Ýedi baýryň üstünde, mawy tokaýlarda...

* * *

Ýedi baýryň üstünde, mawy tokaýlarda
patyşa-ot ösýär duran ýedi ýaprakdan.
ýedi baýryň üstünde, ýedi şemallarda —
otuň birje ýapragy goýy-gyzyl reňkli,
beýleki ýaprak bolsa — ýowşan oty ýaly,
emma ajy däl ol, ýöne asman ýaly gök.
Üçünji ýaprak gyrmyzy, dördünjisi — ak,
olaň üstünde, belki, Melek hiňlenendir,
emma at dükürdisi, galtaman sykylyk
astynda, bäşinji — ýaşyl ýaprak döredi.
Altynjy ýaprak bolsa — altyndan ösüntgi.
ýedinji bolsa büdür-südür, öýdäki seki ýaly.
Jürk-jürk edip saýraýar guş otuň üstünde,
ot almak bolýar Iwanow gününde,
mawy tokaýlarda, çatrygynda derýalaň —
otuň aşagynda gizlenip ýatyr adam.
Ol ot onuň gapyrgasyndan ösüp çykýar,
bu onuň ýagşylygnyň diňe bir bölegi.
Onuň ýagşylygyndanam sen paýdalanyp,
ondan bir ýaprajyk seresaplyk bilen kes.
Ýedi baýryň üstünde, ýedi şemallarda
ynsany göterip öz elleriňe algyn,
onuň, ýürekdeşiň, ýüregini çykargyn,
ýolgunyň ýaprajygy — şol gök reňlisinden.
hem-de öz kükregiňde göterginiň ony,
hem-de şygyr ýazgyn, hem-de öndürgin çaga...