Ýuriý Gagarin

(kitapdan bölek)

Gagarin we görünmeýän basgançak

Tomsk şäherine sürgün edilmekden gutulan Ýuriý Gagarin, 1955-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Saratow şäheriniň Oktýabrskiý etrap harby edarasy tarapyndan Sowet goşunynyň hataryna çagyrylypdyr we K. Ý. Woroşilow adyndaky uçarmanla­ryň Birinji Çkalow harby-awiasiýa uçilişesine okuwa iberilipdir. Ýagny ol näme diýseňem uçilişä giren bolmaly — ýa-da 21 ýaşly ýaş ýigidi ýöne tehnikumy gutarandan soň, goşuna aldylarmyka? Has dogrusy, synagsyz bolsa-da, okuwa giren bolmaly, sebäbi onuň özi hem teklip eden bolmaly we ofiser hökmünde gullugy dowam etdirmek isleýändigini mälim edeninden soňra, ony geçjek ýerini özi saýlap bilipdir; esasan hem, uşilişede okan döwri goşunda gulluk etmek bilen deň hasapla­nypdyr. Bolýar, ýöne näme üçin ol ikinji gezek uçarmançylygy okamaga gitdi, eger ol eýýäm Saratow aeroklubynda uçarman bolan bolsa? Sebäbi, aeroklublarda höwesjeňleri, uçilişelerde bolsa ussatlary okadýardylar.

Bulaşyklyk bu ýerde gutarmaýar: şeýlelikde, Gagarin Çkalowsk uçilişesine girýär we Orenburg uçilişesini tamamlaýar. Nädip? Sebäbi, 1938-nji ýyldan 1957-nji ýyla çenli Orenburg şäheri uçarman Çkalowyň adyny göterýär, soňra bolsa gizlin sebäplere görä öňki adyny dakýarlar (belki-de, kimdir biriniň kellesine şäheri onda bolup görmedik adamyň ady bilen atlandyrmak geň diýen pikiriň gelen bolmagy mümkin); şeýdip, uçilişäniň adyny hem üýtgetmeli bolandyr.

Orenburg uçuş mekdebinden iki ýüzden gowrak Sowet Soýuzynyň gahrymanlary bolan as-uçarman — şol sanda hem Çkalow (entäk uçilişe Serpuhowda ýerleşýän wagtynda; Serpuhowdan ony geçirenleriniň sebäbi, Orenburg Moskwanyň etegine seredeniňde has güneşli — bu uçarmanlar üçin möhüm bolupdyr), Bahçiwanji, Polbin, Gritsewes, Ýumaşew çykypdyr — bu sowet ofiserleriniň bilim edarasy bolup, asman romantikasyna ymtylýan bir ýigidiň arzuwy we Wiktor Pelewiniň “Omon-Ra” Maresýew adyndaky Zaraýsk Gyzyl baýdakly uçilişesiniň kursantlarynyň aýaklarynyň zor bilen kesilýändiginiň beýan edilişiniň prototipi bolup biljekdi

“Biziň gelen harby uçilişämiziň binasy Uralyň beýik kenarynda, peýzaž bilen sazlaşyp, çäksiz giňişlige utgaşyp durdy. Rewolýusiýadan ozal täsir galdyryjy fasadly monumental binada (girelgesiniň öňi çüwdürimli) kadetleriň korpusy bolupdyr. Bu binagärlik jaýa seredip, ajaýyp gwardiýa praporşigi Gagariniň iki ýyllap şäheriň manežiniň we iň ajaýyp salonlarynyň arasynda gatnap, nähili durmuşda ýaşandygyny göz öňüne getirmek aňsat.

Aslynda şäherde atlardan düýe has köpdi, ýokary gatlagyň salonlaryň ýerini tans meýdançalary eýeläpdi, uçilişžniň jaýynda kursantlar o diýen köp wagtlaryny geçirmeýärdiler. Aslynda Sowetskaýa, 48, salgydaky jaý goşun durmuşynyň diňe witrinasydy; okuw döwrüniň köp wagtyny kursantlar galagoşunda we şertler has ýönekeý bolan uçuş lagerlerinde bolýardylar (mysal üçin, Gagariniň komandirlerinden biri, “bölümçe toparynyň ýaşan, işlän döwürlerini we şertlerini, onuň gurşawynda Ýuriý Alekseýewiç Gagarin terbiýelenipdir, ýada salmak maksady bilen siňekleriň eýmenç bol ýerine, hususanda, lageri barlamaga gelen bir generalyň tabagyndan mör-möjegi tapanyna özüniň memuarlarynda birnäçe uly abzaslary bagyşlapdyr. “Sebäbi, biziň naharhanamyz uly ders üýşmeginiň golaýynda ýerleşýärdi. Siňekler siňekler bizi hakykatdan bizar etdiler. Feldşer M. Pawlýuk siňeklere garşy berk göreş alyp barýardy, gijelerine stollaryň üstünde haýsydyr bir siňek zäherini ýaýratýardy we ofisiant zenanlar siňek sürüsini toplap süpürip aýyrýardylar, agşamyna bolsa naharhanada olaryň sany-sajagy ýokdy”.

1955-nji ýylyň oktýabr aýyndan 1956-njy ýylyň 8-nji ýanwaryna çenli (kasam kabul edilen senesi) Gagarin ýaş esgeriň kursuny geçýär — bu onuň esger hökmünde nyzama girizilendigini aňladýar: ol nyzam taýýarlygynyň esaslary bilen tanyşmalydy, tüpeň atmak endikleri ele almalydy, ustawy-tertipnamany ýat tutmalydy — bir söz bilen aýdanyňda, täze alnan esgerleri leçlerini çykaryp ýöredipdirler, olara hakyky goşun durmuşynyň tagamyny datdyrypdyrlar. Okyjynyň bu aýlar barada has aýdyň düşünje almagy üçin, bize mälim bolan iki çeşmeden çykgyt getirýäris.

Birinjisi — Gagarin we onuň gullukdaşynyň olaryň Saratowdaky uçuş mugally­myna ýazan haty: “Tolýan ikimiziň ýagdaýymyz gowy. Okuw erbet geçenok. Bir synp bölüminde okaýarys, biri-birimizden birnäçe krowat uzaklykda ýatýarys. Biz entäk daşyna çykmadyk. Heniz kasam kabul edemizok, emma ýakyn wagtda kabul ederis öýdýäris. Hemme günler okuw bilen meşgullanýarys. Bu ýerdäki mugallymlar gowy, ýöne berk tutýarlar, serkerdeler hem şeýle. Şprisi ýygy-ýygydan berýärler. Kä wagt Zaural tokaýlygynda sapakda bolýarys. Bu ýerde köplenç sowuk bolýar. Mysal üçin, bu gün aýaz –29. Mundan başga-da sowuk şemallar öwüsýär. Emma biz öwrenişýäris. Esger durmuşyna öwrenişýäris. Bu biziň üçin gaty kyn däl. <...> Köplenç, bizde aýdylyşy ýaly, ruly aýlamaly, ýagny poly arassalap ýalpyldatmaly bolýar. <...> Boş wagtlarymyzy gowy geçirýäris. Klupda hepde-de iki gezek kino görýäris. Mundan başga-da, her hepde klupda tans bolýar. Tansda şäherli gyzlar köp. Tolýan ikimiz hezil edip tans edýäris”. Täsin ýagdaýda tans meýdançasy uçilişäniň çäginde ýerleşýärdi we gyzlaryň özi kursantlar bilen tanyşmaga gelýärdiler, munuň üçin kursantlara uwolneniýä— daşyna çykmak hökman däldi.

Ikinjisi — A. Dihtýardan degişme:

“1955-nji ýylyň oktýabr aýynda Gagarin uçuş uçilişesiniň 1-nji ýylyna kabul edilipdir. Edermenje (?batyrgaýja) kapitan ýylgyryp, tapan-tupanyny geýen ýaş ýigdekçeleriň hataryna göz aýlap goýberipdir.

— Siz özüňize eýýäm kursantdyryn öýtýärsiňizmi? Ýalňyşýarsyňyz!

Kursant — bu adam, siz bolsa?.. Siz hatda adam şekillilere-de meňzäňizok. Ynha sizden raýatlyk tozanyny kakyp aýrarys, soňra diagnoz goýarys — kim uçmaly, kim bolsa öňküsi ýaly dört aýakda gezmeli. Bir söz bilen aýdanyňda, siz meniň saçlyjala­rym. Nobata duruň — dellekhana-a-a tarap!

Birinji bolup söýgi bilen ösdürilen saçlaryny Gagarinyň atdaşy — Ýuriý Dergunow aldyrdy. Bir-iki minutlap Dergunow özüniň tanar ýaly bolmadyk harry gulak sypatyny synlady. Soňra aýdym aýtdy:

— Täsin sorag:

Näme üçin men saçsyz?

— Her bir diwersant

seniň kursantlygyňy biler ýaly! —

diýip, Gagarin şolbada dowam etdi we aýasyny düýbünden syrylan kellesine ellerini goýdy”.

Kasam kabul edileninden soňra, syrylan saçly esger kursant— hünärmen — degişli gurluşyň (ekipažyň, zwenonyň, eskadrilýanyň) elementi bolýar; onuň nazary­ýet, uçuşlaryň taryhy we taktikasy (onda-da diňe bir Sowet ýaragly güýçleriniňki däl, bolup biläýjek duşmanlaryň — ABŞ-yň, Beýik Britaniýanyň we Fransiýanyň goşunlarynyň hem taktikasy), radio alyş-çalyşy (Morzäniň koduny kabul etmek we ibermek boýunça günde 30 minutlyk türgenleşik boýunça okuwy başlandy. Kursantlara daşary ýurt harby uçarlarynyň markalaryny siluetleri boýunça tanamak sungaty — diňe bir markalary däl, eýsem “taktika-tehniki maglumatlar, gowşak we güýçli taraplary, şeýle uçarlaryň durýan howa bazalary, şol howa bazalarynda haýsy howa garşy gorag desgalarynyň we ş.m. bardygy öwredilýärdi.” Soňra hakyky uçuş okuwy — gaz hereketiniň esaslary, uçaryň material gurluşy, hereketlendirijiniň-dwigateliň gurluşy, uçuş, gonmak, ýük getirýän uçuşlar, ýük äkidýän uçuşlar, barlag uçuşlar, ugur boýunça uçuşlar, hatara durup uçmak, ýokary pilotažlar— çyl­şyrymly uçuşlar başlanýardy; netijeler uçuş kitabyna ýazylýardy we şol maglumatlaryň esasynda belli bir synpyň harby uçarmany diýen at berilýärdi. Uçilişä gelen badyna Gagarin ýeterlik derejede ýaşy uly, 21 ýaşly, hünärment mekdebi we tehniki mekdebi tapawutly tamamlan, belli bir derejede uly, “garrylaryňky” ýaly tejribesi bolan we kursdaşlarynyň arasynda abraýa eýe bolansoň, ony komandiriň kömekçisi edýärler we oňa seržant adyny berýärler. Başlyklar Gagariniň terjimehalyna uly baha beripdirler we ilki başdan ony geljekde serkerde bolup biljek hökmünde görüpdirler. Ol öz ekipažynda ulusy bolýar (sekiz adamyň içinden). Emma bir pursatda başlyklaryň gowy garaýyşlary oňa zyýan ýetiripdir.

Gagarin mekdep ýyllarynyň ikinji ýylyny eýýäm Orenburgyň hut özünde geçirmeýär, Menowoý dwor menzilinden 9 kilometrlikde, welaýat merkezinden 18 kilometrlikde ýerleşen Wetelki razýezdindäki galagoşunynda geçirýär. Ol bu ýere 1956-njy ýylyň oktýabr aýynyň ahyrynda gelýär. Bu kursantlaryň we belli möhletli-esgerleriň gulluk edýän okuw goşuny bolupdyr. Gyşyna kazarmada (iki gatly bina; birinji gatynda — iki gat koýkaly esgerleriň kazarmasy, ikinji gatynda — bir gat koýkaly kursantlaryň umumy ýaşaýyş jaýy); gyşlar garlydy, garlar şeýle bir üýşedýärdi welin, kursantlar tapan-tupanlarynda göni ikinji gatyň aýnasyndan depeden typýardylar), tomusyna — lagerde uly alty adamlyk çadyrlarda ýaşardylar.

Okuwyň birinji ýylynda kursantlar Gagarine Saratow uçuş klubyndan tanyş bolan Ýak-18-i (dogrusy, modifisirlenen — gonmak usuly guýrukdaky däl-de, burundaky tekerinde amala aşyrylýardy, şeýlelikde, gysga boýly uçarmana gonmagyň profiline gözegçilik etmek aňsatdy, uçaryň özi bolsa “samsyklyk etmeýärdi”), ikinji ýylynda bolsa — çaltrak, ýeňilräk, has manýowrly we teoretiki taýdan gözegçilik etmek üçin gowy gulak asýan MIG-15 reaktiw uçary özleşdirdiler. MiG-ler çylşyrymly uçuşlar-ýokary pilotažlar üçin amatlydy, ýöne bu täze tehnikady, ony özleşdirmek ep-esli töwekgelçilik bilen baglanyşyklydy. Hut şu MiG-de, ykbalyň elhenç oýny sebäpli, 11 ýyldan soňra Gagarin hem wepat bolar; 1960-njy ýyllar üçin bu eýýäm adatdan daşary waka bolupdy. Emma şol wagt MiG-15-lerde heniz gurluşynda düzedilmedik kemçilikleri köpdi (hususan hem, ol aňsat ştopora girýärdi — ýagny bir wag­tyň özünde dikligine öz okunyň daşyndan aýlanyp, şol bir wagtda-da peselýärdi — we uly kynçylyk bilen ondan çykýardy), we MiG-da wepat bolan uçarmanlaryň jesedi bolan haltalara guýulýan “Şipr” atyrynyň ysy 1950-nji ýyllaryň köp uçarmanlaryň ýadynda gowy saklanypdy (burnundan gidenokdy).

Örän anyk — we bulaşyklyk Gagariniň mugallymy Akbulatowyň gürrüňine görä: MIG-15 Gagariniň köp ganyny içdi, diňe Gagariniň instruktorlaryndan tutuş eskadrilýa düzmek mümkin diýen duýgy bardy. Onuň işdeşleri bireýýäm özbaşdak uçýardylar, emma ol bolsa öňküsi ýaly okuwdan çykarylmaly edilenleriň maksatnamasynda galdy. Gagarin pilotirlemegiň tejnikasynda — gonmak profilini ýokary derejede deňlemekde şol bir ýalňyşy goýberýärdi.

“Ony Iwan Miheýewiç Polşkow barlapdyr we Gagarini geljekki özbaşdak uçuşlardan aýyrýar. Rugsat bermeýär. Elbetde, şeýle urgyny instruktorlar, onda-da Anatoliý Grigorýewiç Kolosow ýaly ýaşlara başdan geçirmek kyn düşýär. Gagarin hem, özüniň goýberilmeýändigini, diýmek, henizem kemçilikleriň köpdügini görüp, eginlerini aşak sallap, burnuny ýerden galdyrman, birhili susty pes bolýar. Elbetde, bu örän erbet. Gagarini ençeme sapar barlagdan geçirdiler — hemmesi “kanagatlanarly” baha boldy. Özbaşdak uçmak üçin berk dörtlik ýa-da bäşlik bolmalydy. Ýuriý Gagarin bilen uzak işlediler. Ine, Iwan Miheýewiç hatynda şeýle ýazýar: “Öň Ýuriý Gagarin nazaryýet boýunça diňe bäşlige okaýardy diýip görkezilýärdi, MiG-15Bis-däki uçuşlara degişlilikde bolsa, düýpli kynçylyklar bardy. Onuň özbaşdak uçmagy üçin, men onuň bilen üç gezek uçmaly boldym. Üç gezek taýýarsyzlygy sebäpli uçurym bolmagyna ýol bermedim. Uçuşda ýetişmezliginiň bir bölegi Ýuriý Gagariniň gysga boýydy, 1 metr 62 santimetr, bu gonjak bolnanda ýere çenli aralygy kesgitlemegi kynlaşdyr­ýardy. Onuň ukyplary bilen baglanşykly başga-da sebäpler bardy. Uçuşlaryň hili we okuwy gutarandan soň hem özbaşdak uçuşy ortaçady. Ony uçilişeden çykarmak barada mesele durdy. Çykarmak baradaky resminama taýýarlanypdy. Emma haçanda instruktor Kolosow uçuş meýdandan uçup geldi we menden Gagariniň okuwyny dowam etdirtmegi haýyş etdi, öz haýyşyny Gagariniň gözýaş bilen oňa uçmaga rugsat bermegi soraýandygy bilen esaslandyrdy, men ony okuwyny dowam etdirmek üçin goýdum”.

Men ýazanlary birazajyk giňişleýin düşündireýin. Hakykatdan-da, Ýuriý Gagarine uçmak kyn bolupdyr. Kolosowyň ýanynda okuw uçarynda-da, söweş uçaryn­da-da. Iň erbedi — bu gonmagyň ýokary profili. Gonmak — uçarman üçin esasy element. Ine bu ýerde Iwan Miheýewiç munuň sebäbiniň Ýuriniň gysga boýludygy diýip ýazýar. Siz bilýäňizmi, men muňa beýle diýjek däl. Men Ýuriý Gagarinden iki-üç santimetr hem gysga, belki, eýýäm meniň nähilidir bir tejribäm bardyr: meniň uçuşlarym, esasan gonmagym, gowy we ýokary hillidi. Bu ýerde mesele başga. Gagariniň beýleki kursantlar bilen deňeşdirilende, okuw uçarlarynda iki esse az uçuşy bardy. Şol sebäpli onuň tejribesi azdy we uçuşlar, esasanam esasy bölekleri: uçuş, hasaplama, gonma has kyn başardýardy. Wagtyň geçmegi bilen ol, haçanda uçmagy dowam etdirende,has köp tejribe, praktika toplanda, üstünlige ýeter. Ikinjiden, Iwan Miheýewiç ony üç gezek barlandygyny we boşatmak üçin resminamalaryň berilendigini nygtaýar. Men ýakynda Orenburgda bolamda polkuň komandiri we komandiriň öňki orunbasary bilen gürleşdim. Ine häzir men ähli maglumatlary umumylaşdyryp biljek... Gagarin ýarym aýdan gowrak wagt bäri startda gezýär we her gezek özbaşdak uçmak isleýär. Isleg uly, ýöne başa baranok. Kolosow munuň aladasyny edýär. Şol wagt toparyň komandiri ýokdy. Wagtlaýyn maýor Pikulew bardy, ol hem öz ekipažy bilen uçýardy we toparyň komandiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi. Indi Kolosowyň diňe özi diýen ýaly galdy. Şonda bolsa maýor Belikow, kursantlaryň zonada özbaşdak uçýandygyny, Gagariniň olardan yza galýandygyny, henizem uçmandygyny, tomusky uçuş ýetişiklik iş tertibini başarmandygy, mundan beýläk Ýuriý Gagarini uçilişeden boşatmak barada Kolosowa resminama taýýarlamagy buýurýar. Kolosow ýazýar we bu materialy Belikowa berýär, ol gol çekýär we polkuň komandirine bu materialy gowşurýar. Hemişe bolşy ýaly, toparyň komandiri başagaý bolýar, komandiriň işi köp bolýar, eli degmänden soň, ol resminama şol bada gol çekmändir. Gagarin bolsa eýýäm uçuşlardan çetleşdirilipdir. Eger eýýäm çykarmak hakynda teklip ýazylan bolsa bolany. Şonuň üçin hem, elbetde, kyn, kyn ýagdaýda gezip ýör: gözlerini galdyranok, kellesini aşak sallapdyr. Ol instruktor Kolosowyň, Belikowyň ýanyna özüni alyp galmaklaryny haýyş edip barypdyr. “Men isleýärin, men hökman uçarman bolmaly”. Emma material eýýäm ugradylypdyr.

Haçanda Kolosow uçary esasy howa meýdanyna sürüp eltende, ol ýerde topa­ryň komandiri Iwan Miheýewiç Polşkowa duşýar we Gagariniň uçarman bolmak isleginiň uludygyny, resminama gol çekmezligini we okuwyny dowam etmek üçin goýmagy haýyş edýär... bu ýaş ýigidiň uçarman bolmak islegi örän uly diýýär. Ol ähli güýjümiz bilen oňa uçarman bolmaga kömek ederis diýip meseläni goýýar. Şonda Polşkow razylyk beripdir we Gagarin okuwyny dowam etdirmek üçin, öňki uçuşla­rynyň üstüne birnäçe goşmaça uçuş goşupdyr. Munuň üstesine-de, leýtenant Kolosowa kömek etmek, ekipažda indi hemme zadyň kadaly bolmagy we yza galýan Gagarini uçurym edip ýetişdirmek üçin orunbasary Grigoriý Konstantinowiç Serkowy çagyrypdy. Podpolkownik Serkow Kolosow bilen bilelikde bu işe girişipdir. Onuň özi Gagarin bilen näçe gün aýlaw boýunça — sparkada barlag uçuşlarda uçupdyr we her gezek oňa ol eýle däl, bu beýle däl — esasan gonmak diýip bellikler edipdir. Gagarin muny görüpdir, düzedipdir we geljekde adaty gonmagy amala aşyrypdyr. Ol özbaşdak uçmagy şeýle bir isleýärdi welin, ol “bilýärdi”, özbaşdak uçuşdan soňra, däp bolşy ýaly uçarmanlar hemmelere uçuş papiroslary diýip atlandyrylýan çilim hödür edýärdiler. Onuň planşetinde şeýle gutularyň altysy dagy bardy, olar bu wagta çenli durup eýýäm könelenipdi. Elbetde, ýaş ýigidiň susty örän pesdi. Gagarin bilen iki, üç gezek uçup onuň öz ýalňyşlyklary görüp, düzedip we adaty gonmagy başarjakdygyna göz ýetiren podpolkownik Serkow ony özbaşdak uçurmaly diýen karara gelýär. Biz onuň bilen öňünden gürleşdik: “Ýalňyşlygy görýäňmi?” — “Görýärin.” — “Men häzir seniň bilen bile uçaryn: — hemme zady seniň özüň edersiň, eger-de uçaryň kadadan çykanyny görseň, diýmek, özüň düzedersiň we adaty gonuş edersiň. Ol muny etdi. Şondan soň Serkow: “Söweş uçaryny görýärsiňmi, mün we özbaşdak uç,” — diýdi. Gagarin begençden ýaňa uçara tarap ylgady, Serkow ony yzyna gaýtardy we şeýle diýdi: “Ýok, sen dynjyňy al, otur. Söweş uçarynyň ýanyna ýuwaş-ýuwaş ädimläp git. Ylgamak hökman däl, onsuzam sen alada edýärsiň, nerwleriň dartgynly, ylgasaň bolsa — pulsuň şol bada 200 bolar. Hemme zady kadaly etmeli”. Şondan soň Serkow ony pyýada uçara ugratdy. Gagarin uçary tehnikden alyp, kabinada oturýar. Serkow, leýtenant Kolosow gelýärler, onuň nädip oturandygyny we hemme zady işledip-işletmändigini barlaýarlar. Gagarin:”Men 210-njy — işledeýinmi” — diýip soraýar. “210-njy, işlet” — diýip, Belikow jogap berýär. Ol hatda Gagarini özbaşdak goýberýändigini hem bilmeýärdi. Gagarin dwigateli işledip, 210-njyny ýola dogrulaýar, Belikow Serkowa habar berýär: “Siz näme, 210-njyny goýberýäňizmi?” — “Hawa, goý uçsun, hemme zat kadaly”. 210-njy ýola dogrulanýar we uçýar. Örän oňat ýola düşdi, ugry anyklady soňra gonmak üçin ýola düşýär, ýere ýakynlaşýar, profil biraz beýikdi, bu beýikligi düzetdi we gonmagy ýerine ýetirdi. birinji uçuşyny amala aşyrdy, diýmek, ol özbaşdak uçdy. Özbaşdak uçdy — ol eýýäm uçarman”.

Gagariniň özi, howa söweş tälimçisi Akbulatowyň, oturgyçda ýassyjyk goýmaga rugsat berendigini, şeýdip, ýeriňden turman görüş meýdanyny giňeltmek bolýardy diýip ýatlaýar. Bu ýassyjygyň hakykatdan hem nä derejede peýdaly bolandygyny aýtmak kyn; näme diýseň hem ”beýik profilde” köp kursant boýuna garamazdan ýanyp­dyr — we rehimsizlik bilen okuwdan çykarylypdy. Gagariniňki şowuna boldy. Gagariniňki başga bir tarapdan hem has şowuna boldy: käbir sebäplere görä (belki, uly kursdaky kursantlaryň köpüsini sapaklaryna ýetişmändikleri, tertip-düzgüni bozandyklary we saglyk ýagdaýy sebäpli okuwdan çykarn bolmaklary ahmal; belki, Hruşýowa şol wagt raketa goşunlarynyň bolmagy awiasiýanyň häzirki zaman söweşde tutýan orny azalýan ýaly — kursantlary goşmaça bir ýyl bilim bereniňden, býudžeti raketa öndürmek üçin sarp etmek gowy ýaly bolup görnen bolmagy ahmal) “uçilişäniň ýolbaşçylary wagtyndan öň çarmanlaryň eskadriliýasyny goýbermek barada ýumuş alypdyr”, näme diýseň ony — üç kursantyň birini, kim eýýäm özbaşdak uçup bilýän we uçarmanyň şahadatnamasy bolany, — wagtyndan öň ikinji kurs­dan üçünji uçurym kursuna geçirdiler. Bu, elbetde, oňa gaty peýdaly bolýar: ol bir ýyl utýar — kazarma durmuşy gysgalýardy, ol ofiser derejesini alýardy, wezipe almak mümkinçiligi, pul gazanmak; mundan başga-da, hut tiz okuwy gutarmagy bilen we netijede Gagarin kosmonawtlary saýlamagyň maksatnamasyna düşýär. Şowlu­lygyň beýleki tarapynda bolsa, kursdaşlarynyň yzyndan ýetmek zerurlygy bardy — na­zaryýeti erjellik bilen alyp boljakdy; emma uçuş tejribesini tizleşdirmek has kyn boldy. Mundan başga-da, ol “salaga” “garrylaryň” toparyna düşýär, bu hem psihiki raharlygy bermeýärdi.

Gagariniň kursantlyk durmuşynyň, özüniň “Kosmosa barýan ýolda” beýan edişi ýaly, gowy bolmandygyny, Lidiýa Obuhowanyň kitabyndaky eýýäm görkezilýän gyşarmalar bilen hem düşünip bolar. “Iki gatly krowatly uzyn kazarmalar — ola­ryň täze jaýy — belli bir berk düzgünlere laýyk gelýärdi. Emma ÇWAUL-yň başlygy tarapyndan tassyklanan gün tertibinden başga, täze gelenler bilen “garryjykla­ryň” arasynda gatnaşyklaryň çylşyrymly dünýäsi hökmany gutulgysyz suratda ýüze çykmalydy, gowulaşmalydy we durnuklaşmalydy. Baştutanlygyň we awtoritetiň göze görünmeýän basgançagy... özüňi söýmek oýny käwagt rehimsiz görnüşlere eýe bolýardy. Gijäniň içinde seresaplyk bilen ýöreýän ýalaňaç aýaklaryň çywşyldysy, otluçöpiň gutusyna sürtülýän sesi eşidildi. Bursaklaryň gadymy hilelerini täzeden dikeldip, ýakylan kagyz bölegi ukyda ýatanyň: ýaňyja bellenilen komandiriň kömekçisi Gagariniň ýalaňaç dabanynyň ýanynda lowlap gitdi. Erbet oýnuň şol bada öňi alyndy. Gijeki bezzatlar ýyldyrym çaltlygyndaky reaksiýany öňünden görüp bilmediler. Gazet bölegi otly kepderi ýaly ýokarky sekä düşen badyna, Gagarin eýýäm iki aýagynda poluň üstünde durdy. Sessiz uruş başlandy. Täze gelenleriň ikinji komandiriň kömekçisi Gundarew Ýuriý ukudan birnäçe sekund oýandy we güýçli balygyňky ýaly takyk hereket bilen derrew gijeki zibile çümüp girdi.”

Birnäçe onýyllykdan soň, ýazyjy Tatýana Kopylowa — Gagarina Anna Timofeýewnanyň “Slowo o syne” diýen kitabynyň awtordaşy — has aç— açan bir zat çap etdi. “1984-nji ýylda Orenburgdan meni we Anna Timofeýewnany gyzyklandyrýan hat geldi. Ol Çkalowskiý uçuş uçilişesine birikdirilen reaktiw söweşijilerň polku­nyň öňki serkerdesi, otstawkadaky polkownik Iwan Miheýewiç Polşkowdandy. Geljekki harby uçarmanlar bu polkda okuwy gutarmankalar iň soňky tejribelerini geçipdirler. Iwan Miheýewiç özünde hiç ýerde çap edilmedik we hatda agzalmadyk resminamanyň bardygyny aýtdy. Haçanda biz görüşenimizde, ol saralan kagyzlary maňa tarap süýşürdi. 1957-nji ýylyň 4-nji marty diýen senä, goýy-gara şrift bilen tapawutlandyrylan familiýalara we jümlä gözüm düşdi: 1957-nji ýylyň 28-nji fewra­lyndan Günorta-Ural Harby tribunalynyň 1-nji ÇWAUL-yň günäkärlenýän kursantlary I. L. Buşnýowa, B. G. Şpanko, E. N. Oşurkowa wzwodyň komandiriniň kömekçisi seržant Gagarine gullukda talap edendigi üçin urandyklary üçin ýazgarýan hökümi yglan edilýär. Günäkärlenýän Buşnýow, komandiriň kömekçisi seržant Gagariniň gulluk boýunça talapkärliginden närazy bolup, günäkärlenýänler Şpanko we Oşurkowy Gagarini urmak üçin boýun edipdir, olar muňa öz razylygyny beripdirler. Bu — Şpankonyň işjeň gatnaşmagyndaky — niýeti amala aşyrmak üçin, 1957-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda gije, haçanda ýatmak üçin çyralar söndürilip ähli şahsy düzüm, şol sanda Gagarin hem, uklanlaryndan soňra, Oşurkow we beýleki kursantlar Gagarina topulypdyrlar we ony enjipdirler, şonda Şpanko bilen Oşurkow özleri tanalmaz ýaly kellelerini polotensa-süpürgiç bilen daňypdyrlar, şol wagt Buşnýow bolsa ýolbaşçylardan kimdir biri gelen ýagdaýynda Gagarini urmagy ýerine ýetirýänleri duýdurmak maksady bilen üçin kazarmanyň girelgesinde durupdyr. Netijede Buşnýowyň, Şpankonyň we Oşurkowyň jenaýatçylykly hereketleri netijesinde seržant Gagarin urulypdyr.”

Kellelerine daňylan süpürgiçli mekir hilelerine garamazdan (Şpanko bilen Oşurkowyň şol pursat kime meňzändikleri barada pikir etmek gorkunç), jenaýatçyla­ryň kimdigini anyklamak başartdy; olara geçirimlilik edip durmadylar we olary kazyýete berdiler. “Kazyýet mejlisinde günäkärlenýänler beýan edilen jenaýat hereketlerini boýun aldylar we doly düşündiriş berdiler... Beýan edileniň esasynda Harby kazyýet Buşnýowy, Şpankony we Oşurkowy şahs toparyny harby gulluk boýunça borçlaryny bozmaga mejbur etmekde, ýagny 193-4 p. “b” UK RSFSR” maddasynda göz öňünde tutulan jenaýatda günäkärledi. Soňra hökümde jezalar görkezilipdir: Buş­n­ýow we Şpanko hersine düzediş-zähmet lagerinde 3 ýyl bolmak, Oşurkowa bolsa düzgün-tertip batalýonynda 2 ýyl bolmak, üçüsi hem hukuklaryny ýitirmändirler... Soňra Iwan Miheýewiç 1957-nji ýyldaky wakalara düşündiriş berdi. Wzwo­dyň ­kömekçi serkerdeleriniň ýakymsyz — içerki düzgünini üpjün etdirmek: ukudan oýarmak, maşk etdirmek we sapaklara gatnaşdyrmak borjy ýüklenipdir. Gagarin elmydama bu borjy özi üçin we beýlekiler üçin hem kadadan çykman ýerine ýetiripdir. Onuň talapkärligi üç dostuň göwnünden turmandyr. Esasanda olary irdenki maşk üçin ir turmak bizar edipdir. Ine olar seržanta — oňa gulak asmajakdyklaryny duýdurypdyrlar. Emma ol bolsa berk jogap beripdir: “Her kim goşundaky tertip— düzgüni ýerine ýetirmeli”. Üç dost haýbatlaryny gaýtalapdyrlar. Komandiriň kömekçisi ýene-de: “Kadadan çykmaklyk ýok!” — diýip tassyklapdyr. Soňra haýbaty amal edipdirler. Gagarin erbet uruldy, tä huşuny ýitirýänçä — ony birnäçe gün hassahana ýerleşdirdiler. Beýleki kursantlar bezzatlaryň ýolbaşçylaryň ýanyna barmaklaryny talap etdiler. Kazyýet mejlisi bir aýdan soň geçirildi. Bu wagta çenli Gagarin eýýäm sagaldy we öňküsi ýaly özüniň kiçi serkerde borçlaryny ýerine ýetirdi”.

Wakalaryň maşka turuzmak bilen bagtly dawa-jenjeldigi has çyna ýakyn bolup biler, onuň biraz başgaça görnüşini Gagariniň kursdaşy beýan edipdir: “Gagarin službistdi”. <...> Ol eskadrilýanyň starşinasydy we kursantlaryň ähli hukuk bozulmalary, hatda daşyna çykyp gijä galyp gelýändiklerine çenli ýolbaşçylara habar berýärdi. Özüňiz düşünýärsiňiz, ýaşlar, gyzlar bilen aýrylyşmak islemeýärler, şol sebäpli gijä galýardylar. Gagarin olar barada habar berýärdi. Bir gezek ýigitler oňa “güp-basdy” gurnadylar we beýle zatlary etmeli däldigini Gagarine düşüner ýaly etdiler.”

Gagariniň “hemme kişiden köp gerek adamlardandygyny” mugallymlaryň biri I. Skutin hem ýatlaýar, — onuň sözlerine görä, düşünjeli Gagarin bir gezek KPSS — iň taryhyndan synagdan geçip bilmedik kursdaşyna:“ Sen näme, Sowet goşunynyň uçarman-ofiseri bolasyň gelenok-da, howa arabaçysy bolasyň gelýärmi?” — diýip käýäpdir.

Gagariniň güp-basdy” taryhy barada bu kitabyň awtoryna beren interwýura­synda Gagariniň gulluk eden ýerinde, 1957-nji ýylda uçar goşununyň baş inženeriniň orunbasary bolup işlän W. S. Kislow tassyklady.

Bu epizod, ýöne, Gagariniň goşunda gullugyny dowam etdirmek höwesini gaçyr­mady; goşun şeýle bir gurluşdy, ol dürli tarapdan onuň häsiýetine laýyk gelýärdi — we ömrüniň ahyryna çenli şonuň içinde boldy. “Çagalykdan men goşuny gowy görýärdim”. “Kosmosa barýan ýol” diýen kitabynda harby däl adamyň inini tikenekledýän birnäçe setirler bardy — onda Gagarin biraz söweş robotyny ýatladýar.

“Maňa aýaga dolaga we ädige, şinele we gimnastýorka öwrenişmek gerek bolmady. Kazarma elmydama arassa, ýagty, ýyly we owadandy, suw baklaryndan başlap, oturgyçlara çenli ýalpyldaýardy.

Men hem esger boldum, wzwodyň rahatlygy hem, hatara durmak hem, tertibi hem, “setire dur” diýen ýagdaýdaky raportlar hem, esger aýdymlary, gündizki nobatçynyň: “Tu-ru-uň!”— diýip, süýndirilýän ýiti sesi hem maňa ýaraýardy.

Men fiziki maşklary, sowuk suwa düşmegi, düşegiňi tertiplemegi we kazarmadan naharhana ertirlik naharyna gitmegi gowy görýärdim. Goşunda gulluk eden döwrümde bir gezek hem käýinç almandym, içerki tertip-düzgünleri berk berjaý etdim. Bölümde hemme zadyň: işiň hem, naharyň hem, dynç almagyň hem we ukynyň hem bellenilen wagtda bolup geçýändigi meni begendirýärdi. Gündelik gaýtalanýan zatlar meni sähelçe-de gynandyranokdyr. Goşunda men düzgünnamalar boýunça ýaşamaga we okamaga endik etdim. Düzgünnamalar durmuş, okuw we gulluk bilen baglanyşykly ähli soraglara jogap berýärdi, nädip gulluk etmelidigini, harby işi öwrenmelidigini, ýaraglary we harby enjamlary özleşdirmelidigini we gündelik syýasy düşünjäni ýokarlandyrmagy anyk görkezýärdiler. Haçanda men boş wagt tapanymda, düzgünnama göz aýlaýardym. Ol meniň durmuş kanunym boldy”.