Goýaldylan reňk
Pol Gogeniň albomynyň gyralarynda
...be, sişenbe, be, çarşenbe, penşenbe, yzyndan — Penşenbeden anna geçilen gije, ýeke sözem Ýazylanok... Aý sary samrama ýaly, azyndan “Nahilisiz”! Şeýle bir erbet has anykrak aýtsaň. Ýeri, näme diýersiň, talmudlar we goşgular.... Ýöne beýnä guýulýan “Wagşylyk kyssalaryndan”, “Hudaýyň gününden” ýagty saçylyp görünýär Öwüşgin atyp duran dokalan matalar ýaly Kolonial toslamalardan we arzuwlardan, Öz kepbesinden Ýewropany güme ugradanyň, Öz holstlary bilen makrokosma seredýäniň Garşysyna gitdäniň islendik täläýnamanyň. Eşigine görä — maori, söýgüde hem gall — Pornony, akmak oglanlary gowy görýän adam. Seret, holstdan akyp dökülýär, durşuna ganda, Uly şapak, utandyryp ekinleriň şahasyn. Şu wagtyň özünde gaýyk meni taşlap ugrar, Bu ýerde — anna, ol ýerde bolsa deňiz görünýär Günortanky: krewetkalar, garaleňňeçler, ýod... Aç-açanlykda goýaldylan reňk gowy görülýär. Şu wagtyň özünde, nakgaş, men eşidýän, nädip Ömür bilen ölüm tüýdük-wiwo çalyp berýärler, Bir urgy bilen gorkyny çym-pytrak edýärler, Geljekki mifiň hasaby boýunça töleýärler. Şu wagtyň özünde, maddylaşdyryp goşgyny, Taşlaryn ähli goşgulary gümüni çekerin, Örüp goşup sözi seň ölüm howply sirkiňe — Lenç edilen rifmaly, göwnüçökgün agy bilen.