Tankçy ýa-da “Ak gaplaň”
(romandan bölek)
Öňki ýaly ol barada diňe bir zady — onuň Kursk halkasyndan huşsuz halda gelendigini bilýärdiler. Ol baradaky ujypsyzja maglumatlar ynamsyz zynjyr arkaly gelipdi: remontçylar — tonna ýarymlyk maşynyň sürüjisi — meýdan ewakogospitaly. Maýor-hirurg başga maglumatlaryň ýoklugy sebäpli, ýany bilen iberilýän resminamalara howlukmaç “nämälim tankçy” diýip ýazyp goýberdi. Gyşda Iwan Iwanyç doly sagalgy. Şeýle-de bolsa, ol özi barada hiç zat gürrüň bermegi başarmaýardy we ýönekeýje sözleri hem entek kynlyk bilen aýdýardy. Emma ähli buýruklara doly düşünip, ýerine ýetirýärdi, mundan başga-da, özüniň täze ady tutulanda, göwünjeňlik bilen “hä” berýärdi. Ahyrsoňunda ony barlagdan geçirdiler we sagat diýip ykrar etdiler. Öz dogduk mekanlaryna diňe göze mese-mälim görnüp duran maýyplary ugradyp, galanlaryny: kontuziýalylary, ýananlary, hatda ýatkeşligini ýitirenleri hem täze düzülýän bölümlere ýollaýardylar. «Bagty getirenleriň» yzyndan hemişe dürli bölümlerden täjirler gelýärdi. Ykbalyň has gülüp bakanlary bolsa reaktiw minomýotçylaryň gwardiýa polkuna düşýärdiler. “Katýuşaçylaryň” arasyndaky ýitginiň göterimi iň az möçberde hasap edilýärdi. “Harby olja ýygnaýanlar” we aerodrom üpjünçiligi gullugy elýetmez saýylýardy. Pyýada goşundakylaryň we artilleriýaçylaryň ýükli arabalarda oturmak mümkinçilikleri az däldi. Iwan Iwanowiçiň welin, gelejegine bolan hiç hili ynam ýokdy. Demir sürülerde ýitgi güýçli bolanlygy sebäpli, ýokarkynyň hut Özüniň buýrugy çykypdy — diri galanlaryň ählisini yzyna, mehanizmleşdirilen korpuslara ugratmaly.
Eger-de, sagalan esgeriň ýanynda maýoryň ýazyp ugradan höküm-ýazgysy bolmadyk bolsady, onda Iwan Iwanyçy ýükli arabaçylaryň düzümine aňsatlyk bilen ýazardylar, ýöne bu ýerde töwekgelçilik etmezlige çalyşdylar. Bölüji topar özüniň pajygaly tejribesi boýunça kim-de kim seýrek hünärmenleri degişli ugra ibermän, olary tyldaky bölümlere ugradaýsalar, gaty berk barlagyň garaşýandygyny bilýärdi. Gospitalda resminamalara uzak seljerme berip durmadylar — gorkunç adama täze — Iwan Iwanowiç Naýdýonow diýip, ak kagyza gara syýa bilen ýazylan täzeje kitapça berdiler. Milletini anyklamak üçin hem kösenip durmadylar — aksentsiz gürleýär, diýmek milleti rus. Doglan ýeri — gospitalyň salgysy. Partiýa degişliligi — partiýada däl (eger öň kommunist bolan bolsa-da haýry ýok). Käri — tankçy. (Soň baran ýerinde nirä ibermelidigini düşünişerler). Diňe ýaşyna gezek gelende kynçylyk ýüze çykdy. Nädip hem bolsa ýaşyny hiç bolmanda çak bilen anyklamaga çalyşdylar (Iwan Iwanyç şu wagt öň başga biriniň reňki solup agarýança geýen eşiginde durmuşyny täzeden düzüjileriň öňünde dim-dik bolup durdy) — emma doly ýanandygy sebäpli anyklap bilmediler, näme bolsa, şol bulsun edip, asyr bilen yaşytdaş edip ýazdylar.
Ähli işsiz lukmanlardyr şepagat uýalary Naýdýonowy ugratmaga daş çykdylar. Bu täsin we lukmançylyk ylmynda düşündirip bolmaýan bir ýagdaýdy. Ýarsgyndan egrelen tankyň içinde tutuş bir hepde bolan, endamynyň togsan göterimi ýanan, diri galmaga hiç hili mümkinçiligi bolmadyk, edil mazardan çykan ýaly bolup, bir merhumyň aýagyndan çykarylan ädikde, uzyn syýly, boýundan has uzyn bolýan, köp ýerini ok deşen şinelde, sowukdan ätiýaç edilip, eňeginiň aşagy bagjyk bilen saralan, esger telpekli basgancakdan düşüp gelýärdi. Tankçynyň arkasyna horja “sidor” ýelmeşip durdy. Onda bolsa sabyn bölegi, bir buhanka çörek we bir banka amerikalylaryň buglanyp konserwirlenen eti — eskulaplaryň sahylyk bilen eçilen sowgady bardy. Gimnastýorkasynyň döş jübüsinde bolsa onuň kimligini düşündirýän täze esger kitapçasy bardy.
Ony ýük maşyny äkitdi.
Iwan Iwanyçyň peýda bolmagy Çelýabinskiniň eteginde täze döredilýän brigada ýatdan çykmajak täsir etdi. Haçan-da şahsy düzüm nyzama duruzylanda, endamy ýanyk yzlaryndan we çapykdan doly otuz ýylyň weterany, hemişe şol bir gaýtalanýan sözleri üçin, Geçi Aýajyk diýlip lakam goýlan serkerde hümürdemän durup bilmedi:
— Onuň ýüzünde, geçi aýak, gotur açan dek, abat ýeri yok!
Soňra gödek— brigada serkerdesi täze gelene öňe çykmagy buýurdy:
— Nireden?
Iwan Iwanyçyň «niredenligini» özem bilenokdy.
Ýigdekçe — rota serkerdesi, sakawlap, podpolkownige ýagdaýy düşündirdi.
— Kim how, geçi aýajyk!? Başnýormy? Mehanikmi? — diýip, brigadanyň serkerdesi biljek bolup çintgedi.
— Resminamalarda tankçy diýlip ýazylan, — diýip, leýtenant çykgynsyz ýagdaýda janyýangynly seslendi.
— Onda ok salyjy edip alyň!
Asyl, bu elhenç urşuň hötdesinden tankyň başnýasynda oturýanlar gelip bilýärler — ol ýerde diňe gödek güýç gerek, başarmaly zadyň: top okuny getirmeli we garymdan peşeňleri daşyna oklamaly. “Oskolkalymy”, “brony deşijimi” — bu zatlary bolsa barypýatan samsygam tapawutlandyryp bilýär. Gözlerindäki şikes üçin «kelle süňki» diýlip lakam berlen, hatarçy Naýdýonowdan şulardan başga üýtgeşik bir zat talap edilenokdy. Bu aldym-berdimli başagaýlykda hiç kim oňa ünsem berip baranokdy (ýöne onuň daş görnüşi ünsüňi özüne çekýärdi).
Umuman, iň hysyrdyly iş tankçy ekipažçylara degişlidi. Mysal üçin, ilki üç-dört hepdelik bolgusyz taýýarlyk görülýärdi, soň fronta tarap gitmelidi, aňyrda bolsa birinji söweşde “otuz dörtlük” tutuş ýanmasa ýene ýagşy. Böküp çykyp halas bolýanlary garym-gatym edip, ýene işe girizýärdiler.
Ýatkeşligini ýitiren Iwan Iwanyç, hemmeler bilen bir hatarda, gulak asyjylyk bilen şurruk corba sümürýärdi we baraklarda sowukdan saňgaty bolup üşeýärdi (ýalaňaç tagtalaryň üstünde şinelleri ýapynýardylar). Emma, iň bolmanda ýakyn gelejek üçin, onuň ykbaly anyklanypdy. Ekipaž dürli-dümendi: şol leýteha-oglanjygy serkerde edip bellediler, ýaşy durugşan özbegi şürüjilige kesgitlediler, edepsiz hem jalataý moskwaly öňki ogrynyň özi radist bolmaga isleg bildirdi.
Bir aý geçip geçmänkä, gysga wagtda (uzak wagtlyk däl) jemlenen dörtlük Çelýabinskiniň traktor zawodynda, T-34-76*-nyň iň soňky tapgyrlarynyň ýygnanýan ýerinde peýda boldular. Sehlerde Naýdýonowy görenlerinde, ah diýmedik we uludan dem alyp geňirgenmedik az boldy. Ýetginjekler we aýallar gorksalar hem bilesigelijiliklerini gizläp durmadylar. Iwan Iwanyç bolsa bilesigelijilere ünsem bermän, diňe zawodyň naharhanasyndan goşmaça nahar edinmegiň aladasyny edýän özbek bilen ogrudan tapawutlylykda, şaýlary özi alyp bermäge isleg bildirdi. Ýigdekçe-leýtenant gol astyndakylar bilen gatnaşykda bar güýjüni edip, öz abraýyny saklamaga çalşyp, hiç bolmanda oňa munuň üçin minnetdar boldy. Moskwaly ogry radistiň aç-açan gaharlanmagyna we özbegiň gorkusyna garamazdan, tank gözüň alnynda ähli zady ýerbe-ýer bolup barýardy: korobka transmissiýa, katoklara we zynjyrlara eýe boldy, gezek dwigatele we içinde bolmaly ýönekeý zatlara ýetdi, soň başnýany ýerine düşürdiler.
Hemmeler üçin tolgunyp garaşylan gün gelip ýetdi: serkerde çakgy, sagat we kompas aldy. Ekipaža uly brezent bölegi berildi. Täze dünýä inen «otuzdörtlügi» sehden zawodyň uly howlusyna, täze toparyň ugradylmagyna garaşylýan ýere geçirmek üçin taýýarlyk görýärdiler.
Ine, edil şu ýerde hem Iwan Iwanyç özüni görkezdi.
Göräýmäge, nämedir bir zatlar onuň kellesinde uçgunlady, aragatnaşyk açylyp başlandy we ählumumy bihuşlygy tüýt-müýt etdi. Tankyň sehden howla çykarylmaly wagtynyň edil öňüsyrasynda Iwan Iwanyç tankyň içindedi — leýtenent haýsydyr bir köne-küşüli çykarmagy haýyş etdi. Haçanda Naýdýonowy birnäçe gezek çagyranlarynda, ol edil temmäki gutusyndan çykan jyn ýaly, mehanigiň lýugyndan ýarym göwresini çykardy — ol göçgünli ýagdaýdady. Ekipaž we işçiler tisginip gitdiler. Iwan Iwanyç ýene ýitirim boldy. “Gutynyň” garaňkylygynda gözleri edil eýmenç faralar ýaly ýandy. Hiç kim biragyz gürläbem ýetişmänkä tank otlandy. Leýtenent, moskwaly hem Kokandyň ýaşaýjysy bilen bir tarapa — sazlaýjyar beýleki tarapa böküp düşdüler. T-34 ýerinden batly gobsundy we iki hatar duran birmeňzeş deň-duşlarynyň arasyndan dar derwezä tarap myçyp ugrady. Akylyndan azaşan Naýdýonow tizligini peseltmedi — onuň ýolundakylaryň ählisi gaçyp ýetişdiler we betbagtlyga taýynlyk gördüler. Tank özünde bar bolan mümkinçiligi bilen tizligini artdyrdy. Yzyna tüsseden bulutlary zyňyp, katoklary bilen rehimsiz şakyrdap, ol hakyky betbagtçylyga gümansyz golaýlaşýardy. Köpçülik, şol sanda aňkasy aşan serkerde — leýtenant hem eýýäm bolaýmaly şakyrdydyr jatyrdyny göz öňüne getirýärdiler. Emma “otuzdörtlük» tizligini gowşatman, iň ýokarky tizlikde Ssilla bilen Haribdanyň üstünden böküp geçdi, yzyna öwrüldi we ýene-de otuz metr dagy ýöräp, tanklaryň arasynda öwrüm berip, edil ýere gömlen ýaly bolup, howluda durdy.
Gaty gorkan serkerde ylgap geldi. Özbek bilen jalataý radistem ylgap geldiler. Howla bilesigelijilerem döküldiler. Iwan Iwanyç hem bulara tarap böküp çykdy. Ol özüniň içýakgyç ýylgyrşy bilen syrtardy. Ol titremekden ýaňa rahatlanyp bilenokdy. Onuň ýadyna düşdi, has takygy, onuň elleri ýadyna düşürdi.
Hiç hili şek-şübhe galmady; bu ýanan, ýatkeşligini ýitiren göze ilginç sypaty bilen ýüregiňi awadýan we naýynjar gorky döredýän tankçy öňki durmuşynda mehanik, jemläp aýdylanda, gaty ussat sürüji bolypdyr.
Diri galmak mümkinçiliginiň iki esse azalandygyna garamazdan, özbek derrew begenip başnýa çykdy. Düşbi moskwaly ogry, häzirki radist, kim bilen dostlaşmalydygyna derrew göz ýetirdi. Ol Iwan Iwanyçyň elleriniň işli wagty, çilim dolap ýasaýardy, ony çekip tutaşdyryp, onuň gorkunç agzyna berýärdi. Mundan başga-da, ýörişde ol her gezek gulluga gaýym ýagdaýda tizligi sazlaýjy leňňeri Kellesüňk bilen bilelikde tutup çekýärdi, sebäbi näme üçindir bu T-34-76-da hemme sürüjileriň gargyşy siňen, amatsyz dört tizlikli korobka durdy**.
Eşelona ýüklenmezden öňürti, brigada elli kilometr ýol geçip, okuw-türgenleşik meýdançada atyşypdy. Gyş otuz derejäniň aşagynda şatladýardy, «korobka» tutuşlygyna doňupdy. Kellesüňküň dolandyrýan tanky öwrümlerde gazaply arlaýardy, eňňitlere çykýardy, topuny ýokary galdyryp, ondan aşak düşýärdi, şol bir wagtda hemmäni güýçli silteýärdi, özbek çalaja eşidilýän ses bilen doga okaýardy, ýetginjek-serkerde ýüzüne kän şikes ýetirip, dişlerini gysyp, serkerde üçin niýetlenen başnýa-nurbatjykdan ýola zordan gözegçijik etjek bolup synanyşýardy. Radist hiç zat görünmeýändigi üçin, dilini dişlemekden ätiýaç edip, çalt-çaltdan sögünýärdi. Diňe Iwan Iwanyç, arrylda has meňzeş bir ses çykaryp, “Otuzdörtlügi” gazap bilen tarp ýere hem bozulan ýollara tarap gönükdirýärdi. Ol indi, özbek bilen serkerde barada aýtmanyňda, hatda ogryny hem üşertdirip, hemişe nirädir bir ýere dyzaýardy. Gorkmaga bolsa esas bardy — uly açylan agzy, sabyrsyzlyk, galpyldy, diňe sürmek we sürmek — öň hiç kime azary ýetmeýän Kellesüňküň, ine, häzirki bolşy şeýledi. Onuň lýugy açykdy, ýeňsesinde bolsa ýelpewaç işleýärdi. Bu ýagdaýda ähli janly-jandar üşäp doňaýmalydy, ýöne halys güýçden gacan ähli ekipažyň içinden diňe aklyndan azaşan, ýeke-täk mehanik üçin yssydy.
Radio aragatnaşygy boýunça leýtenant saklanmak barada buýruk aldy, ýöne Iwan Iwanyça ýigdekçe sesini eşitdirip bilmedi. Kolonna doňdy, naýdýonowyň tanky bolsa hatardan çykyp, meýdanda, gar syrgynynda bataýjak bolup, öňünde we yzynda gar tozanlarynyň sütünini paýradyp, halkanyň şekilini emele getirmäge girişdi.
Bu ýagdaý kombatyň keseligine tanka tarap okdurylmagy bilen tamamlandy. Geçi Aýajyk biline çenli gara çümüp, “Otuzdötlügiň” edil öňünde diýen ýaly peýda boldy. Edil şu pursatda Iwan Iwanyç özüne geldi. Başnýanyň lýugundan görnen ýetginjek serkerde aglaýjak bolýardy, ýöne ýolbaşçylar bulaşyk wazzy-wuzzulara üns berip durmadylar.
— Sürüjini meniň ýanyma, maşyna iberiň! — diýip, ýaş podpolkownik arlap gygyrdy. — Hany, skelet, bärik gel! — Görkez hany, geçi aýajyk, nähili ukybyň bardygyny! — diýip, Naýdýonowa buýruk berdi.
Şeýlelikde, Iwan Iwanyç serkerdäniň tankynda mesgen tutdy. Leýtenantyň, özbegiň we ogrynyň paýyna bolsa, edil bularyň özleri ýaly, şu hala düşen, tejribesiz ýigdekçe düşdi. Tutuş brigadanyň gözüniň alnynda Iwan Iwanyç “Otuzdörtlügiň” edil ýaňyja diňe hyzlawuk bolup pyrlanmandygyny görkezdi. Maşynlardan çykýan ekipažlar agyzlaryny açdylar. Brigadanyň serkerdesem tolgunmadan ýaňa, Iwan Iwanyçdan kem arlanokdy. Ol endik boýunça aýaklaryny aklyndan azaşan asyň — öz işine ussadyň eginlerine goýdy. Ädik bilen bir gezek ursa, gysga wagtlaýyn säginmek, ýene-de ursa hereketi dowam etdirmeli. Iwan Iwanyç bulary ýadyna düşürdi. Ol başga ähli zady unutdy, emma muny ýadyna düşürdi. Täze öwrenjeleri haýran galdyryp, serkerdäniň maşyny ösen gyrymsy agaçly meýdanda, jarlardyr baýyrlyklarda hakyky sirk oýunlaryny görkezdi.
— Hany, hany, kel melgun! — diýip, Geçi Aýajyk bu mehanigiň indi özünden hiç ýerik sypmajagyna çyny bilen ynanyp, boguk sesi bilen gürledi. Gorkunç Kellesüňk iň soňky pursada çenli onuň bilen bile bolar, ol munuň ýaly mehanigi näçe ýalbarsalar hem, hiç kime bermez, sebäbi ýakyn geljekde halas bolmak üçin ýeke-täk mümkinçilik haçan we nähili öwrülmegi, öwrümde ussatlyk bilen hereket etmegi, tizligi nähili beýgeltmegi bilýän, diýmek, öz wagtynda bökmegi bilýän başarjaň sürüjidir, çünki söweşde, onda-da tankly söweşde hiç zada durmaýan adam ömri sähel salymda üzülýär.
— Seni nädip şonda Halkada atdylar? — diýip, ol “Otuzdörtlük” saklanandan soň mehanige gygyrdy. Iwan Iwanyç özüniň täze serkerdesine tiňkesini dikip, soraga düşünmän, özüne zor saldy.
— Sen nädip ýanmaga milt edip bildiň, geçi aýajygy diýsänim? — diýip,
brigada serkerdesi jogabyň aňyrsyna ýetmek üçin dowam etdi. — Borty goýup ýetişmediňmi?
Şu ýerde Iwan Iwanyç ýene ýadyna düşürdi. Nämedir bir zatlar onuň garaňky geçmişini sekuntlarça ýagtyltdy.
— “Gaplaň”, — diýip, Kellesüňk duýdansyz jogap berdi. — “Ak gaplaň”!
Onuň gözleri ýandy, ýigrençden ýaňa silkinip başlady.
1942-nji ýylyň gyşynda nemesler öňdäki hatarlaryna «Otuzdörtlügiň»*** gudratlydygyna öz jogaplaryny çykardylar; “Henşel” firmasynyň inedördül brontozawrlaryndan ok geçirenokdy, yöne toplary aýratyn howsala döredyärdi, olardan bir kilometr aralykdan hatda KW**** tahklary hem ýanýardy.
Deňiz-taýsyz seýsow optikasy bilen üpjün edilen, «sekiz-sekiz» islendik nyşanany çym-pytrak edýärdi. «Gaplaňlaryň» emaý bilen birsydyrgyn ýüzýän ýaly bolup ýöremegi üçin we topraga ýeterlik derejedäki basyşyň bolmagy üçin jikme-jikligi halaýan nemes mehanikleri katoklary iki hatar edip gurnapdyrlar. Dolandyrmakda ýeňil bolmagy üçin şturwaly ulanypdyrlar. Gabaraly, mazar üstüniň daşy — sarkofag ýaly plitalarda 76-mm snarýadlar deşip bilmän, saklanyp galýardylar. Ähli tarapy okgeçmez edilip, bronlar bilen örtülen bu tomzaklar Kursk topragynda howlukman süýşýärdiler we olar her bir duýdansyz güýçli ýaňlandyryp ot açanynda (ol sesi başga ses bilen çalyşmak mümkin däldi) nobatdaky “otuzdörtlügiň” janyny jähenneme (“otuzdörtlügi” ata-babalarynyň ýanyna) iberýärdi. Olar bukuda wagty hem howpludy. Agaç şahalarydyr saman bilen üsti ýapylan ýekegöz sikloplar T-34-iň, «Grantlaryň» we “Çerçilleriň” hüjümini togtadýardy. Haçan-da, agyrydan hem tüsseden ýaňa aňyny ýitiren tankçylar «gutudan» böküp çykanlarynda, minutda iki ýüz ok atýan ýokary hilli nemes pulemýotlary bir minutda teniňi winegret dogran ýaly kesim-kesim edip, başlan işlerini soňuna çenli tamamlaýardylar*****. Ýöne öz söweşdeşleriniň arasynda hem Jyn aýratyn tehnika saýylýardy. Ol ilkinji gezek özüni Mganyň eteginde görkezipdi. Beýleki agyr agramlylar batgalykda çöküp galdylar, ýöne “Ak gaplaň” edil howada eýläk-beýläk göçýän ýaly — tutuş batalonlary oka tutýardy. Ilkibaşda ol tanalmady — sebäbi gyşyna hemme tanklaram ap-akdy — ýöne welin oňa sataşanlar hökmany ýagdaýda onuň birinji okundan hökman ýanýardylar. Emma baharda, wermahtyň goşuny kamuflýaža geçeninde, elhenç zat mese-mälim bolup saýlandy, şondan bäri hem ol käte Demirgazykda, käte-de Gündogarda öz zalymlygyny görkezdi; ähli ýerde onuň yzynda ýanan maşynlaryň tüssesi hem porsy ysy ýaýraýardy. Jyn her gezek, nähilidir bir ýagdaýda, ruslaryň tylynda peýda bolup, bukudan atýardy. Ol on, kämahal hem on bäş T-34-i kül-peýekun edip ýitirim bolýardy.
1943-nji ýylyň ýazynda ganhor Kurskiniň eteginde tanymal Prohorowka etrabynda peýda boldy. Howa razwedkasy bu hakda Katukow bilen Rotmistrowy duýdurdy******. Şol wagtyň özünde hüjümçi uçarlary ýolladylar, ýöne synanyşyk, hemişekisi ýaly, başa barmady. Ýüzlerçe uçarlaryň okdurylyp gelmegine seretmezden, Uçýan Gollandiýaly bärde hem ak reňki bilen üýtgewsiz saýlanýardy, şeýle hem bu gezek öz söweş tertibiniň öňünde, edil tewton rysary ýaly, sowutlary bilen ýalkym saçyp gelýärdi.
“Otuzdörtlükler” gazap bilen “Gaplaň” tarapa netijesiz ok atdylar. Uzakly günüň dowamynda beýleki “Gaplaňlar” we “Panteralar” üçin ölüm howply bolan SAU-152-niň (ÖAD-152: özi ýöreýän artilleriýa desgasy) ekeje snarýady hem onuň başnýasyny deşmedi*******. Ähli tarapdan söbügine münüp özüni yzarlaýanlary ot açmak bilen özünden daşlaşdyryp, öz gezeginde, öz bortuna onlarça «podkaliberli» we «brondeşijileri» snarýadlary kabul edip, “Ak gaplaň” özüne ok täsir etmeýänliginde galdy — beýik söweşiň ahyrlan pursadynda bolsa ýalnyň we tüssäniň arasynda gutarnykly ýitirim boldy.
* “Otuzdörtlük” — aýratyn tank, onuň döredilişi barada jikme-jik gürrüň etmegiň asla geregi ýok Okyjylaryň ünsüni maşynyň her nurbatjygy hakynda gürrüň edilen köp sanly neşire gönükdirmek ýeterlik Bellenmeli zat: tutuş uruş ýyllarynda tank düýpli kämilleşdirildi (esasan, daşky görnüşine degişli häsiýetler saklanyp galdy) Elbetde, kyrk birinji ýylyň “T-34” tanky bilen urşy tamamlan “T-34-85” tanky deňeşdirer ýaly däl 1941— 1942-nji ýyllarda nemes tanklary we tanklara garşy toplar üçin düýbünden ok geçirmeýän brony we gowşajyk “Pz T-II”, “Pz T-III”, “Pz T-VI”, şeýle hem rus tanklaryna garşy 1000 metr aralykdan hem urmaga ukypsyz bolan we olja alnan çeh “Pz 35(t)” we “Pz 38(t)” tanklarynyň diňe bortuny däl, eýsem maňlaýyndan “döwmäge” ukyply ýaragy bolan “otuzdötrlügiň” mydama hatardan çykýan, doly kämilleşdirilmedik dwigateli bardy Tersine, nemesleriň söweş maşynlarynyň motorlary ýokary derejedäki öwgä mynasypdy, nemesleriň Moskwanyň eteginde peýda bolmagynda olaryň çydamlylygyň hyzmaty az däl Urşuň ahyrynda ýagdaý dolulygyna tersine üýtgedi Gowy bronlanan (ok geçirmeýän) nemes tanklary (“panteralar” we “gaplaňlar”) dwigatelleri zerarly mydama kynçylyk çekdiler, ýöne olaryň top oklary “otuzdörtlügi” bir ýarym, hatda iki kilometrlik aralykdan hem sandan çykaryp bilýärdi Emma sowet tankynyň täze 85-mm top oklary ady arşa galan nemes “8-8” topundan kem deşenokdy, kämilleşdirilen “W-2” dwigateli bolsa oňa duşmanyň tylyna bäş ýüz kilomete çenlir aralaşmaga mümkincilik berýärdi Artilleriýa barada aýdylanda bolsa, konstruktorlar tarapyndan “T-34” iň kuwwatly we güýçli ulanyp bolýan ýarag bilen üpjün etmäge synanyşyk edildi 1944-nji ýyla çenli tank “76-mm” top bilen ýaraglandy Şeýlelikde, tank gurluşyk zawodlarynda “T-34-76” kysymlar ýygnaldy Emma 1942-nji ýyldan başlap, nemesler aljyraňňylykdan açylanlaryndan soň («otuzdörtlük» bilen ilkinji duşuşyk nemes tankçylaryny şeýle bir aljyratdy welin, olar german senagatçylaryndan edil şol nusgadaky tanky talap etdiler), öwgä mynasyp tank we tanka garşy nusgalary döretdiler, ýöne olaryň hem brony deşijilik ukyby, diňe “gaplaňlar” we “panteralar” üçin däl, eýsem, kämil german “uçlükleri” hem “dörtlükleri” üçin hem ýeterlik däldi “Pişikler” bilen mynasyp göreşip biljek 85-mm topda saklandylar 1944-nji ýylyň gyşyndan başlap, urşuň ahyrynda biziň esasy tankymyz bolan “T-34-85” tapgyra goşuldy ‘T-34-76” tankyň etmezçilikleri gaty köpdi: esasan, başnýa gaty dardy, onda ekipažyň iki agzasy zordan ýerleşýärdi (gyşyna nädip rus tankçylarynyň kelte içmekde we güpbüde ýerleşip bilýändiklerine amerikalylaryň akly çatanokdy) Başnýada ýene bir adamy ýerleşdirmäge mümkinçilik ýokdugy sebäpli, serkerde öz borçlary bilen birlikde çeneýjiniň borçlaryny hem öz üstüne almaga mejbur bolýardy, bu bolsa serkerdelik etmäge we nyşana atmaga gönüden-göni päsgelçilik döredýärdi (nemeslerde ekipažda bäş adam bardy — tank başnýalarynda serkerde, çeneýji hem ok salyjy hereket edýärdi) Ondan başga-da, tankyň içinden gözýetimiň örän erbet bolmagy doly anyklamaga, şeýle-de öz wagtynda ýagdaýa görä hereket etmäge päsgel berýärdi Şeýlelikde, sürüji-mehanik mydama lýuky çala açyk goýmaly bolýardy Atyjy-radist söweş wagtynda öz ýerinden hiç zady görüp bilenokdy we çenemän, çak bilen atýardy Ilkinji rasiýalar şeýle bir gowşakdy welin, olar diňe «radiý» diýip atlandyrylýan tanklarynda gurnalandy Söweşjeň bölümiň gapdalynda ýangyç gaplarynyň ýerleşdirilmegi kän bir şowuna düşmändi: olar ot alyp, ekipažyň bar umydyny puja çykarýardy Bu kemçilikleriň ählisi urşuň dowamynda düzedilýärdi (dogry, ýangyç gaplaryny öňki ýerlerinde galdyrdylar) Şeýlelikde, täze başnýaly “T-34-85” ekipažy “talabalaýykdy”, bolmalysy ýaly, bäş adamdan ybaratdy, käte tankçylar atyjy-radisti öz hataryna goşmakdan boýun gaçyrýardylar we dört bolup söweşýärdiler (üç başnýaçy we sürüji-mehanik).
** “T-34-leriň” ilkinji uly ýetmepçiliginiň biri gowşak hem hötjet dört tizlikli korobkasydy Bir tizlikden başgasyna geçilende, dişleri aram-aram owranýardy, korobkanyň karteriniň tozýandygy bellenilýärdi Hereketiň tizlik ýagdaýyny çalyşmak üçin, atyjy-radist leňňeri iki eli bilen saklap, ony sürüji-mehanik bilen bilelikde özüne çekmelidi, ýöne muňa onuň güýji ýetenokdy Şonuň üçin hem täze tank üçin örän gowy tälim alan sürüjiler gerek bolýardy (olar bolsa düýbünden ýetmezçilik edýärdi) Tejribesiz mehanigiň birinji tizligiň deregine dördünji tizlige sokmagy mümkindi (ol hem yza tarap), bu bolsa tehnikanyň döwülmegine getirýärdi Haçan-da meşhur 183-nji zawodda dişli çarhyň hemişelik ilişdirilen bäş tizlikli korobkanyň işlenip tapylmagy bilen, bu ýagdaý düýpgöter üýtgedi.
*** “Gaplaň” 1944-nji ýyla çenli iň agyr, iň kämil ýaraglanan, ok täsir etmeýän hem biziň kän ganymyzy döken nemes tanky bolup çykdy Onuň diňe agramy barada aýtsaňam ýeterlik — 60 tonna golaý Äpediň öz agramyna çökmez ýaly, oňa tekizleýji katoklary küşt tagtasy tertibinde ýerleşdirdiler “Pz T-V” — leňňere derek şturwaly ulanylýan ilkinji tank, läheňi dolandyrmak aňsatdy Öňdäki bronýasy 100 millimetrdi we biziň tankçylarymyzyň ony deşmäge hiç hili mümkinçiligi ýokdy Bort babatda hem kynçylyk çekilýärdi — ony hatardan çykarmak üçin 500 metr aralyga çenli golaý gelmelidi (hakyky söweş ýagdaýynda ondanam golaýrak), ýöne “Pz T-VI” özüne golaý eltýän wagty seýrekdi Onuň “88-mm” tank topy, megerem, şol döwrüň iň haýbatly we has gowy ýaragydy Onuň hil taýdan meşhur optikasy hemem däbe öwrülen ekipažyň kämil başarnygy barada aýdylanda bolsa (biz uzak wagtlap alaçsyz ýagdaýda yza galýardyk), hakykatyň hatyrasyna gynançly zady boýyn almagy başaralyň, şeýle yzgytsyz wagşynyň garşysyna söweşmek biziň gerçeklerimize diýseň kyn düşýärdi Tankçylar bu näletsiňmiş gurallar bilen çaknyşanlarynda,- doly manyda özlerini ýalaňaç ýaly duýýardylar Şeýlelikde, olar 1943-nji ýylda öz “76-mm” topy bilen “Gaplaňy” ýakyn aralykdan hatardan çykaryp bilýärdiler (şol öňki 500— 300 metr aralykdan), diňe täze kalibre laýyk snarýad bolsa (olaryň-da tutuş söweşiň dowamynda bir ok-däri komplektine üç sanysyny, onda-da gol çekdirip berýärdiler) Hatda ýagdayyň iň bir amatly diýilýän pursady hem tutuş enjam däl-de, eýsem, onuň diňe belli-belli ýerleriniň hatardan çykmagy esasy kynçylyk döredýärdi Gaty ökdelik bilen “podkalibrlini” daýanç katoklaryň arasyndaky borta urmalydy (onuň aňyrsynda “Gaplaňyň” söweş üpjünçiligi ýerleşýärdi) ýa-da başnýanyň düýbüniň aşagyna (onda oňa zeper ýetýärdi), ýa topuň niline, ýa yzky tarapyna (ol ýerde ýangyç gaplary ýerleşýärdi) Iň soňunda, bolmanda, ýatagan-tigre, iň esasy tigre, daýanç katoga, ýa-da zynjyra atýardylar Tankyň galan ýerinden snarýadlar yzyna gaýdýardy Hatda “gaplaňlar” “T-34-leriň” garşysyna hiç hili gorkman, arkaýyn çykyp bilýärdiler Ine, mysal hökmünde tankçy N Ý Železnowyň ýatlamasy: “olar (“gaplaňlar” — awtoryň belligi) açyk ýerde durlar Hany ýakynlaşmaga synanyş? Ol seni 1200—1500 metr uzaklykdan ýakar Gaty bihaýadylar! Biz edil towşanlaryň “gaplaňlardan” gaçyşlary ýaly gaçýardyk we onuň bortuna nädip urmagyň usulyny gözlärdik Gaty kyndy Eger-de 800—1000 metr uzaklykda “Gaplaňyň” duranyny görseň, ol seni “çokundyryp” başlaýar, entek nilini gapdallaýyn hereket etdirýän wagty, sen tankda oturyp bilersiň Birdenkä-de nili dikligine galdyryp ugradygy welin, gowusy, böküp düş! Ýanarsyň!” “Otuzdörtlüklere” 85-mm toplaryň ornaşdyrylmagy ýagdaýy gowulyga tarap üýtgetdi Eýýäm hatda ýekeme-ýeke çykmak hem mümkindi, ýöne barybir, uruş gutarýança, betnam “Pz T-VI” biz üçin iň bir islenilmeýän garşydaşlardy
**** KW — Kliment Woroşilow.
***** “MG-42” — gaty aýylganç ýarag Biziň esgerlerimiz olary «gitlerçileriň çalgylary» diýip atlandyrdylar Ok süňke düşende, ony kül-uşak edip, bedeniň daşyna çykarýardy
****** M Ý Katukow — görnükli sowet tankçy serkerdeleriniň biri Onuň düzüminde “T-34” tanklary bolan brigadasy Tulanyň eteginde Guderianyň tutuş kolonnasyny derbi-dagyn etdi (edil şonda panserwaffeniň bölümlerinde “T-34”-iň ýeňilmezekligi baradaky ählumumy gorky ýaýrady) Kursk söweşiniň barşynda general I Tank goşunyna serkerdelik etdi Nemesleriň gapdal flanglarynda onuň söweşjeň maşynlarynyň aýgytly garşylyklaýyn hüjümleriniň netijesinde Manşteýni belli bolan Prohorowka söweşinden soň yza çekilmäge mejbur etmegi diňe bir gezeklikçe däldi Umuman, urşuň ahyryna çenli 6 sany gwardiýaçy Tankçylar goşunlary döredildi: 1 T G — M Ý Katukow, 2 T G — A I Radziýewskiý, 3 T G — P S Rybalko, 4 T G — D D Lelýuşenko, 5 T G — I T Şlemin, 6 T G — A G Krawçenko
******* Megerem, 1943-nji ýyl üçin “gaplaňlara”, “panteralara” we “Ferdinandlara” garşy iň mynasyp duşman biziň dünýäde iň kuwwatly, özi ýöreýän SAU-152 (ÖAD — özi ýöreýän artilleriýa desgasy) bolup durýardy (topy 152-mm) — haçanda, atuw şowly bolanda (elbetde, elýeterli diýip kabul edilen aralykdan), islendik nemes tankyndan diňe zynjyryny abat galdyrýardy Oňa özüne kybapdaş bolan — “Awçy” diýip at goýdular.