Bahar
Bu ol. Bu ol.
Şatyrdy hem güwwüldi bilen bölünýär
çişen derýajyk gorsanjaň buzlara
Ýalpyldy we hysyrdy, dyknyşyk we höwür.
Geldi bahar Nagatinskiň kenaryna.
Aňklaň, itleň, gargalaň ortasynda
Klakson ýangyn söndürýän ulagda,
çagalar: kaka! kaka! diýip gygyrýar.
Ilkinji suwa gark bolan çykýar
buzasty gujakdan.
Bu ol.
Dürli reňkli düýpdäki löderäň içinden,
žinsi kurtkaň üsti açylyp göründi,
öli suw bilen gemrilen kurtka,
suwoty saçda, zibil, çilim galyndy.
Geldi bahar Nagatinskiň kenaryna.
Onuň ne köwşi bar, ne ýüzi.
Merdiwan uzaýar suw düýbe
suwa kese, derýa ortasy
münýär ýangyn söndürijiler oňa.
Çaga şatlygy, begençli sesler,
güne ýanan tuwalgalarda elhençler —
eý, sowul, ýüzüp daşlaş, eräp git —
ot söndürji çiş bilen çalt dörjeleýär,
merdiwan — Wah! — aşaklygna epilýär.
Ýokaryk! Penjekden tut! Bu ol!
Bu baharyň şatlygy hem nalyşy,
begenişýän märekäň üstünden,
çeňňekler bilen asmana galdyrlan,
ýüzüp gelýär ol.
Şatyrdy hem güwwüldi bilen bölünýär
çişen derýajyk gorsanjaň buzlara
Ýalpyldy we hysyrdy, dyknyşyk we höwür.
Geldi bahar Nagatinskiň kenaryna.
Aňklaň, itleň, gargalaň ortasynda
Klakson ýangyn söndürýän ulagda,
çagalar: kaka! kaka! diýip gygyrýar.
Ilkinji suwa gark bolan çykýar
buzasty gujakdan.
Bu ol.
Dürli reňkli düýpdäki löderäň içinden,
žinsi kurtkaň üsti açylyp göründi,
öli suw bilen gemrilen kurtka,
suwoty saçda, zibil, çilim galyndy.
Geldi bahar Nagatinskiň kenaryna.
Onuň ne köwşi bar, ne ýüzi.
Merdiwan uzaýar suw düýbe
suwa kese, derýa ortasy
münýär ýangyn söndürijiler oňa.
Çaga şatlygy, begençli sesler,
güne ýanan tuwalgalarda elhençler —
eý, sowul, ýüzüp daşlaş, eräp git —
ot söndürji çiş bilen çalt dörjeleýär,
merdiwan — Wah! — aşaklygna epilýär.
Ýokaryk! Penjekden tut! Bu ol!
Bu baharyň şatlygy hem nalyşy,
begenişýän märekäň üstünden,
çeňňekler bilen asmana galdyrlan,
ýüzüp gelýär ol.




