Hudaýyň her güni, dynç gün we baýramdan özge...

* * * Hudaýyň her güni, dynç gün we baýramdan özge, haçan gerek bolmasa aýratyn ýok many, öýden çykyp merkeze tarap gitmegiň, ýakymsyz şakyrdy, jygyldy, pyşşyldy, zarňyldy we zyňňyrdy bilen, dyrnaçaklap we gulak perdelerin parran deşip barýan, juda gaty tizlikde ýerasty otly adatça meni şol ýeriň gapdalyndan, Awtozawodskiniň we Paweleskiniň aralygyndan alyp barýar, ol ýerde meniň ýakyn däl dostum, ýuwaş adam we maşgalaçy, beýläni entek tapmak kyn, aňrybaş çüýşedeşi we ölermen kitap söýýäni, halal zähmet bilen kör köpügi gazanmadyk, Borýa Gelibteri (onuň adyny aýatda ýatlaň, diriler!) böleklere bölüp taşlady partlama wagty miladyň iki müň dördüniň altynjy fewralynda anna güni, dokuzdan otuz iki minut işlände, irden adam köp wagty işe barýan wagty, hiç zady göwnüne getirmän, görgüli kyrk ýaşyna çenli elli dört gün galanda merkeziniň (manysyz tötänlikde!) üstünden barmak maňlaýyna ýazylypdyr eken. meniň kelläme bolsa gelýär şol gaharly gargyşlar: “Aljyraman aýylganç buýruk berenlere, näme edýändigine düşünmän we bilmän ýerne ýetirenlere, goý rahatlyk bolmasyn hem ol, hem bu dünýäde, ne sowuk mazarda, ne yssy düşekde bedenleri uklamasyn, ruhlary bolsa taýýarlansyn aýratyn jeza!” — şol adamyň aňyň ýetmejek asmanyň gizlin niýeti baradaky asuda pikirler we oňa zemin ölçegi bilen biderek oňa golaýlaşmak, ölmelileriň dogulmagy, Özüniň ähli ýakynlaryny yzyna çagyrýan Ýaradanyň ýanynda: “Goý Meniň söýenim bagtly bolsun!” — şol howsalaly duýgulary, hamala, eger Umumy işiň filosofynyňky dogry bolsa we geljekde direlmek üçin san gerek bolaýsa, ony şu ýerden alyp bolardy, we özge akyldaryň ajy sözleriniň ýalandygyny subut etmek üçin, Oswensimden we GULAG-dan, ganly rewolýusiýalardyr uruşlardan, Hirosimadan, Bagdatdan, Nýu-Ýorkdan soň belki, emma nädip? — Kim bilýär, — belki, şeýle.