Iň uzyn gün
Size belli bolşy, iň uzyn gün iýunda. Ol on dokuzynjy iýundan ýigrimi bäşinji iýuna çenli on ýedi sagat otuz ýedi minut dowam edýär. Ýigrimi altysyndan başlap, ol eýýäm gysgaldy. Bir minut, ýöne gysga. Soň ýene bir minut, iki, üç. Kelteliberdi — dagyň düýbüne düşdi. Elbetde, öňümizde tomus günleri entek köp, ýöne olar barha gysga, gysga...
...Iň uzyn gün men daňdan, sagat dörtde turdum. Eýýäm ýagtylypdyr. Daň şapagy çekinjeňlik bilen saralýardy. Şäherçede howlularda horazlar gygyrýardylar. Nem damjalary edil gözüň öňünde emele gelýärdi: ýaýraň kelem ýapraklaryndaky duru damjalar ulalýardylar we agyrlaşýardylar. Soganyň ýaýyň oky ýaly baldaklary çygdan ýaňa çap-çaldy. Bagda bolsa, agaçlaryň aşagynda, gurak we alagaraňky. Goňşynyň horazy ganatlaryny kakyp başlady, bir, iki, derrew üçünji gezegem gygyrdy. Ýatyp galypdyr, indi hem yzlaryndan ýetjek bolýar.
Gündogarda asman al öwsüp başlaýar. Ilki bilen kiçijek çyzyk bolup, soň bolsa has ýokary we giň ýaýraýar. Ine eýýäm asmanyň ýarysynda şapak gyzarýar. Nirededir bir ýerde, agaçlaryň aňyrsynda, maňa görünmeýän ýerde, basym gün asmana galar.
Irdenki salkyn iniňi tikenekledýär. Termometr on gradusy görkezýär. Uludan sesli dem alsaň — agzyňdan bugjagaz çykýar. Horazlar ýuwaş-ýuwaşdan seslerini goýýarlar. Obanyň aňyrsyndaky gonamçylygyň golaýynda, köne dereklerde, gijelerini geçiren gargalar oýandylar. Gagyldaşyp başladylar. Bagda bolsa birinji geçiguş jürkülledi. Uklap galan serçe üçegiň aşagyndan uçup çykdy, ülje agajyna gondy, jürk etdi, gülgüne miwäni çokdy. Maňa-da bir zatlary garbanmaga wagt boldy.
Smorodina ýuwaş-ýuwaşdan ýetişýär. Uly tut agajynyň aşagyndaky toprak tutanalardan ýaňa gap-garady. Irki ülje heniz çala gyzarypdyr, ýöne özüne çekýär. Hemmämize ýeter — serçelere-de, bize, günälilere-de.
Daň şapagy ýitip barýar. Asman ody ýuwaş-ýuwaşdan aşak düşýär: gülgüne, al we indi eýýäm has aşakda, gyrmyzy, onuň közleri öçýär. Nirededir bir ýerde, agaçlaryň aňyrsynda, ullakan gyrmyzy gün ýeriň gyrasyndan çalt çykýar.
Horazlar gygyrmalaryny bes edýärler. Ümsümlik gurşap alýar. Bagda, agaçlaryň arasyndan geçip, gün şöhlesiniň sary çyzyklary düşüp başlady. Daň atdy.
Irden gijiräk — ertir guşlukda, haçanda gün agaçlaryň üstüne baranda, çyglar guranda, stoly günüň entek ýakyp-ýandyrmaýan ýerinde goýup, ertirlik edinseň gowy bolýar.
Tomusyň iýmiti, obadaky ýaly ýönekeý: seçelenip duran, günüň şöhlesinden altyn öwüsýän dorag; täze, entek goýalyp ýetişmedik gaýmaga şuwluja gülgüne rediskalary batyrmak we olary kitirdetmek gowy; ýaş, gara-ýaşyl baldakly we ýaşajyk süýjüje ak düýpli soganjyk; hoşboý ysly ukropyň owunjak pürlüje baldaklary; ajyja hren ýapragy; digir-digir hyýarlaryň süýji, ýakymly ysy. Günüň aşagynda daşarda, stoluň üstünde, edil eli açygyň aýasynda ýaly, hemme zat altyn, ýaşyl, gyzyl öwüsýär, gözüňi dokundyrýar. Näçe iýesiň gelse, iýibermeli.
Yssy däl. Ertiriň ümsümliginde serçeler jürküldeşýär. Nirede-de bir ýerinde ýokarda asmanda — olary gözüň bilen görüp bolanok — garlawaçlar çirkildeşip uçýarlar. Aýagymyň golaýynda çopantelpek doly açylypdyr, biraz aňyrrakda petuniýanyň benewşe we ak gramofonjykjalry owadan görünýärler. Wyzzyldaýan balarylara ne ol ýerde, ne-de bu ýerde aňsat iýmit ýok. Üljäniň aşagy gowy, onuň ýapraklaryny süýşürip, beýik malwa ýokary çykdy we we gülgüne reňkli gül açdy. Arylar Iki we üç bolup bir doly açylan güle gonýarlar we şol ýerde saklanýarlar. Säher. Güneşli ýumşak yssy ýakyp barýar. Gyzgyn barmaklaryň seresaplylyk bilen arkamyň gyşda duwara şemala sowukladan we käwagt agyrýan ýerlerini bejerýändigini duýýaryn. Günüň gyzgyny edil gowy derman ýaly näsag damarlara girýär. Men gymyldaman otyryn. Ýapraklarda we otlarda şemal biraz şygyrdap öwüsdi. Gyzan zatlary sowatdy.
Ine, ýene-de güneşli barmaklar meniň bedenimi elleýär, eýýäm ýaş däl süňklerimi gyzdyrýar. Iki sany ýeňiljek kebelek, ganat kakyp, howluda uçup ýörler. Uly gök teneçir, ganatlaryny ýalpyldadyp we yrgyldadyp uçup gitdi. Guşuň kölegesi ýerde görnüp gitdi. Ganatlaryň şuwwuldysy. Çaý gaýnady. Stolda — täze ary bal. Ony hut düýn aldylar. Dury-ýaşylymtyl. Ak akasiýa we tikenli igde. Edil sähralykda ýaly: iýun aýynyň yssy şemaly ýüzüňe hoşboý ysy getirdi. Akasiýa we igde birbada gülleýär: ak salkymlar we şeýle salkymly altyn ýyldyzlar — süýji hoşboý ys.
Ine, bu ýerde, howluda, şemal öwsüp gitdi. Ýene-de ümsümlik. Iýunyň güneşi meniň bedenimi we janymy ýyladýar. Ýyly tomus. Onuň iň uzyn güni. Näçe wagt garaşdyk... Soň bolsa, güýz we gyş, ýatlarys we ýene garaşarys.
Arylar malwanyň gülgüne güllerinde eglenýärler. Diýmek, süýji bolmaly. Ine men hem, taňrynyň mahlugy, edil gülde ýaly, doňup galdym: daş-töwerek ýaşyl we göm-gök, şeýle-de günüň altyn yssysy. Tomus güni.
Ol entek uzyn. Hemme zat bolsa öňde: yssy günortan we ýyly agşam. Tutuş uzyn gün ne dar diwarlar, ne ak reňk çalnan potoloklar seni aýap saklaýar, zeminiň gök ösümlikleri bilen giň asman, ähli ýerde goraýar.
Dabaraly we syrly gijeki ýyldyzly asman. Emma oňa öte uzak wagtlap seretseň, ruhuň hamala bakylyga ýanaşýan ýaly bolup sowaýar. Tomsuň gündizki göm-gök, açyk gök, gögümtil reňkli asmany — göz ýetmeýän we ölçäp bolmaýan giňişligi, beýik bulutlary bilen — hemişe we islendik wagt diňe begendirýär. Garaýşyň bilen özüňizi salkyn gökde batyp ýa-da buludyň yzyndan buludy ugradyp, görüp, näçe seretseňem, doýup bolanok.
Tomus ýagyşlary diýsene... Gündizki gök gümmürdemeleri. Güneşde şöhle saçýan, göz gamaşdyrýan “kör” ýagyş.
Tomus gününde köp gowy zatlar bar. Olar edil öňünden niýetlenen bol sowgat ýaly uzak, uzak dowam edýär.
Yssy günortan. Kölegede otuz iki gradus. Emma alma agajynyň giňden ýaýran düýbüniň aşagynda zygyr kresloda näçe otursaň hem yssyny duýaňok. Ýeňil şemal ýapraklary ygşyldadýar, kelläni sowadýar. Mellekde ukrobyň saýawanjyklary yrgyldaýar. Şemal köşeşdi. Hemme zat bolsa dymdy. Diňe ýekeje çekirtge otuň içinde uka gidip şytyrdady. Gök asmanda seýrek bulutlar gymyldaman durdy. Olardan ýokarda-ýelekliler çybarlanyp görünýär. Iki sany çaýçaňňalak uçup aýlanýar. Ilki — pesden, men olary görýärin. Soň bolsa aýlanyp-aýlanyp, has ýokary we ýokary gidýärler. Ynha bolsa olar ýok. Gök we çuň asmana gitdiler. Ol ýerde — salkyn. Hindi ummanynda suwa çümüp, seleňläp çykmakçy bolanym ýadyma düşýär. Onuň suwy wannadaky ýaly ýyly, men aňyrsy görnüp duran gök suwa has çuňňur çümüp-çümüp, suwda seleňlemäge synanyşdym. Ýöne ol ýerde näçe wagt çydarsyň... Çaýçaňňalak bolsa ýokary galdy, indi bolsa ol eýýäm ýitdi.
Şemal wagtal-wagtal öwüsýär. Şygyrdatdy we ýatdy. Tolkun yzyna tolkun bolup, yssy günde kelläni sowadýar. Ýöne ine indi, sagada görä, agşam düşüp başlaýar. Gün ýokarda dur, aladaçyl ene towuk jüýjelerini ketegine dynç almak üçin alyp gitdi. Çyrmaşak «günjagazyň» al gülleri ýapyldy, olaryň yzyndan sary tozga hem gül baldajyklaryny ýygnady. Gün bolsa göni olara şöhlesini saçýar.
Her niçik-de bolsa — agşam. Bag çyrlagy özüniň uzyn aýdymyna başlady. Bir gumry uzyn boýly deregiň şahalarynda nalynýar. Sargyldak aglaýar. Günüň söhlesi sowaýar, saralýar.
Agşamky ýagtylyk. Üljäniň ýalpyldaýan ýapraklarynda ülje miweleriniň al reňki düşýär. Jaýyň kölegesi gara, onda dursaň sowuk. Agaçlaryň arasyndan gök otlaryň üstüne agşam ýagtylygynyň sary çyzyklary düşýär. Howlynyň möýleri gijelerine tor dokamaga gyssanyp, gybyrdaýarlar.
Asmanda — gündizki gök we beýik, ýalpyldawuk depeli bulutlaryň haýal uzak ýoly. Ol çetden bu çete çenli. Agşama golaý olar has köpelýär. Gün ýaşýan wagtynda, günbatar tarapda, edil giň armada ýaly doňup galýarlar. Beýiklikden pese çenli doňup durlar we gyzyl öwüsýärler. Şonda bolsa asmanyň ýarysy gyzyl tüsse we ýalyn bolup ýanýar. Soň bolsa uzak wagtlap arassa ýaşyl öwüşgün goýup ýanyp gutarýar.
Ýer üzünde ýagty alagaraňkylyk. Gün gutaryp barýar. Emma tomus şapagy ýene uzak wagtlap şöhle saçar. Ol ýerde, onuň giňden ýaýran ýerinde bolsa, täze aýyň kümüş orajygy anyk görünýär, gapdalynda bolsa — kümüş ýaş ýyldyz.
Ertir senenama sahypasy: gün azaldy, gysgaldy, häzir azajyk, — diýer. Damja yzyna damja bolup, ýöne edil ömür ýaly, azalar gider. Mümkinçilik barka, ýylanalyň. Irden guşlukda, heniz gaty bişirmeýän yssy günüň aşagynda. Soňra uzyn gyşda ýatlara zat bolar.




