Perişde
Olaryň kiçijik demirgazyk şäherjiginde ol zenan bireýýämden bäri ýok we Korogo derýajygyň aňyrsyndaky ohra reňkli jaýda indi hiç kim ýaşanok. Emma haçanda Anisim Iwanowiçe günorta ukusy gelende, penjiräniň aňyrsynda kölegelerem, galalaryň we diwarlaryň suduram ýitiligini ýitirýär, şonda oňa gardan arassalanan seýilgähde uzyn bolmadyk aýal sudury görünýärdi, ýanyp duran şadyýan gözleri görünýärdi, ýuwaş, emma örän aýdyň sesi eşidilýärdi hem sekide ädikleri tyrkyldaýardy, gary süpürýän sübsesi şywyrdaýardy, ol gyzgyn ýakylan otaga girýär, çykarynýar, gülüp we bir minudam durman gepläp, aýal edähedine görä, käsä has aşak eglip, çaý içýär, özüniň gowy görýän duzly suşkalaryny gemirýär, soňra bolsa ýene awtobus gelýär, ondan pallaýan, ýoldan halys bolan syýahatçylar çykýar we ol ökünç ýylgyrşy bilen ýerinden galýar, olary tüýduk çalýan perişde görnüşli flýugerli derweze üstündäki diňiň içinden geçirip, seýilgäh bilen äkidýär. Ol bu perişdä elini uzadyp bir zatlar aýdýar. Anisim Iwanowiç hatda daşdanam onuň agzyndan bugursap çykýan buglary we olaryň jyza bolup saçlarynyň tarlaryna düşüşini görýär, ýöne ukuly erkekleriň we aýallaryň onuň bilenem, perişde bilenem işleri ýokdy, olar özara gürleşýärler, ýigrenç bilen ýüzlerini çytýarlar, Anisim Iwanowiçiň onuň üçin çydap bolmaz ýaly ýüregi awaýardy, onuň öýden ylgap çykasy we olary, ýaramaz terbiýelenen çagalaryň edilişi ýaly, gowja silkeläsi gelýärdi, emma kiçijik aýal we onuň töweregindäki adamlar gar ümürinde ýitip gidýärler, ýene-de ol gaýdyp gelýänçä, pejiň açyk agzynyň ýanynda durup elini çoýýança we diňe aýallaryň seredip bilşi ýaly, ýalyna seredip, tiz düşen alagaraňkyda gözleri ýaldyraýança ýene näçe wagt geçer.
— Anisim Iwanowiç, gadyrdanym, nahili siziň adyňyz täsin. Siziň özüňiz hem nähili täsin, — diýip, ol sokduryp aýdardy.
Ol gyzarýardy we üsgürüp başlaýardy, zenan bolsa onuň utanjaň, hoşal gözlerine sadalyk bilen bakýardy, hatda onda bu garagol gyz onuň üstünden gülýändir diýen pikir dörese-de, barybir öýkelemeýärdi, we ol onuň kilesäniň gümmezine, ýaşyl şapaga, berk diňlere, insiz tüpeň atylýan penjireli galyň diwarara haýran galýandygyny we çaga ýaly içindäkini onuň üstüne pürküp çykaryşyny diňleýärdi. Ýöne basym, örän çalt alagaraňky düşýärdi we ol adamsyz garaňky köçe bilen derýanyň aňyrsyndaky gulluk jaňjagazyna gidýärdi we ol onuň yzyndan garap, bu iniwersiteti gutaran ýaş, owadan aýalyň suw daşajagyny, odun aýyrjagyny, peç ýakjagyny, agşamlyk nahar bişirjegini, soňra bolsa bütin agşam ýeke oturyp, her bir şygyrdyny we turbadaky şemal uwlamasyny diňlejekdigini göz öňüne getirýärdi.
Ol gider, ol hökman gider, diýip gaýtalaýardy, gider, ondan öň bu ýerde ýaşanlaryň ählisiniň gidişi ýaly gider, emma bir aý geçdi, beýlekisi geçdi, gyş geçdi, emma ol hiç ýere gitmedi, onuň gözleri öňküden has şadyýan ýalpyldaýardy, sesi buthananyň üçeginiň astynda ýaňlanýan bahar damjalaryna meňzäp has gaty çykýardy. Ol zat artyk zatlaryň saklanýan ýerlerinde sagatlap aýlanýardy, ikonalary we gadymy kitaplary, goş-golamlary gözden geçirýärdi, Anisim Iwanowiçi çagyrýardy, bir zatlar soraýardy, özi düşündirýärdi, ýazyp alýardy, surata düşürýärdi, onuň gözünde şeýle bir bagt bardy, hatda öň näme saklaýandygy piňine-de bolmadyk tutuk we garasöýmez garawulyň birden özi, ilki bu bilesigelijilikden utanýan ýaly, soňra Lýubow Fýodorowna tarapyndan höweslendirilip, gyzykdyrylyp pikir ýöredip başlady.
— Ynha, sen, Lýubow Fýodorowna, keramatly Ignatiý Hudaýyň ugodnigi bolupdyr we oňa: bar Korozero git we şol ýerde ybadathana gur diýlen ylham gelipdir diýýärsiň. Menä şeýle pikir edýärin. Ignatiý biraz kellesi üýtgän mužik bolupdyr. Ol ýeriň, Moskwanyň ýaramaz jenjelleriden iridir, şonuň üçin ol tokaýa gidipdir. Biziň kölümize ýetipdir welin, birinji sýomgajygy tutupdyr, ony dadyp görüpdir, şeýdip hem bu ýerde ýaşamaga galypdyr. Dürli yşaratlar babatda bolsa, ony hiç kim bu ýerden kowmaz ýaly, soň ýa adamlar toslapdyr, ýa özi döredipdir.
Ol, egnine deňiç seçelenen saçlaryny silkeläp, owazly, gyzlaryňky ýaly, hahahaýlady.
— Haý, Anisim Iwanowiç, siz muzeý garawullamaly däl-de, ateizmden leksiýa bermeli. Hemme professorlary oturdardyňyz.
— Sen, gyz, maňa ateist diýip käýeme, men näme saňa, nähilidir bir itmi? — diýip, ol gaharlandy. Ol dymdy, emma uzak dymmaga takaty ýetmedi. Lýubowyň gözleriniň şeýle bir mähirli seredýärdi welin, ýene gyzyp başlady: — A sen näme pikir edýärsiň? Ruhanylar şol bir erkek adamlardyr-da. Men saňa şeýle diýeýin: aýallar olary irizen, şonuň üçinem olar aýratyn ýaşap başlapdyr. Bu biziň ýerlerimizde-hä olar öz hojalyklaryny döredipdirler, balyk tutupdyrlar, baglary bolupdyr. Häzir bolsa? — diýip, ol elini silkip goýberdi, gaşyny çytdy. Gyz hem tukatlandy we hiç zat hakynda alada etmeýän direktoryň üstünden arz edip başlady, gaznalaryň dargadylandygy, iň gymmat zatlaryň Moskwa we Leningrada äkidilendigi hiç kime bildirýän ýeri ýok.
Anisim Iwanowiç duýgudaşlyk bilen diňleýärdi we göwünlik berip şeýle diýdi:
— Öňki başlyk mundan hem pisiräkdi. Şol barka ursa çenli ikonalar polda ýüzi ýokary edilip ýatyrdylar, adamlara bolsa olaryň üstünden ýöremegi buýurýardylar. Häzir beýle edepsizlik ýok.
Şäherjik bir çetde ýerleşýärdi. Syhaýatçylar seýrek gelýärdiler. Rejeleýiş
işlerini hem bireýýäm etmeli bolsa-da, yzly-yzyna könelen kiliseleri ýapyp, remonty yza süýşürýärdiler, Hemmelerem muňa öwrenişipdi: ekspozisiýa näçe az bolsa, şonça işem azdy. Diňe Lýubow Fedorowna gaharlanyp başlady:
— Hany aýdyň siz maňa, näme üçin biz, baý ýurt, kosmosa müňläp emeli hemra goýberýäris, zawodlary, stansiýalary gurýarys we bahasyna ýetip bolmaýan müzeýi abadanlaşdyrmaga birnäçe on müňi tapamyzok we ol ýok bolup gidende, eýýäm hiç zat bilen çalşyryp bolmaýar. Düşünýäňizmi, hiç zat bilen!
— Goýsana, Lýubow Fýodorowna, — diýip, ol berk garşy çykdy, — kosmos näme? Altmyş birde şol wagt Gagarini kosmosa uçurdylar — başlyklar bu ýere geldiler. Merkezi baş ybadathanany ýykjak boldular. Diýdiler: Hudaý ýok, indi ylym bilen subut edilen, siziň kilesäňiz bolsa beýik, şäherde hemme zatdan beýik we adamlary çekindirýär. Şunlukda zähmetkeşler talap edýärler, gol ýygnadylar, zalymlar, — diýip, ol gaharly tüýkürip goýberdi, — şonda bir zat halas etdi: partladyjy ýetmedi. Hiç kim bize degenok, şunuň üçinHudaýa şükür.
— Name siz beýle samsyk zatlary aýdýarsyňyz? — diýip, Lýubow Fýodorowna gyzdy. — Kim häzir ýadygärligi partlatmaga rugsat berer?
— Partlatmasalaram, başga pislik ederler.
— Ýok, bolmaz, — diýip, gyz aýgytly aýtdy. — Men welaýata giderin we öz gepimi gögerderin.
Dogrudan-da ol gitdi, gelende bolsa onuň gyzan, gaharly ýüzünden, garawulyň garaşyşy ýaly, saparyň netijesiz gutarandygy mälim boldy. Ol hiç zat soramady, emma ertesi onuň özi ýürekden söz açdy:
— Meni bu murdaryň edepsizligi geň galdyrmaýar — diýdi. Garawul tisginip
gitdi — bular ýaly gödek sözler onuň sesine gelişmeýärdi. — Siz mamla, olardan kömek bolmaz. Ýöne adamlar näme, adaty adamlar, näme üçin olar hemme zada perwaýsyz garaýarlar? Kime men ýüz tutmadym, hiç bolmanda zibilleri aýyryp bermäge kömege geliň, diýsem — seslerini çykarmaýarlar ýa-da gülýärler. Şäher buthanaň arkasyndan döredi ahyryn. Emma ýerli ilatyň haýsysy heý bir gezek muzeýde bolup görüpdir diýip sora. — Meniň özüm şu wagta çenli hiç kimi göremok. Bu ýere müň kilometr daşlykdan gelýärler. Bu diwaryň hut eteginde ýaşaýanlar bolsa, on ýyldan bu diwarlaryň ýykylmagynyň mümkindigini bilmek islänok.
Anisim Iwanowiç dymdy, ýöne öz ýanyndan bu hiç hili gorkuly däl diýip pikir etdi. Adamlar, olar adamlardyr-da. Olary gündelik iş salyşýan zatlary, dükanlaryň boşlugy, ýollaryň ýaramazlygy, keselhananyň ýykylýandygy ynjalyksyzlandyrýar. Monastyr bolsa — ýat. Ol gyzyl awtobusda gelýänler we gidýänler dükanlaryň içinden bolsa kitap satylýanyna girýänler üçin bar. Eger ertir buthana bolmasa, dogrusy, hiç kim alada hem etmez, onsoň onuň hut özi üçin hem bu muzeýden näme begenere zat bar? Emma kiçijik, yhlasly aýal ony tolgundyrýardy, hemme zada öz gözüň bilen seretmegi mejbur edýärdi we garawulda içgi gussany oýarýardy. Hiç haçan artykmaç aladalary özüne ýük edinmeýän, hemme zada boýun bolýan, soňky ýyllarda bolsa biperwaý bolan Anisim Iwanowiç birden pikir edip başlady, onuň ömri, onda-da biderek geçdi diýen ýalydy: saglygyny ol ýaşlykda, kolhozdan halas bolup gaçyp baran ýerinde, tokaýda agaç taýýarlaýyşda ýitiripdi, ömürboýy agyr keselli bolan aýaly birnäçe ýyl mundan öň ahyrsoňy görgüden dyndy, Hudaý olara çaga bermedi, şu garawulhanadan başga onda hiç zady galmady we ondan soňam hiç zat galmaz.
Bu pikirler garawula öňem gelýärdi. Ol hemişe olardan gorkýardy, emma çakyr içip gutulmagy başarýardy, emma indi ony sorag gününe goýmaýardy — bu nähili beýle bolýar we bu kime gerek boldyka, eger şonça güýç sarp edilen bolsa, şonça olar döwlen bolsa, eger uruşda ýeňen bolsak, durmuş bolsa mundan beýläk hem has beter we has erbet boldy, iň gorkulysy hem adamlar adam bolmagy bes etdi, ýabanylaşdy, haýasyzlandy. Bu sebäpli ol özüni ýaramaz duýýardy, gahary bokurdagyna ýakynlaşdy, emma ýat, daş ýerlerň haýsyndan gelendigi belli bolmadyk, tötänden onda bu pikirleri oýarýan aýal, geň ýagdaýda ýeňilligem getirýärdi, eger häzir ol gidäýse, bu ýitgini, şonda atasynyň giň öýünden batgalyk tokaýa gaçandakysyndan hem, has agyr gaýgy ederdi.
Anisim Iwanowiç öz durmuşynda onuň üçin hiç hili gyzykly zat ýok diýip pikir edip, özi barada oňa az gürrüň bererdi. Emma hatda Lýubow şemalda sesini gyrdyranda, bütin agşam ol sesini çykarmanda we az-azdan owurtlap otly çaý içende, onuň diňe bu otagda bolmagynyň oňa teselli berýän we köpýyllyk agyrylaryny gowşadýan ýaly bolup göründi. Şonuň bilen birlikde ol barada howsala we alada peýda bolýardy, eger ol onuň aýal ykbaly paşmadyk gyzy bolan bolsa nahili bolardy. Emma onuň özi barada näçe az gürrüň berşi ýaly, ol zenan hem dymýardy, Anisim Iwanowiç hem ol barada hiç zat bilmeýärdi hem-de näme üçin akylly, özüne çekiji aýal özüniň men diýen wagty öýünden şeýle bir daşa gaýdandygyna düşünip hem bilmeýärdi. Ýerli adamlaryň hiç biri bilen onuň gepi alyşmady, tansa, kino gidenokdy. Anisim Iwanowiç hem söýgi meselesinde batyrgaýlykda tapawutlanmandan soň, gep diňe ýaýdaňjaňlygyndadyr diýip çak etdi. Zenan bolsa özüne ünsi çekýärdi. Bir gezek onuň bilen ogly gullukdan gelen, bile balyk tutýan ýoldaşy bu gelmişek zenan barada söz açdy.
— Seň bezzadyňa ol taý däl, — diýip, Anisim Iwanowiç sowuk aýtdy we gürrüň sonuň bilen gutardy, emma ertesi gün, ol gyza uha-balyk çorbasyny hödür edende, tötänleýin ýaly edip, sakynyp we sözlerini bulaşdyryp, ol ýigit barada söz açdy. Gyz sesini çykarman diňleýärdi, uha iýýärdi. Onuň boýun bolýanlygyndan ruhy göterilip, garawul, oglan, elbetde, uniwersitetleri gutarmadyk, emma bezzatçylyk edenok, gazanjy hem erbet däl diýen manyda has batyrgaý gürläp başlady. Gyz kellesini galdyrdy we şeýle diýdi:
— Indi gaýdyp meniň bilen şu temadan gürrüň etmäň, sizden haýys edýärin.
Ýerinden turdy we gapa tarap ýöredi, daş bolup doňup galan garrynyň gursagynda hemme zat agyryp başlady, indi ol onuň ýanyna çaý içmäge gelmejek, diňe gapdaldan geçip barýarka, ýat gözler bilen seredip we ýat ses bilen gürläp sowuk-sala salamlaşjak ýaly bolup göründi. Ol näme etmelidigini, öz hatasyny nädip düzetmelidigini bilmeýärdi, emma gyzyň oňa anyk rehimi geldi we yzyna seretdi:
— Siz, men bagtsyzdyr öýdýärsiňiz, gerek? Men bärde azat, düşünýäňizmi? Men isleýşim ýaly, ýaşaýaryn, maňa ýaraýan edýärin, hiç kime garaşly däl. Men, edil Ignatiý ýaly, Moskwaň jenjellerinden gaçyp bärik geldim, maňa bu monastyr, köl, siz, meniň derýanyň aňyrsyndaky kiçijik öýjagazym, bu köne kitaplar, arhiwler; hatda käwagt ujypsyzja zady aýdyp beremde-de, maňa hiç hili düşünmeýän çöňňe syýahatçylar hem gymmatly. Haçanda meni gussa gaplanda, derwezäniň üstündäki perişde ýadyňyza düşýärmi? Men oňa seredip pikir edýärin: ynha ýüz ýyl mundan öň ony goýupdyrlar. Ol özüniň turbasy bilen biziň azgyn ýaramaz durmuşymyza seredýär, oňa ýeller öwüsýär, ýagyş guýýar, gar, ýel, gün, ol bolsa, özüniň soňky elhenç aýdymyny batly aýtmaly wagty gelýänçä, ýuwaşja çalýar. Näme siz maňa beýle haýpygelijilik bilen seredýärsiňiz? Gowusy siz meni balyk tutmaga alyp gidiň, hudaý kessin, men size päsgel bermerin.
Ol balyk tutmak barada ýöne aýdandyr öýtdi, emma bir hepdeden olar gitdiler. Başda gyz özüni sowuk alyp bardy, dymýardy we onuň balyk tutulýan enjamlar bilen iş salşyşyna seredýärdi, soňra bolsa storožka we okun balyklary çykaryp şadyýanlaşdy, gülýärdi. Onda şeýle bir çeýelik we näziklik bardy welin, hamana diýersiň ol örän gadym zamandan bäri gudrat bilen aman galan, ýekelikde ömrüni geçirýän, owadan we güýçli sýomgajyga meňzeýän ýaly bolup göründi. Boşan kölde bu gymmat bahaly balyk näme etsin? Haçanda ol ak gijede oduň başynda arça şahasynyň üstünde ýeňiljek ýapynyp ýatanda, Anisimiň kalby süýji gam çekýärdi. Garawul ýene-de özüni heniz düşnüksiz çagyrýan we bagty söz berýän geljekki durmuşyň syrynyň öňündäki çaga ýaly duýýardy.
Zenan bolsa uklamandyr eken, oduň dury, öwsüp duran ýalnyna seredýärdi we birden gürläp başlady:
— Ynha siz, monahlar şol bir erkek adamlar bolupdyr diýýärsiňiz. Dogry, olar balygam tutupdyrlar, sygyram bakypdyrlar, baglaram olaryň gülläpdir, ýöne bu esasy zat däl. Olaryň gerdeninde, meň mähribanym, dünýä durupdyr. Bu diňe kitaplarda hemme zadyň özi bolýar we bolup geçýär diýip ýazýarlar. Şeýle bolaýşyny — hemme zat haýsydyr bir zadyň üstünde durýar. Ynha göz öňüne getiriň, häzir gije, hemmeler ýatyr, diňe ruhanylar bolsa oýa, hemmesi doganlar bolup parahatçylyk üçin doga okaýarlar we onuň agramyny öz üstlerine alýarlar. Olar tokaýa dünýäden halas bolmak üçin däl-de, dünýäni halas etmek üçin gidipdirler.
Alla, ol onuň sesini nähili söýýärdi, hatda zenanyň näme aýdýandygy hem onuň üçin wajyp däldi, esasy zat onuň gözleriniň ýanýanlygydy, onuň nädip kiçijik ykjam ädijekli aýaklaryny öz aşagyna ykjam ýygnap oturyşydy. Kalbynda şeýle bir täsinlik gopýardy, ol bu zatlaryň özünde bolup geçýändigine ynanmaýardy. Şonda hem garawul, ine zenanyň onuň durmuşynyň perişdesidigini oýlanman aýdyp goýberdi. Gyz gülüp başlady, uklap ýatan tokaýy wagtyndan öň gorkuzyp goýberdi, şonuň üçin gijeki guşam gygyrdy, suwa gelen sugunam tapyrdap gür tokaýa özüni urdy. Zenan oňa egildi, onuň kellesini elleri bilen tutdy, özüne çekdi, sakaly aýrylmadyk ýaňagyndan öpdi we pyşyrdap başlady:
— Ah, eger siz mähribanym, otuz ýaş dagy ýaş bolsadyňyz, Hudaý bar, men sizi özüme öýlendirerdim.
Aýtdy we birden aňyrlygyna gyrymsy agaçlaryň arkasyna geçdi. Anisim Iwanowiç bolsa suwuň pagşyldap gidenini eşitdi. Ol ukudaky Korozerda şeýle bir ýüzüp başlady welin, diňe aýlawly tolkunlar döredi. Zenanyň gyzaran we onuň gyzgynyna gözüne ýaş aýlap demigen goja seretmändigem gowy boldy.
— Lýubuşka, sen meniň ezizim, — diýip, ol häzir hem gar basan garawul jaýda, keseki sesleri eşitmän we keseki ýüzleri görmän pyşyrdaýardy. Ondan başga onuň hiç kimi ýokdy. Edil zyňylan mekandaky iň soňky ruhany we ruhany aýal ýaly şeýdip ýylba ýyl ýaşadylar we biri birlerini irizmediler. Syýahatçylaryň toparlary gelýärdi. Ol olara erteki ýaly edip, gadym wagtda skitde orun tutan keramatly Ignatiý hakyndaky taryhy aýdyp berýärdi, soňra bolsa garawul jaýa gaýnan semawaryň we hemişeki duzly suşkalarynyň ýanyna gaýdyp gelýärdi; gyşyna ýollary gardan arassalaýardylar, güýzüne ýapraklary aýyrýardylar, uzyn tomus agşamlarynda bolsa şäherjigiň gyralaryndaky baýyrlarda gezerdiler. Garawul bu ýerde näçe ýaşasada, bu baýyrlaryň üstüne hiç haçan çykmandy. Ol ýerden harabalyklaryň yzlary görünmeýärdi. Agaç jaýly şäherjik, tükeniksiz taýgadan gaçybatalga gözleýän ýaly, ägirt uly buthana diwarlarynyň ýanynda gysylyp otyrdy, ýöne bu daşdan şeýledi, hapaçylyga, serhoşlaryň sögünçlerine, solan şygarlara we plakatlara gaýdasyň gelenokdy. Has hem monastyryň özi, hamana diýersiň, oňa bu ýyllaryň dowamynda göze görünmeýän hassalyk degen we indi bolsa ýüze çykan ýaly, beter ýykylýardy. Kiliseleriň biriniň diňi we gümmezi ýykylypdy. Diwaryň üstünde we eteginde gezmek howpludy. Anisim Iwanowiçi monastyr üçin däl-de sagatlap kararsyz gezmeleýän we jaýryjyklary we döwükleri surata düşürýän aýal üçin gorky gaplaýardy.
Ol hat ýazýardy, suratlary iberýärdi, soňra tutuş zähmet rugsadynda Moskwa gitdi, haçanda gelen wagtynda bolsa, garawul ilkinji pursat özüni ýitirdi. Oňa zenanyň ýüzi şeýle bir ýadaw we näsag bolup göründi. Ol gussa bilen onuň nähili garranlygyny gördi, hamy solupdyr we gözüniň töwereginde ýygyrtlar emele gelipdir. Ol şu bagtygara, hiç kim tarapyndan baha berilmedik, hiç kime gerek bolmadyk monastyr ýaly onuň özüniň hem ýykyljakdygy hakynda pikir edýärdi.
— Bu ýerden siz gitmeli. Bütinleýin gitmeli, — diýip, Anisim Iwanowiç ýüregini bire baglap we öz özünde bir zatlary basyp ýatyryp aýtdy. Olam bu gezek garşy çykmady we boýun gaçyrmady, diňe ajy güldi.
— Nirä indi men gideýin? Meniň ol ýerde, Anisim Iwanowiç, hiç zadym ýok, ol ýerde hiç kim maňa garaşanok. Belki, men bu ýere biderek gelendirin we bu zatlara başlandyryn, ýöne welin meniň gidere ýerim ýok. Hiç zadyň başa barmandy. Men patriarhiýa-da gitdim. Ol ýerde hem: mähribanym, siziň monastyryňyzy almaga biziň serişdämiz ýok, — diýdiler. Näme ýitip ýok bolsunmy? — diýýärin. Olar bolsa ellerini galdyrýarlar. Ýöne bilýäňizmi, men näme pikir edýärin: goý biziň diňe ikimiz bolaly, ýöne biz hiç bolmanda bir zat edip bileris, aý, zibil aýrarys, diwarlary suwarys. Esasy zat başlamak, dogry dälmi? Siz bolsa meni taşlamarysyňyz-a?
Garawul makullap başyny atyp goýberdi, gyz özüni ýeňil duýdy. Iş barada gürleşip başladylar. Indiki gün muzeýiň zallarynyň birinde pul atylýan gap goýdular. Ol syýahatçylara abadanlaşdyryş işleri üçin kim näme berip bilse, bersin diýip aýdýardy — boýun gaçyrmaýardylar. Emma uçastоk polisiýasy geldi, haýyr-sahabat bilen gyzyklandy we pullary kanuny däl diýip yglan etdi. Zenan onuň soraglaryna dodaklaryny dişläp, gülümsiräp jogap berýärdi. Haçanda nejisje, hemme töwerekden para ýygnap ýörýän, dok erkek adamjyk bu pullary belki-de öz kisäňe salýansyň diýip ýaňzydanda, Anisim Iwanowiç tas erbet bolupdy. Pul salynýan bilen bolan waka hemmä aýan boldy we şäherjigiň ýaşaýjylarynyň ekskursiýaça bolan garaýşyny üýtgetdi. Bir gün aýallar geldiler we utanyp Fýodorownadan kömek gerekmi diýip soradylar. Gurally erkekleri iberdiler, näçe ýyl ýeke urunýana haýplary geldi. Emma olar bir gezek, beýleki gezek geldiler we soň gelmediler. Erkekler bolsa arak üçin kömekleşmäge razy bolýardylar. Her kimiň öz işi özüne ýetik (depesinden agyp dur?). Onsoňam bu nähili iş, haçanda hemme zady berkiymek gerek wagty — diwarlary suwamak, serişde, tehnika gerek, eliň bilen näme edersiň?
Şeýdip olar iki bolup galdylar, goý, şeýle bolsa bolsun, goý, hiç zat üýtgemesin — hemme zat birden şolbada ýykylmady ahyryn, olaryň ömrüne ýeterdi, şol ýaşap ýörişleri ýaly ýaşardylar, emma birnäçe ýyl bäri häkimlere arak talonlary üçin näletläp, şäherjikde ýaltalyk we ynanmazlyk bilen aýdylýan üýtgeşmeler bu çet ýere hem gelip ýetdi.
— Eşitdiňizmi, biziň jenaýatkärimizi kowupdyrlar, — diýip, Anisim Iwanowiç aýtdy.
— Şeýdilende näme? — diýip, ol biperwaý seslendi, — başgasyny ibererler, olarda beýle baýlyk ýeterlik.
— Ýokla, täzesi bara daçadan boýun gaçyrypdyr, maşyny özi sürýär, hemme zat halkyň gözüniň öňünde (elmydama adamlaryň arasynda) diýýärler.
— Bu oňa özgeleriň üstünligi tahatlyk berenok,— diýip, ol çala gülüp goýberdi.
Gürleşdiler we ýatdan çykardylar, emma iki aý geçenden soň, şäherjige täze başlyklar duýdansyz geldi we günortan naharyndan soň muzeýe sowuldy.
Hapalanan kombinizonda bolşy ýaly, Lýubow Fýodorowna lesadan düşdi we dymyp gözüni aýyrman myhmanlary synlamaga başlady. Nökeriň içinden bir ýerden, gapdaldan gartaň, plaşly, biraz çişen adam öňe çykdy we ýasama şadyýanlyk bilen gepledi:
— Hany, hojaýyn gyz, görkez öz mülküňi.
— Mihail Mihaýlowiç, bu günki gün size näme boldy? — diýip, zenan, gaşyny galdyryp aýtdy. Siz, tötänleýin, kesellänä dälsiňiz-dä? Näçe ýyl aýlanyp geçdiňiz, birdenem, ine saňa — görkez.
Hemme kişi zenana ýazgarmak bilen seretdi, diňe uzyn bolmadyk, ýönekeý palto we kepka geýen, daýaw adam geň galyjylyk bilen garap goýberdi.
— Lýubow Fýodorowna, merhemet ediň.
— Ýörüň, eger size içiňiz gysmasa. — diýip, ol egnini gysdy we olary monastyra ekskursiýa geçirişi ýaly, diwarlardan daşrakdan däl-de, daşlaryň dökülýän ýerine eltdi. Haçanda kilesä girenlerinde, Anisim Iwanowiçiň özi gulpy açýardy we has elhençlik boldy — şemal uwlaýardy, çyglylyk, deşik gümmeziň aşagynda gargalar we alagaraňkyda ýaldyraýan gorkunç keşp. Zenan hiç zat bolmaýan ýaly çöken we döwlüp dökülýän basgançakdan hora galyp başlady we birden yzyna garap, gaşlaryny çytdy.
— Baş gaplar.
— Bagyşlaň, näme?
— Allaň ybadathanasyna gireniňizde, baş gaplaryňyzy çykarmaly. Ýa garawula eşidildimi, ýa, dogrudan-da, dişiniň arasyndan syzdyryp “hudaýsyzlar” diýip goşdy.
— Bagyşlaň, — diýip, daýaw adam kepkasyny çykardy we onuň yzyndan hemmesi, nägilelik bilen myşlap, saçy düşen kellelerini ýalaňaçladylar.
Zenan olary garaňky düşýänçä aýlady, hemme jaýryklary we deşikleri görkezdi, gaýkyjaklaýan lesalara mündürdi hamana synap görýän ýaly — duzly sözlzje, rehimsiz, garawul hem zenanyň beýle tarapyny görmändi — bularyň hemmesi nämä gerek? Onsoňam, hemmesi bereýýäm ýadady, hiç zat diňlemeýärdiler, üşediler, üstleri hapalandy, emma şeýle terbiýe alypdylar, hol ädikli daýawja, olaryň hemmesiniň ogly ýaly bolsa-da, buýruk bermese, ýöremelidigini bil. Ähli soraglary bolsa ädikli daýawja berýärdi, ýöne goja hakynda däl-de, aýda näçe toparyň gelýändigi, olardan düşewündiniň nähilidigi, näçesiniň şähere, näçesiniň muzeýe gidýändigi we syýahat býurosynyň näçe alýandygy baradady, gaşlaryny çytýardy, nämedir bir zat hasaplaýardy, soňra bolsa agyr dem alýan hemralaryna tarap öwrüldi. — olar şol wagt jaňly diňiň ýokarky gatynda durdular, ol ýerden taýgaly we ägirt uly Korozýoraly tutuş giňişlik, adalar, kesilen kenarlar, orlan ýerler, tokaýly depeler görünýärdi, we ol batly ses bilen gürledi:
— Ynha, pulam siziň aýagyňyzyň astynda ýatyr. Bu ýerde ol hemme zada ýeter. Lýuba tarap öwrüldi, mähirli, ýumşaklyk bilen sorady:
— Size näçe töleýärler, Lýubow Fýodorowna?
— Ýüz ýigrimi, — diýip ol gaharly jogap berdi, — siz özüňize näçe bellediňiz? Bäş ýüzmi, müňmi?
— Siz nähak beýle edýärsiňiz, — diýip ol parahatlyk bilen jogap berdi, — Men pulda diňe ýitirdim. — Sagbollaşanda bolsa: — Lýubow Fýodorowna, men berk söz berýärin — kömek ederin. Hemmesini dikelderis.
— Aý, — diýip, zenan elini silkip goýberdi, — men size ynanmaýaryn, hiç kime ynanamok.
— Siz pikir edýäňiz, men ynanýanmy? — diýip, ol çala gülüp goýberdi.
— Aý bolýar, öz işiňiz, monastyr bilen bolsa birinji nobatda meşgul bolaryn.
Şeýdip gitdi, ýoldaky tagtany galdyryp, ony bir gapdala aýyrdy, hemmeler hek bilen hapalanan kombinzonly aýala seretmejek bolup, onuň yzyndan ýöredi.
— Ynha hemme zat çözüldi, — diýip, Anisim Iwanowiç ynamsyzlyk bilen aýtdy, — bu hojaýyn, onuň hiç zady zaýa bolmaýar. Ol öň kolhoz başlygy bolupdy. Ondan adamlar gitmeýärdiler.
— Onuň gözleri gowy däl, açgöz, — diýip, gyz göwünsiz seslendi, erbetligi duýýandygy sebäpli garawulyň ýüregi munçgaldy, hatda bu gün çaý hem içmediler. Lýuba sesini çykarman çalşyryndy we Anisim Iwanowiçe çala baş atyp, öz öýüne gitdi.
Şeýle-de bolsa, maýdan başlap muzeýe kerpiçli, sementli, tagtaly maşynlar gelip başlady, rejeleýjileriň brigadasy geldi, söküp düzülýän jaýjagazlary getirdiler we olary kölüň kenarynda goýdular. Şäherjikde indi ýolam edip başlarlar, täze myhmanhana salarlar, hamala keselhana-da pul beriläýjek diýen ýaly gürrüňler başlandy. Ol şol tomus ýene-de ýaş we doly güýjündäki ýetginjege öwrüldi, ýöränokdy, ýöne hemme ýere ýetişip we kömek edip, uçýardy. Sekiz ýyl mundan öň bolşy ýaly, sesi ýene-de ýiteldi, emma ýakynlaşýan betbagtçylygyň baýaky duýgusy garawuly terk edenokdy. Onuň kalby çykgynsyzlykdan ýaňa hesret çekýärdi. Ol zenanyň duýgudaşlyk bilen berýän soraglaryna näme jogap berjegini hem bilmeýärdi. Soňra bolsa bir ýakymsyz dymyk günleriň birinde zenan garawul jaýa girip gapa ýaplanyp durdy.
— Eý Alla, nähili utanç, — diýip, ol gyzaran ýaňaklaryna aýasyny degirip aýtdy.
— Näme boldy?
— Nähili utanç, utanç, — diýip, zenan gaýtalady. Soňra elini ýüzünden aýyrdy we garawulyň söz aýdan wagtyndakysyndan hem ýüz esse sowuklyk bilen oňa seredip sözledi: — Siz hiç zat bileňizokmy? Olar ony satypdyrlar.
— Nädip satypdyrlar? — diýip, garawul düşünmedi.
Zenan hiç zat jogap bermedi, penjiräniň ýanyna bardy. Anisim Iwanowiç hem diňe bütin bedeni bilen töwerekdäki elhenç dymyşlygy we boşlugy duýup, hiç zat hakynda pikir etmän dymýardy. Birden gapy çalaja kakyldy, soňra jogaba garaşman, şol baýaky kepkaly we ädikli erkek kişi girdi, diňe gözleri öňki ýaly ynamly däldi-de, ýöne aladalydy.
— Lýubow Fýodorowna, — diýip, ol ýuwaşja çagyrdy.
Zenan ses bermedi, şonda ol, özüni aklap, örän çalt gepläp başlady. Başga çykalga bolmady, bu monastyry halas etmegiň ýeke täk usuly, ýykylança garaşýançaň, goý gowusy şeýle bolsun, welaýat walýuta alar, ol barada gürleşipdir, ony iň ýokary aýlykly işe alarlar. Hamana ol köpçülige ýüzlenip gepleýän ýaly, onuň sesinde kem-kemden ynamlylyk gaýdyp geldi. Gyz yzyna öwrüldi. Garawul onuň ýaşdan we öýkeden doly gözlerini gördi. Şonda Anisim Iwanowiç heniz näme we näme üçin edýän digine düşünmän, ýerinden turdy we bir sözem aýtman, çagyrylmadyk myhmany garawulhanadan itip çykardy.
— Siz oňa nähak etdiňiz, — diýip, gyz aljyraňňy halda aýtdy, — ol gowusyny etjek bolýar-a. Barybir men bu ýerde galyp bilmerin.
Birden garawul, hamala onuň özi günäkär ýaly, utanyp gitdi. Ol kiliseleri we köne diwarlary gorap bilmedi, özüniň gymmatly, ýeke täk sýomgajygyny gorap bilmedi, hudaý bilsýär, ol onuň ýanyndan nirä ýüzüp gitdi, şol agşam kemally hoşlaşman gitdi, şondan bäri ondan ýekejede habaram ýok — nirede ol, nähili, oňa näme boldy? Ol ýeke galdy, diňe tertipli aksowult saçly işçileriň keseki gürrüňleri eşidilýärdi. Ýeke zat ony köşeşdirýärdi — birnäçe gün geçenden soň, şäherde şeýle bir elhenç, garrylaryň hem ýadyna düşmeýän ýel turdy. Ol jaýlaryň üçeklerini goparýardy, töňňeleri zyňyşdyrýardy we agaçlary ýykýardy, irden bolsa Anisim Iwanowiç tüýdük çalýan perişdäniň ýokardan ýere gaçandygyny gördi we garry, töweregine ogryn garanjaklap, ony arkasyna atdy we gijelerine onuň ýuwaş, näzik aýdymyny diňlemek üçin, öz öýüne äkitdi.