Gujaklap dykyz suwy, öwretsene maňa ýüzmegi...
* * *
Gujaklap dykyz suwy, öwretsene maňa ýüzmegi.
Şeýle azatlyk ýerinden gozgap bolýan kürekli
gaýygy, gurak we ajy, gara rýabina iýmişi,
çöplemäň şatyrdysy, pyýadaň gijeki gamy
deýi agaç diline terjimeden maňa tanyşdy.
Seret, näçe ýyl, gury ýere taşlan kimdir biriniň,
ýumrup çyg diňlerin doýmaz-dolmaz suwa düşýänleriň,
landşafta öwrülip, akymy ýaly, sowaýan lawaň
ömürlik daş ýüzünde galyp, gaçýan dünýämden özümiň.
Neneň gorkýan her bir derýada! Öwret maňa ýüzmegi.
Eger hemme zat gabat gelse, eger ýaşaýyş dowam
etse, biz täsin balyklaň geň galýan inçe ýüzlerne
seretmäge we iýilmeýän plankton dek wagt gatyndan
we suwlaň ýeňil tonnasyndan ýetişeris geçmäge,
şonda bolsa..........................................




