Depregi janlandyrma

Sibirlileriň şaman däbi

Rus aragyny sep
öz depregiňe, sibir şamany.
Janlanar depregiň derisi,
oň gasňagy direler.
Aýdym aýdyp başlar oň gasňagy,
ýatlap, nädip gurbanlyk agajy bolup
Ösüpdi taýgada, garaşyp,
haçan eradasy bilen hudaýlaň
adamlar ony çapar diýip.

 Rus aragyny sep,
gandyr derisin depregiň, şaman,
Aýdym aýdyp başlar serhoş bolup,
ýatlap, nädip gazaply urkaçy keýik bolup
Ölümiň niline seredipdi,
bilmän, diri galjagyny
Depregiň dynuwsyz seslerinde,
özüniň ölümden soňky aýdymynda