Soňky elegiýa
Quid mihi vobiscum est, infelix cura, libelli...
Ovid, Tristia, II, 1
(Meniň häzir size, betbagt şygyrlara we kitaplara elim degýärmi?
Owidiý. Gamly elegiýalar. II kitap, 1)
Ýeri bolýa-da, meniň biçäre kitapjagazym! Goýýan
seni sahypalaňy, öýken ýa baýanyň
gaty deý çişip we pyssaryp, şygyrdatmagyň üçin;
ýetim arasynda özüň dek betbagt ýetim oglan
hem gyz doganlaň, Letaň bu kenarynda ýapragy ygşyl
atýan derek-osina jeňňelde.
Jygyldap ýasydüýpde ol kenara uzak ýüzmeli —
ýatdan çykarýançam, seniň, hem oglan we
gyz, süýtdeş we alnan çaga dodanlaryň adyny;
entek, ýürege sepip gara kümşi, gaýykdan bökmänkäm we
diýmänkäm: nälet siňen kitaplar, şygyrdamaň, men
sizi hiç haçan ýazmandym!
A sen — gam çekme, hem ýaş dökme, hem ýatlama ýamanlykda.
Unut meni, baky şapakly jeňňelde titräp,
titreýän doganlaň arasynda — sen dek, gamly ýetimleň...
...Ýöne tiz, tiz gyş bolar, tänerler ýapraklar,
Çyg üýşmeklerinde çygşyldar towşan we tilki,
Bar ýeri ak uky örter.