Ýaşlyk maňa söz berdi köp zady...
* * *
Ýaşlyk maňa söz berdi köp zady,
birwagt bardy ýigrim ýaş mende.
Bu bolupdy ömrümiň iň başy,
men samsykdym, gizlin däl bu-da.
Ine, — men isledim şahyr bolmak,
ýöne eýýäm güýçli däl, sebäp
gazanç edip muň bilen bolanok
hiç kime gülem almaýaň töläp.
Ine, men dag inženeri boldum,
aldym tapawutlanan diplom.
Gezip bilmen men güýzki baglykda,
Wirşiler ýazmaryn alboma.
Tüsseden gök bolan restoranda
gök skripkaçyň sazyn diňlemek,
puljagazy sanamak jübüde,
äpet eginleri öwürmek.
Şeýdibem çykmady şahyr menden,
indi hem çykmaz hiç haçanlar.
Jenaplar, siz maňa bir zat aýdyň?
Sessiz içip, aglaýar jenaplar.
Içip, aglap hem gyz gujaklaýar,
Ýene içýär, barybir dymýarlar,
Başlaryny kuwwatly ýaýkaýar,
paýyş sillabik sögünýärler.
Ýaşlyk maňa söz berdi köp zady,
birwagt bardy ýigrim ýaş mende.
Bu bolupdy ömrümiň iň başy,
men samsykdym, gizlin däl bu-da.
Ine, — men isledim şahyr bolmak,
ýöne eýýäm güýçli däl, sebäp
gazanç edip muň bilen bolanok
hiç kime gülem almaýaň töläp.
Ine, men dag inženeri boldum,
aldym tapawutlanan diplom.
Gezip bilmen men güýzki baglykda,
Wirşiler ýazmaryn alboma.
Tüsseden gök bolan restoranda
gök skripkaçyň sazyn diňlemek,
puljagazy sanamak jübüde,
äpet eginleri öwürmek.
Şeýdibem çykmady şahyr menden,
indi hem çykmaz hiç haçanlar.
Jenaplar, siz maňa bir zat aýdyň?
Sessiz içip, aglaýar jenaplar.
Içip, aglap hem gyz gujaklaýar,
Ýene içýär, barybir dymýarlar,
Başlaryny kuwwatly ýaýkaýar,
paýyş sillabik sögünýärler.





