Hassahanada
Eger birden döwüläýse bu çat açan,
toýun gap — nirede, jan, bolardyňkaň sen?
Ýumurtga gabykda deý, bärde aýratyn
ýaşaýar dowzah öýde öz derdi bilen.
Dünýäde bedenden has gamly hiç zat ýok.
Öz çägine ýeten agyrydan başga
has ylahy hem keramatly hiç zat ýok,
onuň bu uky ýadawlygyndan başga.
Aýnaň gara agaçlary gynanmaz saňa,
kesekilik nirde, anyk özge ýurtda,
gar ýagýar. Katalka takyrdaýar çala.
Ömürden uzyn koridor hassahanada.
toýun gap — nirede, jan, bolardyňkaň sen?
Ýumurtga gabykda deý, bärde aýratyn
ýaşaýar dowzah öýde öz derdi bilen.
Dünýäde bedenden has gamly hiç zat ýok.
Öz çägine ýeten agyrydan başga
has ylahy hem keramatly hiç zat ýok,
onuň bu uky ýadawlygyndan başga.
Aýnaň gara agaçlary gynanmaz saňa,
kesekilik nirde, anyk özge ýurtda,
gar ýagýar. Katalka takyrdaýar çala.
Ömürden uzyn koridor hassahanada.




