Wagt — zat, diýipdi bize londonly antikwar...

* * * Wagt — zat, diýipdi bize londonly antikwar. Onuň bedeni hem bar, ol hiç ýere ýok bolup gitmeýär. Uzak ýaşadygyňça, şonça ýiti duýýarsyň: ählisi bar, hiç zat üýtgänok, hemme zat saklanylýar, hiç zat ýitmeýär hatda gaýnan çorbadan çykan bug-da bir ýerlerde antikwarlarda saklanýandyr. Ýatan harydyn teklip etdi bize-de: alty sany brilliantly nika ýüzügi ak altyndan ýasalypdyr, onda onuň uýasy çykypdyr durmuşa, megerem ýaş çatynjalar oýa bermändir özüni, nätjek, olar tizdenem düşüpdir aýra. Görkezdi owadan gulakhalka ýakut gaşly, ýüzüjigi uly akwamarinli, mis pyşdyly we delfinleri bilen hytaý adamy, gyzyl agaçdan edilen pili hem, emma birden Rene Lalik gördi Marina — baky modern sagat, güller, guşlar, aşyk boldy ol şol bada, güýçli, şeýdip kolleksiýa etmeli Laligi diýip biz geldik netijä, haçanda bi sowlan müňler, öwürmeseler gedaýa. Maňa bolsa “Kupidon okun ýiteldýär” dýen meýsen farforyndan şekil ýarady. Ganatly posalak çaga mekir ogry ýylgyryşly bir agaja bukulyp, tigre çalýar ýaragy, 1779-njy ýyldan bäri, ine gülkünç. Biz hiç zat almadyk. Men hakykatdanam gözläpdim kiçi iş stol üçin gipsden ýasalan Ýewterpany, emma tapmadym, gaharlandym we gaýdyşyn hüňňürdedim, ýogsa Ýewterpa ýanymda, emma nerw gowşak. Antikwar bolsa etdi öýke. Ýeri, bize bir köpük? Men şarfymy has berk daňdym we çekdim başgaby, Portobellodan aňryk biz ýöredik, wagt berýänçä ýasalan nusga heýkele bolmaly galyby.