Tozga gülüň ary baly
Ýene-de tozga gülledi. Ýöne indi howlynyň gök otlarynyň we dürli gülleriniň onuň saryja tabajyklary çekinjeňlik bilen käbir ýerde çalaja görünýärdi. Eýýäm çopantelpek, ak we benewşe petunýalar, gyrmyzy “günjagaz”, sary kalendula, mellekde — nohut, kädi, noýba gülläp otyr. Tomus düşdi. Şonuň üçin tozga gül kän göze ilip hem baranok. Emma kim üçin ol ekleýji bolsa, onuň daşyndan aýlanyp geçmez, has takygy onuň bol eçilýän altyn sebetjiginden aýlanyp uçup geçmez.
Ine, häzirem ol ýerde balarylar we kebelek iýmitlenýär. Egilip, siňe seretseň, eger lupany alsaň, onda hasam haýran galyp “bäh” diýersiň: ol ýerde, içinde, altyn öwüsýän gülýapraklaryň we tyçinkalaryň gür tokaýynyň arasynda, uly toý. Kiçijik siňekler we çirkeýler bol elin salgytlary ýygnap, iki ýana ybyrtda-zybyrt bolýarlar. Olaryň her sebetjikde sany görsene! Yigrimä çenli sanadym we soň ýalňyşdym. Tozganyň altyn güli öz myhmanlaryny örän bolelin iýmitlendirýär.
Ýöne indi bu geçmişiň ýaňydy. Tozganyň baýramçylygy — bahar, beýleki güller entek ýatyrlar.
Apel aýynda, güneşli gün, niredende bir ýerde adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryndan daşda, tozga meýdnaçasynyň üstünden barýarsyň welin, gözleriň awuşap gidýär: olar altyn öwüsýärler we gözüňi gamaşdyrýar. Hatda şäherçelerde, melleklerde, entek boş meýdanlarda — tozganyň baýramçylygy. Indi olar örän köpdi, deňiz joşan ýalydy.
Bulutly howa — güllerem ýapylar. Şol bada howluda içiň gysýar. Bulutsyz gün — altyn saçajyk hem ýazylýar. Onda hemme zat: ary bal, ýakymly ys, gözüňe dynçlyuk bar. Onuň üsti jyňňyrdy we güwwüldi. Hemmesi uçýanlar — balarylar, siňekler we kebelekler — bolelin hödür-keremli toýa gatnaşýarlar.
Häzir tozga gülüniň ýyly. Diňe bir biziň sebitlerimizde däl.
Maýyň başynda men Moskwa gitdim, Peredelkinoda ýaşadym. Ol ýerde tozgalar-biçäk köp. Nirä barsaň — Lukinoda, Solnsewoda, nirä seretseň — gözleriň awuşaýar. Gülleri — iri, altyn guýmasy ýaly agyr.
Şol ýerde men tozgalardan alnan ary balyny ýatladym. Maňa ol barada biziň hutorlarymyzyň birinde ýaşuly kazaçka gürrüň beripdi. Biz çaý içýärdik, ol bolsa stola içi altynsow dury hödürli bankаny goýdy. “Maý ary baly” diýýär, özi bolsa ýylgyrýar.
Biziň sebitlerimizde maý ary baly — söwdaň gowy bolmagy üçin tapylan ýöne bir toslama. Bazarda: “Nähili ary bal?” diýip soraýarlar. “Maý ary baly. Derman” diýip jogap berýärler. Ýöne maý aýynda bizde ary bal alýan ýok. Ilkinji hemişe ýarsy akasiýa we igde bolan bal alynýar. Olar bile ösýärlerem, gülleýärlerem, bile eçilýärlerem bar.
Öňler, indi has gadymy döwürlerde, maý ary balyny syganlar satýardy. “Maý ary baly! Maý ary baly! Saglyk üçin peýdaly” diýip howlulara aýlanyp gygyrýarlar.
Ine, maňa çaý beren ýaşuly aýal gürrüň berdi, ýaş wagty syganlar onuň öýünde ýaşatmagyny haýyş edipdirler. Bary-ýogy bir hepdelik, diýipdirler. Şeker getiripdirler. Tozganyň güllerini ýygnap we gaýnadyp başlapdyrlar. Gaýnadyp bolupdyrlar we hutorlara “maý ary balyny” satmaga gidipdirler. Öý bikesine hem dadymlyk goýupdyrlar. Oňa ýarapdyr. Şondan bäri her ýyl ýazda özi üçin “tozga gülden ary bal” gaýnadýar.
Maňa-da altyn reňkli, ýakymly ysly mürepbe... ýa-da ary bal ýarady. Indiki ýazda özümem gaýnatdym... Altyn kellejikler kesip aldym, olary ýuwdum, şekerli suw gaýnatdym, gülleri onda ezip goýdum we gaýnatdym. Erbet bolmady. Şondan bäri, her ýyl däl, ýöne tozgadan bal gaýnadýaryn. Gyşyna bankany açýaň welin, saňa şol bada apreliň ysy gelýär. Kamyşi hutorynyň ýakynyndaky tylla çemenligi ýatlaýarsyň. Nädip ol ýerde ýyly toprakda ýatanyň we balarylarynyň seslerini eşideniň ýadyňa düşýär. Tomusdan galan ýene bir ýadygärlik.





