Men suw daşaýan

Gar üýşmeklerin arçap, men suw daşaýan,
Maňa suw daşamak gün-günden has kyn.
Emma nähili bolsa şol hili bolsun,
Men öz mähribanyma suw daşaryn.

Arşyň düşegindenem sowugrak derýa.
Şapakdan şapaga deşýärin buzy,
Al, meň göwün hoşum, hrustal bedreleri,
Buz kytyrdat, kir ýuw, bişir nahary.

Gar üýşmekden gaýdyp, baryp gar üýşmegne,
Üç gezek özümem çekýärin çilim.
Men suw daşaýan — bosaga çen, çen göre,
Men bilemok soň kimiň daşajagyn.

Soňra bolsa — ine sonda agyr görgi,
Görermikäm, ýanwarda ýalňyzlygyň.
Yşk we aýralyk deý, dursuň derýa üstde,
Unudyp sen gapda suwuň doňuşyn...

Emma bu entek häzir däl, ýollary hem
Basalapdym men garda dumanda hem...
Taňry hem seredýär geň galyp we agras,
Bilýär meň bu Ýerde ne üçindigim.