Bu size ähli zat we derrew, reňkli, elbetde, sanly...
* * *
Bu size ähli zat we derrew, reňkli, elbetde, sanly,
Öň bolsa diňe gizlin kümüşli, gara-ak plýonka,
proýawka, berkitme, guratma, glansa çykarma, hemme
zat el bilen gyzyl reňkde, aýratyn dabarada
unibromda, soňra “Mişka” süýjüsi dek, dolamaly,
şokolad dolanýan kagyza, örän seýrek, özüň,
bu witraž dek çylşyrymlydy, esasan buýrulýardy
atelýä gymmat portretler we maşgala suraty —
kostýumlar, agras, anturaž. Ýyllap ýygnanan çal saçly
suratlar we plýonkalar doldurdy äpet üç sany
gutuny, nirä goýjagyň bileňok, soň bolsa biraz
gysyp, satyn alyndy täzeje skaýner, bir aýyň
içinde tutuş geçmiş sanlyda, özlerini bolsa
ýygnadylar aşagyna krowadyň. Bu faýllary
arhiwden gözläp, printere ýollap, sprinter dek
ylgap geçip giden durmuşyň söýgüsin hem gamyn
A3 görnüşde çap etseň, gara-ak, reňkli çykarmy?
Bu geçmiş ýetjek ähli diwary artygy
bilen ýelmemäge, ortara geçip we oturyp we
dymyp hem az-azdan dowam edip selçeňlemegi
we çalarmagy, şeýle mähriban, şeýle ýatdan çykan
kölgelere seretmek üçin. Saçlaryň düşmesi
bilen anyklyk peselýär, çydamlylyk kemelýär, däl
aýdyň hemme zat, bulaşyk, ähli zat nädogry çen
bilen, emma welin şol bir wagtyň özünde artyp dur
duýgurlyk. Bulaşyk surat titreýär we gözýaşy
aňsat sylýar. Bu körek suratlar — bulaşyk penjireleri dek
geçmişiň, seretdiň — göz ýaşarýar çala tanalýan
ýüzlerden. Bu enem, ejem, kakam, Manýa daýzam, kimdir
bir daýza, bu Serýoža daýy, bu bolsa ýanypdyr:
blis. Bärde men çyplaň syrtly we üç sany selluloid
ördek, bu tüýli aýyjykly we ejem ikimiz
gujaklaşýas, bu Alýoşka doganym bilen, ine şkaf
ýanynda kitaply... Bir mint... Bu... bolsa, Raýa daýza,
bu bolsa myhmançylykda we aýdym aýdýarys. Bu
birinji “B” synp, ine bu eýýäm biz onunjyda,
birinji kurs, kartoşkada, ynha-da Ýaşka Kaller we
men, bu men, portupeýde, tankyň ýanynda, serkerdäň
ýylgyrşy, bu bolsa aýalym, bu ikinjim, ynha-da
ogullam, bu ilkinji gyz agtygym, bu suratda
oturlyşyk agşamy, esasan köpüsi tanyş, bu
Italiýa, Krym, bu Gyzyl deňizdäki daýwing... Past
perfect — emma, tamamlanyp, dowam edýär, sada retuş
göýä öliniň gödek grimi dek. Bu oglanjyk, bu
bolsa garaňkylygyň peýzažyna barýan sakgallak
we çişik, gartaşan, ýarawsyz, tötänleýin geçip
barýan bir ötegçi, emma oglanjyga çalym edýär.
Bu surat... Bolup bilmez!.. Bu sen. Bu men?! Bu sen! Ýarsy
suratyň indi ömürlik göze görünmez, bu boldy
we geçip gitdi, hem gynançly, hem ökünmek giç. Köp
zat boldy, galdy diňe fotosurat, emma ählisin
halas edip, çykaryp, surata bolmaz düşürip.