Dil-edebiýat mugallymy

1-nji bölüm. Säher çagy

Ýakob Iwanowiç Bah her säher, heniz ýyldyzlar şöhle saçyp durka, ukudan oýanýardy we ördegiň ýelekli küti ýorganyň aşagynda ýatyp, dünýä diň salýardy. Onuň daş-töweregindäki we üstündäki özgeleriň ýaşaýşynyň nireden-de bir ýerden gelýän ýuwaş, garym-gatym sesleri ony rahatlandyrýardy. Üçekleriň üstünde şemal öwüsýärdi. Gyşyna agyr, gar we buz ownuklary gowy gatyşan, ýazyna çeýe, çyglylygy we asman elektrik toguny özüne siňdiren, tomsuna ysgynsyz, gurak, tozan hem ýeňiljek dele tohumy bilen garyşan ýel öwüsýärdi. Itler bolsa basgançaga çykan, heniz ukudan doly açylyp bilmedik öý eýelerine salam berýän ýaly üýrüşýärdiler. Suw içmäge barýan mallar ýogyn ses edýärdiler. Dünýä dem alýardy, şatyrdaýardy, sygyr­ýardy, molaýardy, toýnaklary bilen dükürdeýärdi, jyňňyrdaýardy we dürli ses bilen aýdym aýdýardy. Özüniň ýaşaýşyndaky sesler örän ujypsyzdy we şeýle bir ähmiýetsizdi welin, Bah olara diň salmagam unudypdy: umumy ses akymynda olary umumy ses akymynda saýlap çykarýardy we gulagynyň düýbünden geçirip goýberýärdi. Jaýyň ýeke-täk äpişgesiniň aýnasy ýeliň güýjüne jyňňyrdaýardy, köpden bäri arassalanmadyk tüsseçykar şatyrdaýardy, peçiň aşagyndan bir ýerlerden çal syçan käwagt sykylyk atýardy. Ine, hemmesi şu, bolsa gerek.

Uly durmuşy diňlemek has gyzyklydy. Bah käteler böwrüne diň salyp oturyşyna, hatda özüniň hem şu dünýäniň bir bölegidigini, ol bosaga çykyp, köp seslilige goşu­lyp biljekdi: haýsydyr bir joşgunly aýdym aýdyp ýa-da gapyny şakyrdadyp ýapyp, iň bolmanda, asgyryp biljekdi.

Ýöne Bah diňlemegi gowy görýärdi.

Eýýäm ir sagat altyda, ykjam geýnen we saçlary daralan görnüşde, Bah jübi sagadyny eline alyp, mekdebiň jaň minarasynyň ýanynda durýardy. Sagadyň iki dili hem barmaly çägine barýança (kiçi dili alta, uly dili on ikä) garaşýardy, soň güýjüniň baryndan ýüpi çekip goýbererdi, bürünç jaň gaty ýaňlanardy. Uzak ýyllaryň dowa­mynda dörän endigine görä, Bah bu meselede şeýle bir ussatlyga ýetipdi welin, jaňyň sesi bir sekundam eýläk-beýläk üýtgemeýärdi, kakylmaly, haçanda minut görkezýän strelka siferblatyň çür depesine çykanda kakylýardy. Şol pursatda obada her kim ses çykan tarapa öwrülýärdi we ýuwaşjadan gysgajyk doga okaýardy.

Täze gün başlanýardy...

2-nji bölüm. Gündiz

...Mugallymçylyk eden ýyllarynda geçen günleriniň her biri öňküni ýatladýardy we hiç bir zat bilen biri-birinden tapawutlanyp duranokdy. Ýakob Iwanowiç şol bir sözleri aýtmaga we şol bir ýumuşlary okamaga halys endik edipdi. Şonuň ýaly-da, pikiri bilen öz bedeniniň içinde ikä bölünmegi hem gowy özleşdiripdi: onuň dili nobatdaky grammatik düzgünleri aýdýardy, edil şol wagt hem lineýkaly eli bilen halys geplemsek okuwçynyň ýeňsesine şapyladýandyr, aýaklary bolsa bütin göwresini göterip, synpdaky kafedradan yzky diwara, soň yzyna, eýläk-beýläk gatnaýandyr. Pikiri bolsa, onuň öz sesi we kellesiniň haýal ädimlere goşulyp, sazlaşykly yrgyldysy bilen huwwalanyp, uklap ýatyrdy.

Nemes dili Bahyň pikirleriniň, oýlanmalarynyň durlanyp, öňki terligine eýe bolmagyna ýardam berýän ýeke-täk dersdi. Sapagy dilden aýdylýan gönükmeler bilen başlaýardylar. Okuwçylara nämedir bir zat hakda gürrüň bermek teklip edilýärdi, Bah diňleýärdi we terjime edýärdi: gysgajyk şiwe aýlawly gürrüňleri nemes edebi diliniň ajaýyp jümlelerine öwürýärdi. Şeýdip, aýak yzlarynyň üstüne yzly-yzyna ba­syp, galyň gardan nirädir bir ýere gidip barýan ýaly, söz yzyna söz, sözlem yzyna sözlem öwrenip, howlukman, ýuwaşjadan öňe gidýärdiler. Harplar, arassa ýazuw bilen gydyrdanyp oturmagy Ýakob Iwanowiç asla halamaýardy. Gürrüňleri bir ýüzli edip, çalt sapagyň şygryýet bölümine geçýärdi: goşgular, hammam gününde legenden akýan suw ýaly bolup, ýaş, hüžžük saçly kellelere sahylyk bilen guýulýardy.

Şygryýete bolan söýgi Bahy heniz ýaşlykda ýakyp-ýandyrypdy. Şol wagtlar ol kartoşkaly çorba hem duza ýatyrylan kelem bilen däl-de, eýsem, balladalar, gimnler bilen iýmitlenýärdi. Oňa şolar bilen daş-töwerekdäkileriň hemmesini iýmitlendirip bolaýjak ýaly göründi, şonuň üçinem mugallym boldy. Häli-häzire çenli Bah sapak wagtynda söýgüli beýtlerini ýatdan aýdanda, döşünde begençden ýaňa sowujak galpyldama duýýardy.

Çagalar mugallymyň begenjini paýlaşmaýardylar. Adatça, garagol ýa-da ünslerini bir ýere jemlän okuwçylar goşgynyň ilkinji setirleri okalyp başlandan tabynlyk ýagdaýyna geçip, gowşap, irkilişip oturýardylar. Nemes romantizmi synpa uky dermanyndan hem güýçli täsir edýärdi. Çagalaryň bitertipligine gygyryp, galmagal edip, lineýka bilen urup ýörmegiň deregine, dogrusy, goşgy okamak usuly ulanylsa, gowy bolaýjak ýaly...

3-nji bölüm. Agşam

...Bah mekdebiň basgançaklaryndan düşdi we meýdana, ýiti ýonulan galamy ýatladyp duran, gümmezekli äpişgeleriň tor nagyşlarynyň içinde giň doga-dileg edilýän jaýy we äpet jaňhanasy bolan owadan kirhanyň etegine çykýardy. Ol gök asman, gyzgylt miwe we sargylt mekgejöwen reňkli, göze ýakymly naliçnikli agaç jaýjagazlaryň gapdalyndan; ýonulyp, rendelenen haýatlaryň gapdalyndan; suw daşgyna garaşyp, düňderilip goýlan gaýyklaryň gapdalyndan; rýabina düýpleri bolan bagjagazlaryň gapdalyndan gidip barýardy. Ol şeýle bir gyssanmaç, gyşyna keçe ädikleri bilen gary hütürdedip ýa-da ýazyna bolsa köwşi bilen baharyň palçyklaryny şalpyl­dadyp ýöreýärdi welin, hamala şu gün onuň hökman düzedäýmeli onlarça gaýragoýulmasyz işi bar ýaly diýip pikir etmek bolýardy...

Ýolunda duşan adamlar mugallymyň gybyrdyklap gelşini görüp, käwagt ony saklaýardylar we öz nesilleriň mekdepdäki üstünlikleri hakda gürleşýärdiler. Ol welin çalt ýöremekden ýaňa haş-haşlap, demini zordan sojap alyp, göwünli-göwünsiz gysgaça jogap bererdi: wagt diýseň çäklidi. Subutnama hökmünde jübüsinden sagadyny çykarardy-da, olara naýynjar nazar aýlardy-da, başyny ýaýkap, aňyrlygyna ylgardy. Nirä beýle ylgap barýandygyny Bahyň özem düşündirip bilmezdi.

Onuň howlukmaçlygynyň ýene bir sebäbiniň ýene-de bir sebäbiniň bardygyny aýtmak gerek: adamlar bilen sözleşende, Ýakob Iwanowiç sakawlaýardy. Ýogsa onuň gowy türgenleşdirilen, sapaklarda nemes edebi dilindäki köp düzümli sözleri aýda­nynda sazlaşykly we säginmän işleýän dili bardy. Ol şeýle bir eýerjeňli goşma sözlemleri ýeňil aýdardy welin, käbir okuwçy soňuna ýetýänçä, başyny ýatdan çykarýardy. Şol bir dil haçanda Bah obadaşlary bilen şiwe diline geçip gürleşip başlanda, öz eýesine birden garşylyk görkezip başlaýardy. Mysal üçin, “Faustdan” bir bölegi ýatdan aýdasy gelýär, eger goňşa “Siziň bu saňsaryňyz ýene-de betlik edýär!” — diýmeli bolsa hiç islänok, kentlewüge ýelmeşýärdi we amala has uly ýaly we kürtükli çorbadaky çala bişirilen kürtük ýaly, dişleriň arasynda aýlanyp, zyýan berýär.

Bahyň sakawlygy ýyl-ýyldan beterleýän ýalydy, ýöne muny barlatmak mümkin däldi: ol adamlar bilen seýrek, örän seýrek söhbetdeş bolýardy... Şeýdip, durmuşyň özünden başga hemme zat bolan bagtly, rahat, arkaýyn, gara köpüge degmeýän şat­lyklardan we ujypsyz aladalardan doly ýaşaýyş geçip durdy.

Автордун башка чыгармалары

2 Чыгарма