Wiktor Kulle

1962-nji ýylda Kirow oblastynyň Kirowo-Çepesk şäherinde dogulýar. Leningradyň anyk mehanika we optika institutynyň inžener-fiziki fakultetinde okaýar, A. M. Gorkiý adyn­daky edebiýat institutyny we onuň ýanyndaky aspiranturany tamamlaýr. Filologiýa ylym­larynyň kandidaty. Iosif Brodskiniň döredijiligi boýunça hünärmen. “Literaturnoýe obozreniýe” žurnalynda we “Letniý sad” neşirýatynda baş redaktor bolup işleýär. “Palimpsest” (2001), “Hemmesi çyndan” (2011) we “Minnetdarlyk” (2020) atly şahyrana kitaplaryň, “Çydamlylyk we Ýagtylyk” (2017) diýen goşgular ýygyndysynyň awtory. Iňlis, italýan, Rossiýa halklarynyň şygryýetiniň terjimeçisi. “Kultura” we “Perwyý kanal” üçin programmalary we ssenariýalary dörediji. M. Lomonosow, A. Griboýedow, M. Swetaýewa, G. Gazdanow hakyndaky dokumental filmleriň, Beýik Watançylyk urşundaky aýallar hakynda serialyň ssenarileriniň awtory. «Nowyý mir» žurnalynyň baýragynyň, “LericiPea Mosca” Italýan-Rossiýa baýragynyň, A. M. Zwerýew adyndaky baýragyň, Täze Puşkin baýragynyň we beýlekileriň eýesi. Moskwada ýaşaýar.
Filosof we edebiýatçy alym Georgiý Gaçew: “Wiktor Kulläniň şygryýeti — bu oýlanmalaryň protuberansy, ýaşaýşyň günäsi we gülküsi, pikiriň hyjuwlylygy, ajaýyp leksikon, tembrleriň orkestri, assosiasiýalaryň möwç almagy...” diýip belleýär.