Men ýadygärlik dikeltdim — çala görünýän...

* * *

Men ýadygärlik dikeltdim — çala görünýän
köpleň islegi we az gedemler üçin.
Diri ogullar dökmezler gözýaş, bu ýalan
kyblagähi görüp, hakykatçyl gözden.

Agtyklar ömrüne, çowluklar bolsa — hijem,
ýatlamazlar meni göwünler joşanda —
hiç zat bilmän, agyry nähili şirin hem
şöhratly eredi goşgynyň odunda.

Tomus ýagşy dek geçer gepler men barada,
derekleň uçýan umytsyz tozgasy dek, —
gönükdirip sözlüge, ýalan gybatlara.
Zerur däl biriniň gepin mejbur etmek.

Ölerin. Hemme zat öler. Pyşdyl daragy
Merkuriýa gaýdyp berer kel Apollon.
Hiç kim, ynanaý, iş edinmez janymyzy,
biz hakdaky ýady: adymyz — legion.

Kapitoliýli ruhany, slawýanam erbet,
hem gowşak rifma —şöhratparazlyk bary.
Ýöne, muza, baha ber — nähili möý güýç bet
boşluk şanyna goýdy perony garşy.