Göýdükler äpetleriň egninde
Her äpetiň goldamaga
göýdükleri islegi
hem wagty ýok. Emma
göýdükler äpetleri hiç bolmanda
bölekleýin goldamagyň ugruny
tapýarlar: ine göýdük saklap
dur bagryny äpetiň — sen otyrsyň
meň bagrymda — nebsi agyrýar
äpetiň we oturdýar göýdügi öz egnine.
Ine göýdük öýkeni saklap
dur, päsgel berip dem almaga hem ylhama,
äpet tüýkürýär göýdügi öz egnine.
Ine göýdük atlant dek saklap dur ýüregin
äpetiň, pyşyrdaýar:
esasan ýürekde — bu garynjyk, äpet
ýüreklerden çykarýar göýdügi
daşaryk we egninde oturdýar. Saklap
dur göýdükler göz almalaryn, dişläp olarda
görünýän asmany, olar girýärler gulak
çukurjygyna hem ogurlaýarlar sesin
damjalap ummanyň, olar ýatýarlar
janlaryn berip diliň astynda,
diňe äpetiň gepne goşulmaga,
jebisleşýär äpetiň kelle beýni
gurluşyn goldaw artele, çep we sag ýarym
şary biri-biri bilen jan
edip çakyşdyrmaga. Olaň ählisi
äpetiň egninde üýşýärler, kakýarlar olar oň
egnine, ýüregiň göýdükleri, pikiriň
göýdükleri, sözleýşiň göýdükleri,
ruhuň göýdükleri — demiň tutulýar,
haçanda beýikliginden özgäniň
egniniň, olar habar berýärler, aýdym aýdýarlar hem
tans edýärler, ine eýýäm seň özüň hem
tans edýäň olaň gaty sesli düzlen ansamblyň astynda.
göýdükleri islegi
hem wagty ýok. Emma
göýdükler äpetleri hiç bolmanda
bölekleýin goldamagyň ugruny
tapýarlar: ine göýdük saklap
dur bagryny äpetiň — sen otyrsyň
meň bagrymda — nebsi agyrýar
äpetiň we oturdýar göýdügi öz egnine.
Ine göýdük öýkeni saklap
dur, päsgel berip dem almaga hem ylhama,
äpet tüýkürýär göýdügi öz egnine.
Ine göýdük atlant dek saklap dur ýüregin
äpetiň, pyşyrdaýar:
esasan ýürekde — bu garynjyk, äpet
ýüreklerden çykarýar göýdügi
daşaryk we egninde oturdýar. Saklap
dur göýdükler göz almalaryn, dişläp olarda
görünýän asmany, olar girýärler gulak
çukurjygyna hem ogurlaýarlar sesin
damjalap ummanyň, olar ýatýarlar
janlaryn berip diliň astynda,
diňe äpetiň gepne goşulmaga,
jebisleşýär äpetiň kelle beýni
gurluşyn goldaw artele, çep we sag ýarym
şary biri-biri bilen jan
edip çakyşdyrmaga. Olaň ählisi
äpetiň egninde üýşýärler, kakýarlar olar oň
egnine, ýüregiň göýdükleri, pikiriň
göýdükleri, sözleýşiň göýdükleri,
ruhuň göýdükleri — demiň tutulýar,
haçanda beýikliginden özgäniň
egniniň, olar habar berýärler, aýdym aýdýarlar hem
tans edýärler, ine eýýäm seň özüň hem
tans edýäň olaň gaty sesli düzlen ansamblyň astynda.




