Psalom
Çadyrdan geçip şuwlaýar şemal,
ygşyldaýar tümlük töwerekde.
Güýçli şa bolup tapypdym kemal,
emma zawun duşman goýdy dertde.
Gara howada gözleýän Seň destiň,
kalbym hem uzak gijeler meniň
saňa tarap okdurylýar, jereniň
gözbaşlaryna barşy dek suwuň.
Uklaryn — bagtly boldugyça düýşde,
şonça has erbet ýigrenji hakykat.
Çuňlugy tapmaýaň düýpsüzlikde,
ondan men ýalbarýaryn: halas et!
Maňa öňki şa görnüşim gaýtar
hem direlt sözüň boýunça Seniň!..
Bagtsyz Dawut şeýle bir gynanýar
örän güýçli söýgüsinden Hudaýyň.
ygşyldaýar tümlük töwerekde.
Güýçli şa bolup tapypdym kemal,
emma zawun duşman goýdy dertde.
Gara howada gözleýän Seň destiň,
kalbym hem uzak gijeler meniň
saňa tarap okdurylýar, jereniň
gözbaşlaryna barşy dek suwuň.
Uklaryn — bagtly boldugyça düýşde,
şonça has erbet ýigrenji hakykat.
Çuňlugy tapmaýaň düýpsüzlikde,
ondan men ýalbarýaryn: halas et!
Maňa öňki şa görnüşim gaýtar
hem direlt sözüň boýunça Seniň!..
Bagtsyz Dawut şeýle bir gynanýar
örän güýçli söýgüsinden Hudaýyň.




