Alekseý Purin
1955-nji ýylda Leningradda dogulýar. Leningradyň tehnologik institutyny tamamlaýar. 1989-nji ýyldan başlap “Zwezda” (Sankt-Peterburg) žurnalynyň şygryýet bölümine we tankyt bölümine ýolbaşçylyk edýär. Golland we nemes şahyrlaryny terjime edýär, onuň sekiz sany terjimeler kitaby neşir edilýär. Ýigrimiden gowrak şahyrana kitaplaryň we ýygyndylaryň, şol sanda “Ýewraziýa we beýleki goşgular” (1995), “Gadymylyk” (1998), “Patyşalar jülgesi” (2010), “Poçta kepderisi” (2015), “Astralar” (2021) atly kitaplaryň; dört sany esseistik kitabyň awtory. Goşgulary iňlis, golland, italýan, litow, nemes, polýak, rumyn, ukrain, fransuz we çeh dillerine terjime edildi. “Newa” we “Nowyý mir” žurnallarynyň baýraklarynyň, “Wyždan we Erkinlik” baýragynyň, “Demirgazyk Palmira’ edebiýat baýragynyň (iki gezek) eýesi. Sankt-Peterburgda ýaşaýar.
Purin häzirki zaman rus şygryýetinde aýratyn orun eýeleýär. Ol estet we stilist, özünden öňküleriň işläp düzen şahyrana serişdelerine has ýokary derejede erk edýär. Beýik däp ähli zatda ýüze çykýar, emma diňe taýýarlykly nazara açylýar. Örän inçe ýarym tonlar, kakdyrmalar we allýuziýalar tanamagyň ajaýyp şatlygyny sowgat edýär.