hakyky kitaphana, onda mümkin dörjenip gözläp ýörmek...

* * *

 hakyky kitaphana, onda mümkin dörjenip gözläp ýörmek,
elektron däl, umumy, emma gutenbergiňki, özümki —
ruhuň barmaklarynyň yzy: görkez okalanlary —
aýdaryn, kim özüň, — ýöne aýdanoklar;
eger hakyky kitaphanada gözleşdirseň,
sahypasy könelip giden taparsyň raritet,
sowgat bereniň galamda ýazylan werdikti ýa
syýaly inskripti bilen, ýazaryň goly bilen, çüwäýse;
emma öňünden bilmezlik kitap awundan gymmatdyr:
senem, belki, oýlanýaň, kimdir biri gapyp alar
seni we seň bir ýere düşen tomjagazyň, ýok
parhy haçan, gyrasy düşnüksiz bellikli,
üflär tozanyn we başlar öwrenip tekstiň
üstünde we gapdalyndaky ýazlan düşnüksiz
haty, soň bolsa tekstem — bu islendik kitapşynasy
hem gizlinlikde şahyry çoýýan zatlardan
ýeke-täk sylag hem minnetdarlyk ähli uzak ýyl
içinde, megerem, iki tarapdan manysyz zähmet
üçin, hem gizlin pikirlenýäň öz awtordaşyň we hossaryň
hakda: ýeri saňa näme — gapyp al, dogan,
halas et menem kitaplaň üýşmeginden, meň guran kökleň,
dargaýan sahypalaň ýalňyzlygymdan, gapyp al,
dogan, tozanyn üfle we oka ýazylany
howlukmaç, indi bolsa togtadýan el bilen — görüşdik
ine bizem, aýdarsyň oňa, şu hem esasy: açmak
we okamak özgäňkini, özgäňkide —
özüňkini, galanynyň şeýle bir ähmiýeti ýok:
tiraž, neşir, meşhur dällik, söhrat — boş, men
şeýle aýdaýyn: oka hem stolda goý, minnetdarlyk
bilen unudyp hem bilersiň, ýöne sag
bol, çykarmanyňa ýatdan...