Süýji uky
Kilise hakyndaky hekaýalar
Enäniň dogasy
“Enäniň dogasy deňziň düýbündäkinem halas eder” diýen nakyly, elbetde, bilmeýän ýok bolsa gerek. Muňa garamazdan, köp kişi bu nakylyň gepi owadanlamak üçin däl-de, taryhyň tassyklan wakalarynyň esasynda dörändigine düşünmeýär.
Pawel baba, monah, ýakynda onuň bilen bolan bir wakany maňa gürrüň berdi. Baba wakany, hamala, hökman şeýle bolaýmaly ýaly edip gürrüň berdi. Bu gürrüň meni diýseň geň galdyrdy. Men hem ony size aýdyp bereýin. Belki, ol siziň üçin hem gyzykly bolar diýip pikir edýärin.
Köçede Pawel babanyň ýanyna aýal gelýär we öz oglunyň ýanyna baryp gaýtmagy haýyş edýär. Onuň günäsini boýun aldyrmagy haýyş edýär. Barmaly ýeriniň salgysyny berýär.
— Men örän gyssanýardym, şonuň üçin şol gün ýetişmedim. Dogrymy aýtsam, salgysyny ýadymdan çykardym — diýip, Pawel baba aýtdy.
Ýene bir günden bolsa biz irden ýene duşduk. Halys gaýgy-alada batan ene oglunyň ýanyna barmagy çyny bilen haýyş etdi. Onuň näme üçin meniň bilen gitmeýändigini hem soramadym. Basgançakdan mündüm we jaňy basdym. Gapyny erkek kişi açdy. Sallam-sajak eşikli bolsa-da, onuň ýaşdygy we özüni halys içgä berendigi bildirýärdi. Ol maňa edepsizlik bilen seretdi. Men buthana lybasyndadym. Onuň bilen salamlaşdym-da: “Ejeňiz haýyş edip, meni siziň ýanyňyza ugratdy” diýdim. Ol “Ýalan sözlemegiňi bes et, meniň ejem bäş ýyl mundan ozal ýogaldy” diýip herreldi. Birden diwarda asylgy duran suratlara gözüm düşdi. Olaryň arasynda meni iberen aýalyň suraty-da bardy. Men suraty görkezip: “Ine, hut şu aýal siziň ýanyňyza barmagy menden haýyş etdi” diýdim. Ol gahar bilen: “Diýmek, siz o dünýäden meniň yzymdan gelipsiňiz-dä?” diýip gygyrdy. Men hem “Ýok, häzir bu dünýäden” diýdim-de: “Men saňa näme diýeýin, sen aýdylanyny et. Ertir irden ybadathana bar» diýip, gürrüňimiň üstüni ýetirdim. — “Eger barmasam?!” — “Bararsyň, ejeň haýyş edýär. Ene-ataň sözüni ýerine ýetirmezlik günä bolar”.
Ertesi ol geldi. Toba etdirilende, ol agydan ýaňa titir-titir edýärdi. Ol şonda ejesini öýünden kowandygyny boýun aldy. Ejesi keseki — ýat adamlaryň arasynda ýaşapdyr we tiz wagtdan hem ýurduny täzeläpdir. Ol hatda soň bilipdir, hatda jaýlamandyr hem.
— Agşamlyk men onuň ejesine soňky gezek duşdum. Ol örän şadyýandy.
Onuň ýaglygy-da indi gara däldi-de, akdy. Ol maňa minnetdarlyk bildirdi we oglunyň günäsiniň geçilendigini aýdy. Sebäbi onuň ogly öz eden günäsini doly boýun alyp, çyny bilen toba edipdi. Soňra onuň bilen eýýäm görüşendiklerini aýtdy. Bu ýerde meniň özüm ertesi gün, irden, onuň salgysyna bardym. Goňşulary onuň ýogalandygyny we morga äkidilendigini aýtdylar.
Ine, Pawel babanyň maňa gürüň beren hekaýasy şundan ybarat. Men bolsa, günäkär, pikir edýärin: diýmek, enä öz oglunyň dünýeden ötmeli wagty aýan bolupdyr. Hatda enäniň öz ogluna o dünýäde edýän dogasy-da öz täsirini ýetirýän bolmaly. Diýmek, onuň doga-dilegi şeýle ýürekden çykan bolmaly, şonuň üçin oňa ruhanynyň gözüne görnüp, öz ogluna toba etdirtmegi we buthanada hristian däbini ýerine ýetirtdirmegi berlipdir. Tobasyz we hristian däbini berjaý etmän ölmek örän gorkuly ahyryn. Esasy zat bolsa, ol ony gowy görüpdir, hatda şeýle meýparaz ogluny, öz enesini öýden kowandygyna garamazdan, söýüpdir. Diýmek agty görmändir, nebsi agyrypdyr, sebäbi ol şeýle adamlaryň jezasynyň juda agyrdygyny bilipdir. Şonuň üçin hem öz ogluny şol agyr jezadan goramak üçin elinden gelenini edipdir. Ol ony günäleriň içinden çykarypdyr. Bu zatlary, hakykatdan-da ene, diňe ene özüniň söýgüsiniň we dogasynyň gçýji bilen amala aşyrýar.
Meni kilisä goýbermediler
Hawa, hut şeýle. Goýbermediler. Kim? Rus esgerleri. Haçan? Ýeňiş Güni. Dokuzynjy maýda irki ybadata gitmek üçin öňünden şaýlandym. Turdum, ýuwundym, aýalymyň saglyk we ýogalanlar hakda ýazyp goýan ýazgyjyklaryny aldym we onuň üstüne: “Watan üçin gurban bolanlaryň hemmesi hakda” diýen sözleri goşdum we ýola düşdüm.
Biz Twerskoýyň başlanýan ýerinde, edil merkezi telegrafyň garşysynda ýaşaýarys. Köçäni kesip geçmelidi. Sagat ýediň ýarydy.Tutuş köçede geçilmez ýaly germewler goýlupdyr. Germewleriň aňyrsynda eýýäm söweş tehnikasy durdy: häzirki zaman tanklary, şonuň ýaly-da, uruş döwrüniň tanklary. Olaryň motorlarynyň güwleýän seslerini biz baýramçylyk ýörişine görülýän taýýarlygyň soňky hepdelerinde eşidipdik. Men germewiň bölünen ýerine geldim, emma meni onuň üstünden ýerasty geçelgä goýbermediler. “Men sekowa barýaryn”. — “Bolanok!” — “Men ýöne kilisä barýaryn ahyry, özümem şu ýerde ýaşaýaryn, ine-de, pasportym”. — “Baýramçylyk ýörişinden soň açarlar”. — “Mähribanlarym, parada çenli ýene dört sagada golaý wagt bar”. — “Aýrylyň”. Ine, şeýle. Men sümlüp geçerin diýen niýet bilen Mossowetiň geçelgesine bardym — ýapyk. Puşkinskä — biderek. Ine şeýle ýagdaý. Bu bu kuwwatly güýje seredesim hem gelmedi. Doga-dileg etmäge, şol bir wagtda häzirki harbylar üçin hem doga-dileg etmäge barýarkam, meni goýbermediler.
— Siz näme, prawoslaw dälmisiňiz?
— Goýbermeli däl — buýruk!
Ýagdaýlar şeýle. Elbetde, men yzyma gaýtdym. Bu maňa juda ýokuş degdi. Elbetde, men erbet doga okaýan, günäli adam. Emma birden hut meniň dogam şöhratly Rossiýa goşuny üçin gerek bolsa näme?
Ine şeýle. Onsoň men baýramçylyk ýörişini telewizorda gördüm. Goranmak ministri diýlip atlandyrylýan ştat geýimdäki kellesi ýalaňaç adam hatara düzülen goşunlary gözden geçirdi, ýöne olara bir gezegem hormat bilen salam bermän, olaryň üç gezek “ura” diýen sesleri eşidip, münberi ýanyna bardy we baýramçylyk ýörişine taýynlyk barada serkerdebaşa habar berdi. Ol hem graždan eşigindedi, bize gullukda “ýalaňaç kellä el goýulmaýandygyny” öwredilişleri ýaly, ol hem elini kellesiniň ýanyna galdyryp salamlaşmady.
Baýramçylyk ýörişi başlandy. Ýörişiň geçişi baradaky ýazgyny okaýanlar nyzam bilen barýan daşary ýurtlulary aýratyn bellediler. Soň tehnika gaty ses bilen arlaşyp geçip gitdi. Ondan soňra uçarlar edil üçekleriň üstünden atlyp çykdylar. Olaryň käbiri örän uludy. Baýramçylyk ýörişini alyp baryjy uçarlaryň pesden uçandyklaryny, ýene on metr aşaklan bolsalar, olaryň penjireleri we tekjelerdäki aýnalary kül-uşak etjekdigini aýtdy.
Soň öýke aýryldy. Güller, ordenler, çagalar, saz. Diýmek, diriler we wepat bolanlar üçin ybadathanada doga okamak hormatyna mynasyp däldirin. Aýalym bilen ikonalaryň öňünde durup, bilelikde öz ýazgyjyklarymyzy okadyk. Soň köçä çykdyk we 45-iň Ýeňşiniň bize-de öz täsirini ýetirendigini duýduk.
Men ýokdum
Birden gözi düşüp, onda hemme zadyň ýerindedigini gördi: aziýalynyň gözler, gitdigiçe yza tarap ýaýraýan maňlaý, ýeňiljekden ädilýän ädim... Ýogsa, bular hakda ozal, elbetde, telim gezek ýazylypdy.
Ýokarkyk galamagy tizleşdirmek üçin eskalatoryň basgançaklary bilen ýöräp barýardym. Birdenem durdum, soňra bolsa kynçylyk çekmän, ýene-de ýokaryk galmagymy dowam etdirdim. Ýokarda, eskalatoryň sag tarapynda gapdalyndaky aýala tarap çala öwrülrn, maňa bolsa dörtden üç bölegi görünýän zenana gözüm düşdi. Göni düşýän neon yşygy onuň näzijek ýüzünden kölegeleri kowýardy. Ýewropalylara mahsus bolmadyk doluşan çekge we gyýçak gözler ýaponlaryň haşam suraty bilen deňeşdirme döretdi.
Ine, edil şu ýerde kyn pikir kellä geldi: nädip suratyny çekjek? Surat bilen deňeşdirmek — has ýeňil ýol. Ýöne şeýle deňeşdirme üçin, näme bilen deňeşdirýändigiňi bilmelidi. Muny men islämok. Buniniň “Tämiz duşenbesinde” ýaramaz çekilen suratdaky daralan saç zenana gündogar gözeliniň sypatyny berýär. Onsoň hem, bu Bunin ahyryn.
Bularyň hemmesini birin-birin synap görjek bolsam, oňa meniň ömrüm ýetmez.
Şeýlelikde, hemme zat boldumyka? Şeýlelikde men mendim ýa-da men öňki bolanlaryň jemminiň şekilidimikäm?
Taňry, ygtyýar Sende! Puşkiniň prozasyny okaýan ýurtda hem, heý, biz ýazyp bilerismi? Emma eger meniň ýazan setirlerim okyjynyň gözlerini meniň setirlerimden sowsa, goý olaryň nazary Puşkine seretsin. Men bolsa geçirimlilik bilen ýatdan çykarylaryn. Unudylma bolsa öýkeletmeli däl: bizi näme üçin ýatdan çykarýan bolsalar, biz hem şoňa sygýarys.
Eskalator meni öň tölän bäş köpügime barmaly ýerime eltdi. Aňryk bolsa özüm pyýada gitmelidim.
Tumar
...biziň öýümizde, haçanda men heniz mekdebe gitmeýän wagtym, geplemezek udmurt gyzjagaz ýaşaýardy. Ol bir ýa-da iki gyş ýaşady, okaýardy. Şonda obalarda mekdep azdy. Gyzjagazyň azygy örän azdy, onuň bar iýmiti kartoşka diýseňem boljakdy. Gyzjagaz iki-üç kartoşkany ýuwardy we mazaly gyzan peçe togalap goýbererdi. Kartoşkalar tiz bişýärdi, emma otdaky ýaly kömre dönenokdy, gülgüne bolýardy. Döwlen ýeri, edil gyzgyn gyraw ýaly, näzik kümüşsöwdi.
Bir gezek men oňa bir bölejik çörek hödürledim. Ol gorkdy we çöregi iýmän, ony gedaýa berdi.
Ejemiň udmurt gyzjagazyna nebsi agyrardy:
— Nähili garyp ýaşaýarlar.
— Çöregi bolsa almady, — diýdim men.
— Almaz: biziň dinimizden däl.
— Haýsyndan?
— Aý, men anyk bilemok. Bizde ikona çokunylýar, olar bolsa doga-dileg etmek üçin tokaýjyga, kapişä-agaçlaryň arasyndaky hudaýlara çokunylýan ýere gidýärler.
— Meniň ynam-ygtykadym nähili?
— Sen prawoslaw, dünýewi.
...gyşyň aňzak aýazynda udmurt gyzynyň ejesiniň gelýändigi, doňan laptilerini kakýandygy üçin ötünç soraýandygy, plitanyň aşagyndan çykýan oduň butparazlyk ýalpyldysynda olaryň garaňkyda oturyşlary ýadyma düşýär. Olaryň dillerini bilmesem-de, gyzjagazyň ejesine men barada gürrüň berýändigine düşünýärin.
Irden ol maňa ogrynça, örän wajyp zat ýaly edip, wagtyň geçmegi bilen garalan agaç budy, olaryň dininiň tumaryny berýär. Bu meniň üçin düşnüksiz diniňkidi, ýöne maňa olaryň aç gyzyna beren bir bölek çöregim üçin bildirilýän minnetdarlykdy.
...gündiz, haçanda men, aýazda ylgap ýadanymdan soň, gyzgynjak sekiniň üstünde ýylynýan mahalym, gün stoluň sary saçagyna altyn şöhlesini çaýyp durka, udmurt gyzjagazy stoluň başynda otyrdy we «Deňiz goltugyndaky ýaşyl dub...» diýen goşgyny ýat tutýar. Men diňläp oturşyma goşgyny ondan çalt ýat tutýaryn we düzedýärin. Ol bolsa gülýär we maňa ullakan ýyly kartoşkasyny berýär.
Ak öwüşginli tylla reňk
Durmuş hakyndaky iň gowy ýatlamalaryň birini gürrüň bereýin. Men çyg ýolkanyň şahalaryndan sowlup, bortly maşynyň kuzwasynda durun. Maşyn uwlap ses edýär, sürtülip ýylmanan tekerleri bolsa, toýun palçykda, edil ýalaňaç aýaklar ýaly typýardy.
Şol barmana-da, maşyn ak öwüsýän tylla reňkli greçihaly giň meýdana düşýär. Hiç haçan ýatlama bilen berip bolmajak ys bolsa, ary balynyň ýyly, birden ýüzüme uranda bolsa gyzgyn ysy, meni gurşap alýar.
Ägirt uly ak matany ýadyňa salýan meýdan we indiki gür tokaýda ýitýän ýol mele sapak ýaly keseligine geçirilipdir.
Kuwşinkanyň ýapragy
Men iýmit dannaýan adam däl. Hytaý, gruzin, ýapon, arap halklarynyň dürli-dümen tagamlaryny ýa-da teýlije rus naharlaryny iýip bilýärin, ýöne diňe kartoşka bilen hem oňýaryn. Emma ýyllaryň geçmegi bilen, men nähili gapdan içýändigime, nähili çarşak bilen iýýändigime parh berýändigimi duýup başladym. Uzak uçuşlarda tagam berilýän plastmassa gap-gaçlary halamokdym, ýöne ony arassaçylyk bilen baglanyşdyryp, özümi rahatlandyrýardym.
Men bu ýaş bilen baglymyka ýa-da intelligent ynjyklygymyka? diýip pikir edýärin. Haýsy zatda garbanaňda tapawudy näme, nämede iýip garnyňy doýursan bolmaýar, doýsaň bolýar-da. Onsoňam, men muny özüme, açlygynyň erbetliklerini görene, nämeden içmegiň we iýmegiň formasy hakynda pikir etmek gerekmi diýip aýdýaryn.
Bilemok, näme üçin birden gap-gajyň aladasyny edip başladym. Owadan farfor önümleri, ajaýyp hrustallar, salykatly kümüş we ulumsy tylla gaplar meni durşum bilen özüne çekýärdi. Barybir, bularyň hemmesinden meniň kitaphanaçy, şowa kör, akylly, ýetimler öýünden çykan Walýany söýen tomsum üstün çykar. Şol gün haçanda biz derýanyň akymy bilen ýokaryk gidip barýarkaň, suwsadyk. Çeşmeler bolsa biziň edil aýagymyzyň aşagynda şildiräp akýardy. Men näme, buz ýaly suwuň üstünde döşümi gerdim, soňra egildim-de goşawyjym bilen suw aldym we ony magşugyma hödür etdim.
— Ýok, men beýdip içip bilemok. Men nähilidir bir gapdan içmeli — diýip, Walýa aýtdy. Bu «bir zat» hem tapyldy. Men töweregime seretdim, biziň aşagymyzdaky jülgede gülläp oturan kuwşinka gözüm düşdi. Uçudyň aşagyna bökdüm, şol bada-da aýakgaply we balakly halyma suwa pagşyldap düşdüm. Kuwşinkanyň uly ýapragyny ýoldum-da, eglenmän, kenara çykdym. Ýapragy suwda ýuwdum we ony guýguç etdim. Soňra-da akymyň aşagyna tutup, ony doldurdym we söýgülime uzatdym.
Ol suwdan gandy. Biz öpüşdik.
Içmek we iýmek üçin gap-gajyň nämä derkary bar? Aý, bilmedim, ýöne maňa indi bir ezýet bermäň. Meniň ýaşamaly ömrüm geçdi, emma şol gün kalbymda öçmejek yz galdyrydy. Çeşmeler we kuwşinkalar. Biziň hem gök asmanyň astynda giden giň dünýäni unudyp durşumyz.
Telegörüji zenan
Şol döwürlerde rus ýazyjylaryny telewideniýada çykyş etmäge çagyrýardylar, maňa-da gel diýdiler. Men bardym, ahlak temasy boýunça on minutlyk wagyzda ýazgy etdiler. Gepleşigiň haçan efire beriljekdigini aýtdylar. Gepleşik güni men obadadym. Meniň öz telewizorym ýokdy. Goňşy zenan Nastýa enäniň öýüne telewizor görmäge gitdim. Biz ekranyň öňünde oturdyk. Nastýa ene goşalanandygyma geň galmady. Men onuň bilen çaý başynda oturdym we aýnaly ýaşikden welilik satýardym.
— Ýeri, Anastasiýa Dmitriýewna, men hemme zady ýerlikli aýtdymmy?— diýip, on minut geçenden soň soradym.
— Ýerlikli, ýöne iň esasy zady aýtmadyň.
— Meselem, nämäni?
— Sen satyjylarymyzy tankytlamadyň. Olar açgöz ogrular. Hemme azgynçylyk şolardan başlaýar. Arada ak köke almaga gitdim. Torbama bölek-biçek köke salypdyrlar, üstesine-de, az beripdirler. Olary ýerlerinde oturtmaly, oturtmaly.
Nastýa enäniň aýdýanlarynyň hemmesi dogrudy. Biz-ä ahlak hakynda gürrüň etdik, mekir adamlar bolsa ogurlyk etdi. Soňra-da geň galyp, bizi diňläp oturyşlaryna, ol ýerde biri-hä samraýar. Biz asla ogurlyk etmegiň gowy däldigini-de bilmeýän bolsak nätjek. Ýok ediň ony ekrandan. Şeýdip, biz ýalylary-ha inkär etdiler, Ostap Bender ýaly hilegärleri we kezzaplary-da şöhratlandyryp başladylar.
Şondan köp wagt geçmänkä, men Nastýa enä ak eltip berdim. Ol uruş-sögüş we azgynçylyk hakda gepleşige tomaşa edýärdi. Gaharyna tüýkürinjireýärdi, ýöne şonda-da görýärdi. Aý, näme başga seredere zat barmy? Täzelikleri görmek üçin hem berk nerwi gerek, sebäbi olar nirededir bir ýerlerdäki heläkçilik hakynda habar berýärler ýa-da maslyklary, gan döküşikli uruşlary görkezýärler, diňe pul hakynda gürrüň edýärler. Iň bolmanda, bir wagt akylyndan azaşan Amerikany görkezýär.
— Seni görkezýärlermi? — diýip, Nastýa ene sorady.
— Ýok, indi görkezmeýärler.
— Näme üçin?
— Ýadyňyza düşýärmi, men çykyşymda satyjylary tankyt etmändim? Şonuň üçin men söz azatlygy hukugyndan kesildim, ýagny hukugym bar, emma sesim ýok. Çaý içýän wagtymyz seniň öňüňde çykyş ederin. Görýäňizmi, kökeleriň-de hemmesi bitinje.
— Garaş, telewizory öçüreýin.
Hiç ýere gyssanman, obada çaý içmek, gör, nähili lezzetli. Öý ümsümlik. Diňe geçiguşlar aýnanyň tekjesinde bökjekleýärler we çüňkleri bilen aýnany kakýarlar. Olara çörek owuntyklaryny bermeli, ýogsa bu güýbünden gowy bolmaz.