Kafelli älemde, gelşikli, goland peji ýaly...
* * *
Kafelli älemde, gelşikli, goland peji ýaly,
Suwdan ýüzüp çykan, suw periň budy deý, buz ýaly,
Aýazly hem yssy, Roždestwo gijesi ýaly,
Güýzki jamlardaky kümüş suw ýaly, —
Asman edil gutujyk ýaly mis açar bilen açylýar,
Sentýabr aýynyň arzyly gününde
Ýüzi syrçaly asmandan seniň aýaňa gaçýar
Ýantar ýyldyzlar, melekler, balyjaklar, ýürejikler.
Eger syçan döräýse kafelli ertekiler dünýäsinde,
Çal ümsümlik bilen gorkuzar seni, hem gemrer, hem şygyrdar,
Çal angina gamy bilen dyrnajaklar bokurdakda,
Ýüzi syrçaly şamçyragyň ýöreýşin bozmaga çalşar, —
Biz açarys arşy — goý ýel tutularda öwüssün! —
Ol ýerde hem, arşda,
Perli pişikleri Hudaýyň, ony bulutlar tutarlar,
Ak hem lazur reňkli emalyň aklygynda.
Syçan sakçyň dişinde çygyrar, gyzyl kerepjikde
Şemal ony asmanda aýlap ýör kümüş uçuşda, —
Ine eýýäm ol damjajyk-ganjagaza öwrüldi,
Goý ol giçki miwe deý gaçsyn agaja biziň bagda.