Noýabr, ýöne heniz doňanok...

* * *

  Noýabr, ýöne heniz doňanok
Biziň howzumyz. Suw diri dek.
Bärik gel, amatlyrak ýerden.
Ýaplan, gorkma, maňa berk.

Edil gyrasynda suwuň
Gazaryn öl, agyr ýapraklar
Düşen gatlaklaryn ýeriň,
Sokaryn elim çuňluga.

Aýamda — daşlar. Üç,
Dört
(Barmaklaň arasyndan süzülýär damjalar, gara suw
Yzyna gaýdýar suwa).

Daşjagazlar. Üçüsi — saňa, ezizim, dördünjini
Goýaryn özüme.
Emma welin, ýok, al munam.
Saňa gerek bolar, al-al! —
Menden gidersiň şeýle bir ýeňillikde, düýpsüzlik, onda
Islendik agram hazyna dek.