Dantäni ösdürip

                 Ýeri men ol ýerde bolamda näme?
                                            Ýuriý Lewitanskiý

                            ...salkyn alagaraňky köşkler.
                                                      Lew Losew

 Töwerek gyrmyldy, äwmän bal arylar hyzlaýar, berýär myg.
Taýyn goşulmaga olaň akylly aladasyna,
sen gözleriň açýarsyň we bilýärsiň ölendigiň
bir sähel salym mundan öňüräk. Düýşüňde.

 Sen bagtyň çüwdi, diý. Emma biraz batyrsyrama.
Edil tüm hem yşyk deý, deň şowly hem näşow munda.
Geçirilýän ýer, emma bärden azalmaýar.
Wagtyň indi ýok ýerinde garaşylýan zalda,

 dinde zerurlygyň bolmaýşy dek — ýer ýok, dogrusy, ynama,
ýoklugna gorkyň we gyrpalygyň, göripligiň we utanjyň.
Diňe arzuw etmek galýar — görersiň iň ýakyndaky
gapyň aňyrsynda, bärik öň ýeten ezizleriň.

 Zatlar oýlanan badyňa, gerek ýerinde,
baky däl, ýüze çykaýýan ýaly görünýär.
Nazar bulutlara, suw dek üýtgeýän
zyra landşafta begenip öwrenişýär.

 Gulaklar dynç alýar sesleriň şeýle bollugynda —
iň wajyp, uky deý görünmeýän sazyňyza.
Diňe yslar ýok — ýöne bu eýýäm wajyp däl:
feromon gerek däl çyndan söýýäne.

 Sözler barada aýtsaň — olar has ynandyryjy,
zeminde aýdylanlardan has dänip bolmaýany.
Hemişe alagaraňkyrak — ne irdenki we ne agşamky.
Howa sertinde ýatdan çykarýarsyň sowugy ýa-da yssyny.

 Bu diňe durlanýan howuz diýen çen utandyrýar,
onda garaşýaň ýa beýik mana, ýa syrta depgä
hem kem-kemden ýadaýarsyň şeýle bolçulygyndan
gedem ruhlaryň. Ýöne aňyrsy görnenok entegä.