Baý ýetginjek barada goşgy

Men — baý ýetginjek, maňa hem kyn düşýär
goýmak Efesden alnan gylyçjygy,
hem gyzyl lentaly barhat kamzoly,
hem ýelekli şlýapany, berk ýüzügi...

Dodaklaň namysjaň epini bilen,
ýaş rysar endigi we at münme
bilen, dogumly aýak urşy bilen,
ýüzýän ýeňil gaýyk dek eňek bilen.

Myşsalaň kirşi, limfaň ursy bilen,
arfaň sesi, nimfaň görüşi bilen,
rifmaň aýnasy we Allaň ukyby bilen —
bu şöhle, salgym, şalpyldy, yssy bilen!

Men gorkýaryn gurçuk köpelýän ýerden,
men gorkýan dolup barýan gädik aýdan
men gorkýan siňekleň rahat toýlardan,
gedaý ruhlulaň görünmeýän Şasyn!

Berin men bil gaýyşly gylyçjygy,
kamzol, ýüzük we bagýodaly howzy,
hem awçyň tüýdügin, hem ýoly belli
bolmadyk haýsydyr ýaşajyk Alla!

Bererin oňa ýaş nazar, ýürek, ses,
her tarynyň özi buýralanýan saç...
Hatda ýürek — awuly baly bilen,
Ömür we ýer ýyldyzly tüm girelge bilen.