Kim, balykgulagy hekden emele gelen külbede gizlän...
* * *
Kim, balykgulagy hekden emele gelen külbede gizlän,
doňup barýan suwa seredýär,
iňňede hem sapagy bukýar?
Kim, görüp bedensiz yşygy, kümüşsöw hapaly ýagyşy,
awlap ölýänleriň göwnüni,
jennede arzan petek tapdy?
Boýun bolup bulançak suwlara, bir pursatlyk kümüş bilen,
ýalpak ýerde oýnaýar balyk,
simapdan şara öwrülýär-de.
Şol kim balyk süňklerini gemirýär, hiç jan berip bilmeýär,
ol uklap bilmeýär, sebäbi
balyk ölmi alada goýýar.
Ukla, samsyk çaga, elläp gör öz ajalyňy eliň bilen,
töwerekde hiç zat görenok,
şol, kim lupadan peýdalanýar.
Öliň öňünde ol ör turmaz, dirini aýatda ýatlamaz,
çagajygy hem ol ynjydar,
kalby hem onuň myssarypdyr.
Batyl bende penjirä seredýär, aý hem, pişik ýaly, baky
aýralyk aňzagynda onuň
sowaýan ellerin ýalaýar.