Altaýly şaman gam çekýär magşugyn ýatlap
Şeýdibem gitdi
rus bilen şähere, dag aňyrsyna,
Ol magşugy bolupdy,
Ömrüniň begenjidi... ady hem Bektaýdy.
Uzak zaryn çekdim men oň,
gussa örtülip, aldym depregi
Çagyrdym Ulgen taňryny
Gök taňryny, rehimlini.
“Gaýtar maňa Bektaýy”, — diýdim men asmany taňra.
“Başarman” diýip, jogap berdi Ulgen maňa.
Täze deprek men aldym
başga hökümdary çagyrdym,
Elhenç taňry Erlika:
“Gaýtar maňa Bektaýy”, — diýdim oňa, aýdyşym deý Ulgene.
“Gaýtaryn, — maňa jogap berdi Erlik, —
Seň isleýşiň deý, hem bolar,
seň diýeniň bolar, şaman.
Men öldirin oň ärini,
Olam gaýdyp geler seň ýanyňa,
Günlerin seň bilen geçirer
gijelerne hem alar seň göwnüňi,
Ýöne oň ruhy bedenden uzakda aýlanar,
Wah, uzakda! Muňa bolsa
Sen hiç zat edip bilmersiň”
rus bilen şähere, dag aňyrsyna,
Ol magşugy bolupdy,
Ömrüniň begenjidi... ady hem Bektaýdy.
Uzak zaryn çekdim men oň,
gussa örtülip, aldym depregi
Çagyrdym Ulgen taňryny
Gök taňryny, rehimlini.
“Gaýtar maňa Bektaýy”, — diýdim men asmany taňra.
“Başarman” diýip, jogap berdi Ulgen maňa.
Täze deprek men aldym
başga hökümdary çagyrdym,
Elhenç taňry Erlika:
“Gaýtar maňa Bektaýy”, — diýdim oňa, aýdyşym deý Ulgene.
“Gaýtaryn, — maňa jogap berdi Erlik, —
Seň isleýşiň deý, hem bolar,
seň diýeniň bolar, şaman.
Men öldirin oň ärini,
Olam gaýdyp geler seň ýanyňa,
Günlerin seň bilen geçirer
gijelerne hem alar seň göwnüňi,
Ýöne oň ruhy bedenden uzakda aýlanar,
Wah, uzakda! Muňa bolsa
Sen hiç zat edip bilmersiň”




