«Dirižabllar» toplumyndan
Oba öwlüýäsi
Gaýdýan öz jaýymdan aşhanadyr kort meýdançaly, köp sanly ýatak otagdan
duran,
köçe bilen ýuwaşja ýöreýärin, ýarym asyr ozal öň bu ýerden
äkidipdiler briçkada döwlen gämimiz, bölekleýin, —
üýşen dyzast oýuň dag deşikde yglawy, — men tutuş tüsseden.
Atlaryň ýörişi bozuldy, olaryň ýoly — ýalan, basgançak çarhly.
Ine, meniň ýygralykda eden işlerim şeýle bolupdy...
Emedekläp ýörkäm başymda döredi bir hyýal gury,
Şeýdip gaçan kükürt gutusy popda durup bilerdi.
Kärdeşlem ölüme nähilidir öýdýärdiler? Aramyzdan gitme dek?
Ýitirseler belentligi, ynandylar gaýtaryljagna yza?
Ýer olary goýbär, sykylyk bilen bir-birinden çykyşy dek,
iki garşydaş otlyň uzyn, gije ýörelýän köprüde?
Ýok, eňegiň aşagyndan ýüp bilen daňlan şlýapalarda,
olar bakdy gapdala, entek heniz barka üns çekiji sarsgyn
arkasy okuw gurjakly, çekilen derýaň ortasynda girdapda...
Kenar diwaryna hem ýelmeşipdir dodaklary dilli suwulgan.
Meýdanda kriloniller aýtdylar, hatda iň ýokary derejä hem ýetmän,
daş boldy nagyşly dirižabl — ol Meduzany bulutlarda sypdyrdy.
Tigirçi gyzlar güne ýod reňk bolupdyr, hoz ýygýançy zenan — diýmek mümkin,
olar sport köýnekde we maňlaýynda melhior äýnek ýatdan çykdy.
Meň ýadymda d’Eskýuweli apparat, şol basgançak döwlen arkasy,
şol aýlawly, oň nurbatdyr öýdeni, gaýada çalşyp duranda aýagyn.
Aýna ýuwulýan suwuklygyň bugarşy dek, gyryldy howa ýylanlaň neberesi.
Aeroplan öňki ýerde aýlanýar, oň bilen alyn aýnaň süpürýärler hapasyn.
Indi goňrumtyl suratlardan pöwrize reňki göz öňne kyn getirmek,
olaň baýramçylyk gondollarnyň hem şemala yrgyldaýan lentalarnyň belli reňki,
emma belli, olaň dirižably — ürgün we olaň kombinizonlary gatlak-gatlak.
Jesetler ýerden çöplenende, daňa çenli suwdan doldy olaň yzy.
Nerw uçlarnyň gözýetimniň aňyrsynda tebiýat alýar gözbaşyn.
Garaňkyda sallanyp
jülge — bize boý berenok. Obýektiwiň zumy näçe uzaga gitse,
detal şonça ýakyn hem anygrak. Şonça gaçmasyn manyň bolanok dikeldip.
Her bir lupogöz atom goragly, ugur geldigiçe itişip gitse.
Agşam rahat. Söz ýuwaş. Has seresaply çüňkli ýaprak kollapsda.
Şykyrdylar hem edil surat sapakdaky ýaly — suratlandyrmaly
çukurjygny gulagyň.
Möjejik salgym boýunça hereket edýär; hiç kim oň ädimlerini sanamaga
milt etmez,
hiç kim. Paromçy küreklemedi, emma suwuň üstünden galdyrdy küregin.
Göni barýan goýunjyk, tutuşlaýyn ýeňiljek toýnaklardan, uzakdaky telärden,
Kellesin guýrugna tarap öwrüp, ýüwürýär asmanlardan.
öz arkasyn aýnada görjek bolup, aýaklarnyň ujunda pyrlanýar.
Hany, ol Parmidžanino, uçup barýarka uzaldar ýaly ony boýnundan?
Öwlüýäde men berk däl, himiki-ýaşyl ýadygärlik dikdim göçme.
Onuň diwarlarynda howa ballonyň suratyn çekdim.
Kölegelerden pal atýan — olar oklanan çadyr tekizliklerine,
eplenilýän gurallar ýaly, 36 enjam açyk burçda dur jem.
Gysaçlar, igeler, konserwa pyçaklar, küýkerip päkide lazur epilýar,
burawlar, dyrnaklar üçin öýjükler, otwýortkalar we kiltler...
kim duga boýunça propeller keser, kim Bilbao düzer.
Ýasy uçlaryň aňyrsynda, gümmezler bilen çişip, älem öz elne neýetleri alýar.
Olaň howa şary şäher gyra üstde wirtuoz däldi we — ýere inýärdiler.
Şar daşyndaky perdelerden şuwwuldy çykarýar, daş-töweregne gyşaryp.
Hyýaly oňurgany gujagynda tutýar. Içinde burçuň aşagynda goýlan pedallar
iteleşýärler, ine — şar giňden açyldy we oňa geçýär stratonawtlar.
Awtoulaglarda dim-dik — durup, köçelerde hem kagyz listowkalarda — pytrap,
Otaýda gipsden GES perforasiýa boýunça üwelmäge asmana we kino gidipdir.
Atlylaryň, suratçylaryň, çagalaryň arasynda — Wasenko, Fedoseýenko, Usyskin.
Her biriniň şekili hem “hiç hili emma” diýen jümläň gyrasyna tarap öwülipdir.
Gök gözlüje hirurglar näme üçin sagdan bedene inçejik platina bilen girdiler,
çepe — balzamly ussatlar, maňlaýda bolsa — gözbagçynyň solak hasasy?
Howada uçujyny ýene rula gaýtaryp eltjek boldular,
emma ol çagşady, susdy we öýjük-öýjük gurluşly enjamlarda ýüklendi bary.
Ol başga bir ýurtda başga zamanlarda hatara duran armadalaryn gorardy
gymyldamaýan laýnerleň, olar — satuwa garaşýar, ol bolsa itleň arasynda
ýagty çyraly giňişliklerden çekdi we Newadaň žalýuzini goýbersedi,
açyk ammarlarda fuzelýažlar berk tutardy süýri lak bolanda.
Belki, ol üçegüst gaçgakdyr, bary — oň yzyndan, pes şemaljyk gysýar läbigi,
ýaý bilen ýaraglanyp, ol bolsa, gyşardýar beýik binaň gyrasyndan asylyp?
Ol ünsüklikde öz dirižablyny biçdi we filmleň titrlerinde göze ilmedi.
Üfleşdirip bozgujynyň külkesin, öýkelekleň endigin girizdi çyzga jan edip.
Ol geň galdy. Soň Nikolo Teslä ýazdy: “Planetalar şöhlelenýär. Gabyklar,
merhumlardan kuwwatlanan, ýylpyldarlar — peseldýär tigirçek aýlawda togy.
Kim ýer bilen asmany göni baglanyşdyrar, uçarman öli däl bolsa eger?
Çommalyp çukurda oturan şahtaçy ýatladýar elektroşitdäki sorag alamaty.
Relýefler, heýkeller, plitalar, altarlar, emma öwrül — olar tirsekler bilen işleýär,
sypyp gaýdyp hem ylgaşyp beýiklige çykýarlar basym tutuk maýmynlardan;
tebigy seçmäni kim geçmedik bolsa, şolam sessiz simleri çekýär,
seniň töweregiňde, ýelimli harman görünýär, geçmezler ýaly germewden.
Emma barybir erjel ýagtylyk çykýar ýerden, globusam gönelýär,
nähili bor eger üfleseň düýrlenen turbajyga,
ýumak göneler, hemmelere dilin görkezer we birlik uzalar,
biz hasaplaýarys ýoly aşakda galan bulutlar boýunça”.
Hemmelere Žak we Žosef bolmak başartmaz, ýöne olaň kellesinde az däl ynamy,
bukjaň için dolduran çilim tüssäň ony potologa çekjekdigne.
— Kagyz harp üçin däl, daşlara ýazyň, — diýip, baş gaplaryn çykaryp,
Mongolfýerler uçdular.
Manufaktura grawýuradan çykarlan. Boreý ýatladýar mazar daşa ýazgy.
Howluda elli çelek demir gyryndyly. Utançsyz ammiak hem hyžžyldaýar,
şonuň üçin hemmesi maskada. Kislota burugsap turbada metaly içinden iýýär.
Wodorod bar, ol howpy, wakhankalaryň halkasyndaky Orfeýden hem has ýiti
duýýar.
Çuw ýalaňaç adam-da hünärmenlere shemany öz mysalynda görkezýär:
bilekden tirsege çenli çekilen ýüp. Boýnuň daşyna aýlanýar. Beseda düwüni
Iki gezek berkidilýär. Beýleki tirsege gaýdýar. Ýüp birikdirlen
goşardan bile çenli. Düwün, nämäniň aýlanýan yzyna gidýän ujy
esasa tarap. Diýýärler bu öýjükler bedende bolýar erkin.
Ençe gezek men üns berdim — onuň äýneklerinden uçuş ýeri gaçýardy,
jemende synýardy
bölüm üstüne bölüm, ol ýüzüni galdyrardy bir zatlary ýatlanda.
Ençe gezek men üns berdim — ir bilen şäherden ol howa şarynda gaýdyp
gelýärdi,
Bir gezek dirižablny aýlap howada pyýada durdy, girmek üçin terminala.
Şaýat bolýaryn: bardaky awtomatlar ony zynjyrdan geçirýärdi hem kitaphanaň
ýanda taşlaýardy.
Sähralykda howul-hara edilen meýdan türmeler girýärdi düýşe
edilen olar poslan rabisa tordan, derýanyň öňüni tutýan dirižablyň çykan
oklaryndan,
hem kiçijik balyjak üçin gysga ýol bolan ýalpak ýerdäki pansir tordan. Ukla.
Ençe gezek men üns berdim: ol öýden çykýardy, syrdam we şol bada hem
çekinjeň,
çyzgylaň rulony we guşagynda agaç kofro bilen.
Otlar hem, ägirt plakatlar ýaly, ýokarky düwmelerden üzülip gaçan,
oňa baş egilýärdi, ol pyşyrdardy, diwarda jaýryga bakyp açylan.
Ol birden ýitdi, oňa hiç duşmadym we gözlemedim, basgançaklar bilen düşüp
barýarkam,
ýolda ýa-da myhmanhanalara seredip, salyp günleri bir-birden ýada.
Ýöne dik çyzyk ýygyrt-ýygyrt bolupdyr, edil zebra düşen ýaly,
götinjekleýärdi. Ioan boýunça, ol öz öňünde we yzynda.
Men onuň nimba mahsus yzlaryny, idemedim röwşen hadysalaryn,
ýöne bir gezek tomus San-Fransiskoda, “Bägüller we Garamandalak” barynda
laminirlenen irdenki gazetde berdiler bize balyk gyzyl-sary reňki bolan,
bu okean jandarynyň gapyrgasynyň arasynda nekrolog görenim ýadymda.
Täzeden jaýlanma. Mazar —boş. Barlanyldy. Toprak barlag üçin alyndy.
Goý içindäkini alan bolsun asman, hiç kim, ne belgi, ne jeset, degmedi göwnüne.
Men oňa diňe bir dost bolmadym, men aýtsam boljak — ynamdar agent
tapyndy.
Men radiusa hem, agram düşüp — beýleki dünýäleň ýerniň ýitgemegi bilen,
ýemşerlen burça hem, berdim baha,
ol ýerde asuda dirižabllaryň galareýalary, heniz gyrasy tikilmedik matalar
demiň ugruna pasyrdaýarlar, olar bizi gaçyrdylar üstüne otuň.
Planýor näzikligi girýär çekgäňe, öýjük membranalaň üstündäki landşaft,
Men öçürlen telefonly diňde çyrmaşygyň içinden diňleýän çöl baýguşun.
Angar alagaraňkyda
Angaryň şahy çümdi meýdana.
Beýiklik şogy, onda maddalar — aýdyň.
Garalýar maňlaý bölegniň öňi
ýarysy ýasalyp bolnan dirižablyň.
Biz howadan ýeňilräk, kese halda-da
erkin inýäris. Doldurýarys epinleri, çüňkleri.
Boýuna boşap, wokzal aýnasy dek.
Dirižablam ýüzýär we garnynyň astynda ýylpyldaýar çyralary.
Kim gündiz kebşirleýjiň gapagnyň astynda
öz kirlegen beýnisin bukdy? Jübüjikler
saklaýar opal gurallar. Angar durşuna
pytrady. Yraň atýan bukjalary, doňup galyp, saklaýar robotlar.
Angar öçdi, ýitdi. Ýöne angarda barybir nämedir bir zat hereket edýär
zolakdan zolaga, şundan oňa çenli.
— Näme üçin kelle ýaýkaýaň? Näme üçin başaşak ýöreýäň?
— Men keramatlylaň ýüzün gözleýän.
Gün tertibi
Ýagyş damjasy deňziň üstünde iri, otwertkaň sapy deý başaşak gaçýar.
Anyk araçägi ýok ýumşak akymda mülk ýeriň we görnüşiň.
Oň uzyn plaşy baglaň arasyndan barýarka dürli öwüsýär.
Onda bir zat bar serkerde çyzgyçdan — öwrüminde ellipsleň we kirpikleň.
— Meň ýüregme düşdi, — diýdi ol zenan, — jesetde tigir, lotoreýde gyrnak bolma.
Ýagdaý öňe ylgap meni gyssaýar, hem tutýar — hereketsiz okda.
“Dirižabllaryň taryhyny” agdarýan — äpet örtükler gaçýar dyza,
ýere degip döwülip, yrgyldap we ot alyp — keramatlylary çykar-da.
Keramatlylary çykarýarlar. Lotereý barabanlar — pyrlanýar. Weýrançylyklar
ajaýyp, eger-de sesi hem gara deşikleri bugartsaň — küşgürseň.
Geodezistler seredýär biri-birine, ölçäp gaplanan trotilli jübüler..
Aňsat eliňi öňe uzatsaň we Güni duruzsaň.
Bulutlaryň üstünde Ýer korabl bilen bile hereket edýär, gozganman,
Günüň astyndaky ýerden. Bu ýerde bolsa mende — diňli daça, içalylar hem gžel.
Taslamaň üstünde işleýän — başga näme etjek öý tussaglygyndan çykman? —
jaýlaň tutaşyp ýanmagy üçin kilometrleri geçdi — dirižabl.
Düýşümde maňa howadan ýeňil çörek berdiler (çörek şekilli tegelek obýekt),
oň içinde stadion we oýun gyzyp dur — millimetri ajy dänäň.
Men çägäde ýüwürýän, goýberýän ony — gara zynjyrly asmana.
— Örän ägä bol, hatda düýşde goralgy bolsaň-da sen ol ýerde sany ýok jemendäniň...
Ertirlerne bolsa aýlanýan, uran mazarlygnyň garawuly dek,
barlaga alýan we tablisalar bilen deňeşdirýän, ýoga edýän: özüme ýagtyda äňedýän.
Niräk gitdi nur? Kopernigiň elindäki sirkul dek,
men, planetalaň burçun utandyryp, bitarap çynyň üstünde sallanýan.
Meniň ýuwlan öýümde haşamlarda aňkarylan şarlar ojaklarda we oýuklarda,
aeronawtlar uçýarlar daňlan bogaldaga, ýöne hemişe şoňa bakýar olaň arkasy.
Hakyky tupan. Bir topar ösümlik, men olaň atlaryny-da bilemok...
Mekir Gün ýuwudyjylar — howa we suw ýylany.
Belki, men öz tagaşyksyz eşigimde, nähilidir bir dyrmyklara ilişendirin,
belki, sag elim bilen däl-de, aý şeýle sol elim işledendirin ompýuteri?
Bolup biler, kitaplary adaty durmaly ýerinde goýan däldirin?
Howuzda görnen diň edil çözlen köwüş bagy ýaly, ikä bölündi.
Ýöne ine meniň depderdäki ýazgym: gün geçmedi
gorizontyň çyzygyndan. Görnüşler gaýtalanmady. Wagt saklandy arkan.
Agaçlaň bir bölegi garaňkyda çöküpdir, beýlekisi içi boşluk ýagtylyga çykypdyr,
ýigrenç bilen köpelipdir ownuk-uşak bezegler, ýöne üýşmek emele, meni goran.
Fauna daňy gözläp düşünjesiz yza çekilýärdi,
belokly hem daş mahluklar ýaşan ýerlerinden gitdiler.
Saharadan geldi bu gulakly gotur jyns, kassetalar mysaly,
buz galkanyň gyrasynda-da ak howada göze ildiler.
Bu aňsat, synpdaky dek, Pýoryşkiniň okuw kitabyndaky dek: wagonlar
tormoza basdylar, ýöne howply ýüň ýolagçylar bilen öz ýolun — dowam etdi.
Içindäkiler we kontur iki sany gara-ak böleklere bölünýänçä,
traýektoriýa aşak sümürlen, dirižabl gijä garyşdy.
Eýýäm bulaşyk görünýärdi gijeki tarapyndan planetaň
Nawiniň serkerdeleri, ýadaw sada gün maňlaýlarynda çapylan şäher ilatyň.
Enjamly tagtaň üstüne ýüzün düşdi atyjylar. Ýokarsynda bortuň
plastinalar sowaşýardy. Dirižabl-da ýygrylýardy.
Jenanam muny arşyň tesellisiniň biri hökmünde kabul edýärdi,
Üç günlük azaşdy ol ýerzeminlerde: içdi we ýazdy skrižal.
Oňa (aýylganja, gelşiksize, gabanjaňa, aklyndan azaşana) hem görünýärdi,
abordažlaň salgymyn, salgymyn abordažlaň üýşürýän ýalydy dirižabl.
Kagyz batbörek
Gyzgyn şemal, sorkuldap duran tanap,
ýüzýär tüýdülen signal ýylany
aýnaly çarçuwasy bilen Iýerihonyň.
onuň yzyndan ýüp goýy gyrmyzy.
Onuň dem alyş germewleri
kemakyllary hem körleri gizleýär,
ýelmeýänleri çekinjeň gutulary
ýeliň ýaňaklary olara dykýar.
Çekýän gipotenuzadan ýuwaşja,
ýa giňden açylýar, ýa ýognaýar ýylan,
syzyp geçip ýokary şlýuzdan şlýuza,
ýeserlik bilen parsek hem eon.
Ornaşdy tutuş gökde we çekýär gam,
kürekläp pilli özüne we özünden aňry.
Millimetrleriň kwadratyny göwrüm
birliklerinde, sermeläp geçirip sany.
Keçlik edýär, haçanda öňünde bulutlar
oňa tarap düşýär leşger başga.
Wagt hem dime-diş ýygnalýar,
şonda sen bilýäň: ilki atma.
Olam titreýär, berçikleri dek örtükleň,
geçip gara belgisiz biziň aramyzda
bukusyna ýalňyşlyk bilen öldürenleň...
Kimi konus bilen deşdi — anfasda,
bir minutlyk isleg dörände ol
ösmek islände tentege titandan,
özün kagyzda düýşünde gördi ol
çüňki ýere degýän we perli wolan?