Täsinligiň we gamgynlygyň ýyly
(powestden bölek)
<...>
Göwnüme bolmasa, men ýaňy uka giden ýalydym, ýöne ejem eýýäm egnimi yralaýardy we depämdäki hüžžeren saçlarymy sypalap, buýralaryny towlaýardy.
— Tur! Yzyňdan geldiler! Balyk tutmaga!
Men ömrüme ozal beýle ir turup görmändim, ýöne häzir welin, hatda heniz doly oýanman, ýerimden böküp turdum we gyssanmaç balagymy çekişdirip geýmäge başladym. Bu säherde Baýkal hem düýbünden başgady, hatda ynanar ýaly hem däl, düýn kenardan tükeniksizlige çenli ýekeje gasyny bolmadyk açyk tekizlik durdy, heý beýle zat bolup biljekmi, bu deňiz ahbetin, sähelçe şemalam suwuň ýüzüni zyýra-zyýra edýär, haçanda şemaljyk ýatanda weli, gyrkylykzyýralar ýene uzak wagtlap ugur boýunça garamtyl-gök oka öwrülip gidip barýardy. Bu gün hem şeýle boldy. Biz kenara baranymyzda, bütin Baýkal ilki göm-gökdi, ýöne gögüň üstünden has gök zyýralar ýiti üçburçluk bolup, günortadan demirgazyga tarap süýşýärdi.
— Kultuk bolar! Oňat! — diýip, Ýurka aýtdy, onuň kinomehanik dogany bolsa
makullap baş atyp goýberdi.
Biz demir ýoluň gyrasy bilen barýardyk. Ýöräp barýarkak, Ýurka maňa, her kimiň, hatda ol Moskwada ýaşaýan bolsa-da Baýkal barada bilmeli köp zatlaryny gürrüň berdi, sebäbi bular ýaly Baýkal başga hiç ýerde ýok we bolmazam.
— Kultuk bolar! — diýip, Ýurka gaýtalady. Men bolsa eýýäm basym günorta tarapdan tolkunyň boljagyny bilýärdim. Bu bolsa balyk tutmak üçin oňaýlydy. Diýmek, basym gom balyklary biziň kenarymyza kowar hem-de gomda çykýan harius hem geler, ýagny harius örän uly we çuňlukda ýaşaýar, kenara bolsa gom wagtynda gelýär, sebäbi gom kenara urýar we daşlaryň aşagyndaky maňňalçalaryň, Swetkanyň eli bilen tutan balyjyklarynyň, işbilini kakyp çykarýar. Uly tolkun emele gelende, suwuň düýbünde ýaşaýan harius kenara tarap süýşýärdi. Maňňalçanyň urkaçysy suwuň düýbünde jebis durmadyk daşyň aşagyna ýüzüp barýar we garnyny ýokaryk galdyryp öwrülýär-de, daşa işbillerini taşlaýar. Muny edil kenaryň ýanynda etmek bilen, öz işbilini beýleki uly balyklardan goraýardy. Balykçylar bu işbili ýygnaýarlar, duzlaýarlar, basýarlar we onuň bilen hariusy tutýarlar. Bu işbili iýip bolanok. Süýji däl. Ajy.
Biz ýöne ýöräp barýardyk we ýöräp barýardyk, men şonda daş-töweregiň suw we kenar hem birmeňzeş daşlak bolsa-da, näme üçin ýöreýändigimize düşünmeýärdim.
Beýleki kenar görünmeýärdi, ol ýerde diňe bulutlar ýa-da goýry gara bulutlar, göýä, suwa çöken ýalydy, ýa-da şeýle bolup görünýärdi. Biziň ýöräp barýan kenarymyzda nätanyş bir zat çyrpynyp başlady, sebäbi tolkun ýokdy, diňe garamtyl gök zyýra eýläk-beýläk urunýardy: kä kenar boýy bilen, käte-de kenardan uzaklaşyp ýüzýärdi; käwagt töwerekdäki ähli zat garamtyl zyýra bilen örtülýärdi. Şonda ol eýýäm gök reňkli däldi, has dogrusy, garamtyl çaldy, gararakdy, ýöne şemal ýatan badyna, suw ýaňadan mawy reňkli bolýardy. Men mawy reňkden başgasyny islemeýärdim, sebäbi asman hem edil suw ýalydy, sebäbi ol hem şäher çagynda özüne hemişelik reňki saýlap bilenokdy. Ol-da ýa gök öwüsýärdi, saçardy, ýa-da gözýetimdäki ýaýran bulutlaryň perleri bilen beýikli-pesli bolýardy.
Biziň yzymyzdan otly ýetip geçdi. Ol gapdalymyzdan geçýänçä, biz demir ýoluň golaý gyrasynda durduk. Tiz geçýän we şakyrdaýan wagonlara eliňi degirseň hem boljakdy. Demir ýol kenaryň boýundan darajyk daşly zolajyk boýunça geçýärdi, onuň üstünden sallanyp duran, edil çapylan ýaly bolup görünýän gaýalar hamana gös-göni asmana direlýän ýalydy. Otly bizi gum düşegiň gyrasynda saklap durka, men gaýalaryň uzynlygyny göz öňüne getirmek üçin, kellämi ýokaryk galdyrdym. Maňa olaryň beýikligi köp kilometrlik bolup göründi, sebäbi olaryň depesi görünmeýärdi: olary biziň üstümize abanan eňňitler ýapýardy.
Ondan soň biz eýýäm köp ýöremedik we basym daşlyk käl bilen gum düşelen ýerden tutuşlygyna äpet daşlar üýşürilen kenaryň özüne düşdük. Kenaryň iki ýerinde daş bilen gysylan şpallar suwdan somalyp çykyp durdy. Bu ýere kän diýilýärdi. Bu ýerde, ýagny soňky daşdan soň, hiç hili eňňitsiz 8—10 metr çuňlukdaky çukur bardy. Gom wagty kenaryň golaýyndaky şular ýaly ýere harius gelýärdi. Bu ýerde olary tutmak has aňsatdy. Haçanda biz suwa golaý gelenimizde, gom eýýäm başlapdy. Dogry, tolkunlar gaty bir beýik däldi, ýöne yzly-yzyna rahat we howlukman gelýän tolkunlar, göni kenara gelmeýärdiler, hamala kenary keseläp geçýärdi. Şonda tolkun hamala kenardan ýapyşýan ýaly, diňe bir tarapy bilen oňa syçradyp gidýärdi. Haçanda onuň beýleki, görünýän tarapy kenara ýetende, bu ýerde, biziň aýagymyzyň aşagynda, eýýäm başga tolkun daşlaryň arasyndan bir gysym ýalpyldawuk syçrantgylary ýokaryk atyp, daşlaryň üstüne düşýärdi.
Ýurka we onuň dogany daşlaryň arasyndan öňki balyk tutmaga gelenende, gizlenip goýlan ägirt uly çeňňekleri çykardylar. Ol Witýa daýyda ýedi metrdi, Ýurkada — bäş ýarym. Çeňňekler demir turba bilen berkidilen, birnäçe taýakdan ýasalandy. Olaryň ikisem işbilli aldawaçly torbalaryny eginlerinden asyp, çeňňeklerini bolsa asmana tarap galdyryp, inçeräkden öl şpallara mündüler. Onuň üstünde çeňňeksiz durmagam kyndy. Aldawaçlary gaňyrçaga ildirip, çeňňegi has daşrak zyňdylar. Çeňňekleri butlaryna diräp, uzyn gaz ýelekli galtga tiňkeleri dikip, doňdular. Galtgalar tolkunda yranýardylar, ýa yza, ýa öňe egilýärdiler. Men balyk çeňňege düşendir öýdüp, birnäçe gezek tisginip gitdim we gygyrdym, emma balykçylar welin, edil daş heýkel ýaly bolup, gymyldanokdylaram, olar bu ýerde näme üçin durandyklaryny unudana meňzeýär diýip, pikir etmek mümkindi.
Harius pähimli balykdy. Ol nähilidir bir gurçugy gaňyrçak bilen bile garynlaryna çenli ýuwudýan we balykça iş edildi, hany çek diýýän ýaly, galtgany hem çeňňekli ýüpi süýreýän nähilidir bir okun ýa karas ýaly däldi. Harius ilki çeňňegiň gaňyrçagyna geýdirilen aldawajy guýrugy bilen urup barlap görýär we şondan soň, eger ol gaty aç bolsa, dodaklary bilen ony gaty eserdeň dadyp görýär. Şonda galtga diňe çala ziňňildäp gidýär, şonda basymjak çeňňegi çekmegi başarmaly. Eger eliňdäki çeňňegiň uzynlygy ýedi metr, onuň ýüpi hem alty metr çuňluga atylan bolsa, onda hariusy inçelik bilen, dodagyny ýyrtman, harius aldawajy agzyndan aýryp ýetişmänkä çekip çykarjak bolup gördä!
Onsoňam balykçylaryň şpalyň üstünde doňup duruşlaryny bir diýsene!
Çeňňegiň ýogyn ujy buduňa dürtülen ýaly bolup durýar. Onuň inçe ujy hem galtganyň bir metr ýokarsyndan sallanýar. Çep eliň çep budunda, göwresi bolsa çala yza gaýyşýar. Şeýle ýagdaýda çeňňegi çekmek üçin taýýarlykly durmakdan başga balykça ýene-de hem özboluşly çakganlyk, hem ýeňillik, hem parahatlyk, hatda birhili geleňsizlik, hem ýüzünde doly biperwaýlyk bolmaly. Munuň üstesine-de, kenarda duran şpallar daşlara berk gysylan hem bolsa, barybir aýagyň aýagyň aşagynda ikibaka yranýar, tolkunlaram aýagyňa urup gidýär. Eger-de çeňňege düşse, ony çekip almaly, çykarmaly, çeňňek taýagy bedeniňe gysyp, çep eliň bilen hariusy tutmaly, balygy gaňyrçakdan sypdyrmaly, torba ýa kenara oklamaly. Soňra aldawajy ildirmeli we ýene-de uly çeňňegi hallanladyp, onuň ýüpüni suwa oklamaly. Şeýle ýagdaýda esasan deňagramlylygy saklap, aýagyň typmaz ýaly, özüňi ele almaly, çeňňek bilen bilelikde suwa şarpyldap ýykylmajak bolmaly. Harius — gorkak. Işbili gaňyrçakda saklamak juda kyn bolýar. Eger çeňňek emaý bilen dogry çekilmese, ol gaňyrçakdan sypýar, onsoň bolsa gaýtadan ildir!
Men balykçylary on minuta golaý synlap oturyp, olara bolan hormatym has artan ýaly boldy. Ýene birnäçe minutdan bolsa, men daşa ýaplanyp uklapdyryn we düýş görüpdirin. Bir äpet balyk suwdan çykyp: “Balykçy, ýatyp galdyň!” — diýip hahahaýlap gülüp başlaýarmyşyn. Şol pursat meniň garnyma bir zat degen ýaly boldy. Men böküp turdum we aýagymyň ýanynda ýatan balygy gördüm. Ýurka bilen Witýa daýy ikisi hahahaýlap gülýärdi.
— Ýatyp galdyň! — diýip, Ýurka gygyryp goýberdi.
— Şahalary ýygna! Ot ýak! Balyklary gowrarys!
Witýa daýy bolsa maňa nireden odun çöplemelidigini görkezdi.
Men ot ýakýançam, biri-biriniň yzyndan sekiz balyk — uly hariuslar kenara uçup geldi. Witýa daýyň aýdyşyna görä, olaryň hersiniň agramy iki funtdan-a az däldi. Soň çeňňege bir balygam düşmedi. Balykçylar kenara çykdylar we çeňňeklerini daşlaryň üstüne goýdular we heniz görülmedik usul bilen balyk gowurmaga başladylar. Olar balygy gazete dolaýardylar we hut közüň üstüne atýardylar, haçan-da çykaranlarynda bolsa, gazetler diňe çala saralypdyr, kä ýerlerinde bolsa hatda harplary hem görünýärdi. Balyk gowy gowrulypdyr, ony diňe duzlaýmak galýardy. Balyk gowrulyp, ony iýýänçäk, Witýa daýy maňa Baýkal, Kultuk we Barguzin tolkunlary, gaýalardaky agaçlary goparyp suwa taşlaýan Sarma ýeli, demirgazykdaky Olhon adasy, Baýkalyň ýeke-täk gyzy bolan owadan Angara we onuň halaşýan ýigidi Ýeniseýe gaçyp gidişi, Baýkalyň bolsa arman çekip onuň giden yzyndan äpet gaýany zyňyşy we ol gaýanyň häzir hem Angaranyň başlanýan ýerinde suwdan somalyp çykyp durandygy hakynda gürrüň berdi.
Men diňleýärdim, ýöne näme üçindir kalbymda nähilidir bir howsala gopýardy. Onuň aýdyp berýän zatlarynyň hemmesini, göwnüme bolmasa, men eýýäm bilýän ýa-da ozal bilip, soňam ýadymdan çykaran ýalydym. Ýöne hemme zat onuň gürrüň berşi ýaly däl-dä, başgaçady, hatda olaryň atlandyrylyşy-da öňki eşidişim ýaly däl-de, ýöne meňzeş eşidilýän ýalydy. Men hiç zady ýadyma düşürip bilmeýärdim, emma oňa zol garşy çykasym gelýärdi...
Soň Witýa daýy aýdym aýtdy:
Gadym wagt, has öň bolupdy,
Geçdi asyr ýyllary.
Haçanda Baýkal süýşürip
Goýberenden gök dagy.
Ondan ýatyrlar bölekler,
Häli-henizem suwda.
Ägirt uly bosagalar
Käýerde dur akymda.
Galan hemmesin äkitdi,
Derýanyň çalt suwlary.
Ol gepi baky saklaýar
Balykçy tohumlary.
Olaryň agtyklar aýdar,
Içinde ýaşaýar olaň.
Belli däl-dä ady onuň
Kimden gaýdýandygy oň...
Tolkunlar oňa deňiç biziň ýeňsämizde duran daşlary basmaga başladylar. Tolkunyň galmagaly bolsa gaty-gaty geplemäge mejbur edýärdi. Garşymyzdaky kenar oňat görünýärdi. Witya daýynyň aýdyşy ýaly, biziňkiden beýik, ýiti uçly, başyny gar basan daglary men ilkinji gezek gördüm. Beýleki kenar bilen biziň aramyz çen bilen kyrk kilometr dagy bardy, ýöne has uzak görünýärdi. Gözýetim çepe we saga tarap açyldy. Iki tarapda hem suw asman bilen sepleşýän ýa-da aşak suwa düşýän ýalydy. Diňe gowşak, çala tapawutlanýan çäk bilen gözýetim görünýärdi.
Tolkunlar eýýäm ýöne bir togalanyp gelenokdy, hamana, olary kimdir biri itekleýän, gyssaýan, bu-da olaryň gaharyny getriýän ýalydy. Olar haçanda kenaryň külke jynslardan düzülen uly daşlaryna duçar bolanlarynda, gaharlaryny daşlarydan we biri-birlerinden çykarýan ýaly bolup görünýärdiler. Şonda ol ýerde suw gaýnaýardy we köpürjikleýärdi, girdapda iki ýana çyrpynýardy. Kenarda şemal ýok diýen ýalydy. Şemal suw giňişliginiň ortasynda bir ýerdedi we şol ýerden hem suwy tolkuna öwürýärdi we olary kenara tarap kowýardy.
Balykçylar ýaňadan pürsüň üstünde öz ýerlerini eýelediler. Tolkunlar pürslere pagşyldap guýulýardy. Ol dyzdan-da ýokaryk çykyp, ädikler halas edenokdy. Witýa daýynyň garaşmagyna we ynam etmegine garamazdan, çeňňege ýekeje-de balyk düşmedi. Ynjalykdan gaçan balykçylar ýarym sagatdan kenara çykdylar, ädiklerindäki suwlary dökdüler, balaklaryny but ýerlerine çenli sykdylar we çeňňeklerini ozaky ýerde bukup goýdular.
Oduň galyndylaryny suwa taşlap, biz gum düşege çykdyk we öýe tarap gaýtdyk.
— Biz balyk hakynda näme bilýäris, — diýip, Witýa daýy pikir ýöredýärdi, —
Ol hökman iýmeli! Onuň başga nähili işleriniň we aladalarynyň bardygyny biz bilemizok!. Tolkunyň ýagdaýyna görä balyk çeňňege düşmelidi, ýöne ol aňsatlyk bilen çeňňege düşäýenok! Diýmek, biziň bilmeýän başga-da nähilidir bir zatlarymyz bar. Belki, ýene-de garaşmak gerek bolandyr?... Bolýar bize bary hem bolar!
Ol balykly agyr torbany ýokaryk oklady we torba agram berip onuň eline gaçdy.
<...>
Oňa çenli hoz döwri gelip ýetdi. Oglanlar biri-biriniň yzyndan birnäçe günläp Baýkalyň kenaryndan ýitirim bolup başladylar. Olar şepbikden ýaňa elleri gap-gara, ýaňaklarynda, maňlaýlarynda, boýunlarynda hem şepbigiň tegmilleri bilen gaýdyp gelýärdiler. Şepbigi kerosin ýa-da benzin bilen aňsat aýryp bolýardy, ýöne oglanlar kedriň yzlaryny aýyrmaga howlukmaýardylar. Oglanjyklaryň jübüleri indi hozdan doludy, kenaryy gyrasynda oduň başynda edilýän gürrüňler hem esasan hoz hakyndady. Biri uly tokmak bilen kedre ýekeje gezek bat bilen kakanda, iki ýüz sany şişka gaçyrandygyny, onusynyň bolsa kellesine patlap degendigini aýdyp, öwünýärdi. Bir gezek kakylandaky gaçýan şişkalaryň sany kem-kemden bäş ýüze ýetýärdi. Ondan soň ynanmazçylyk edip, oglanlar hozuň göni degen ýerleriniň yzlary galan ýeňselerini barlaýardylar.
Biriniň tokmagy urgudan ýaňa döwülipdir, kimdir biriniň agaç jaýy gije ot alypdyr, başga biriniň hemme azygyny rosomaha gije alyp gidipdir, kimdir biri gyşky jaýyň ýanynda aýynyň täze yzlaryny tapypdyr!
Diňe meniň ýeke özüm diňleýji we hödür edilýän bolup durýardym. Hemmesi hozlaryndan hödür edýärdi we kimiň hozunyň gowy gyzardylandygyny aýtmagy haýyş edýärdiler. Men olaryňky ýaly hozy dişlerim bilen çakmagy başarmaýardym. Oglanlar gabygy keselegine dişleýärdiler. Men bary-ýogy bir on sanysyny çakýançam, olar bir goşawujyň hötdesinden gelýärdiler.
Emma ine, ahyry şol gün geldi, men ir säher bilen goşhaltamy arkama alyp, kedrli ýere eltýän inçejik taýga ýodajygy bilen ýöräp barýardym. Meniň öňümden Swetanyň kakasy Serýoža daýy, Ýurka we onuň dogany Witýa daýy barýardy. Yzymdan bolsa söbügime basyp, Swetka gelýärdi.
Ýodajyk egrem-bugramdy, towlanýardy, kä ýokaryk dyrmaşýardy, käte aşak gaýdýardy, käte-de öwrümlerde ýitirim bolýardy. Ýöräp gelýänimize eýýäm iki sagat bolupdy, ýöne hijimiz ýadawlyk duýmaýardyk, gaýta, diňe şatlanýardyk. Bular ýaly ýere gaýtmaga maňa razy bolmagy üçin ejemi yrmak aňsat düşmedi. Eger Serýoža daýy bolmadyk bolsa, ol meni goýbermezdi. Ol goýbermejek bolup, bu işe päsgel berjek bolup, ejem nähilidir bir bolgusyz zatlary tapýardy: men gowşak, uzak ýola hötde gelip bilmeýän, gijesine sowuklamagym ahmal, heniz keselden saplanmanmyşym we ýene-de ençeme artykmaç we nähak sözleri aýtdy. Emma her näme-de bolsa, men häzir ýoda bilen barýardym we eýýäm şeýle bir daşa gitdim welin, hiç kim meni yzyma gaýtaryp bilmez!
Biz aladaňdanyň ümüş-tamşyndan çykypdyk. Ilki ýöräp barýan ýolumyzy-da gowy saýgardanokdy. Baýkalyň säher şemaly biziň iki tarapymyzdan köwsarlap urýan sowugy bizi gyssaýardy. Soňra daň atdy, soň arkamyzda Gün peýda boldy, töwerekdäki guşlaryn gowry öwrendiksiz bolansoň, gulagymy gapdy. Emma näçe uzaklaşdygymyzça, şonça-da töweregiň ümsümligi artýardy we tokaý hem has gamly bolýardy. Eýýäm daş-töwerek diňe kedrler bardy, olaryň şahalarynda we depelerinde şişkalar sallanyşyp durdular. Eger şu ýerde-de olary näçe ýygsaň bolýan bolsa, onda biziň näme üçin gapdalyndan geçip barýarys we entegem gidip barýanlygymyza men düşünmeýärdim. Munuň sebäbini men Swetkadan soradym welin, ol pyňkyrdy:
— Näme bu kedraçmy näme? Her kedrde on sanjak! Bir hepde döwersiň!
Ýolboýy köp gyzykly, nätanyş, düşnüksiz zatlar duşýardy, ýöne biz “iş bilen” barýardyk we durup seretmäge wagt ýokdy. Esasanam, uly garynja öýlerine we ýykylyp, kökleri daşyna çykan kedrlere men haýran galyp seredýärdim.
Ýoda garşy-garşy ikä bölünýärdi. Şolar ýaly bir çatrykda Serýoža daýy ýöräp barşyna maňa gygyryp goýberdi:
— Görýärmiň! — diýip, bizden çepe tarap gidýän ýodany görkezdi.
Biz syrykdan we şahadan edilen agaç jaýa geldik. Howlukmaçlyk bilen çaý içip, derrew işe başladyk. Biz iki topara bölündik.
Ýurka dogany bilen bir tarapa gitdi, biz Swetka we onuň kakasy bilen başga tarapa gitdik. Serýoža daýy palta bilen uly berýozany ýykdy we kiçi pyçgy bilen ondan bir metr töweregi kesip aldy. Ortasyndan kese ýaryk ýardy we şol ýaryga uzyn agaç kakdy. Agaç tokmak boldy. Ol gaty agyrdy. Ony men hatda ýerinden hem gozgap bilmedim.
Swetka ikimiziň herimiz bir halta aldyk. Serýoža daýy bolsa birinji kedriň öňünde tokmagyň sapyny ýerde goýdy. Tokmagy özüne tarap çekip, ýokary galdyrdy-da, bat bilen daragtyň sütünine urdy. Kedrden şişkalar döküldi. Olaryň käbirleri sykylyklap, aşak gaýdýardylar. Sütüniň töweregine dökülýärdiler, şahadan her tarapa paýyrdap gaçýardylar.
— Ýygna! — diýip Swetka gygyrdy.
Men agaja tarap okduryldym. Men şişka gözlemäge başladym we eýdip-beýdip bäş sanysyny tapdym. Serýoža daýy ýene-de bir gezek sütüne kakdy. Şol bada arkama şişka şeýle bir patlap gaçdy welin, men gygyryp, moha ýykyldym. Swetka gülküden ýaňa ýykylyp ýatyrdy. Men onuň ýanyna gelenimde, onuň haltasynda eýýäm ellä golaý şişka bardy.
Gör, bu nähili kyn iş eken! Serýoža daýy ýadaman-ýaltanman, şol urýardy. Menem agaçlaryň aşagynda ylgaýardym. Çöplänimden beter şişkalary mohuň üstünde basgylaýardym. Swetka hiç zatdan gorkanokdy. Şişkalar entek agaçdan gaçyp gelýärkäler ol olary ýygnamaga topulýardy. Şişkalar kelläňe, eginiňe taňkyldap gaçýardylar. Ol gygyrýardy, içini çekýärdi, arasynda hahahaýlaýardy. Men onuň bolşuna düşünmeýärdim, agyrtmaýarmyka?! Maňa bary-ýogy üç gezek degdi, ýöne kelläm welin güwleýärdi. Elim bolsa şeýle bir agyrýardy, hatda elläp hem bolanokdy, oňurgam bolsa düýbünden ýazan ýalydy...
Uzak wagtlap eglenim sebäpli, tutuş ýagyrnym doňan ýaly bolup durdy we agyrýardy, aýaklarym hem, olar zol moha gaçýardy. Mohuň içinde bolsa daşlar bardy. Aýaklarym ýa şolara büdreýärdi we gaňrylýardy, ýa-da typýardy.
Şişkalary biz üýşmek edýärdik, emma, bir ýeri beýleki bir ýerleriň yzyndan kakyp, haýsy-da bolsa bir ugra gidip barýardyk. Men bolsa soň ol üýşmekleri nädip tapjagymyza düşünemokdym.
Haçan-da men eýýäm bir ädim-de ätläp bilmejegimi bilnenden soň, Serýoža daýy maňa Swetka bilen agaç jaýa gidip, nahar bişirmegimizi buýurdy. Swetka “Ýör!” diýip gygyranda, men gözlerimi gyrpyldadyp, haýsy tarapa ýöremelidigini-de göz öňüne getirip hem bilemokdym. Swetka, hamana diýersiň, posýologyň içi bilen barýan ýaly edip meni barmaly ýerimize eltdi. Ol aralyk şeýle bir daşam däl eken. Biz agaç jaýyň daşynda aýlanyp durupdyrys. Biz nahar bişirýänçäk, Serýoža daýy bilen Witýa daýy şişkalary agaç daşap başladylar. Olar bir halta bilen getirýärdiler, dökýärdiler we ýene gidýärdiler.
Swetkanyň bişiren çorbasyny iýdim. Ejemiň çorbasyny welin, şeýdip bir gezegem iýip görmändim. Men bu mahal iýip doýmajak ýalydym. Soň arkanlygyna gyşardym-da, şol bada ukladym. Meni turuzdylar, ýokaryk galdyrdylar. Biz ýene derrew işlemäge gitdik. Geň göräýmeli, nahardan soň işlemek ýeňildi, hatda men hem biraz öwrenişdim. Şişkalaryň gaçýan ýerini anyklamagy, olary çalt tapmagy, urgulardan gaçmagy öwrendim. Hatda Swetka hem men ýaly olardan gaçyp gutulyp bilmeýärdi.
Agşamyň öň ýanynda bizi ýene-de nahar bişirmäge iberdiler. Men muňa çakdanaşa begendim, sebäbi men şeýle bir gaty ýadapdym!
Erkekler şişkalary daşaýardylar. Üýşmek dag ýaly boldy. Soňra guran agaçlary ýykyp, olary agaç öýe tarap süýrediler, sebäbi bütin gije ot ýakmalydy we şişkalary taýýarlamalydy. Agaç öýden uly brezenti çykaryp, ýere ýazdylar. Ol ýerden dürli ölçegdäki deşikli demir tabany çykardylar. Olar elekdi. Ody ýakdylar. Men öň kertik-kertik edilip çapylan uly togalak pürse üns beripdim. Şol kertiklere şişkalary goýýardylar we üstünden hem uly bolmadyk kertikli ýasy tagta bilen urup, bir gezekde şişkalary sürtýärdiler. Uzakly gün ýygnalan şişkalaryň ählisini şeýdip taýýarlamalydy. Soňra hozlary üç sany elekden geçirmelidi. Ondan soňra hem hozlary otda deşiksiz demir tabada gowurmalydy.
Erkekler we Ýurka şişkalary sürtýärdiler. Swetka ikimiz bolsa eleklere hozlary guýup eleýärdik. Bu iş şeýle dowam etdi. Hatda men nädip garaňky düşüp başlanyny, nädip gije düşenini-de duýmandyryn. Dag ýaly bolup duran şişkalar hiç azalmaýan ýalydy! Ýöne haçanda ahyryn azalanda Ýurka-da elemek işine goşuldy. Meniň işim birneme ýeňlän ýaly boldy. Arassalanan hozly demir tabalaryň ilkinjileri eýýäm otda goýlupdy. Maňa hozlar ýanmaz ýaly gorjap durmagy buýurdylar. Hozlar gyzan gabyklary bilen şatdyldap ýüzüňe atylýardylar.
— Ine indi nädip hoz alynýandygyny bilersiň! Ikilenji gezek gidesiň gelmez! —
diýip, Serýožä daýy aýtdy.
— Gidesim geler! — diýip, men zordan çyn ýürekden jogap berdim.
Hemişe dowam edýän zat ýok. Biziň işimiz hem ahyry gutardy. Arassa,
gowrulan hozlar gazanjyk bilen goş haltalara guýuldy. Göterip bilmejegimi nazara alnyp, maňa dört gazanjyk berildi. Swetka hem şonça gazanjyk ýetdi. Ýurka welin alty gazanjyk berildi. Munuň özi bize kemsindiji täsirini ýetirdi. Ýogsa, menem Ýurkadan az işlemändim. Men Ýurkadan gowşak däldim, Swetka bilen meni deňemek nämä gerek! Emma men jedelleşmedim.
Serýoža daýynyň we Ýurkanyň doganynyň haltalary bolsa juda uludy. Hatda olary kimdir biriniň ýerden göterjegine hiç ynanyp bolmaýardy!
— Indi bolsa çişýänçäňiz ýatyň! — diýip, Serýoža daýy yglan etdi.
Agaç öýde köne-de bolsa, bitin odeýallar, güpbüler, hatda başgaplar hem bar eken. Baýkal taýgasynda gijeler sowuk bolýardy, muny eýýäm men bilýärdim. Ulular oduň başynda ýerleşdiler. Bizi bolsa agaç öýe ýerleşdirdiler. Ýurka ol ýere derrew gitdi. Biz Swetka bilen oduň başynda biraz oturmagy haýyş etdik.
Gije tümlükdi. Men diňe indi garanjaklap, daş-töweredäki ähli zadyň nähili gorkunçdygyny duýdum! Ot diňe açyk meýdanyň özüni ýagtylandyrýardy we onuň ýagtysy iki ädimden gutarýardy. Ondan aňyrda bolsa töweregimiz gorkunç kölegelerden, nätanyş we aladaly şygyrdylardan, seslerden doludy. Asmandan bolsa kedrleriň depeleri görünýärdi ýa-da aňşyrylýardy. Hamala depeler kelläň üstüňe abanyp duran, islendik minutda gijäniň elhenç haýwanlary bolup kelläňe gaçmaga taýyn ýaly bolup görünýärdi. Garaňkylykda haýsydyr bir hereket gözüňe görünýärdi, kimdir biri gapdalyňda bukdaklaýan ýa-da töwerekde eýläk-beýläk geçýän ýalydy. Şonda oda şeýle bir gysmyljyrasyň we onuň içinde bukulasyň gelýärdi.
— Gorkunçmy? — diýip, Swetka pyşyrdap sorady. Men biperwaýsyrap, “hüm” diýip goýberdim.
— Maňa-ha, elmydama gijesine gorkunç! — diýip, Swetka boýun aldy. Men hem şonda ylalaşdym, ýakymly zat az.
Hemme kişi eýýäm ýatyrdy. Biz bolsa entegem otyrdyk we oda seredip gije seslerine diň salýardyk. Maňa bolsa garaňky agaç jaýa gitmek diýseň gorkunçdy. Men bu ýerde galjakdygyny aýtdym. Güpbimiň syýyny gowşuryp, diş-diş töňňä ýaplandym-da, derrew uka gitdim.
<...>
Baýkal güýzi hemme reňkler bilen boýalyp ýetişmänkä, bolanja reňklere-de sowuk degdi we gar ýagdy. Elbetde, gar eredi, emma reňkleri sowuk urup ýetişdi we olar iki günde soldy.
Jülgede sowuk şemallar ýagşy we çygly howany kowalap, öňe-yza at salýardy. Baýkal bolsa yzyny üzmän gom turuzýardy. Häzir ol indi açyk howada-da ozalky ýaly mawy reňkli bolanokdy. Ol ýygy-ýygydan çal küljümek, gurşun reňke boýalýardy. Diňe köpürjikläp kultuk tolkuny gelende, ol garamtyl gök reňkde bolýardy. Baýkal güýzüniň ikinji bölegi — ýylyň iň gamgyn döwri. Sowuk ýagyşlar, şemallar, ýowuz we howply deňiz.
Ikinji gezek ýagan gar eýýäm eremedi. Bu bolsa gyşyň başlandygynyň alamatydy. Jülgeden akýan çeşme ýa-da kiçijik derýajyk kenarýaka buzlary bilen örtüldi. Muňa garamazdan, entek aňzagyň güýjüne ynanar ýaly däldi, sebäbi suw daşlaryň üsti bilen hakyt böküp-böküp akmasyny dowam etdirýärdi. Her niçik-de bolsa, ahyry gije özüniň bökmesini goýupdyr we daň atýança hereketde wagty ýalpyldap duran buz bolup doňupdyr. Bu bir täsinlikdi. Hereketi duruzmagy we doňdurmagy göz öňüne getirmek aňsatmy näme! Emma bu ýerde suw şaglawuklary we akymlary aşak düşüp barýarkalar ýa-da bökenlerinde doňupdyrlar, hatda daşlaryň üstündäki damjalar hem iri dür ýaky bolup doňupdyr, daşlar bolsa ýalpyldap duran gat bilen örtülipdir. Şeýle-de bolsa, derýajyk ýerasty çeşmeler bilenem iýmitlenýärdi. Şonuň üçin buz köp ýerde ilki güberçekläp çişdi, soňra bolsa buz wulkanlary ýaryldy hem-de suw buzuň üstünden ýene-de okdurylyp akyp başlady. Buz ýokarynda gitdigiçe galňaýardy. Oglanjyklaryň aýdyşlaryna görä, ýaza golaý buzuň galyňlygy kä ýerde metr ýaryma ýetmelidi. Eger derýajygyň çuňlugy bary-ýogy dyza çenli bolsa, onuň şeýle galyňlyga ýetip biljegine heý ynanyp bolarmyka?
Daş-töwerek eýýäm gyşyň howasy bilen dem alýardy. Eňňitlerdäki gök ýolkalardan we kedrlerden başga ähli zat ak reňke çümüpdi. Ol göklük hem şeýle bir açyk saýgartmaýardy, umuman, ýaşyl bolup kabul edilmeýärdi, ýöne agyň üstündäki garamtyl tegmil ýaly bolup görünýärdi.
Diňe Baýkal güneş günlerinde ak nagyş çekilen kenarýakasynda, hiç bolmanda güneşli günler, heniz öz garamtyl gök reňkini saklaýardy. Gomlar şol bir kenardan beýleki kenara we kenaryň ugrunda gatnaýardylar, hamala Baýkal üşeýändigi sebäpli, ýylanmak üçin gom turuzýan ýalydy. Kenar ýakasyndaky saý ýerler bilen ak murtly buzlar gitdigiçe kenardan uzaga süýşýärdiler. Şeýle-de bolsa, entek deňziň aldajy aňzaga garşy durmaga ýeterlik güýji bardy, aňzagyň bolsa deňzi boýun egdirmäge güýji entek ýeterlik däldi.
Oglanlarda täze şatlyk başlandy — konkiler. Konkiler ýüp bilen walenkalara daňylýardy, emma mysal üçin, ýekşenbede, ýagny bazar güni ertirden agşama çenli typýardylar, nähili ýüp oňa çydar! Şonuň üçin ýüp berk bolar ýaly, ilki konkili walenkalar çalaja suwa batyrypdyrlar, soň birnäçe wagt garda saklapdyrlar. Konkiler walenkalara bitişýärdiler. Aýaga agyrrak bolýardy, ýöne ygtybarlydy!
Deräniň Öli gaýanyň bäri ýanyndan Baýkalyň kenarlaryna çenli diýen ýaly jaý ýok ýerindäki aralyk buz bilen örtülipdi. Biz çatryga deňiç çuň we dar derä bilen gidýärdik we ol ýerden aşaklygyna durman typyp gaýdýardyk. Käwagt jaýryga uçup düşýärdik, şonda “üýşmek” emele gelýärdi we bu üýşmek bizdik, şol üýşmegimiz bilen togalanyp we çapalanyp, aşak typyp gaýdýardyk. Soň ýene-de konkiň üstünde durýardyk we Baýkalyň kenar ýakasyna atylyp çykýardyk.
Soň ýene-de üç tagtany çüýleýärdik. Olary konkiň üstüne goýýardyk. Ikisi yzda, biri, rulçy, bolsa öňde bolýardy. Ol guraljagaz ruljagaz diýip atlandyrylýardy. Onuň üstünde birbada birnäçe adam ýatýardy we dereden aşaklygyna Baýkala garşy atylyp gaýdardy.
Agşamlaryna we bazar günleri bütin deräni çagalaryň şadyýan sesleri gaplap alýardy. Bu bolsa oba durmuşynyň iň şowhunly we şadyýan wagtydy.



