Arkasyndaky ýazga seret

Rawennada, kiçijek, Danteniň jaýlanan italýan şäherinde, maýyň gyzgyn günüdi. Birwagtlar — edil biziň eramyzyň bäşinji asyrynyň başynda — imperator Gonoriý Günbatar Rim Imperiýasynyň paýtagtyny şu ýere geçirdi. Birwagt bu ýerde port bolupdyr, emma deňiz bireýýäm we daşa çekilipdir, onuň ýerini bolsa batgalyklar, bägüller, tozan we üzüm eýeläpdir. Rawenna özüniň mozaikalary bilen belli, syýahatçylaryň toplumy, kellelerini galdyryp, ýokardaky, alagaraňky gümmezleriň aşagynda dürli reňkli ownuk smaltalaryň tutul ýylpyldysyny görmek üçin, ol ybadathanadan beýlekisine süýşýärler. Nämedir bir zat görünýär, emma gowy görnenok. Glýanes otrytkalarda gowy görünýär, emma örän aýdyň, ýüzleý we arzan. Men demigýärin, yssy, tozan. Meniň kalbymda biynjalyk. Meniň kakam ýogaldy, men bolsa ony şeýle gowy görýärdim! Birwagt, has öň, kyrk ýyl mundan ozal, geçip barýarka. Ol bu ýerde, Rawennada bolupdyr. Maňa bolsa bu ýerden belli mozaikala­ryň biriniň suraty bolan otkrytkany iberipdir. Arkasynda ýazgy bardy — näme üçindir galam bilen, gyssanmaç, bolmagy ahmal: «Gyzymjan! Men öz durmuşymda mundan gözel hiç zat görmedim (yzyna seret)! Aglasyň gelýär! Eh, sen bu ýerde bolsa­dyň! Seniň kakaň!» Her jümle biderek ýüzlenme belgisi bilen tamamlanýardy — ol ýaşdy, şadyýandy, belki, çakyr içendir. Men ony ýeňsesi epilen, ellinji ýyllaryň ahyrynda moda bolan fetr şlýapaly, şol wagtlar özüniňki bolan ak dişlerinde çilimli, maňlaýynda ownuk der damjaly, uzyn, syrdam, owadan görnüşde görýärin; onuň gözleri äýneginiň tegelek aýnajyklarynyň aňyrsyndan bagtly ýyldyraýar... onuň ýeňilkellelik bilen iki sany ähtibarsyz — italýan we rus poçtalaryna ynanyp, poçta ýaşşigine atan otkrytkasynda bolsa, — jennet. Hudaý gözüňi deşip barýan ýaşyl, müdimi baharly jennetiň ortarasynda otyr, töwereginde bolsa ak goýunlar otlap ýörler. Iki sany ähtibarsyz, rus we italýan poçtalary, otkrytkanyň burçlaryny epläpdirler we dagadypdyrlar, emma, zyýany ýok, iberilen zat alyndy, hemmesini umuman görmek bolýar. Eger jennet bar bolsa, kakam şonda. Ýogsam ol nirede bolsun? Ýöne kakam ýogaldy, ýogaldy, indi bolsa maňa ýüzlenme belgili otkrytkalary ýazanok, dünýäniň ähli ýerinden habar iberenok: men şu ýerde, men seni gowy görýärin, söýýärmiň sen meni? begenýärmiň sen meniň bilen? Görýärsiňmi sen, meniň häzir görýän gözelligimi? salam saňa! Ine otkrytka! Ine arzan, glýanes fotografiýa — men bu ýerde boldum! Bu ýerde örän gowy! wah, sen hem bolup bilsediň! Ol bütin dünýäni aýlanyp çykdy, dünýä bolsa onuň göwnünden turdy. Indi men, mümkinçilik bolanda, onuň yzy bilen gidýärin, şonuň bolan şäherlerine barýaryn, onuň gözleri bilen görmäge çalyşýaryn, ony ýaş, çüňke öwrülip barýan, basgançaklardan ýokaryk galýan, kenaryň parapetlerine dişi çilimli ýaplanyp duranyny göz öňüne getirmäge çalyşýaryn. Ine häzir hem men tozanly, dymyk, ýadaw, ähli turistik ýerler ýaly, darajyk köçeleri adamdan doly Rawennada. Öli, başagaý, gyzgyn şäher, oturar ýaly ýer ýok. Özüniň mähriban Florensiýasyndan kowlan Dantäniň mazary. Teodorihiň mazary, şol Rawennany Imperiýanyň paýtagty eden Galla Plasidiýanyň, aýaly Gonoreýanyň mawzoleýi. On bäş ýüz ýyllyk geçdi. Hemme zat üýtgedi. Hemme zady tozan basyp­dyr, mozaika dökülipdir. Bir wagt wajyp bolan zat, — wajyp däl boldy. Öň näme täsir eden bolsa, — çägä siňdi. Deňziň özi gitdi, öň ýaşyl tolkunlaryň çyrpynan ýerinde bolsa, indi boşluk, tozan, ümsümlik, gyzgyn üzüm plantasiýalary. Kyrk ýyl mundan ozal — durmuş mundan ozal — kakam bu ýerde aýlanypdyr we gülüpdir, şowa gözlerini bolsa süzüpdir, köçelerdäki stoljyklarda bolsa oturyp­dyr, hem gyzyl çakyr içipdir, pissany öz, berk dişleri bilen dişläpdir. Gök gije düşüp gelýärdi. Stoluň gyrasynda, galam bilen, ol maňa özüniň guwanjy we bu dünýä söýgüsi barada, gabat gelen ýerinde ýüzlenme belgilerini goýup, gyssanmaç ýazypdyr. Dymyk bulutly asman. Yssy, emma gün görnenok. Tozan. Haçan-da bir wagt deňziň düýbi bolan ýer, indi şäherjigiň töwereginde giň mes toprakly meýdanlar bolup ýatyr; öň leňňeçleriň süýrenen ýerlerinde, indi eşekler gezip ýör, suw otlarynyň ýerinde bägüller ösýärdi. Hemme zat öldi we taşlandy, birwagtky Günbatar dünýäsiniň gözel paýtagtynda gülgüne raspaşonkaly, göwünlerine deglen amerikan syýahatçylary aýlanyp ýördüler. Olar özlerini turistik býurosynyň ýene-de aldandyklaryndan närazydylar: bu ýewropada hemme zat şeýle bir ownuk, şeýle bir kiçijek, şeýle bir köne! Bäş ýüz ýyl. Dantäniň mazary. Galla Plasidiýanyň mazary. Meniň kakamyň mazary. Ýemşerilen otrytkadaky nähilidir bir sada gök öwüsýän jennet. Bu ýerde ony näme geň galdyrdyk-a? Gerekli ybadathanany tapýaryn, ýokaryk seredýärin — howa, hol ýerde, ýokarda gümmeziň aşagynda, nämedir bir ýaşyl zat bar. Ak goýunlar ýaşyl otlugyň içinde. Adaty, öçügsi yşyk. Aşakda syýahatçylaryň dürli sesli wagyrdysy. Barmaklary bilen görkezýärler, putewoditellerden düşündiriş gözleýärler. Haýsy asyr, haýsy sungat. Hemme zat hemme ýerde, elmydama bolşy ýaly. Erbet görünýär. Her bir italýan ybadathanasynda pul atylýan gutular asylgy — gyzyklanýanlar üçin goşmaça hyzmatlar. Eger oňa üç ýüz lir — dörtden bir dollar taşlasaň, onda birnäçe pursat potologyň aşagynda güýçli prožektorlar ýanýarlar, täze ak reňk bilen mozaika keşdelerini ýagtylandyrýarlar. Reňkler has açyk bolýar. Detallar görünýär. Adamlar tolgunýarlar, olaryň sesi bolsa has güýçlenýär. Bary-ýogy dörtden bir dollara. Bary bir siz bu ýere daşdan geldiňiz, uçar üçin, otly üçin, myhmanhana üçin, pissa üçin, ýürek sowadyjy içgiler, kofe üçin tölediňiz. Siz näme ýene-de birnäçe senti dözjek dälmisiňiz?.. Emma köpler dözenok. Olar, özlerine duýdurmandyklary üçin, närazy. Olaryň jenneti mugtuna göresleri gelýär. Syýahatçylaryň üýşmejigi, kimdir biri, gysyk däli we gyssanmajy, aldawçy italýan apparatyň kesigine teňňe taşlaýança garaşýar — italýanlaryň hemmesi aldawçy, dogry ahyryn? — onda bolsa prožektorlar ýalpyldap ýanar, gysgajyk, adam gözleri üçin ýeterlik bolmadyk pursatda jennet gök öwüsýär, goýunlar bolsa günäsizräk, Hudaý — mähirliräk bolýar. Adamlar gaty­rak güwwüldeýär... — emma yşyk sönýär, lapykeç turistleriň wagyrdysy bolsa şol bada garşylyk nägileligine, gysgançlygyň hümmürdisine, lapykeçligiň pyşyrdy­syna öwrüldi. Ýene-de hemmesi alagaraňkylyga örtüldi. Men adamlar bilen kiliseden kilesä ýöräp barýaryn, dürli dilli, deňiz sesine meňzeýän, pessaýja gürrüňleri diňleýärin, meni ýuwaş adam girdabynda towlaýar, manysyz ýadaw ýüzler geçip gidýär — şeýle manysyz, edil meniňki ýaly, — äýnekleriň aýnalary ýalpyldaýar, putewoditelleriň sahypalary şagyrdaýar. Men ybadathanalaryň darajyk gapylarynda dykylýaryn, ýakynda durany gysmaga çalyşýaryn, her kim ýaly gowurak ýer eýelemäge çalyşýaryn, o diýen gaharlanmazlyga çalyşýaryn. Eger jennet hakykatdan hem bar bolsa, — diýip, men pikir edýärin, — onda men oňa edil şeýle goýunlaryň üýşmegi, garry, akylsyz, gysgançrak adamlaryň üýşmegi bilen girerin. Sebäbi jennet biz üçin däl, kim üçin kä, bilmek gyzykly? Beýlekiler, aýratyn hem, bizden, adatylardan, orta statistiklerden, has gowuraklar barmyka? Olar ýok, bolmagy hem örän ahmal, meniňem bu ýerde hemme zadyň gadymy we beýik däldiginden närazy amerikan turistleriniň sürüsinde bu gök otluklarda ýöremegim ahmal. Eger bu beýle bolsa, onda jennetde içgysgynç we erbet, hakykatda beýle bolmaly däl. Jennetde hemme zat örän gowy bolmaly. “Men öz durmuşymda mundan gözel hiç zat görmedim (arkasynda seret)!” — diýip, ýazypdyr maňa kakam. Arkasyna seredýärin. Adaty jennet. Ol meniň görmeýän nämäni gördükä? Adamalar bilen kiçijek bina dykylyp girýärin. Ol barada asyryň başyndan rus syýahatçysy Pawel Muratow öz wagtynda meşhur “Italiýanyň keşpleri” kitabynda ýazypdyr: «Galla Plasidiýiniň aramgähinde (?mawzoleýinde) täsin we nähilidir ýetip ýolmaýan çuň gara gök gök reňk. Bu ýere kiçijek aýnajyklardan düşýän ýagtygygyň düşüşine görä, ol ajaýyp we duýdansyz birden ýaşylymtyl, birden melewşe, birden çym-gyzyl öwüsýärdi. Bu fona ap-ak goýunlaryň arasynda oturan ýaş Mähirli ruhanynyň meşhur suraty çekilipdi. Aýnalardaky ýarymtegelekleri çeşmeden suw içýän keýikli örän uly nagyş bezeýärdi. Ýapraklaryň we miweleriň girlýanda görnüşli-sallanyp duran nagyşlary pessejik arkalara çyrmaşýardy. Olaryň ajaýyplyklaryny göreniňde, adamzat kilise diwarlaryny bezemek üçin hiç haçan şundan gowy çeper serişde tapmandyr diýip pikir edýärsiň. Bu ýerde mazaryň üstündäki aramgähiň örän kiçi göwrümi sebäpli mozaika biderek we sowuk bezeg iş bolup görünmeýär. Gök ot bolup ýalpyldaýan howa gurşalan saprofag, onuň içinde birwagt imperator aýalyň balzamlanmadyk jesedi bolupdyr, ol joşgunly-dini göz öňüne getirmegiň arzuwy bolmaga mynasyp hasaplamk bolar. Gotik soborlardaky reňkli aýnalaryň hudožnikleri şuny etmäge çalyşmandyrlarmy?» Täsin sözler! Emma, çasownýa dykylyp girip, men hiç zat göremok. Belki, Muratow üçin birwagt ybadathanany fakel bilen ýagtylandyran bolmagy ahmal, emma häzir bu ýerde ýöne garaňky, aýnalardan düşýän çalaja düşýän, ujypsyz yşyk bolsa, turistleriň arkalary bilen ýapylypdyr. Adamlar gysylyşyp we kesirlik bilen, tirseklerini-tirseklerine degirip durdular. Çyra ýakýan gutujyga teňňe taşlamak gerekdi, emma hiç kim gyssananok, her kim kimdir başga biri muny eder diýip garaşýardy. Men hem gyssanamok. “Men eýýäm köp gezek taşladym, — diýip, men içimden öz-­özümi aklaýaryn, — goý indi beýlekiler”. Dymyk garaňkylykda bir minut geçýär. Beýleki minut. “Taşlajak däl”, — diýip, her kim pikir edýär. Garaňkylyk depäňden basýar. Syçanlaryň, heňiň, ýene-de nämedir bir köne zatlaryň ysy gelýär, — eger wagtyň özüniň şeýle ysy bolsa näbilýäň. Soňra adamlaryň — garraýan bedenleriň, duhileriň, narpyzly tabletkalaryň, deriň, temmäkiniň yslary gelip başlaýar. Ine ölen badyňa hem şeýle bolar: garaňkylyk, garaňkylykda kimdir biriniň dem alşy we burnuny çekişi, yssy, garaşma, ýoldaşlaryňy görünmeýän sulhuň almazlyk, bu sulhuň almazlygy görkezmezlik üçin edepli gujur-gaýratlylyk, kiçijek egoizm, kejirlik, ynam, ikirjeňlenme. Jennete barylýan ýoldaky garaşylýan zal — eýsem başga nirä bolsun? “Men öz durmuşymda mundan gözel hiç zat görmedim (arkasyna seret)! Aglasyň gelýär!” — diýip, kakam jennetden ýazypdyr. Ahyryn häsiýetli şyrkyldy eşidildi — kimdir biri ahyryn, öň hem bolşy ýaly, birnäçe pursat yşyk ýansyn diýdi. Örän gysga pursat — gözler potology doly görüp ýetişenok, gözler elm-tas bolýar, — örän gysga pursat kelläň üstündäki kütek we yssy garaňkylyk gara-gök gümmezli äpet, gözleriňe gowy ýakynlaşýan, ýalpyldaýan ýyl­dyzly asmana öwrülýär. “A-ah-h!” — diýip, aşakdan eşidilýär, yşyk bolsa sönýär, öňküden hem beter garaňky bolýar. Ýene-de şyrkyldy, ýene-de fantastik, dürli reňkli ýyldyzlar, edil aýlanýan tigirler ýaly, şol aýdylýan “gök ot bilen ýanýan howa” — sekuntlyk görnüş, — soň bolsa ýene-de tümlük. Ýene-de aşak düşýän teňňäniň zyňňyldysy, ýene şyrkyldy, — geň görnüş, gitme, biziň ýanymyzda bolsana! — ýene garaňkylygyň urgusy. Günälileriň üýşmegi ýokaryk ýüzlerini tutup, jadylanan ýaly bolup dur. Tümlükde ýol açyldy, söz berildi, subutnama görkezdi, hemme kişi halas bolar, hiç hili düşündiriş gerek däl — biziň üstümizde ady belli däl hudožnikleriň döreden jadyly gök düýpsüzligi, özi gepleýär, sözsüz dilde aýdym aýdýar. Gök asman miweli we ýaprakly sebetleriň ýanyna, aşak inýär... hemme zat ýitýär, emma ýene we ýene yşyk ýanýar, baýramçylyk bolsa üznüksiz bolýar, edil häzir perişdeler aýdym aýdaýjak ýaly bolýar. Goý ýagtylyk bolsun! Men seresaplylyk bilen adamlaryň arasyndan dykylyp geçýärin, men mazaryň diwarlaryny süýşürip, feýerwerk gurnan doýmaz-dolmaza gizlinlik bilen seredesim gelýär. Ol inwalid kresloda, ýüzüni aşak salyp, otyr. Onuň dyzlarynyň üstünde teňňeli guty. Ol teňňäni eli bilen sermeleşdirip tapýar, awtomatyň deşigine dykýar, gysga pursatdan soň bolsa, asman melewşe we çym-gyzyl öwüsýänçä, ýanyndaky iýdiji aýal onuň gulagyna gyssanmaç pyşyrdaýar, ol sözleri men eşidip bilemok, eşitsem hem düşünmerin: bu dil maňa nätanyş. Bu adam — kör. Onuň, ähli körleriňki ýaly, tutuk we sabyrly ýüzi bar, gabaklary ýumuk, kellesi aşak goýberilen, gulagyny ol özüniň ýol belet aýalyna tarap tutup­dyr. Ol aýal onuň nämesikä — gyzy, ýa aýaly, ýa-da ýöne syýahat üçin tutulan kompanýonymy? Ol onuň pyşyrdysyny diňleýär we käwagt kellesini atýar: howa. Howa. Onuň ýene diňläsi gelýär, teňňe yzyndan teňňe atýar. Ol teňňäni garaňkylyga taşlaýar, garaňkylykdan, gözellikden alynýan beýik teselli hakynda, başardygyndan? Gürrüň berýän ses çykýar. Ol gürrüňi diňledi, hem baş atdy, hem ýylgyrdy, aýal bolsa, köpçülikde inwalid kolýaskany ussatlyk bilen sürüp, Mawzoleýden sürüp çykardy. Olara seretdiler: oňa bildirýän ýeri ýokdy, zenan bolsa öwrenişikli ýaly görünýär. Kreslo daş düşelen meýdanda böküp gitdi, üstünde oturana adama ownuk goşmaça kynçylyk çekdirdi. Bulutdan ýagyş damjalady, emma şol bada gutardy. “Arkasyna seret”! Emma arkasynda hiç zat ýok, arkasynda diňe tümlük, yssy, dymyşlyk, gahar, ikirjeňlenme, gaýgy. Arkasynda — könelendigi üçin bozulan bir za­dyň suraty, birwagtlar örän wajyp bolan, emma meniň üçin däl. “Aglasyň gelýär”, — diýip, ýazypdyr kakam kyrk ýyl mundan ozal. Ony şonda haýran galdyran gözellik hakynda (belki başga has uly zat hakynda bolmagy ahmal), meniň bolsa aglasym gelýär, sebäbi ol indi ýok, men bolsa bilemok, ol nirä gitdi, ondan bolsa diňe münder-münder kagyz, we ine şu gök öwüsýän jennetli otkrytka, ony men edil zakladka ýaly edip, kitapdan-kitaba geçirýärin. Emma hemme zadyň edil beýle bolmazlygy hem ahmal, belki hemme zat bir wagt şeýle bolmaly edilen bolmagy ahmal, hemme zadyň plan boýunça bolan bolmagy ahmal, diňe şu gün ses beren bolmagy ahmal? Näbellli wizantiýaly, dine ynam bilen ruhlanan ussada hudaýyň bagynyň owadanlygy göz öňüne gelipdir. Başarşyna görä, ol ony öz dilinde beýan edipdir, belki munda köp zat etmäge güýjüniň ýetmeýändigine gynanç bolmagy ahmal. Asyrlar geçipdir, meniň kakam Rawenna gelipdir, kellesini galdyrypdyr, Edemiň suratyny görüpdir, onuň suraty bolan arzanja suraty satyn alypdyr, söýgi bilen ony, ynamdarlyk üçin ýüzlenme belgileri bilen berkidip, maňa iberipdir, — her kim öz dilini saýlaýar. Eger-de ol maňa ony ibermedik bolsa, men bu ýere gelmezdim, bu gara çasownýa gelmezdim, kör adama duşmazdym, onuň eliniň yşaraty bilen tümüň arkasynda jennetiň bosagasynyň gök yşygy ýanýar. Sebäbi biz hem kör, ýok, biz kolýaskada oturan garry adama seredeniňde, müň esse kör. Bize pyşyrdaýarlar, emma biz gulaklarymyzy dykýarys, bize görkezýärler, emma biz ýüzümizi sowýarys. Bizde ynam ýok: biz ynanmaga gorkýarys, sebäbi bizi aldarlar diýip, gorkýarys. Biz özümiziň mazardadygymyza ynanýardyk. Biz garaňkylykda hiç zat ýokdugyny bilýäris. Garaňkylykda hiç zat bolup bilmeýär. Olar bolsa kiçijek öli şäheriň darajyk köçejikleri bilen barýardylar, aýal kolýaskany itýär, körüň gulagynyň ýanyna egilip, bir zatlar diýýär, sakynýar hem, meniň hiç haçan tapyp bilmejek sözlerimi tapjak bolýan bolmagy ahmal. Ol nämedir bir zada gülýär, ol aýal bolsa onuň towlanan ýakasyny düzedýär, onuň dyzynyň üstündäki guta teňňeleri dökýär, tawerna girýär we oňa bir bölek pissa çykarýar, ol minnetdarlyk bilen, yhlasly we harsal, elleri bilen garaňkyda görünmeýän we täsin iýmiti elleşdirip iýýärdi.

Автордун башка чыгармалары

3 Чыгарма