Şer amin
Kakam şaýyny tutýardy.
Ol özüniň sütükli, çümýän — gyzyl, sary, goňur, mämişi reňklere çalym edýän dürli reňkdäki şarfyny saraýardy; ol wagtlar entek şarfy fransuzlaryňky ýaly owadan düwünli edip saramagy başarmaýardylar; kakam şarfy rus intelligentiniki ýaly dakynýardy — ýyly, owadan bolmalydy, şarf ýokarky dodagynyň üstünde durmalydy, haçanda onuň içinde dem alanyňda — onda çyg gyraw bolardy.
Kakamyň egninde possun bardy; haçanda ol aýratyn asylgy duran wagty üýrmäge başlap bilýärdi; kakamyň egninde — köşeşerdi.
Men:“Sen nirä?” diýip soradym. Kakam ýasama aladasyzlyk bilen düküna, çilim almaga barýandygyny aýtdy.
Enne — bu meniň enem, oňa hemmeler şeýle ýüzlenýärlerdi, kakamyň sözlerini tassyklap: “Dükana gidip-geler” — diýýär.
Biz enne bilen oturdyk we otyrys, ol-a diwanda, men bolsa ýerde. Ol äýnek dakynyp, atamyň köýnegini ýamap otyr; şu owunjak zada-da gaharlanmalymy, ýa däl diýen manyda pikirlenýän ýaly bolup, iňňä gözlerini süzüp seredýärdi; men nämedir bir äpet zat barada aňmaga çalşyp ennä seredýärin; meniň şonda bäş ýaşymda ýa-da ondanam kiçi bolmagym ahmal. Meniň kellämde bir pikirem ýokdy, olar şu wagtam seýrek gelýär, şonuň üçinem men ýöne böküp ýerimden turdum-da ylgadym. Hatda köwşem geýmedim.
Bolan zatlary aňşyrdym diýip ýazjak boldum, ýöne welin munuň hemmesi ýalan, ýöne göz öňüme gelip gitdi: kakam ýolda dur, elini galdyrýar hem çilim çekýär; ine, eýýäm oba gidip barýar, ol ýerde biziň maşgala jaýymyz bar we ol ýerde oňa aýaly — meniň ejem garaşýar. Ol ýük maşynyň sürüjisi bilen gürleşýär, olar gülüşýärler, kakam sürüjä “Belomor” çilimini hödür edýär. Penjiräni açýar — içiňden geçip barýan fewral şemaly deşikden urýar.
Daşary sowukdy, gar köpdi — şähere garanyňda obada hemişede gar köp bolardy. Edil biziň howlumyzyň derwezeleriniň gutaran ýerinde tokaý başlanýardy. Uly ýol bolsa tokaýyň gutaran ýerinde, ýarym kilometr aňyrdady. Enne gaçyp gideniň, meniň yzymdan tokaýda ýetdi. Gujagynda göterip öýe getirdi. Men aglamadymam we ondan sypynjagam bolmadym. Tutdularmy tutdular. Nesibe däldir.
Enne meni öňki oturan ýerimde oturtdy-da, eline köýnegi aldy, köýnekden işsizlikden ýaňa içi gysan iňňe bilen sapak sallanyp durdy. Hamala hiç zat bolmadyk ýaly. Men näme üçin ylgap gidenime, aňym ýetenok. Kakamyň yzyndandygy düşnükli zat.
Emma men hiç haçanam ejem-kakamy göresim gelip ýüregim gysanokdy — eger-de myhmançylykdakam garrylaryň ýanynda goýup gitseler, arkaýyn ýaşaýardym.
Nirä dyzap gitdiň?
Belki, kakam öz fewralyndan dolanyp gelip, meni eline alyp götermelidir.
Sebäbi şondan bäri ähli zat bolmalysy ýaly däldi.
Indiki ýylyň ýagynly fewralynda, onuň soňky günlerinde köçeden bir ýuwaşja, saryýagyz oglanjyk ýöräp barýardy (men öz kiçilik wagtymy halaýaryn, hamana, otuz ýyl mundan ozalky şol oglanjyk meniň oglummyşynda). Biziň obamyzda bozgak oglanlar ýaşaýardy. Olaryň familiýasy Çebrýakowlardy. Men olary tapawutlandyryp bilemokdym. Olaryň ikisem uzyndy, süňklek bedenli, boýunlarynda uly kekirdek ýumrulary görnüp duran, ýüzleri süýri, kemakyl we nejisdiler. Olaryň biri meniň yzymdan egnime itip goýberdi we men tutuş göwräm bilen buz ýaly palçyga ýykyldym.
Biziň obamyzyň palçygy ýaman erbetdi. Indi onuň ýaly palçyk tapmaýaň — ony ýarma gaýnadan ýaly gaýnadardylar, ýazda ol buz bilen garyşyp owradylan owuntyk bolup ýatardy, tomusda buga tutardy, güýzde bolsa palçyldardy. Hiç haçan guramaýardy we doňmaardy. Hamala bu palçygyň içinde ýuwaşlyk bilen nebit çeşmesi, has takygy bolsa — iriňli çiş bygyrdaýan ýalydy.
Edil meniň palçyga ýykylmazymyň öňüsyrasy bu hapa palçygy hem suwuk, hem goýy bolar ýaly edip obanyň traktory gowy edip ýaýypdyr. Onuň yz ýany at çapyp geçipdir we bu bulamakda serçeler we pitpitiler üçin gyzgyn nahar goýup gidipdir.
Menem şoňa ýykyldym.
Öýe masgarabaz ýaly durşuma çyr-çyrşak bolup geldim.
Agzymdan hapa gelýär, gepiň keltesi, postmodernist.
Ejem hiç zat diýmedi — men ol gider-de Çebrýakowlary öldürip gaýdar öýtdüm. Ol bolsa diňe meni ýöne ýuwdy. Hemme geýimlerimi sypyrdy, arassasyny berdi.
Soňky gezek — ýene-de bir ýyldan, ýene-de fewral. Mekdebiň aňyrsynda futbol oýnaýardyk — bizde gyşda futbol oýnamagy gowy görülýärdiler. Tomus-a gysga, oňa garaşarýançaň, top bolsa depilerine garaşyp hon-ha ýatyr. Men üç sany ýyrtyk switerlidim we telpeksizdim: meniň pikirimçe, şeýle sypat meni batyrgaý görkezýärdi. Toparlar ýaşa görä garym-gatymdy. Garşydaş topara, ady ýadyma düşenok, ýaňyja harby gullukdan gelen, duw-ak kirpikli akýagyz, gülek şeýtan goşuldy. Men derwezäniň ýanynda durdum. Akýagyz şadyýan, çakgan oýnaýardy. Ol dessine topy depdi — olam meniň ýüzüme degdi. Men, ulaldyp aýdamok, howada iki gezek aşyr atyp, ýykyldym. Gözüm edil kellämiň içinde nurbatlanan ýaly boldy — soň men titreýän barmaklarym bilen gabagymy, kirpiklerimi emaý bilen daşyna, öňki ýerıne, ýagty jahana çykardym: gözüm bölek ete meňzäp, öte uly görünýärdi, elläňde hamala barmaklaryňda sülük bar ýalydy.
Eger-de men derwezäniň ştangasynyň has golaýynda duran bolsam, onda oňa kelläm degip ölerdim.
Toparlaýyn oýunlar bilen aramy sazlap bilmedim.
Meni edil guş çagasyny höwürtgeden çykaryşlary ýaly edip obadan çykardylar-da, fabrigyň turbasynyň ýanynda ýerleşdirdiler: maşgalamyz sowet häkimiýetiniň ölümini şäheriň asfaltynda durup geçirseň gowy bolar diýen netijä geldi.
Täze mekdebe men ilkinji gezek gyşda, fewralda bardym.
Mekdebiň golaýynda parallel synpdan bir daýaw pyýada durdy — meniň kelläm onuň egnindendi, dokuz ýaşly jandardy. Meniň kellämden telpegimi sypyrdy-da, daşa zyňdy. Men onuň telpegine topuldym, ar almakçy boldum, emma ol meni aňsatlyk bilen itekläp goýberdi. Güýçler deň däldi. Arakesmede men onuň yzyna düşýdüm. Bir çalasynlyk edip, ony urmaly diýip oýlanýardym. Emma gaýratym ýetmedi.
Täze mekdepde bir mugallym zenan bardy. Ol synp ýolbaşçysydy, stalinçidi. Özem sepgilli we arrykdy, dili duzludy.
Perestroika-täzeden gurnama başlandy. Olam demokratizasilaşdyrmak-aç-açanlyk gerek diýip pikir edýär, synpda oňa bolan garaýyşlary öwrenmek üçin gizlin sorag-jogap alyşyk geçirýär.
Meniň partadaşym Çibisow mugallym haramzada diýip ýazdy.
Men bolsa hiç hili arz-şikaýatym ýok diýip ýazdym.
Bir günden soň gizlin däl-de golly sorag-jogap alyşygy geçirilýär.
Biziň jogaplarymyzy ýygnap, sepgilli özüniň äpet aýneginiň üstünden maňa misginsokarlyk bilen seretdi-de, çydap bilmän: “Göreli, sen bu sapar näme ýazdyň, iudajan” diýdi.
Şondan soň dört ýylyň dowamynda ol meniň bilen haýwan ýaly gürleşipdi. Men bolsa hiç zada düşünmän, çydap gezdim.
Bir gün sapakdan soň synpy ýuwup ýördüm — eýýäm näçe ýyl bäri sepgilliniň ar alyjylyk hyjuwy hiç köşeşenokdy. Ol şol temany ýene-de galdyrdy: men nähili bolgusyz, ýalançy, men aslynda şeýdip nädip ýaşap ýörün, nädip ýer meni göterýärkä, bir wagta çenli meni ýer çekmel-ä.
Men eýýäm ulalypdym we indi dogumlandym-da näme bolýandygyny soradym. Olam sorag-jogap alyşyk ýadyňdamy diýdi. Gizlind-ä sen men haramzada diýip ýazypsyň, golly-da bolsa — ýok, haramzada däl diýip ýazýaň; netije: sen ýalançy, seniň bilen aňtawçylyga gidip bolmaz diýdi.
Menem oňa şol sorag-jogaply kagyzy görkeziň diýdim. Ol onuň ýanynda taýyn eken-ä (ar alyjylygyny gyzdyryp ýörer ýaly şunça ýyllap ony aýratyn depderjikde, ýanynda göterip ýörüpdir): seret diýip ol häzir çykyşym başlaýar diýýän gözbagçy dek kagyzlaryny silkip goýberdi.
Kagyzlary görüp men uwlaýdym-a. Entegem Çibisowyň üç ýyl bäri başga mekdepde okaýandygam bir gowy zat. Ony men däl-de, Çibisow ýazypdyr-a!
Ol birhili aljyrady-da, şobada: “...sen häzir maňa her zatlar diýen bolarsyň!” diýip, sorag-jogaply kagyzlary ýygnaşdyrdy. Elbetde, ötünç soramak hökmanam däl diýip hasap etdi.
Birsalym penjireden ereýän gara seredip durdy. Megerem, uzak ýyllaryň dowamynda bir çaganyň üstünden düşüp ýörüşim nädogrymyka diýip oýlanandyr-da. “Ýok” diýlen anyk netijä geldi. Kim könäni ýatlasa, onuň gözi çyksyn diýip, uly adam dek, paýhasly çözgüt çykardy.
Bu zatlar nämejik.
Meniň tirkeşýän gyzlarym bardy, ýöne, köplenç, olarsyz bolýardym.
Elmydama meniň ýadyma gyzyň ýokdugy, diňe baş aýlanma bilen ýetginjeklik ýürek bulanmasynyň bardygy düşýär.
Bir ýerden köne Täze ýylyň şanyna geçirilen otyrlyşykdan serhoş bolup öýe barýardyk. Men we meniň iki sany çüýşedeşim bolup iki sany hanymy ugratmakçy bolduk. Olaryň ýüzleri gaýyp bolup gitdi, eýýäm bir sudurynam yzyna dolap bolanok.
Içlerinde iň gürrüňçili men bolup çykdym. Bar güýjümi edip, olaryň göwnüni açjak bolýardym: olar bolsa diňe wagtal-wagtal hymmyldaýarlar.
Gyzlaryň biri gelşiklijedi, haýyş etdim welin, telefonyny berdi.
Eýýäm fewralda jaň etdim. Duşuşyk barada bir zatlar-a samradym. Olam hamala gulagy sowuklap sanjyp agyrýan ýaly zordan, dişini gysyp gürleşýärdi. Soň onuň golaýynda bir-ä bir zat edip goh çykardy, erkek kişiniň sesi eşidildi, olam birden pyşyrdap: “Meni günüme goý, ýürege düşdüň ahyry, asyl saňa näme gerek?” — diýdi.
Men hamala tupanly deňizde, garyň astynda, gara tolkunlara gaçýan buzly palçygyň aşagynda galan suwda öl-myžžyk bolan töňňede oturan ýaly boldum, kenara çykmak isledim, ol gyza aşakdan ýokaryk seredýärdim, ol bolsa meniň töňňämi: “Bar, nirä ýüzesiň gelse ýüz, kenara gelme, bu ýerde sensizem, bilýäňmi... Ýüz, kime diýýän!” diýip, aýagy bilen itip goýberdi.
Ondan ýigrimi ýyl geçdi. Megerem, ol şu wagt adamsyna borş bişirendir — hiç zat bolmadyk ýaly bolup ýaşap ýörendir, ähli zady unudandyr. Goý, onuň adamsy eli bilen duýdansyz tabagyň gyrasyna kaksyn, tabak howada bir gezek aýlansyn, kelem bolsa potologa, lýustra zyňylsyn, hemme zada gaýnag dökülsin, çagalaryň otagy gorkudan dolsun, — ol, bu är, bolsa: “Ganjyk! Men nireden saňa sataşypdyryn!” — diýip gygyrsyn.
Kimdir biri meniň arymy almalydyr ahyryn.
Ol gyz şonda meniň, bigünäniň we üşäp doňanyň, nämäni başdan geçirendigine düşünerdi.
...emma ýok, adamsy iýip bolar, hiç zat diýmez, iň wajyp zatlary özünde gizläp ýörer.
Gullukda, eýýäm çerpak bolup, men bir gezek arak içdim — nyzamda aňmadylar, ähli bolup biläýjek howplardan bildirmän aýlanyp geçip, öz koýkama ýetdim-de gyşardym.
Meniň bölümimde edil men ýaly çerpakda fotoapparat bardy we ol ýadygärlik üçin gullukdaşym ukuda diýip, meniň suratymy almakçy bolupdyr.
Bu başlangyç dessine köpçülikleýin çärä öwrülipdir: şem tapypdyrlar, ony, hudaýa şükür, elime gysdyrypdyrlar, ellerimi bolsa atanak goýupdyrlar. ýarlar. Şemi ýakypdyrlar, owadan bolupdyr.
Üstüme ýapylýan örtgüni bolmalysy ýaly edip ýapypdyrlar, maňlaýymda haç çekipdirler, bir ustawy, soň bolsa ýene-de birtopar ustawy — indi meniň okamaga wagtym köp diýýän manyda, meniň döşümiň üstünde goýupdyrlar; aýaklaryma 47-nji ölçegdäki ädikleri geýdiripdirler: merhum hoşniýetli, mähirli, uly aýakly adam bolupdyr.
Kellämde sübseden ýasalan uly wenok edipdirler.
Bir şem az bolar diýip birbada üçüsini dagy ele gysdyrypdyrlar: merhumyň tortdan kemmi näme — eýsem, ýas baýramçylyk dälmi? Ýasda-da arak guýýarlar, gyş işdäaçarjyklary bar, diňe tans etmek bolanok, ýöne aýdym aýtsaň-a bolýan ýaly-la.
Duhlary kowmandyrlar, duşaralaram şatlanypdyrlar.
Ýanymda şwabra goýsalar ýerlikli bolar diýipdirler: eger-de birden merhumyň ýanyna jynlar myhmançylyga geläýse, men olary şwabra bilen gorkuzyp bilerin.
Birden gerek bolaýmasyn diýip okara bilen çemçänem gapdalymda goýupdyrlar: mysal üçin, gurçuklar-a meni iýse, menem gurçuklary iýip bilerim ýaly — ikitaraplaýyn alyş-çalyş. Kim kimi birinji iýip gutarar diýip uzak wagtlap güýmenip bolardy.
Maňlaýymda hajyň aşagynda flomaster bilen dört harpdan ybarat bolan “amin” (“omyn”) diýen gülkünç sözüni ýazypdyrlar.
Meniň nähili söweşler bilen, özümi nähili görkezip, nähili üşüklilik bilen, on dokyz ýaşyma çenli gazanan ähli başarnyklarym bilen gazanan gowurak esgerlik adym — bary jähenneme gitdi.
Fotosuratlary çap edipdirler, ganjyklar, pullaryny gysganmandyrlar olary hemmeler gördi.
Men naharhana çenli, nyzamamda — islendik ýerde ýörämde, meniň her bir ädimimi göze görünmeýän ýylgyryşlar bilen synlaýardylar: seret, şemli we swabraly bar-a, şol, ölüler saklanýan ýerden gelen tort, amin bolan çerpak gelýär.
(Şol ýylyň fewralynda men tasdanam nyzamda doňup galypdym — ýaşamaga ýaltanýardym.)
Meniň iň ýakyn, has dogrusy ýeke-täk dostum maňa “Şer amin” diýip lakam dakdy. Ol botanikdi, mekdepde-de fransuz dilini öwrenipdir. Men oňa näçe gezek kömek etdim. Mensiz ony öldürerdilerem, emma welin bu gezek meniň özüm onuň dişlerine ýelmedim. Gan köp boldy, onuň dişi soň naharhanajykda stoluň üstünde, dökülen kelemli çorbanyň içinde, ýatdan çykarylan ýaly bolup ýatyrdy. Belki-de, ony alyp gidip, ýene-de yzyna towlap oturtsaň nähili bolar-ka, hemme zady bir zatlar edip üýtgedip bolýar ahyryn diýip pikir etdim.
(...maňa soň aýtdylar, dedler owadanlyk üçin şemi meniň agzyma dykjak bolupdyrlar, okymyş rugsat bermändir.)
Eýýäm hiç zady düzedip bolanokdy.
Men öz joramy köp çalşyklardan (öý çalyşmalardan) soň, maşgalamdan galan öýjagazymda ýaşatdym.
Ejem ony halady — ejem oňa ynanýardy.
Ejem bütin ömrüni meniň kakam bilen ýaşapdy. Bir eliň barmagyndanam köp sanly erkekleriň elinden geçen zenany “jelep” sözünden başgaça atlandyryp boljakdygy ejemiň kellesine-de gelenokdy.
Onda-da onuň bu akylyň, edep-ekramyň, owadanlygyň, edermenligiň iň oňat jemlenmesi bolan, aýdaly, ýagny bu iuda, bu şer amine, elmydana agzy hapa, özünden peslere awusyny pürkýäne, ýalan sözleýäne, sypjyklyk edýäne, öz mertebesini kiçeldip ýörene, jogapkärçilikden gaçýana, hiç zady bilmegem islemeýäne, öz-özüni aýnada synlaýana, öz paradkasyna guwanýana, lakga, gomparýana, aýnaýana ogluna kim ikilik edip biler.
Men dembel boldum. Jorajygym garşy almady. Ol enelerinde dynç alýan eken, men düşünýärin, eneňem bir goýup gaýdyp bolarmy. Bir hepdeden soň geldi. Ol ýöne ýylgyryp dur-a, sesi dagy ýuwaşja, edil sellofana dolap goýberlen ýaly. Ýaňagyndan öpýäň welin deri ýaly, atyr ýaly, onda-da hamala sellofan ýaly-da. Agşam sellofany tutuşlygyna, gat-gatdan aýyrdym, käbir ýerlerinde ýelmeşip gidipdir, biraz zähmet çekmeli boldum. Çyrany ýakma diýip haýyş etdi — garaňkyda gözle, bir zatlary görjek bol, özüňde krotyň ukybyny ösdürmeli, gije görmäge niýetlenen enjamy satyn al, fantaziýa saňa nämä gerek diýsene.
Meniň fantaziýam bir ýarym ýyl işledi. Men şol tutuş möhletiň dowamynda edil transformator ýaly ses çykarýardym. Men dembel bolanymda çykanymda näme boljakdygy hakynda jikme-jik oýlanypdym. Emma welin ykbal öz ýoluny hödürledi. Ýok, biz raýatlykdan..., has dogrusy raýat zenana dolanyp barlan ilkinji gijedäki bolmaly wakalary beýle görnüşde göz öňümize getirmändik.
Raýat zenan oňarmady. Ol iň ýönekeý zatlary etmegi ýatdan çykarypdyr. Bu ýerde oňa kömek et, bärde gaty etme, o taýda çümmükleme, sen näme beýle öpüşýärsiň?
Nähili?
Bolýala, üns berme. Men ýöne ýadaw.
Ýadaw? Bir ýarym ýylyň içinde ýadadyňmy? Ýa-da bir ýarym ýylyň içinde dynç almadyňmy? Sen öz eneň öýüne gidipsiň, hatda aşhanadaky rakowinanam ýuwmansyň. Wannada — pos. Sen hamala o ýerde demir adamy, ýa-da kim ol, demir aty ýuwan ýaly.
Hä? Näme, kombaýn ýuwduňmy?
Aňňyrmagyňy bes et. Näme sen meni gap-gaç ýuwujy hökmünde ýaşatdyňmy eýsem? Men bilen bolsadym.
(...gitmekçi bolup, bir aýagy bilen hereket etdi; men ony garaş, entek hemme zady aýdyp bolamok diýen manyda bedenimiň garşylyklaýyn hereketi bilen sakladym; ýogsam meniň ol hereketimiň manysy has giňişräkdem: nirä barýaň, how, özümi men näme edeýin bu ýerde diýen manydady.)
Daňdana çenli gürleşdik. Ol ýuwaşlyk bilen ejir çekýän dek, men bolsa aşa we çenden aşa tolgunýan adam ýalydym. Bilýärmiň sen, men nämeleri başymdan geçirdim? Bilýaňmi, bizi edil haýwan ýenjen ýaly ýenjenlerini? Men narýadda tas doňupdym ahyryn. Bizi tasdanam Çuçmekistana iberýärdiler. Men birinji bolup meýletinçilige ýazyldym. Men ol ýerden sinkde dolanyp bilýärdim, ana, sen şonda: wah, men ony näme üçin az begendirdimkäm diýip gynanardyň. Biziň rota ýolbaşçymyz bolsa nähilidi? Ol deňi-taýy bolmadyk kretin! Kombat nähilidi? Edil üç, kretin ýaly! Men hatda bir sapar generalam gördüm! Bilýäňmi, onsoňam, bir gezek tasdanam meniň agzyma şem gysdyrypdylar? Görkezeýinmi nädip?
Daňa golaý hemme zat ajylyk, turşylyk, çala mydar bilen, bir gezeklik, ýylysyz, uludan dem almasyz çözüldi. Çözülmedik bolsa gowy bolardy.
Ertesi gün jaň gelýär: trubkany alýaryn — allo? — prowodyň ol tarapynda biraz aljyradylar, soňam, tolgunyp, ýasama aladasyzlyk bilen: “Tinany çagyryp bolarmy?” diýip soradylar.
(Ol ýatyr, emma oýanyp, gürrüňi oňurga ýiligi bilen diňleýändigini ýeňsesinden aňdym.)
Trubkada şol bada tanalan erkek adamyň sesi: meniň synpdaşym. Tina menden öň onuň bilen gezýärdi, soň bolsa maňa gaýtdy. Emma ony uzak wagtlap ýadyndan çykarmady — ol uzynrakdy, owadanrakdy, baýrakdy, dogrusy, onuň bilen tirkeşen wagtlary oňa elem gatmandyr.
Emma men ýöriş edýärkäm, ynanjyň nyşany hökmünde düzgünnamany öwrenýärkäm we çest berýärkäm el gatypdyr. Özüniň meniň öýümde ýaşandygynam aýtmadyk bolmaly: nämä gerek? Ol öýi men gaýdyp gelip otlarym ýalymy?
Bu öýden joramy kowup, men täze dünýä gitdim. Ol ýerde goşgular ýaňlanýardy we täze drama düzülýärdi, ýaş oglanlar bolsa täsin egin-eşikde (açlyk näme etdirmez) äpet, dürli görnüşdäki, mysal üçin, pyşdyla meňzeş çakmaklary bilen öz arzanjak çilimlerini otlaýarlar (“...bu ussatlarça, bu ýazyjylarda şeýle bolmalymyş, muny men demir ýol menzilinde ýörite satyn aldym, bizem ýöne-möne adamlar däldigimizi görkezmek üçin, agam...), ol ýerde gyzlar ýaş oglanlardan has gowurak geýinýänler (olaryň her biri adaty garamaýaklaryň üstünden hiç haçan dogmajak al reňkli, ýalaňaç, ýyly güni öz jinsilerinde daşaýar) we olar ýaş oglanlara ünsem berenoklar, diňe bäşinji synanyşykdan soň, ysly ody çykarýan demir pyşdyllara ýaňsyly gözleriniň gytagyny aýlaýarlar. Oňa derek ünsli, jiňkerilişip ussatlara seredýärler. Sebäbi ussatlar saldamly sözleri aýdýarlar, ýygyrtly, gymmatbaha penjekli (edil islenilişi ýaly gymmatbaha hem däl) ussatlar Brodskiýni... görüpdirlermi? — Brodskiý dagy nämejik — olar Brodskini görmediksiräpdirler. Olar has içiňden geçip barýan, bakylygyň lasyrdap gaýnaýan düýplerinden diri gözler bilen, mermeriň arasyndanam ýaryp ösüp çykan, bir zatlara seredýän ekeni... — ýeri, bolýar, çykmanka myhmanhananyň otagyndaky aýnada öz keşbini gören ekenler-dä.
Biz — men we meniň bilen deň-duşrak oglanlar — ýaşlaryň arasynda iň uly ýaşlylar, ulularyň arasynda iň ýaşy kiçiler — geçen asyrda her kim her ýerde doglanlar, önüp-ösenler we her kim başaran ýerinde gulluk edenler, täze müňýyllyga diňe bir pyşbaga görnüşli çakmak bilen däl-de, eýsem, şöhratparazlyk, şowlulyk we umyt ýarmarkasynda özlerini oňaýly tarapdan hödür edip boljak eli ýükli gelenler dessine bir topara ýygnandyk.
Men öz-özümi dörediji, edebiýatçy diýip atlandyryp ugradym.
Meniň erkek doganym bardy, doganym däl, ýöne oňat dostum, uly göwreli, kiçi gözlüdi. Özem aç-açan ýaşaýardy hem-de beýlekileriňem, ýanynda aç-açan bolmagyny isleýärdi: ähli zat jandan, çyn ýürekden, ýalaňaç, utançsyz, daşynda bolmalydy, dykylman goýberilmelidi... emma welin haçanda beýlekiler, ikirjiňlenişip, açmaly ýerlerini açanlarynda, meniň dostum dessine başgalarda has möhüm zadyň ösendigi ýa-da özünkiden göz-görtele ulurakdygyny görüp, dessine ejir çekip ugraýardy.
Wagtyň geçmegi bilen ol asla-da öňe we ýokaryk seretmän, diňe töweregindäkilere gözleriniň gytagyny aýlady we tä gözi çaşarýança aýlady. Deňiz gyrasyndaky öz balykçylygyna gaçyp gitdi. Ol ýerde ýeke özi açynyp oturyp bilýärdi we kimdir birinde onuň syratyna we hyjuwyna, ilkibaşdaky ululygyna şübhe dörär diýip gorkmaýardy.
Öz ululygyny çykarýardy, ony tutan balyjagy, ýa zagara balyjak bilen, ýa karasjyk bilen deňeşdirýärdi — şatlykdan ýaňa hahaýlaýardy, bu dünýä, bu ägirt we hoşamaý dünýä bolan söýgüden aglaýardy.
Emma welin gaçyp gitmezinden ozal, meniň dostum edil maňa baýrak (gülli sebet, aşagynda sanlar bilen bezelen owadan kesilen topbak edilip goýlan ýaşyl kagyzlar) gowşurylyp durka, meniň ýakamdan tutup, ähli kişi — gyzlaram, ussatlaram, pyşbaga çakmakly ýaş oglanlaram maňa sereder ýaly edip gygyrdy we hemmeleriň gözüni açdy:
— Siziň pikiriňizçe bu kim? Bu öz görnüşi ýaly adam däldir! Ol ýalançy, kezzap, mekir garasar, agzy hapa adamdyr, onuň maňlaýynda dört harpdan ybarat söz ýazylgy, onuň ady ogurlanan at ahyryn, onuň jany repeýnigiň içindedir!— diýip ol maňa seredip, barmagy bilen meniň döşümi itdi: — Üsti başyňy ýap, dönük, sen bizi aldadyň! — diýdi.
Hemmeler sessiz maňa seredip durdular. Kimdir biriniň elindäki pyşbaga ot çykarmaga ysgyny bolman haşşyldap durdy.
Men (sebedi zyňmadym) köçä ylgap çykdym; aglamadym, gülmedim — ýöne boş we utançdan ýaňa ýanyp kül bolan kelläm bilen dem alýardym: men şeýdibem pikirlenmegi öwrenmändirin. Indi nädip ýaşamaly, beýle zatlardan soň ýaşap bolarmy diýen pikirler çekgelerimde urunýardy.
Köçede ýene-de diňe aldaw bilen keselli, sowuklamaly aladalary söz berýän gyşyň soňky aýynyň gary eräp başlapdy.
Sebetdäki gülleri gara zyňdym, ýaşyl kagyzy birden alaýmasynlar diýip kiselerime dykyşdyrdym.
Men şeýdibem kakamyň yzyndan ýetip bilmedim.
Ähli zat başdan tersine boldy.
Eger-de ol gitmedik bolsa, ähli zat başgaça bolardy.
Eger-de ol şonda gitmedik bolsa, ähli zat başgaça bolardy.
Eger-de ol şonda menden gitmedik bolsa, ähli zat başgaça bolardy.
Ynandyňyzmy? Ynandyňyz gerek?
Ine, ahyry açylda-ý, biz bolsa onuň içinden nähili gussaly we hatarlydygyny bilýärdik ahyryn diýip siz pikir edýänsiňiz.
Hiç zadam bilmediňiz, sem boluň.
Indi bolsa başgaça aýdyp bereýin.
Meniň obamda, aýlawly ýoluň aňyrsynda, bir sagatlyk ýoldan soň depeler bar — olaram orta guşaklyk üçin belent, eger-de olardan bökäýseň, endam-janyň kül-uşak bolar. Nobatdaky sowukda men, dokuz ýaşly oglanjyk, şol ýere gitdim — näme üçin meniň gyşda şol depä çykasym geldi, ony hiç kim düşündirip bilmezdi. Gar dyzdandy, kä ýerde döşdendi. Depelere ädilen ilkinji ädimlerden soň, dessine yza dolanmalydym. Emma men emedekläp gitdim — ýol ugry gygyrýardym, aýdym aýdýardym, bir gezek agladymam: öňe ýöremegä entek uzakdy, yzada gaýtmak indi giçdi.
Ol ýere tomus wagtam her bir adam ýürek edip münmezdi.
Gün ýaşyp barýarka depä mündim: jübülerim gardan doly, walenkalarym gardan doly, elliklerim gardan doly, goltuklarym doly, gulaklarym doly, gözlerim doly... şeýle diýip pikir etdim-de agzymam gardan doldurdym: seni ýalmap-ýuwdaýyn-la, fewral. Telpegimi çykardym, saçymdan gyzgyn der akýardy. Şeýle bir gowudy, şeýle bir ýakymlydy welin, men huşumy ýitirdim.
Bir minutlykmy, bir sagatlykmy: kimden sorajagymam bilemok.
Özüme geldim-de ökjämi, kellämi, ýuregimi göterip, çaltjak aşak togalanyp başladym.
Ýaman garaňky boldy. Garaňkyda oba hem has uzakda bolup görünýärdi we onuň çyrajyklary fewralyň syýaly çorbasynda çalajan bolup ýüzüp ýördi.
Emma welin meniň içimde eýýäm kümüş bilen şatlyk ornaşypdy.
Durşuma buz bolup yzyma dolandym. Diňe ýeňsäm, hamala şol ýere gyzdyrylan mis teňňesi bilen gyş güni möhürlenen ýaly gyzgyndy. Meni şol ýagdaýda-da oýardylar. Belli bir ýaşdan soň, aýdaly, on bäşden soň, islendik toparyň arasynda otyrkam men içimden öz-özüm üçin: “Bu ýerde men erkek» diýen karara gelýärdim we eger-de belli bir karar kabul etmeli bolsa, onda men şol karary kabul edýärdim. Köplenç, bu ýönekeýje sebäbe görä, hiç kim şol karary kabul etmäge milt edip bilmeýärdi.
Men ýaşaýyş üçin hiç hili özümi gynamokdym, indiden beýläk onuň özi meniň aýaklarymyň astynda ýazylyp ýatýardy.
Dünýä iki bölege bölündi — biri meniň bilen dostdular, beýlekisi menden ejizräkdiler. Ýene-de nähilidir bir üçünjilerem bardy, ýöne biziň biri-birimiz bilen işimiz ýokdy.
Diňe meniň halamadyk adamlarym meniň ýanymdan gitdi, meniň söýýänlerim — ýanymda galdylar. Meniň towşan derisinden tikilen telpegimi çykaryp zyňana men on bäş ýyl geçenden soň, köçede sataşdym. Ol öňküsindenem beter ösüpdir, menden üç kelle dagy uzyn bolupdyr — onsoň bökmeli boldum. Ol haýran galyp aňkaryp durdy. Onuň gözi hamala oňa guaş guýlan ýaly bolup dessine çişip ugrady.
— Sen näme...? — diýip, ol sorady.
Mundan beýläk biz beýle soraglara jogap beremzok.
Şol sellofandaky joram on ýedi ýyl geçenden soň, men seniň kimdigiňi bilmändirin diýip, hat ýazdy.
Bilmeli ekeniň, sendenem bir aýal bolarmy; diňe erkekleriň bilmezlige hukugy bar.
On dokuz ýyl geçenden soň öz obama degip geçdim — men ol ýere her ýyl dolanyp barýardym. Hamala men ol ýerde bir zadymy— garda galoşymy ýitiren ýalydym? Kümüş teňňejigimi? Ilkinji döşe dakylýan haçjagazymy? Geldim, obany bolsa ýene-de gar büräpdir. Ýörap barýaryn we eger-de gary aýyrsaň, onda ol ýerde meniň ýalaňaç çaga aýak yzlarym bardyr diýip oýlanýaryn. Eger-de şol yzlary yzarlap gitseň, onda göni öz-özüme gelerin, öz ömrüme girerin, ony tutuşlygyna ýaşaryn, ýene-de şol öňki ýerde pikir ederin: eger-de gary aýyrsaň — ol ýerde yzlar...
Seretsem, batga entegem öňki ýerinde dur. Rus topragy egsilmez, ýogsam obada ne at, ne-de traktor bar. Emma şonda-da batganyň içinde bir zatlar garalýar, bylkyldaýar, sojaýar, şapbyldaýar, hüňürdeýär.
Golaýlaşyp seretsem, Çebrýakowlar ýatyr, iki dogan bolup. Olaryň biri batypdyr, ikinjisi bolsa ony çekip dur. Olaryň ikisem garry itlere meňzeş, sesleri eşidilenok, gögeren ýüzlerinde hyllyklary doňup dur. Ýüzleri öňküsi ýaly birmeňzeşdi. Olaryň gözlerini biri sorupdyr, edil düýbünde bir zatlar ýaşaryp dur.
Çykaryp ugradym. Olaryň biriniň elinden çekdim welin, olam ýolundy: al kakmyş, näme etmeli, men ony islämokdym-a — hasaplaşyk wagtynyň ýetendigi düşnükli zat, emma edil beýle derejede... Soň düşündim: güpbüniň ýeňini düýbünden goparan ekenim.
Garyň ýüzünde kimdir biriniň ýalaňaç serhoş eli görünýärdi, barmaklar suwuklandyrylan gary sermeleýärdiler.
Başga kişä erbetlik etmäge mümkinçilik bermediler.
Men şeýle al reňkli we gyzgyn günleri öz ellerim bilen tutubam bilerdim. Emma mümkinçilikler baradaky bilimem maňa ýetikdi. Diňe şol bilimiň özünden doýgundym, läliksiredildim, püre-pürdüm.
Men ahyry tupanly araçäge baryp ýetdim we adamlary-da atyp gördüm, ýöne kimdir biri meniň atan ähli oklarymy aýasyna çöpleýärdi we edil şulha ýaly edip, zyňyp goýberýärdi. Men bir adamam öldürmedim, men ony anyk bilýärin — emma welin, eger-de haýyş etsem, onda öldürmäge-de rugsat bererler.
Hemme zady bererler.
Kakam gitdi, men onuň yzyndan ýetip bilmedim.
Eger-de ol dolanan bolsa, onda aňsatly bilen beren zatlaryny bererdilermikä?
Men kakamyň yzyndan ýetmek üçin, diňe şonuň yzyndan ýetmek üçin, elbetde, şu wagt elimde bolan zatlarymyň baryny bererdim. Emma welin meniň bilen hiç kim söwdalaşanok, hiç kim maňa bir zatlary hödür edenok: bu ýerde alyş-çalyşam ýok. Bu ýerde diňe her dürli ajaýyp zatlary gözüň öňünde goýýarlar, menem alýaryn.
Saýlap bolanok. Elbetde, almasaňam bolýar. Ýöne ol ýerde hemmelere-de ýetýär, men gördüm. Ol ýerde hiç kim başga birine ýamanlyk islänok. Ol ýerde sahy hojaýyn otyr.
...hem-de şonda, ýadyňyzdamy, haçanda men şol nejis ýaşyl kagyzy jübülerime sokup bolanymdan soň, men ýokaryk seretdim we edil itiň dili ýaly şol tutuş syýaly fewral gyzgyny bilen, hamala: “ýeri, sen näme? seni kim ynjydyp biler, akmak?” diýen ýaly, meniň ýüzümden ýaladylar.
Men ullakan zala dolandym. Hemmeler maňa ýylgyrýarlar, salam, seniň adyň nämed-aý, biziň-Puşkin doganymyz, biziň-Hlestakow-doganymyz, salam, biz seni iýjek bolduk, emma oňa derek seni öz ullakan ýüreklerimize gysarys diýýärler.
Özümiň, umuman aýdanyňda, açynyp ýörmegi halaýan ýoldaşymy tapdym. Onuň iliginden tutdum-da bir burça saldym. Onuň ýüzüne, ýüzbe-ýüz durup aýtdym — ol bilýär, onuň ýadynda, ol unudyp bilmez, bagyşlabam bilmez. Men adam hökmünde-de, erkek hökmünde-de, toslaýjy hökmünde-de, başbozar hökmünde-de, islendik zatda-da senden güýçli diýdim. Düşýäňmi maňa? Ol düşündim diýen manyda baş atdy. Ýit! — diýip buýurdym. Olam ýitdi. Çaga ýeňlişiniň öňünde ulynyň islendik ýeňişi gülkünç we ownuk bolup görünýär, ol dogry. Ýöne näme etjek.
Gaýtam indi men öz maňlaýymda islendik sözi özümem ýazyp biljek we meniň bu hukugym islendik ýyrşaryşyň üstünden basyp geçer— dişleriňi gora, akmak adam, sen nämä gülýärsiň, akmak adam, sen özüňe gülýärsiň. Ämin.
Dürli reňkdäki şarf eýýäm meniň demimden dolupdyr, gar ýagyp durka, ýere düşmän ereýär. Ýalançy fewral, sen utuldyň ýa-da, mümkin, sen utansyň. Sen maňa ähli zady öwretdiň. Emma men geçen zatlardan bir netijede çykaryp bilemok.
Indem bosagada durun, meniň çagalarym sorag bilen meniň gyş eşiklerimi synlap durlar, olaryň gözleri gyzgyn, olaryň gözleri seredip dur.
Nirä, uzak wagtlykmy diýip soraýarlar.
Näme etmeli diýen karary çözýärin: yzyňa garaman, gitmelimi? Ýa-da yzyňa dolanmalymy — eliňe almalymy? Olara näme kömek etjekdigini nädip bilmeli?




