Parohod

Göwrümli parohod eýýäm doldurdy tüssä
hyrsyz porty;
Lissabonlara, Limalara
häzir ol, gider, çalyp zogy.

Eýýäm ýygyrt kanotýede trapdan münýärler
we aýal şlýapalylar,
gaşly papakly zalymlara dil görkezýär,
bada boşlukda ereýär.

Men olaň köpüsin gürrüňlerden tanaýan —
bary ýokary gatlak;
uçutdan el bulaýar ölüm jeza beren
özüne ýalançy şahyr.

Bol gyssansana, bary-ýogy bir minutdan —
ýola, ýola!
Bu gämide tapylar ahyryn kaýuta
bir tär bilen biz ýala.

Kanaryň hem Azopskiniň adalarynyň golaýyndan
Bermuda, Bagama
gideris, ýüzeris — deňizden aňyrdaky täsin zat üçin däl —
meýlise, hudaýlaň ýanyna.

Ne ajaýyp zehin, akýürekli yhlaslar,
wah, ýüzýänleri gutarmaz —
bizi hudaýlar, ýyrtyjy piranýalar dek,
iýer, iýer.