurşalypdyr. Çepdäki ýolbarsyň ýanynda aýagyny aýagyny goýup, ýyrtyk-ýirik eşikli saçy-sakgaly ösgün goja rahat ýatyrdy. „Bu men ýakyn geljekde, şeýle bolmalydyryn“ — diýen, pikir gelip gitdi. Näme üçindir bu eleşan goja polisiýa işgärini düýbünden gyzyklan­dyrmady, ol Sidorowdan gözüni aýranokdy. “Ikinji elden“ alnan jinsi balak, penjek — emeli deri. Kel mertlik. Nämesi erbet? — ol hatda biraz öýke bildirdi. — Boldy indi! Ruhy taýdan özüme geldim — diýip, özüni ele aldy. — Düşünjek bolaly! Bu polisiýa işgärine sorag bilen ýüzlenmek, gerek däl, bolsa gerek. — Pikir eýýäm aýdyňlaşdy. — Başga ýol bilen gideris”. Ol namartlamaga endik etmändi. Ýaşlyk dostlary bilen ol deşik katerde joşup duran güýzki Ladogany kesip geçipdi — dogrusy, diňe bir tarapyna: gaýdyşyn gark boldupdylar. „Ob“ dizelelektrohodunda, hiç hili kömek baryp bilmeýän ýerde, buzlaryň arasynda galypdy. Çykdylar! Bir gezek iş saparynda dostlary bilen Moskwany keseligine ýarym sagatda geçip, Moskwanyň aňry çetinde ýaşaýan umumy tanyş gyzlarynyň öýünde bellenen wagtda jaň almak barada jedelleşipdiler. Nädip edeni belli däl — ýadyna düşenok, ýöne jaň gelen pursadynda ol ýere girdi. “Size näçe wagt garaşnaly!” — diýdi. Indi bu “ýigitlik batyrlygy” ony Nýu Ýorka getirdi. Dogrusy, bu eýýäm „pensioner batyrlygydy“, beýle giň gerimli synaga ýaramly däl. Özleriniň oýlanyşyksyz eden işlerini aklamak üçin, dostlarynyň käte diýişleri ýaly, “Gyssandy”. Möwç urup duran (joşgunly) durmuşyndan soň, aýalynyň we iň ýakyn iki dostunyň ölüminden soň, birden “güň ýaly boldy”. Içi gysyp Internetdäki “edwençuris” atly halkara rea­liti-şou goşuldy. Terjime edeňde “edwençuris”, onuň öýli-işikli bolan dostlarynyň degişmelerine görä, “başyňa bir bela”. Olaryň degişmesi şol bada tassyklandy. Näme sarga­nym — ýadymda, nädip hasaplaşanym — ýok. Indi bu ýerde hasaplaşýaryn. Yzyna öwrüldi. Polisiýa işgäri ondan gözüni aýranok! Belki, aşyk bolandyr. Sidorow oňa barmajyklaryny bulady we balýustradadan düşdi. Pulumyzy sanaly... Sanar ýaly zat ýok eken — jübülerinde ýekeje rubl hem ýok. Ýöne rubl hemme ýerde alnar ýaly, heniz hümmeti onçakly ýokary dälmikä, diýýärin. Näme bolanda-da Nýu-Ýorkda ony alanoklar ýaly... şeýlelikde, — kösenme... Gyzykly ýeri, “edwençuristler” munuň bilen näme diýjek hem boldularka? Guramaçylary gönüden-göni ol diňe bir gezek, onda-da esasylaryny däl-de, ikinji derejelilerini, wagtlaýyn ha­kyna tutulanlaryny, görüpdi. Olar, ýaşlaryň aýdyşy ýaly “prihwatlary” we “pribambaslary” bilen top-menejer bolan bolsalar-da, näme edýändiklerine gowy düşünip baranokdylar. Bu Gonçarnaýa köçesinde nähilidir bir graf jaýynda, öňki medeniýet öýünde bolupdy. Indi bu ýerde nämedigini bilýän ýok. Şol bir wagtda, ol ýerde, ýogsa-da, owadan bildirişe görä, şeýle hem, geň märeke boýunça, seksual azlyklaryň festiwaly geçýärdi. “Edwençuristler”, dogry, bu festiwala olaryň azajyk hem dahyl­larynyň ýoklugyny aýtdylar. Bu ýere toplanan “başdan geçirme gözleýänleriň” ýaş we owadan adamlaryň köp bolmagy geň zat. Ol bularyň ýaşynda hiç hili araçy ulanmazdy, näme etmelidigini özi bilerdi! Wah, ýaşlar! — Gaýrat edip, soragnamany dolduryň, “g” bölüminiň 26-njy grafasynda özüňiziň bolmagyny isleýän arzuwlaryňyzy ýazyň! — diýlen sözler sahnadan eşidildi. — Siz öňküleriň ýazan arzuwlaryny okap beräýiň! — diýip, zaldan äýnekli horja adam aýtdy. — Hawa! Hawa! — diýip, mähelle makullama bilen galmagal edip başlady. Boldy! Sidorow birden ýerinden turdy. Eger adamlar arzuwlaryny taýýar sanawdan alýan bolsa — onuň bu ýerde işi ýok. — Siz bizi taşlap gidip barýaňyzmy? — diýip, mylakatlylyk bilen sahnadaky dogumlyja top-menejer sorady. Adamlaryň az bolmagyna onuň hiç hili dahylynyň bolmazlygy mümkin, ýöne näme üçin ol käşir reňke boýaldy-ka? — Gidip barýan. Hiç hili garşylygym ýok... ýöne wagtym azyrak. — Onda siz öz arzuwyňyzy dilden aýdarsyňyz? Arzuwy? Hawa, onuň hemme arzuwy bir eýýäm amala aşypdy öýdýän — onda-da örän gowy. — Arzuwy?.. — diýip, ol her niçik bolsa-da, ol saklandy. — Özüniň birinji söýgüsine duşmak! Öň bolan — manysynda. Olar dostlary bilen: “Özüm haýran!” — diýerdiler. Bir garryja aýal hem şeýle diýerdi: “Pikir edýän zadymy, men nireden bileýin, aýtjak zadymy ilki eşitmesem?” Geň galýan! — Siz anyk bilýäňizmi... — Onuň diridiginii? — diýip, Sidorow onuň pikirine şol bada düşündi. — Hawa... — diýip, „käşir reňkli“ utanjyrap aýtdy. — Diri. Ýöne, gynansagam, Nýu-Ýorkda ýaşaýar! Ine-de — netijesi! Biri munuň beýle boljagyny kim bilipdir, — aýtmazdym... Ýöne, “waý not”? Öz iňlisçämizi barlalyň! Ýöne — gerek bolmady. — Ildeş? — diýip, ol birden ýakynynda eşitdi. — Hä? — diýip, Sidorow yzyna seretdi. Gartaşan semiz adam, onda-da maýka we şorty geýen. Hawa — gartaşan adamlar Newskiýde beýle ýöremeýärler... häzirlikçe. — Nädip tanadyň? — diýip, Sidorow sorady. Hemişe ruslar şeýle pursatda öýkeleýärler. — Gözleriňden-le, başga nähili! — diýip, ildeş begendi. — Köpräk içipsiň, öýd­ýän. — Ol öz ene dilinden lezzet alýana meňzeýärdi. — Hawa... Onda-da şeýle bir güýçli, sen düýşüňde-de gören dälsiň! Sidorow serhoşlyk temasyny has ýerlikli hasap etdi. — Näme üçin „düýşüňde-de gören dälsiň“? Bolupdy! — diýip, o biri öýkeledi. — Näme sen beýle aljyraňňy? — Jaň etmeli... Ýöne şaý ýok. — Dogry!— diýip, täze dost hormat bilen aýtdy. — Belgisi bir ýadyňdamy? — Ýadymda! — diýip, Sidorow birden aýtdy we tisginip gitdi. Onuň aňy bilen hem eýýäm işläpdirler ýaly: onuň telefon belgisi doly göz öňüne geldi, bolmasa (ýogsam) ol hiç haçan bu belgä jaň etmändi we onda-da ýat tutmandy. Ýöne, bir gezek eşidipdi. Tötänleýin? Tötänleýin däl, bolýar! Ony, diýmek, berk “ugrukdyrýarlar”. — Hany gir! — diýdi täze dost. Olar telefon budkasyna girdiler. Onda betnyşan telefon asylgy durdy. — Sidorow geň galandygyny örän kynlyk bilen gizledi. — äpet, harplaryň we sanlaryň birbada birnäçe monjugy bilen. Paýyş sözleri aýdyp derläp gidersiň! — Hä? — diýdi ildeş, sabyr-takatyny ýitirene meňzeýär. — Ýedi ýüz on sekiz... — diýip, Sidorow birinji sanlary aýtdy. — Hä... Ýokarky Kwins! Gowy ýerde ýaşaýaň! Muny eşitmek ýakymly boldy. — Rezidentmi? — diýip, “ildeş” gözüni gyrpyp goýberdi. Diňe şu ýetenokdy! Ýöne Sidorow hem gözüni gyrpmakdan başga, oňaýly zat tapmady. — Indi. Sidorow ýene ýedi sany ynamly aýtdy. — Bulary näme...? — diýip, ol barmaklaryny süpürdi. — Apparata zyňmaly. — Haw-wa. Sen, dogrudan hem, paraşutda uçup gelen bolaýma?.. Me — al trupkany. “Kollekt” diýersiň. Onsoň öz adyňy aýdarsyň. Jaň edýäniň hasabyna gürleşersiň. Eger, elbetde, ol islese. “Islärmikä bir?!” — diýen pikir döredi. — “Biz eýýäm... görmegeý däl”. Budkanyň içi dymykdy. Näme bolsa-da ony ýelmeşip duran der basdy. Trubkada ýogyn aýal sesi eşidildi. Ýok, şeýle tizlikde ol hiç zada düşünenok. “Kollekt!” — diýip, arasyna girmek başartdy. Ses galdy. Soň ýene bir zatlar samyrdap başlady. Edil kelläňi deşip barýar. — Bol, aýt adyňy! — diýip, täze dost aýtdy. — Mister Sidorofff! — diýdi, üç “f” bilen bir hili saldamly eşidilýän ýalydy. — Bolýa, onda! — diýip, onuň egninden kakyp, ildeş çykyp gitdi. Deşikden pejiň howry üflenip gitdi. Ine bärde olarda nähili! Oktýabrda gün ýakyp barýar! Der jorlap akýar. Ol hiç haçan beýle aljyramandy, häzir Antarktidada gala­nyny gowy görjekdi. Trupkada blýum-blýum we týulýu-lýu ýaly sesler eşidilýärdi— mundan gowy sazy ol hiç haçan eşitmändi. Bu saz hemişe dowam etsedi! — Diňleýän. — diýip, rusça gepleýän ses geldi. Düşünipdir, diýmek... Häzir bir agzyňy ölleseň! — Salam, — diýip, ol gyryk ses bilen aýtdy. Güýçden gaçyp, ol budkadan agyp gitdi. Bagtyna, täze dosty onuň elinden tutup ýetişdi. — Hawa? — Gelýär. — Şeýlemi? Diýmek, söýýär. Ýöne onuň muňa ynamy ýokdy. — Sen neme... bol — bir ýerde durma. Ýöre. Bu ýerde azatlyk bolsa-da gowusy tapawutlanmazlyk! Hoş! Birinji — we, mümkin, soňky— amerikan dosty adamlaryň arasyna gysylyp girip gitdi. Ildeşi bilen içip doýmaga, derrew içine dökmäge, maýkasyny ýyrtmaga derek. Taşlap gitdi! Bularyň barysy bärde şeýle! Ol bir hili halys güýçden gaçdy. Ýöräsi gelenokdy, ýene-de basgançaga özüňi goýberseňdi. Ýöne Ira muny oňlamaýmasa? Ol nähilikä? Otuz ýyl dagy görüşmedik. Ýöne sesi birhili tolgundy! Öňküsi ýaly çekinjeň, jümläniň soňunda demikýän ýalydy. Ýöne ol hiç haçan çekinjeň bolmandy! Birden gözýaş döküldi. Umuman, görnüp dur, ysgyndan gaçdy. Gözüňi gamaş­dyryjy Kawgolowo gary peýda boldy. Aýak yzlarynyň oýundaky gar gögümtildi. Ira, uzyn galyň switerde (Petka, dosty, beripdir!) has inçe görünýärdi. Sidorow onuň bilen stansiýa barýardy — tebigat hem: “Biderek gidýärsiň!” diýýän ýalydy. Gözýaşlar bolsa akyp durdy. Ýalpyldy sebäpli ýaly — daş töwerekde hemme zat ýalpyldaýardy: ýapgytlar, buz şelpeleri, sosnanyň şahalary. Iradan hem ýalpyldy gelýärdi. Dostuna goýup gitdi! Bir günlük! Petka agşam öňünden çykyp, “Bagyşla, ýaşuly!” diýip garşylady. (Ine ol indi ýaşuludy. Şol wagt ol ýaşuly däldi.) Bir hili erbet boldy. “Men hakykatdan garşylyk görkezdim. Ýarym sagatlap”. — Ol henizem ýylgyrýardy! Onuň çekinjeňliginiň esasynda peýda bolýan duýdansyz gödeklik uçgunlary, aýa badak atýardy. Hat-da, Petka “dost”, şol hem köpüräk gaýgy etdi — ýa-da hiç bolmanda hakykatdan eden boldy. “Bolan zady uly ýalňyşlyk diýip hasap edeliň!” “Geliň... Ýöne meniň ýalňyşym!” — diýip, Sidorow samyrdady. Trampliniň eňňidiniň ýanynda kreýine alan şol agaç jaýdan hemişelik gaýtdy. “ŞŞŞ!”, “ŞŞŞ!” diýen sesiň şygyrdysyna ukudan oýanardyk... Tramplinden eýýäm „ilkinji garlawaçlar“ uçýardylar. Otuz ýyl mundan ozal — ine birden hemme zat gaýdyp geldi! Gözýaşlar, şol wagtdaky ýaly, akýardy. Näme etjek — edil şeýle Irany ol söýýärdi. Şonda uzakly gije stansiýada oturypdy. Daň atyberende, irkilipdir — tas birinji elektriçkany geçiripdi: gapylarynyň arasyna elini sokup ýetişdi we gapylaryny itip açdy. Elektriçka eýýäm ýöräpdi — birden öläýmegi mümkindi, ýöne bu ony gorkuzmandy, hatda begendiripdi. Ol günlerden diňe burçlary eplenen fotosurat galypdy: jaýyň ýanynda garyň içinde durlar, Ira pes üçekden sallanyp duran, buz şelpelerine üfläp durdy. Buz şelpeleri hem ýalpyldaýardy we edil “üflenýän” ýaly, gytak sallanyp durdular — olary doňup başlanlarynda şemal gyşardypdyr. Ýöne surat ajaýyp. “Söýgiň gudraty”. Pikir edipdi — gutardy. Ýöne — howa maýlady, nähilidir bir umumy işler başlandy we birden Nýu-Ýorkdan Petka peýda boldy. Onuň ilkinji habar eden zady, möhümdir öýdeni, Ira ony taşlap, mulata, suratkeşe durmuşa çykypdyr. Meni begendirerin öýtdi? “Gel, dost, umumy söýgümiz üçin içeli!” Petka — ol üýtgäpdir. Gartaşypdyr. Olar şol öňki äpişgeleri tramwaý duralgasyna garap duran öýjagazda, Sidorowyň häzir hem ýaşaýan ýerinde, öten-geçeni ýatladylar. — Ira muny hem taşlady! — Petka näme üçindir guwanç bilen gygyrdy. Ýene: arman hem geçip gitdi. Diňe söýgi galdy... Ýene-de — ýokary gan basyşy! Garaşyp, ýadadym! Onuň öňünde iki ýana ýöreýän binasy — kitaphana, ýaly. Ol Ira “ýolbarsly bina...” diýip aýtdy. Sidorow öz durmuşynda kitaphanalary köp görüpdi. Institut, aspirantura, dissertasiýa goramak — bularyň hemmesi kitaphanalarda taýýarlanypdy, şonuň üçin bu binany tanamak kyn däldi... Polisiýa işgäri ondan gözüni aýranokdy! Sidorowy bir zat köşeşdirýärdi: içalylar özlerini beýle alyp baranoklar. Şonuň üçin onuň içaly bolmaga haky ýok. Emma nämede bolsa: pasport, wiza, we şular ýaly beýleki bolgusyz zatlar — şulara meňzeşler barada bu ýere zyňan wagtlary barada bu gurnaýjylar pikir edendirler ahyryn? — Duruň! — şonda şol „käşir reňkli“ gygyrypdy, haçanda ol “söýgi” diýen sözi aýda­nynda. — Siz utduňyz! — Onsoň... näme? — Siziň arzuwyňyz hasyl bolar. — Haçan? — Bu biziň kiçijik syrymyz! — “Kiçijik”— bolaýşyny! — Häzirlikçe, — guramaçy sözüni dowam etdi, — siz sowgat alýarsyňyz! Gymmatbahaly sowgat. Gümürdeýän çäýnek! — diýip, gutyny uzatdy. — Ol nähili? — diýip, ol haýran galdy. Göräýmäge, ony hiç hili täze tehniki täzelikler bilen haýran edip boljak däldi. Özüm aşhana gap-gaçlaryna “Watan galkanyny” täzeden guýupdy. Ýöne — gümürdeýän? Eşitmändi. — Ulanyň! Lezzet alyň! Bu zady zyňjak boldy... Ýöne, bu zadyň onuň durmuşyny üýtgeder diýen, geň umyt bilen goýdy. Ýalňyşmady. Haçan-da çäýnek lakyrdap başlanda, birden “Küýkerme!” diýip, “lakyrdanda”, ol tas oturgyçdan ýykylypdy. “Näme-e-e?!” — diýip, Sidorow gahar bilen gygyrdy. Çäýneklerem oňa akyl berermi! “Eger ilkinji söýgiň bilen görüşmek isleýän bolsaň, özüňi mynasyp alyp bar!” — diýen sözler çäýnekden çykýan buguň sykylygy ýaly aýdyldy. Sözleri nähili geň. Olary nirede öwredýärler? Sidorow aşhananyň içinde ylgap başlady. “Şeýle-e-e! Tapdyň özüňe maslahatçy-dost!’ “Şeýle dostlaryň bolsady!..” — sözleriň ikinji bölegi, gynansak-da, paýyş sözler. Bu ýerde çäýnek adaty çäýnek ýaly sygyrdy. Çaý işiklik hem hiç hili päsgel bermeýärdi. Pikirlenmegiň wagty geldi. Düşnükli, “oýun” başlandy. Görkezmeler çäýnekden geler. On ýyl mundan öň Sidorowa kim aýdyp bilerdi! Ýöne — indi “gol çekdiň”, (“razylaş­dyň”), näme etmeli? Ömür-ä geçdi. Gapdaldan däl, — emma geçdi. Täzesi näme bilen begendirer? Çäýnek köşeşen ýaly boldy, düşündi — tapdyň oýnajagyňy, sypaýy­lyk bilen irden howany aýdýardy, soňra birden Çehowyň “Kaştanka” hekaýasyny ýürekden okap berdi. Umuman — “ynama girýärdi’. Geň ýeri, muny gurnanlar nämäni maksat etdikäler? Näme indi hemmeler, düşünip, „akylly çäýnekleri“ satyn almaga okdurylarlar. Ýa-da näme? Ýogsa-da, „ilkinji söýgi“ niredekä? “O, Hudaý! Ira ýetip gelýär! Hiç zat bolmadyk ýaly gapyjygyň aňyrsyndan elini bulaýar: gir!” — Beýle bolaýşyny, hä! Nýu-Ýork! — diýip, bu ýerde hiç haçan bolmadyk Sidorow saklanyp bilmedi. — Gowy ýeri — indi sizde ýoň bolşy ýaly, seni ýabany ada taşlamadyrlar! — diýip, Ira ýylgyrdy. Sidorow birden oňa tarap öwrüldi: “Diýmek, habarly, kempir?” Kellesinde nätanyş ak saçly kirpi, ýöne ýüzi... öňküden hem owadanlaşypdyr. Ýüzündäki “deşikleri” alada edip, “Maňa tatar mamadan galan täsin sowgat“ diýerdi. Uly ýaňakly, gapdaly ýokaryk çekilen gözli ýüzünden başga hiç hili sowgat ýok. Şeýle-de „kowboýlaryňky ýaly”, çala egriräk aýaklar. Häzir, bolsa aýakgabyny çykaryp, pedala basýardy. Gyzykly ýeri — häzir eýýäm biraz garalypdyr. Gawun gawundan reňk alar! Yssa çydar ýaly däl, Ira bolsa ýüň joraply. Ýöne bu — birden onuň ýüregi san­jyp gitdi — hemişe şeýledi. Şol bada ýadyna düşdi, Ira ilkinji gezek buz ýaly ellerini garnyna degrip goýberende hem, Sidorow tisginip gidipdi. Ýylgyrypdy: “Hawa. Näme üçindir meniň ellerim şeýle. Aýaklarym hem, ýogsa-da, şeýle. Şonuň üçin hatda erkekler bilen hem ýüň jorapda ýatýaryn. Ellikli bolmaga bir hili het edip ­bilemok”. — BMG! — diýip, ol baýdaklary ysgynsyz asylyp duran beýik bina tarap kellesini silkip goýberdi. Ortasynda kiçeňräk adajykly derýanyň senagat-ýük görnüşli takyrdaýan çoýun köprüsinden geçdik. Barža gyssanman ýüküni düşürýärdi, sement şemalyň ugruna uzyn çal lenta ýaly bolup tozaýardy. “Açyk jemgyýet’ diýilýäne seret: olarda hemme zat aç-açanlyk! Köpriniň aňyrsynda „orta ofiserler-serkerdeler düzüminiň daça kooperatiwi“ görnüşli jaýlaryň arasyndan ýöredik. Soňra jaýlar beýgelip başlady uzyn bolup başladylar. — Indi hiç zada geň görme! — diýip, Ira maslahat berdi. Olar köp setirli galmagally şaýoly geçdiler, ondan aňyrda diňe hindiler ýöreýärdiler: benewşe reňkli, gopbamsy, hor, uly selleli. Edil şeýle adamlar dükanlarda we magazinlerde otyrdylar. — Abraýly etrap diýdiler! — diýip, Sidorow dilinden sypdyrdy. — Bolupdy! Indi men hindi aýaly! — diýip, Ira, näz bilen eginjiklerini gysyp, aýtdy. — Indi bolsa — çaýjagaz! — diýip, ýeňişli gygyryp, ol aýak üstüne galdy. Erbet däl, haçanda düşek şol 30 ýyl mundan ozal Kawgolowodaky ýaly ýerde bolsa! — Aşhana çep tarapda, — diýip, Ira şol bada jogap bermedi. “Ýadawlykdandyr hasaplaly” — diýip, ruhubelent pikir etdi. Ýöne, aşhana giren badyna ony hem “ýadawlyk” basdy! Çäýnek! Edil şol çäýnek, dogrusy, — edil şonuň ýaly: könä meňzedilen, bürünçden. Oturdy. Barlagçynyň duýgusy öz işini etdi — guýdy, çäýnegi elektorplita goýdy... Göreli! Gaýnap başlady... birden öli sesler bilen, rusça, astral goh eşidildi: — Ýanaşma nädogry amala aşyryldy! Hasap edilenok! Häzir siziň ýanyňyza ýanaşma öwreniji hindi geler! — Bu ýerde çäýnek kinaýa bilen horkuldady. Ol ýerde haýsydyr bir şeýtan otyr! — Ki— i-m?! — diýip, Sidorow gazaba mündi. — Ýanaşma öwreniji! — diýip, çäýnek, bir hili gorkan ýaly bolup, gaýtalady. — Muňa nähili düşünmeli? — diýip, haçanda Ira aşhana näz bilen gernip (ýa-da gernen bolup) girende, Sidorow azgarylyp sorady. — Hä— ä, — diýip, Ira zordan aýtdy. — Sende-de şunuň ýalymy?.. Gabanmaly.— Pişijek ýaly bolup, onuň dyzynyň üstüne oturdy... Bu ine — posa! — Gel muny aýraly? — Ol güme gitsin! — diýip, Ira çalt jogap berdi. — Bolýa! — diýip, Sidorow ony peçiň üstünde mynjyratdy. Suw syçrady. Ýöne güýçli bişirmedi. Sidorow plitäniň üstünden zyňdy. — О! Hojaýyn geldi! — diýip, Ira näz bilen gysmyljyrap aýtdy. Bir ýerlerden willi-willi diýýän ses geldi. Bu ýene kimkä? Ira ekranjyga seretdi, „girmek“ rugsat berilýän düwmäni basdy. — Ýanaşma öwrenijimi? Häzir mynjyradaryn! — diýip, Sidorow söz berdi, ýöne... örän tanyş günorta rus gepleşigini eşitdi. — Bularda hemme zat süýjüje! — diýip, diňe gaharlanyp ýetişdi. — Eýýäm ýetişdiňizmi! — diýip, Pýotr “aşyk-magşuklara” seredip aýtdy. Onuň iri sepgillerden başga hiç hili tanyş zat ýokdy... bu eýýäm Pýotr hem däldi! Uly telekeçi-işewürligiň akulasy. — Saňa... öýjagaz nähili? — diýip, çyndan sorady. — Aý... — diýip, Sidorow hatda aljyrady hem. Bu ýerde ýaşamak teklip edilýän däldir-le? — Men iş bilen, — diýip, sypaýylyk bilen Pýotr aýtdy. — Bolmasa bu çagyrýarmy näme? Ira pallady. — Seniňkimi, näme, iş? — diýip, Sidorow çüňkde mynjarap ýatan çäýnege kellesini atyp goýberdi. — Bu bolsa, düşünseň, — seniňki? — diýip, Pýotr igenç bilen aýtdy, çäýnegiň ýerine emele gelen demir tegelegi aldy, mynjyran sapyndan eýle-beýle çekeledi. — Sen indi öýüňe nädip uçarsyň? — Näme boldy ... çäýnekde uçmalydymy? — diýip, Sidorow it ýylgyryşyny etdi, emma biraz gorkdy. — Men bärik nädip? Suwasty gämide gelen däldirin-dä? — Hawa-a! — diýip, Pýotr gepi başdan sowdy. — Mesele munda däl. Esasy... — ...adamlaryň kellesini nädip aýlamak. — diýip, Sidorow düşündi. — Hemme kişä täsir edip bolmaýar! — diýip, ýemşeren çäýnege ümläp goýberdi. — Ýöne näme etmelidi? — diýip, Pýotr birhili umytsyz aýtdy. Köýnegini ýyrtjak boldy. Ýöne ýyrtmady. — Men, gelemde, adaty çäýnekleri ýasaýardym ahyryn! — Wah-wah-waheý! — diýip, Sidorow aýtdy. Ol eýýäm Pýotry tanaýardy. Öz ha­kyny elden gidirmez. Işsiz bolasy ýok. — Indi iň uly başlyk bolansyň-la? Brežnew ýaly? — Ýöne tötänleýin! — diýip, Pýotr gepi sowdy. — Olaryň sesini, ýogsamam, sizde ýazdyryp bilýäris! Bar zadymyzy — eşidýän zadymyz... Meni satyn alandyrlar diýip pikir edýärmiň? — Hm-hm-hm... Şeýle çaklama bar, — diýip, Sidorow aýtdy. — Hawa, — diýip, birden Pýotr razylaşdy. — Ýöne men olardan gorkamok! — diýip, gatyrak gygyrdy. — Öz şepäňi Tiwä çekmek aňsat bolandyr öýdýärmiň? Olara diňe ýaşlar gerek! — Taňryýalkasyn! — diýip, Sidorow aýtdy. — Kamera nirede? — diýip, garanjaklady. — Hawa-a... Nirede bolanda näme! — diýip, Pýotr köşeşdi. Hakyky dost! Birden ýatlamalar başlandy. — Ýadyňdamy, — diýip, Sidorow gürläp başlady, — nädip biz seniň bilen tundrada serhoşlukdan boýegolowkany-snarýadyň partlaýjy tarapyny ýitiripdik? Şonda bize aňsatmydy? Hiç neneň! Gülüşdik! — Biz hiç hili SSKP-den gorkmandyk! — diýip, Pýotr hem dogumlandy. — Biz SSKP-i gabrynda görüpdik! — diýip, Sidorow gygyrdy. — Bu çäýnekleri hem! — Tüf! — diýip, Pýotr batyrgaýlyk bilen çäýnege tüýkürip goýberdi. Yzyna garap, ortaky barmak göterilýän halkara ümi etdi... Hä, ine kamera nirede. Düşnükli. — Diýmek, köpçüligiň aňyny dolandyrýaň? — diýip, Sidorow gürledi. — Ýöne sen esasy ilkinji söýgüňi tapdyň dälmi?? Dymyşlyk. — Ýok bolsa... — diýip, Pýotr gygyrdy. — Bu hüžžüge aýtsana, maňa durmuşa ­çyksyn... ýene! — diýdi, soňkusy has hem gamgyn ýaňlandy. — Gowusy sen oňa aýt, maňa çyksyn-la! — diýip, Sidorow özi üçin hem duýdan­syz aýtdy. — Men teklipleriňiz barada pikir edip görerin, oglanlar! — diýip, Ira wanna otagyna girip gitdi. Pýotr bolsa — artistdä! — şol bada “hakyky erkek gürrüňine” başlady. Aýdyşlary ýaly — aýal päsgel berýärdi! Ýöne näme üçindir pyşyrdap: — Meniň saňa möhüm işim bar! — diýdi. — Şeýlemi? Ahyryn! — Sen maňa şu işde kömek edersiň! — diýip, ol ýoldaşynyň ýeňinden berk tutdy. — Sen, eýýäm, bilýänsiň — hatda öz jaýlanmagyňdan hem peýda görüp bolýar. Ýöne, biz häli diri, başgalaryň kömegi bilen pul ederis! — Geň! — diýip, Sidorow seslendi. — Pili — berjekmi? — Püf! Biz seniň bilen kim? — Dostlar... köne? — diýip, Sidorow ynamsyz çak etdi. Pýotr haýran galyp gepi başga ýana sowdy, dostunyň göwnüne degendigini, bellemek gerek. — Garşydaşlar? — Hä! — diýip, Pýotr öňküdenem beter äsgermezlik bilen elini silkip goýberdi. Ine “işewür adam” nähili bolýar. — Biz ilki bilen gidrawlikler! — Hä! Köp wagtdan bäri men şu babatdaşeýle bir buýsanmandym, — diýip, Sidorow uludan demini aldy. — Oňarmansyň! Bilýaňmi, men bu ýerde näme edýän? — Çäýnekler. — Eýýäm ýok!.. Lüläniň üsti bilen pulsly basyşyň kömegi bilen daş plitalary öwlüýälerde... aý, gurluşyklarda-da kesýärin. Barelýefleri, keşdeleri, harplary. Bu saňa çäýnek däl! — diýip, ulumsylyk bilen gepini gutardy. — Erbet däl, — diýip, Sidorow razylaşdy. — Ýöne men näme? — Soplalaryň mende niredendigini bilýäňmi? Biziň ýerasty gaýygymyzyň ýangyna garşy ulgamyndan! Olaryň basyşy nähili tutýandygyny sen bilýäňmi? Bizde ýasalsa, ýüz esse ätiýaçlyk bilen edilýärdi, agyr, ýöne berk. — O dünýä-de şöhraty ýeter ýaly. Bize. Ýagny döredenlere. — Şöhrat, geldi hasaplaber! Ýöne bilýäňmi! Mende näçe sany bu “soplo”? Eger sen bilseň, sen aglardyň... Pýotr birden iki barmagyny göterdi. Iki? Ýa-da — iki müň? Pýotr dowam etdi: — Biziňkiler — näme diýseň hem watansöýüji! — gämiler hasapdan çykarylýar, kesilýär — ondan öň her kim, başaran, towlap açyp alyp bilýär. Admiral Möjek! Sen ony tanaýaňmy? — Bir bedre — “şila” içipdik... men spirti göz öňünde tutýan. — Hamala men bilmeýän ýaly! — diýip, Pýotr öýke bilen aýtdy. — Men ondan soradym: “Siz, deňiz Möjegisiňiz diýip umyt edýärin” — diýip, sorapdym? Moskwada şol oturyşy. Bilýäňmi, ol näme diýdi? “Söwda!” Möjek senden köp ýonmaz. Hormatlaýar. Sen onuň üçin özüniňki... Ýöne öli jaýlanma, meniň pikirimçe, ideologiýa garşydaşlygyň ýeri däl... Sen näme Hytaýyň tarapyndamy? — Beýle däldir-le. — diýip, Sidorow hatda aljyrady. — Seniňkide ýaşarys, bärde gymmat. — diýip, Ira wannadan çykdy, onuň dyzyn­da oturdy. Täsin adamlaryň topary! Edil şonda Kawgolowodaky ýaly! Sidorow ukudan oýandy we aşhana çykdy. Ira duşy akdyrýardy — düýn Sewero­morskdan giç geldiler we şol bada ýatmak bilen boldular. Çäýnegiň hüňňürdisi eýýäm öwrendekli bolupdyr, ol bir hili bu ýere uýgunlaşdy, öwrenişdi, gödekligini goýdy, umuman — her edip hesip edip ynama girmäge jan etdi. Özüniň ummanyň aňyr­syndaky doganynyň ykbaly ýadynda bolsa gerek. Nämedir bir asuda zatlary samyr­daýardy, öz-özi bilen pelsepewi jedeller edýärdi. Käwagt ukrain aýdymlaryny aýdardy. Näme üçin ukrain? Oh! Gaýnady! Lakyrdady we öňki gopbamsy äheňi bilen: “Irina Ýewgenýewna! Ýuwunmagy bes et! Bykynlaryňy sypjyrdarsyň! Çalt öz oýna­şyň bilen Galerniýa jyryň — ol ýerde siz düşnükli edip, nädip meniň kömegim bilen öz bagtyňyzy tapandygyňyz barada gürrüň bermeli”. Sidorow oňa elini aýlap saljak boldy, ýöne soň pikirini üýtgetdi we ony köp wagtdan bäri sesler bilen gürleşýän we bu işde uly tejribesi bolan goňşusyna sowgat berdi.