Kim size aýtdy, men goşgy söýýär diýip? Söýemok...

* * *

Kim size aýtdy, men goşgy söýýär diýip? Söýemok.
Okamsoň erbetlerini, ýigrenýärin düýbünden.
Gowusy uçutyň üstünden gämä gol bulamak,
Gizlenmek heýkel bilen tagçada gaçyp ýagyşdan.

Ol nädip şabyrdady we nähili gözýetime
Ýalpyldaýan perde tutdy, gazyp çägede çukurjyk!
Röwşen, gopbamlykdan mahrum, goşgudan daşda
Uzyn setirlerden — aýdyň hoşniýetli şatlyk.

Eý, olhaň betnyşan ýaparygyn tüýtmele,
Bök töňňeleň bulam-bujar goýlan üýşmeginde.
Boýun alýaryn men, seredip doýdum, goşgy
Ýazýana, meniňçe, sada adamlar has gowy.

Ýüzden togsan dokuz ýagdaý şeýleräk bolar:
Has gowy bolardy siz hiç bir zat ýazmasaňyz,
Has gowy bolardy söýseňiz seýli, ýagşy bolar,
Kürekdäki güni, sportzalyň jübüt halkasyn.