Günä şaýatlary

Ýigdekçekäm, ýaş jübükesen wagtym,
ilkinji gezek milisiýa düşemde, bildim,
barmaklamda özgeleňkä meňzemeýän yzlaň bardygyn.
Ogry üçin şeýle aýratynlyk häläkçilikdi, musallatdy,
ömürlik betbagtlykdy.
Sazandaňky dek barmaklamdan üýtgeşik suraty
men jeza berilýän ýaly, ejir görüp, kesjek, zaýalajak boldum.
Emma aýrylan nagyş tiz ýüze çykýardy, ýagly puluň ýüzünde dek,
aldawçy özboluşlyk bilen.
Şonda men jenaýat alhimiýaň gazananlarna ýüzlendim —
günä şaýatlaryny zäherledim hek bilen, bertollet duzy bilen.
Şeýle işden soňam dikelýärdi nälet siňen çyzyklar,
edil boýun egmek islemeýän ynsabyň subutnamasy ýaly.
...Men görünmek islämok ne eşik, ne ýüzüm bilen —
Ozaldan halamok saňa gyzyklanma bilen jikgerseler.
Diňe goşguda çalyşýan hiç kime meňzemezlige,
olary Kazyýet meň barmak yzlarym hökmünde görer ýaly.