Hudaýyň her güni, dynç gün we baýramdan özge...
* * *
Hudaýyň her güni, dynç gün we baýramdan özge,
haçan gerek bolmasa aýratyn ýok many,
öýden çykyp merkeze tarap gitmegiň,
ýakymsyz şakyrdy, jygyldy, pyşşyldy,
zarňyldy we zyňňyrdy bilen, dyrnaçaklap we gulak
perdelerin parran deşip barýan, juda gaty tizlikde
ýerasty otly adatça meni şol ýeriň
gapdalyndan, Awtozawodskiniň we Paweleskiniň
aralygyndan alyp barýar, ol ýerde meniň ýakyn däl
dostum, ýuwaş adam we maşgalaçy, beýläni entek tapmak kyn,
aňrybaş çüýşedeşi we ölermen kitap söýýäni,
halal zähmet bilen kör köpügi gazanmadyk,
Borýa Gelibteri (onuň adyny aýatda ýatlaň, diriler!)
böleklere bölüp taşlady partlama wagty
miladyň iki müň dördüniň altynjy fewralynda
anna güni, dokuzdan otuz iki minut işlände,
irden adam köp wagty işe barýan wagty,
hiç zady göwnüne getirmän, görgüli kyrk ýaşyna çenli elli
dört gün galanda merkeziniň (manysyz tötänlikde!)
üstünden barmak maňlaýyna ýazylypdyr eken.
meniň kelläme bolsa gelýär şol gaharly gargyşlar:
“Aljyraman aýylganç buýruk berenlere,
näme edýändigine düşünmän we bilmän ýerne
ýetirenlere, goý rahatlyk bolmasyn hem ol, hem bu
dünýäde, ne sowuk mazarda, ne yssy düşekde
bedenleri uklamasyn, ruhlary bolsa taýýarlansyn
aýratyn jeza!” — şol adamyň aňyň ýetmejek
asmanyň gizlin niýeti baradaky asuda pikirler
we oňa zemin ölçegi bilen biderek oňa
golaýlaşmak, ölmelileriň dogulmagy,
Özüniň ähli ýakynlaryny yzyna çagyrýan
Ýaradanyň ýanynda: “Goý Meniň söýenim
bagtly bolsun!” — şol howsalaly duýgulary, hamala,
eger Umumy işiň filosofynyňky dogry
bolsa we geljekde direlmek üçin san gerek bolaýsa,
ony şu ýerden alyp bolardy, we özge akyldaryň ajy
sözleriniň ýalandygyny subut etmek
üçin, Oswensimden we GULAG-dan, ganly rewolýusiýalardyr
uruşlardan, Hirosimadan, Bagdatdan, Nýu-Ýorkdan
soň belki, emma nädip? — Kim bilýär, — belki, şeýle.



