Ortaky dünýä

Men ot ýakdym, ölçerdim ýalyny,
Guýdum hem oňa müň damja gany,
Altyndan, haýallaşan öz ganymy,
Köp durup goýalan — gyzgyn, görgür.
Alaw möwç aldy, gygyrdy, bukuldy,
Ýalynly dilleri bilen arlady,
Tüm garaňkyny uçgunlar bilen atdy,
Olar ýyldyza sary ýokary çykdy.

Şatyrdady, gümmürdedi ýyldyzlar,
Pyrlandylar has çalt hereket edip,
Arassa ýaşyl dili bilen towlanyp
Elektrik tolkunlarnyň täsinligi.
Demirgazyk ýalkymy.

Ot daşyna asyşdyrdym doga-tumar
Ýeldir kedrleriň gyzyl düýplerine,
Berk egridir syrdam düýplerine,
Buza örtülen gür çybyklaryna,
Garly düýpleň ukusyz şahalarna.
Çyzlan tegelekde ýaňlandy kömürler,
Olaň aşagyndan çykdy ýyly kökler,
Gar üýşmek, sürendäki aýy dek, gymyldady
Ýeriň gany eredi, açyldy,
Ýeriň duzy oýandy, erän garly
Syzdy gulagyna aşaky dünýäň.

Yrgyldap başlady duýgur tumarlar
Moržuň süňkünden, dyrnagyndan guşlaň,
Olarda birden ýandy okuwlar,
Ýalpyldady sap ýaşyl reňki bilen
Demirgazyk şapagnyň.

Şonda menem, böküp, kakdym deprege,
Ýanýan böri bolup pyrlandym tansda:
Keramatlylaň müň ruhy üýşüň,
Keramatlylaň müň ruhy ylgaň,
Keramatlylaň müň ruhy uçuň,
Kömek ediň bu gün garry Aýýa.

Müň ýyl goradym men bu topragy,
Ýeri we bärde ýaşaýanlaň baryny,
Ylgaýany, ýer sürýäni, oýlanýany, dem alýany,
Ýüzýäni, söýýäni, aýdym aýdýany, uçýany.
Goralýan ýerden ösýäniň baryny.
Müň ýyl men sakladym bulaň baryny.

Derýalary köşeşdirdim, doldurdym balykdan.
Boýun etdim tokaýlary, gür etdim awun.
Howasyny berkitdim, guýdum guşuny.
Jümmüşini çuňaltdym, köpeltdim baýlygyn.
Serpdim araçäkden geçen duşmanlary.
Bu gün bolsa kuwwatym tükenip barýar.

Heňňam sowuklapdyr, gyşarypdyr.
Eziz zeminiň egrelipdir synasy.
Orta dünýäni açgöz gazap örtüpdir,
Dem aldyranok, hyjjyldaýar meň depim.
Hiç zat ýatlarynda ýok. Iýýärler bir-birin.
Duýmaýar hiç kim agyrysyn özgäniň.

Bu agyry meni gemirdi, ýakdy.
Didäm ýerne — şatyrdy, doňan gözýaşlar.
Çyg ýeriň astynda, baky doňaklykda
Ýokary galýar, gaýnap başlaýar hasrat,
Erbet silkinýär, owranyp, daglar,
Örtülýär köpürjige keselli deňizler.

Söweşdeş ýoldaşlar, kömek ediň.
Ýadadym, ýöne gidip bilemok, kärdeşler —
Kime goýarsyň? Bärde ähli zat diri
Bukuldylar, Demirgazyk wagşy bakýar.
Oglanlar, meň eýýäm aňrym görünýär.
Gyssanyň, meň uýalam we doganlam.

Şahalar titreşdi, gar üýşmekler ýüzdi,
Tumarlar örtüldi näzik kül bilen,
Lentalar tüýdüldi, ýaşyl nokada üýşdi.
Oň ýeke özi dünýäde şalyk eder ýaly.

Ýyldyzlar hatar tutup oduň agzyna ugrady.
Gazaply ot yza çekildi, ýuwaşap,
Üýşdi, gabap daşyn şamanyň, kölegeler,
Sygyrýar, tüweleý turzup, gara howa:
Dünýäniň özgerdilmegi başlanýar.
Jahanyň çöwre tikilişi.