Nowoçerkassk hekaýalary
Erbet gurlawuk
— Sen, tagsyr, şol bir bolşuňy saklaýaň, — diýip, Woýsk ybadathanasynyň papertinde oturan gedaý zenanlar Tronýa aýtdylar. Tronýa hem käwagt gedaý zenanlarynyň arasynda rahat oturan ýerinde elini göni uzadyp, dyzynyň üstünde goýardy we şemal öwsüp, Gün düşüp duran ybadathananyň giň meýdanyna bir serederdi. Ol sabyrly we sypaýy, wagtal-wagtal gözüňe çöp atyp, aýalarynda gysymlap duran kiçijik düwünçeklerini uzadýan, gowy geýnen garry zenanlaryň we gedaý aýallaryň hiç birine üns bermän, sagatlap seredip oturyp bilýärdi.
— Meniňkini al, Trofim... meniňkini al — diýşip, garry aýallar Tronýany gorkuzmazlyk üçin şol bir meňzeş äheň bilen ýuwaşja gaýtalaýardylar. Ol hiç kimiň düwünçegini alman, islendik wagtda ybadathanadan gidip bilýärdi. Düwünçekleriň içinde bolsa gurlawuklar bardy.
Tronýa, hamala, edil bir ýere ýola düşjek ýaly, birden aýgytlylyk bilen ýerinden turýardy, ýöne hiç ýere gitmeýärdi. Haýsydyr bir garry aýalyň elindäki düwünçejigi garbap alardy, gurlawugy çykarardy we onuň öň aýaklaryndan iki eli bilen tutup, ýokary galdyrardy. Bir salym oňa gyzyklanma bilen serederdi. Birden hem ony granit basgançaklaryň üstüne pylçap goýbererdi, gurlawuk syçrap giderdi. Soňra ol garry aýala çalt-çaltdan:
— Seniň gurlawugyň erbet, basym ölersiň. Bar, öýüňe git-de, peçe arkaňy ber-de otur.
Garry aýal bolsa Tronýadan hiç zady gaty görmän, aňryk çekilýärdi, basgançaklardan yzyna götinjekläp düşüp barşyna baş egýärdi, dogry habary aýdany üçin oňa minnetdarlyk bildirýärdi.
Tronýa beýleki garrylar hem minnetdarlyk aýdýardylar. Ol garrylaryň maňlaýlaryna we ýaňaklaryna diri gurlawuk bilen urýardy.
— Ak pata berýär!— diýip, olar biri-birlerine begenç bilen düşündirýärdiler. — Entek ýaşarys.
— Onuň özi näçe ýaşaýarka? — diýip, men, ýagdaýdan peýdalanyp, garry aýallardan soraýardym. Garry enem käwagt meni ybadathana iberýärdi. Men ol ýerden Tronýany gözläp tapmalydym we öýüne eltmelidim. Ýogsa oňa köçeler bilen çalt-çaltdan ýöräp, başga bir tarapa gitmegi gowy görýän Tronýa hamala tötänleýin şäherden çykyp, Kreşensk ýapgydy boýunça gidip-gidip, Kawkaz daglaryna we Gara deňze baraýjak ýaly bolup görünýärdi.
— Sen, onuň näçe ýaşyndadygyny, bar, onuň özünden sorap biläý... ýa-da öz garry eneňden... — diýip, garry aýallar biperwaýlyk bilen jogap bererdiler. Olaryň käbirleri bolsa içýakgyç jogap gaýtarýardylar.
— Näçe däl. Hiç haçan dogulmady we hiç haçan-da ölmedi. Bar git, öz işiň bilen bol, — diýerdiler.
Emma men “gitmek” hakynda pikir hem etmezdim. Enemiň sargydyny ýadymdan çykaryp, mähirsiz we hötjet garry aýallaryň gaharlaryny getirmäge başlaýardym.
— Hemme zat dogulýar we ölýär, — diýip, men olar bilen dawalaşýardym.
Gollarymy galgadyp, göçgünlilik bilen olara gaýtargy berýärdim. Aýratyn hem, kiçijik, inçe burun, gara barhat keltekçesiniň ýakasyna düşüp duran indýuk ýaňakly garry enäni erbet gurlawuklar bilen gorkuzýardym, sebäbi ol kellesini çaýkap, maňa “nejis şeýtan” diýip käýäp, hemme kişiden beter gaharlanýardy.
— Ine, görýärmiň, ertir Tronýa seniň gurlawugyňy şeýle bir pylçar welin, ol hatda gurruldap hem ýetişmez! — diýip, men oňa ertirki boljak zatlary aýtdym. Tronýa welin ertesi ybadathana gelmedi.
Şol günüň ertesi lal Firsiň meni daň bilen oýarany ýadyma düşýär. Men howludaky üljäniň aşagynda goýlan tagta sekiniň üstünde ýatyrdym. Men düýş gördüm, ol birinji düýşüň bolmagy-da ahmal. Tüm garaňky gijäniň ýarynda daş ammaryň üçegine çykyp, onuň aşak ýanyndaky üç sany arkaly gapysy we köp dört burç aýnajyklary bolan we meniň arzuw edýän gadymy, çoýun teleskopym bilen Aýa seredýärdim. Ol idegsiz, öz başyna bütin töwerege aýlandy — Kawkazskiden we Poçtowoýadan çapdy; birnäçe gezek Raziniň ýapgydyndan ýokaryk hut Arhangelskininiň özüne, onuň Ataman bagynyň ýakynyndaky has kaşaň görünýän jaýlaryna çenli birnäçe gezek ýokaryk galyp aşak düşdi; tas Aksaýyň kenarlarynda pesde ýerleşýän ýarym ukuly köçelerde galypdy we hüýr gyzlar tarapyndan ep-esli düre çalşylyp, barybir maňa geldi.
Firs meni yralap turuzdy-da, ýarym ukudakam basgançaklar bilen ambaryň üçegine äkitdi. Men ol ýerde gije teleskopy goýupdym. Gündizine ol ýerden Aksaýyň şäheriň günortasyndan daşyna aýlanan çep kenary, ýakalap oturan gür gamyş we pessejik tal agaçlary hellewleşip we tekiz — gamyşsyz, talsyz tutuş aksaý arnasy, arnanyň aňyrsyndaky Donyň kenarlaryna çenli, irdenki asmanyň dürli reňkli gyralaryna çenli solak we tekiz saralan açyk sähralyk gowy görünýärdi.
Firs bir elini örän gaty silkeläp, sähralygyň ýokarsyny görkezdi; beýlekisi bilen meniň kellämi gymyldadýardy, birden ony ýokaryk galdyrýardy, birden aşak düşürýärdi, tä men gözýetimiň ýanynda, görünmeýän Dondan gelýän aýdyň ýagtynyň duýulýan ýerinde, adam şekilini görýänçäm gönükdirdi.
Birden meniň gulagymyň ýanynda “Gurruk-gurruk” diýen ses eşidildi. Şondan soň men doly ukudan açyldym. Şol pursat hem düýnki gurlawuklar, örme keltekçeli kiçijik garry kempir, enemiň ýerine ýetirilmedik sargydy, özümiň garry mama aýdan sözlerim güpbe ýadyma düşdi.
— Gurrr-gurrr!
Bu käbir sesleri aýdyp bilýän Firs gepledi.
“Gurrr-gurrr” — diýip, ol gurlawuklar boýunça ýaşaýşy we ölümi aýdyp berýän Tronýa dakypdy...
Dorogly bagt böregi
Tutuş töweregiň rýaženileri roždestwo gijesinde Anna enemiň ýanyna gelip, kolýada aýdymlaryny aýdardylar. Şonda lal Firs hem gelerdi. Ol ýaňaklaryna gyzyl reňk çalardy, towlanan saç örümlerini dakynardy, sagrysyna we gursagyna ýassyk goýup, aýal köýnegini-de geýerdi welin, giň gujakly, sagrysy bäş garyş çişik aýala meňzär durubererdi. Onsoň onuň kimdigini tanabam bolmazdy. Eger Firs sesini çykarmasa, onda hemme kişi hor bolup kolýadka aýdyp başlardy:
Biz sähralykdan size tarap gelýärdik, gaýyjagy getirýärdik.
Sähralykda hiç kimiň göwnüne degmedik.
Biz diňe asmandaky ýyldyzjyga seretdik.
Biz oglanjyk Hristi asmanda gördük!
Emma Firs sesini çykarman, Anna eneden ownuk kümüş pul, täze ellikleri, şarf sowgat almak islemedi, ol hem özüçe kolýadka aýtdy.
— Mu— my— my! Mu— my— my! — diýip, ol boýnuny uzadyp we duran ýerinde tans edip, hoş owaz bilen hiňlendi.
Aşakdan latyş ýokary galdy. Ol gorkunç, aýagy-da ýalaňaç, äpet hasaly we çüprekden edilen hüžžerip duran sakally. Özi-de dyzyndan goltugynyň aşagyna çenli keýik derisine dolanypdyr. Onuň aşagyndan çogup duran öz teniniň tüýleri görünýär. Başga wagt ol gantel ý-da espander alyp, aýnanyň öňünde durup, özüniň ýaýbaň döşüne we boldumly ýanbaşyna, çypar tüýlerine seredip, eýläk-beýläk moýmudyklap ýörärdi.
Aňzak sowuk we ýalpyldaýan buguň burugsylaryny yzyna tirkäp, Manilow ata bilen Maniliha ene gapydan süssenekleşip girdiler. Ene aýy eşigini geýen atany ýüp bilen idip getiripdir. Özi bolsa ädik, gyzyl atlazdan giň balak geýipdir, gara murt çyzypdyr. Gulagyna hem halka dakypdyr-da, agynjak sygana öwrülipdir.
— Geý-nä-nä-ne, altynym! — diýip, ol sesini üýtgedip, aýa gygyrýar. — Hany, omman aş, ezizim, adamlary güldür!
Wasiliý baba bilen pop Wasýok gapyny ýumrugy bilen gazaply kakdylar. Pop Wasýok Razin ýapgydynyň depesinde ýerleşen ýapyk Aleksandrowsk ybadathanasynyň ýanyndaky çola kaşaň jaýda eýýäm üç ýyl bäri ýaşaýardy. Ilki gapyny kakardy, takyrdadardy, birdenem kürsäp öýe girerdi. Ol kiçijik, togalak, durşuna betnyşan, köne-küşül zatlara dolanypdyr, ýyrtyk-ýirik ýaglyklary daňnypdyr, tüýi ütülen şubany geýipdir. Ol ”Baýramçylygyň hatyrasyna gedaý sergezdana sadaka beriň!” diýip, şadyýan ses bilen gygyrýardy.
Olaryň yzyndan possunlaryny çöwre geýen manilowlaryň ekizleri: Manilow atanyň agtyklary böküp girýärler. Olaryň kellelerinde adamyň ýüz keşbine meňzedilen — tegelek göz we ýylgyryp duran agyz kesilen boş kädi bardy.
Tronýa hem bu roždestwo gijesi eşik çalşyrýardy. Onuň ozalky bolşy: özüniň polotnodan tikilen balagyny we pomaza köýnegini (oňa aýazda-da, yssyda-da hiç zat bildirenok), kellesine-de ýönekeý adaty şlýapany geýerdi. Şonuň bilen hem ol özüni tanalmaz derejede geýnen adam hasaplardy. Şeýle şlýapany ataman bagyndaky kinoteatra ýolbaşçylyk edýän Angelina Lýosigiň ogly geýip, işe gatnaýardy.
Tronýa hemmelerden soň gelýärdi. Ýagtylyp duran aýnalardan düşýän ýagtylyga ýalpyldaýan gara basmajak bolup, esasy gapa bukulyp barardy. Gapylaryň gapdalyndaky kese agaç girelgede gözgyny jüýgüldeýän elektrik jaňy bardy. Başga-da bir jaň bardy, ol maňa diýseň ýaraýardy, onuň bilen men ýürekdeş dostdum. Gapynyň gabsasynda çykyp duran we çagalaryň tow berilýän oýnawaçlarynyň ulaldylan görnüşine meňzeýän towlawajyny güýçli towlasaň, onuň ýakymly jyrryldysy tutuş öýe eşidilýärdi. Ýüz ýyl bäri gapynyň kakylmagyndan çukur emele getiren bürünç halka-da bardy. Emma Tronýa jaňy hem, towlawajy hem, bürünç halkany hem ellänokdy. Ol gapylaryň aşagynda şlýapaly durýardy. Kellesini egnine basyp, eginlerini gulaklaryna degrip durýardy-da, ýuwaşja gygyrardy:
— Tuk-tuk! Kimdir biri-hä geldi.
Ony birbada eşidip hem bolmaýardy, sebäbi daşky tamda eýýäm köp garaşylan hereketler edilip, uly şadyýanlyk höküm sürýärdi. Anna ene rýaženileriň getiren kutýasyny kolýadka aýdymlary aýdylyp durka dadyp görüp, eýýäm olaryň haltalaryna sowgatlary we pul atýardy. Nata we Angelina bolsa gyzan hwoýanyň we ýyly şem otlarynyň ysyndan dolan goňşy zaldan Annanyň düýn agşamdan bäri taýýarlan şol jadyly böreklerini çykarýardylar. Börekleriň diňe üçüsinden galanynda dorog bar. Birinde — un: düýbünde gaý turan deňizde kimdir biriniň, ýa garakçynyň, ýa balykçylaryň ýelkenli gämini yhlas bilen iteleýän uly farfor gapdan kimiň çarşagyna düşse, onuň ýylboýy uny bolar. Beýlekisi boş, durşuna hamyr. Kim ony iýse, oňa gowulygam bolmaýar, erbetligem. Üçünjisinde bolsa Nikolaý patyşanyň kellesi sypjyrylan kümüş rubl — bu bagt böregi...
— Tuk-tuk! Biri-hä geldi — diýip, Tronýa biraz gatyrak gygyrýar. — Tuk-tuk! Manilowlaryň ekizjeleri süýem barmaklaryny kädidäki kesilen agyzlaryna ýetirip gapyny açýançalar yhlas bilen gaýtalaýardy. Tronýa öňki bolşuny üýtgetmän, gulaklary egnine ýetýänçä boýnuny gysyp, nätanyş adamyň keşbinde öýe girýär.
— Waý, bu kimkä?! — diýip, Anna ene geň galyp, Tronýany tanamadyk bolup gygyrýar. Natada hem tanamadyk bolýar.
— Bu biziň latyşymyz-la! — diýip, ol elleriniň aýasyny öňüne tutýar we bir wagt hemmeler tarapyndan tanalan buýra tüýli we äpet boýly arka tarapynda duran latyşa tarap götinjekleýär.
— Ýok-la, Natoçka, ýok-la! Bu meniň Lýosigim! Meniň Lýosigim! — diýip, süňklek uzyn barmaklaryny howada galgadyp, Angelina oňa garşy çykýar: — Ine, seret, seret şlýapa-da onuňky... fetrden, çalja! — diýip, dogumly jedirdedi.
Emma Tronýanyň ne latyş, ne Lýosik bolasy gelýärdi. Öz bedeniniň keşbini üýtgetmän, hamala, tutuş göwresi bilen kiçijik şlýapanyň aşagynda bukulýan ýaly bolup, Tronýa daşky tamda durdy we syrly görnüşde başga çaklamalara garaşýardy... Garaşýardy, garaşýardy, gözlerini elek-çelek edýärdi, özüniň özboluşly ýylgyryşy bilen, tutuş ýüzi bilen däl-de, diňe gözleriniň ýanyndaky we burnunyň üstündäki ýygyrtlar bilen ýylgyrýardy, dodaklarynda we eňeginde bolsa, elmydama bolşy ýaly, aýryp bolmaýan öýke bardy. Birdenem çydap bilmän, şlýapany çykarýardy we ynamly:
— Men Firs! — diýip gygyrýardy.
— Bu nähili Firs, janym? — Nata çyny bilen ikirjeňlenýär. — Firs geplänok-a.
— Firs! Firs! — diýip, Tronýa ýene has ynamly gaýtalaýardy. Şol bada hem latyşy görkezip: — Ine, ol — şeýtan! — diýip, begenip habar berýärdi.
Meniň ýüregim sandyrap gitdi, sebäbi men Tronýanyň häzir näme etjek bolýandygyny anyk göz öňüme getirdim... Ine, häzir eýýäm maňa göründi. Ol iki aýagy bilen gysgajyk tarpyldadar, haýsy-da bolsa bir elini ýeňsesine ýetirip, tans eder, gaty ses bilen, hyjuw bilen haçandyr bir wagt köçede aýdan aýdymynyň sözlerini gaýtalar:
Şeýtan! Şeýtan! Çypar şeýtan!
Dowzahda ýumurtgalaryny titredýär!
Gyzlary ýumurtgalary bilen çagyrýar!
“Ol nähili gyzlary, Troneçka?” — diýýän Angelinanyň gyňyr sesi maňa eşidilýär. Ol armany-ýadamany bilmeýän bilesigelijiligi, sadalygy hem hilegärligi bildirmän özünde saklaýardy. Töwerekde, dünýäde bolup geçýän ähli zady bilmäge jan edip, göwün göteriji jogap berýän Tronýanyň sesi eşidildi: “Ine, şeýle, Glina ene, siziň agtygyňyzyň kart oýnaýanlaryny... Gowularyny... Lolulary...”
Emma, meniň bagtyma, şol roždestwo gijesinde gözüme görnen, gulagyma eşidilen zatlaryň hiç biri-de maňa nesip etmedi.
Özümi halas etmek üçin, men çalt hem başarjaňlyk bilen, Angelinanyň äheňinde “Biz näme üçin çypara börek hödür edemizok?” diýip ýatlatdym. Şol badada bir minut mundan öň tötänleýin tutan böregimi Tronýa çarşak bilen hödür etdim. Men onuň içinde näme bardygyny bilýärdim, sebäbi çarşak warenigiň içinde aýlanýarka bir gaty zada direldi — ol patyşa Nikolaýyň kellesiniň keşbi çekilen kümüş puldy.
Sähel salymdan soň, Tronýa özüniň bir ýyllap garaşan bagtyny çykaryp, jadyly böregi dişläp, hemme kişini begendirende, men eýýäm rahatlanypdym. Demir rubla kimiň — patyşanyň ýa-da Leniniň kellesiniň bezeg berýändigine seretmezden, Tronýa ony gaty gowy görerdi. Ol patyşa puluny ýumrugynda berk gysdy, yzyna öwrüldi, açyk gapydan garaňkylyga, ýalpyldaýan syrgyna okduryldy we garaňkynyň içinde gözden ýitdi...
Sekizinji gämi
Tronýanyň öýi bardy. Emma ol nähili öýdi! Bu derwezeleriň ýanyndaky tegelek diňjagazdy. Onuň ýogyn demir çybyklardan örülip nagyş edilen gabsasyndan başga abat ýeri ýokdy. Derwezeleriň aňyrsyndaky howlynyň töründe orun alan we aýnalarynyň arasynda ýasy kolonnalar bolan iki gatly jaýda bir wagtlar Korneý Manilow atanyň diňe özi ýaşaýardy. Anna enäniň aýdyşy ýaly: “Onuň Azowda ýedi gämisi we million kümüş rubly bardy”. Bu darajyk diňjagazda gezekli-gezegine jaýy goraýan manilowlaryň garawullary oturýardylar. Tronýanyň diňe nädip we haçan göçüp barany töwerekde hiç kimiň ýadyna düşenok. Ol Tronýanyň hem ýadyna düşenok. Käwagt ol garawul diňiniň öz öýüdigini hem düýbünden ýadyndan çykarýardy. Käwagtlar Lýosik eýläk-beýläk geçip barýarka, giç agşam ýatman, kolonnanyň sowuk togalak daşynyň üstünde aýak ýalaňaç duranyny gören mahaly:
— Bar, Tlonýa, öýüňe git! — diýip, oňa tabşyrardy.
Tronýa gaýdýardy, ýöne welin öýüne gitmezdi-de, diňiň gapdalyndan köçeden ýöräp giderdi. Käwagt bolsa ýerinden gozganman durşuna:
— Meniň öýe gidesim gelenok. Meniň diňde ýaşasym gelýär, — diýip, Lýosige öz göwnündäkini aýdardy.
— Aý, goý-a, ýäme, Tlonýa, samsyjak! Sen, bolmanda-da, şol ýerde ýaşaýarsyň ahyry, — diýip, Lýosik alada bilen Tronýany begendirjek bolup jogap bererdi. Şeýle jogapdan soň, Tronýanyň birnäçe günläp diňjagaza hiç kimi goýbermeýän wagty hem bolardy. Kimdir biri oňa golaýrak baraýsa, Lýosigiň özüne aýdan gürrüňlerini içýakgyçlyk hem gyzmalyk bilen gaýtalap, bu meniň öýüm diýip gygyrýardy. Muny Lýosik aýtdy! Günleriň geçmegi bilen, bu alada hem Tronýany irizip başlaýar, sebäbi bu onuň beýleki aladasyna — tutuş şäheriň içinde eýläk-beýläk howlukmaç ýöräp, hakykat bilen gije-gündizden aýrylmazlygyna päsgel berýärdi.
Ol köçe-köçe selpäp, köp ýere giderdi, meýdany kesip geçerdi-de ybadathana tarap howlugardy. Aksaýa tarap aşak düşerdi, sähralyga çykardy, şähere gaýdyp gelerdi. Şeýle hysyrdyly ukusyz günlerde diňjagaz onuň ýadyna-da düşmezdi, hatda görmezdi hem. Eger oňa giräýse-de, özgäniň öýüne giren ýaly, agras bilesigelijik bilen we salykatlylygy elden bermän, seresaplylyk bilen syn ederdi.
Tronýanyň diňjagazynda, içine bir oturgyç bilen stol zordan ýerleşýän we tegelek daşdan edilen otagynda, men köp gezek bolup görüpdim. Men ol ýerde has yssy günlerde günortan wagty alagaraňkylykda oturyp, inliligi iki aýaňdan uly bolmadyk darajyk aýnasyz penjirelerden seretmegi gowy görýärdim. Ähli zat ol ýerden başgaça görünýärdi. Hemme zat uzakdan görünýärdi. Täsin anyk we nätanyş zatlara teleskopdan seredýän, hamala onuň daşlaşdyrýan güýjüni ulanýan ýaly bolup, onuň arka tarapyndan seredýän ýaly bolýardym. Hatda enemiň öýi hem maňa nätanyş bolup görünýärdi, sebäbi ol ýagty we güýçli yşykda dolulygyna çuň penjire ýerleri bilen basylan ýalydy. Men olaryň içinden köçä uzak wagtlap seretdigimçe, meniň garaýşym uzakdaky we ýakyndaky zatlaryň ählisine deň ýaýrap, şonça-da hereketsiz galýardy. Hemme zat ilki özüniň anyklygyny, soň aýrybaşgalygyny; soňra bolsa tutuşlygyna dürli reňkli örtüge öwrülýärdi. Munuň yzyndan bolsa men täsin bir ýagdaý döreýärdi, onuň ýatdygy üçin oňa garşylyk hem görkezmek mümkin däldi Ol hamala maňa degişli däl ýalydy; ol maňa töwerekden, daşardan, meniň “menimi” gysyp çykaryp, ýüze çykýardy; men däl, nähilidir bir düýbünden nätanyş we formasyz zatdym. Ol birden meniň gözlerimi eýeläp, diňjagazdan seredýärdi we özüne mahsus bolan ýagdaýdan lezzet alýardy. Ol ýagdaýda bolsa birbada joşgundan ýaňa doňup galmak, begençli geň galmak, ähli zada bihuş perwaýsyzlyk jemlenýärdi. Perwaýsyzlyk gözüň öňünde, köçede, töwerekde, diňjagazyň galyň diwarlarynyň aňyrsynda, diňjagazda — nirededir bir ýerde bolup geçýän ähli zada degişlilikde ýüze çykýardy. Köçeden, köpriniň gyrasyndaky otlukdan çalt we sessiz tigrini sürüp barýan tigirli nätanşa — ine häzir — çuň çukura (daş-töweregini beýik selme basan we şonuň üçin oňa görünmeýän) ýykylarsyň diýip gygyrasym hem gelmeýärdi; muny etmäge meniň ýöne güýjüm hem ýetmeýär: men diňe onuň nädip ýykylýanyna; ýeriň üstünden öňki tigriň, hromlanan ruluň, küýkerilen arkasynyň, soňra iň soňunda ýalpyldap yzky tigriň ýitişine duýgudaşlyk bildirmän, üstünden gülmän we hatda bilesigelijiksiz seredip bilýärdim. Rodýanyň biziň jaýymyzyň öňündäki bagjagazymyzda kellesini aýasynyň üstünde goýup, uklaýan kişi bolup ýatanyny hem düýbünden gaty göremokdym. Ol biziň Zairamyza seredýär. Zaira bolsa gülli ýubkasynda agaja münüp we şahanyň üstünde aýaklaryny giňden açyp, edil Rodýanyň kellesiniň ýokarsynda, kostrula garaly ýygýardy. Men birden Raziniň ýapgydynyň çüňkünden çykyp öwrülen, salparan şlýapaly, atyna derek surat çekilen araba özi goşulan, uzak wagtlap garaşylan letdeçini görüp hem gyzgyn joşguny duýmadym: oňa islendik biderek zady getirseň bolýardy, hiç bolman-da, enemiň gap-gaçlarynyň üýşmeginde bukýan ýelpewajyny dodak garmoşkasyna, toýun tüýdüge ýa-da çakga çalyşmak mümkindi. Emma men ýelpawajyň yzyndan ylgamak hakynda pikir hem etmedim. Şeýle minutlarda men başga hiç zat hakynda pikir hem edip, haýsydyr bir zada hereket ýa-da pikir bilen gatnaşyp, nämedir bir zada höwes edip ýa-da höwes etmän bilemokdym. Meniň erkim, edil bozulan, gerekli ýitiligi almak üçin, daş-töwerekdäki haýsydyr bir waka sazlap bolmaýan optik gural ýalydy. Zaira, letdeçi, Rodýa, çalasyn welosipetçi, diňjagazyň aýnasynyň öňündäki ýalpyldaýan gara-ýaşyl tomzak, uzakdaky üçekleriň üstündäki peç turbalary, pesde ýerleşen köçelerdäki piramida şekilli derekleriň çür başlary — bularyň hemmesini men gördüm we şol bir wagtda-da hiç zat göremok. Dünýä meniň duýgularyma täsir edip bilenok; şeýle minutlarda men dünýäniň bardygyna we onda özümiň bardygyma akyl ýetirip bilemokdym. Bu ýaşaýşyň ýoklugynyň — durmuşyň özüniň jümmüşindäki nazaryň çakdanaşa dagynyklygyndan gaýdýan nähilidir bir aýratyn formasydy. Näme üçindir Tronýanyň başnýasynda meniň nazarym bu şowsuz we şatlykly dagynyklykdan güýç alýardy. Käwagt bolsa, elbetde, diňjagazdan uzakda, mysal üçin, terrasada tomusky naharyň başynda, haçan-da Angelina bugaryp duran çorbany tarelkalara guýuşdyranda (terrasadaky naharlara enem Anna däl-de, ol ýolbaşçylyk ederdi), meni birden edil şular ýaly ýagdaý gurşap alýardy. Emma ol uzak dowam edip biljek däldi. “Aňkarylyp bolduňmy! — diýip, Angelina şol bada meni bir gorkuly ýa-da zyýanly zatda tutan ýaly bolup aýdardy. — Hany, oýan hany! — diýip, ol buýrardy. — Çalt! Eşidýäňmi? — Men biygtyýar kellämi atyp jogap berýärdim, ýöne seslerden düzülen sözleriň özüni däl-de, diňe sesleri eşidýärdim, kellämi silkip, nirädir bir ýere — dumanly dürli reňkli tokganyň çuňlugyna seredýärdim. Şonda Angelina agyr ýaýbaňja insizje susagy farfor çorba gaba çümdürip, doňan ýaňaklary owkalaýyşlary ýaly, dogabitdi dogumlylyk bilen meniň gözümiň öňünde boşan aýasyny galgadyp başlaýardy. Ol muny tä meniň gözlerim duýgularym we pikirlerim bilen bilelikde predmetleri özleriniň adaty, anyk görnüşinde görüp, hereket edip başlaýança edýärdi. Mundan soň Angelina beýle seretmegiň gerek däldigini, şeýle seretmekden birden kör bolaýmagyň, hatda duýdansyz öläýmegiň hem ahmaldygyny berk düşündirýärdi.
— Ýa-da samsyk bolaýmagyň ahmal, — diýip, Nata alyp göterýärdi.
— Tronýa ýalymy? — diýip men, Nata we Angelinanyň Anna enem bar wagty meniň bilen ylalaşyp bilmejeklerini, ýöne jogap bermän dymjakdyklaryny we eýýäm terbiýeli oglanjygyň özüni, umuman, nähili alyp barmalydygy, görşüňi we akylyňy goramak üçin nähili dogry seretmelidigi baradaky agzybir gürrüňe öwrüljekdigini bilip soraýardym.
Tronýanyň diňjagazyndan men näçe seredesim gelse, seredip bilýärdim. Tronýanyň özünden başga hiç kim muňa päsgel berip bilmeýärdi. Bir gezek ol meniň arkamda peýda boldy. Aýnadan Korneý ata görünýärdi. Ol köpriniň üstünde eli boş bedreli, elmydama şol bir ýerde, Kawkaz köçesiniň we Razin ýapgydynyň çatrygynda, kolonkanyň golaýynda aýak üstünde uklaýardy. Kolonkalaryň özleri we olaryň gapdalynda, owadan çüwdürime meňzäp duran gür tallar görünýärdi. Tronýa seresaplylyk bilen meniň egnime gaty ýiti barmagy bilen itdi we ýuwaşjadan:
— Näme, diňjagazdan seretmegi gowy görýärsiňmi?..Ol gowy — diýip söz açdy.
Ol muny şeýle bir (arzur bilen? düşünip?) aýtdy welin, bir pursat men onuň samsykdygyna hem ikirjeňlendim. Emma şol pursatda meniň ikirjeňlenmäm duw-dagyn boldy. Tronýa aýna seredip, soňra bolsa oňa kellesini sokup, birden özüniň ýiti, elhenç sesi bilen gygyryp başlady. Bu ses töwerekde hemme kişä bellidi. Ol sesde endige öwrülip giden gazaply öýkäniň we nähilidir bir umytsyz, ýasama şatlygyň heňi eşidilýärdi:
— Korneý! Korneý! Hany seniň gämiň?! Oýan!.. Hanha, seniň gämiň ýüzüp gelýär!!
“Gämi... gämi... Ol nähili gämikä, diýip, men pikir etdim?..” — diýip, iki gün geçeninden soň, Manilowka ene begenjegini-de, gynanjagyny-da bilmän, öz öýüniň ýanynda hemmeler bilen jemendäniň arasynda durup, ellerini kölegeledip, giň açylan derwezeden, göterip gelýänleriň elinde yrgyldap, günortanyň ala-garaňkysynda ýagtylyga çykan, ýüzüp gelýän beýik bortly tabyda seredip aýdýardy. Korneý ata birhili tekiz bolupdyr, özi-de ozal hiç haçan geýmedik tekiz penjeginde saralan ýüzi bilen, papaksyz, ýalaňaç maňlaýynyň aşagynda çuňňur oýa batyp, nähilidir bir zatlara yhlas bilen seredýän ýalydy.