Odisseýiň aýdymy

               Meniň aýalym Nataşa Rumarçuga

 Meň gämim gelip daýanan wagty kenara,
Kenara çykar aýdym meniň özüm bilen,
Ony ozal diňe deňiz diňläp billärdi,
Bäsleşýärdi ol suw periň owazy bilen.
Onda bolar diňe çygly çekimli sesler,
Olar awaralygyň dilinden duralgaň
Dilne gowşak terjimede şeýle seslenýär:
Seni söýýän deňiz çarlaklaň gyrlan gykylygy bilen,
Prometeýiň bagrynyň ysna gelýän bürgütleň sesi bilen,
Deňiz pyşdylynyň her jüre dymmagy bilen
Läheňiň arryldy bolasy gelýän jyňňyldysy bilen,
Osminogyň murtlary bilen ýerine ýetirýän,
Ähli suw otlary dim-dik edýän oýny bilen.
Seni söýýän deňizden çykan tutuş bedenim bilen,
Ähli derýalar, Amazonkaň, Missisipiň goşantlary bilen,
Özlerini deňiz hasaplaýan ähli çöller bilen,
Eşitýärmiň, meniň guran damagymdan olaň çägesi nädip dökülýär.
Seni söýýän tutuş ýüregim, öýkenlem we göz görejim bilen,
Seni söýýän ýer gabygy we ýyldyzly asman bilen,
Şarlawuklaň akyşy hem işlikleň şahsda üýtgemegi bilen,
Seni söýýän gunlaryň Ýewropa çozuşy bilen,
Ýüzýyllyk uruş hem tatar-mongol sütemi bilen,
Spartagyň gozgalaňy hem halklaryň Beýik göçi bilen,
Aleksandriýskiý sütüni hem Pizan başnýasy bilen,
Golfstrimiň Demirgazyk polýusy ýylatmaga ymtylşy bilen.
Seni söýýän dartyş kanunyň harplary bilen
Hem ölüm jezasyna berlen,
Seniň düýpsüz Bermud üçburçlugyňa
Baky düşmek arkaly ölüm jezasyna höküm bilen.