Täzeden dogulsaň — Gündogarda...
* * *
Täzeden dogulsaň — Gündogarda,
gysymynda görgür Allanyň.
Gije yssy we ýowuz ol ýerde,
aýryp bolanok şat gözleriň.
Doga etseň gowy, taşlap kedyň:
ne altar, ne buthana — emma
ýeňiş üçin seň ösdürlen öýüň,
joşgunly jennet üçin soňra.
Söýerdim köçelerin Bagdadyň
bulaşyk, hoşboý goýun ýüňi —
ýa bolardym ýungasy Sindbadyň,
ýazylardym birinji kino.
Düýşümde meň Mekke çagyrardy,
görejim gara bolardy meň.
Görerdim Ulugbegiň ýyldyzny,
agsak hany üstünde atyň.
Seni hem, ýene görerdim seni
haýsydyr bir altyn Şirazda —
örän näzik paýly gara teni
agdardym küýsän agzym bilen...
Awy arap ýazuwy syzdyrýar,
hak söweş mukaddes ömürden —
tug ýaşyl, guş ýaly ganat gerýär.
Göni ölüm, ýöne — seň bilen!




