Seretme telewizora. Dükana gitme...
* * *
Seretme telewizora. Dükana gitme.
Öçür telefonyňy. Gal özüň ýeke.
Goranmaga bol taýyn.
Turma ukudan. Kesel bolan bol.
Bolan bol sen lal ýa lüllüm serhoş.
Belki, degmezler.
Kelläň bilen ýapyn. Ýum gözleriň.
Öçür kelläňi, peselt oňurgadakyň.
Sakla demiňi —
Şeýle gümmürdeýär gije könelen gorky,
ýa ýaşaýşyň gorkusy, ýa ajalyňky.
Hatda diňlemek geň.
Seretme telewizora. Dükana gitme.
Öçür telefonyňy. Gal özüň ýeke.
Goranmaga bol taýyn.
Turma ukudan. Kesel bolan bol.
Bolan bol sen lal ýa lüllüm serhoş.
Belki, degmezler.
Kelläň bilen ýapyn. Ýum gözleriň.
Öçür kelläňi, peselt oňurgadakyň.
Sakla demiňi —
Şeýle gümmürdeýär gije könelen gorky,
ýa ýaşaýşyň gorkusy, ýa ajalyňky.
Hatda diňlemek geň.




