Rusçadan terjimeler

1. Mihail Lermontow

  Joşgunly ýagdaýyndaky oglanjyk birinji gezek deňzi görýär we öz duýgularyny söýgüli mamasy bilen paýlaşýar.

  beýläňe seret sen gämi görýäňmi?
(aksowult asman aýlagyň solgun suwlary)
sen maňa aýdyp bilersiň näme üçin ol mähriban portuny goýdy
biziň ülkämize ony näme getirdi?

  sen diňe göz öňüne getir: okean giňişligi
buz ýaly çisňi palubanyň aýagynyň aşagyndan çykýan
men bilýärin ony nämedir bir uly zat hereketlendirýär
ýöne abadançylykdan başga

  ýok bolmasa ol hiç zat üçin aýrylyşmazdy
bu çal gözýetimi bilen bu aýlagyň
bu giç ýaşýan
demirgazyk güni bilen


2. Aleksandr Puşkin
Ýaşlyk geçýär, ynamlar dargaýar; ilkinji söýgi hakyndaky pikirler bilen teselli gelýär.

  men ýygy-ýygydan ýatlaýaryn bu sagady
biziň ilkinji ýakynlygymyzyň sagadyny
seniň gözüňi gamaşdyrýan ýalaňaç teniňi
seniň tötänleýin sözleriňi

  olar meniň gözümiň öňünde nähili uzak wagt durdular
garyp ýaşaýşyň içinde
basýan ýadawlygyň içinde
beýleki duýguly maýyl edýänleriň içinde

  wagt ýatlamalary ýuwýar
şekiller öçýär
sesiň äheňi ýatdan çykýar
höwes gowşaýar

  emma söýgi üýtgäp hem üýtgemän galýar
çuňlaşýan ýygyrtlarda
gijäniň ortasyndaky agyryly ýürek urgularynda
geçen täsin pursatlar baradaky ajy düýşlerde


3. Fýodr Týutçew

  Imperator seýilgähleriniň birinde ýazky gezelenç; ýyl geçdikçe ýogalan magşugyň baradaky agyry has ýiti.

  ine ýene ýaz agşamynda bu alleýada
gün ýaşdy eremedik buzdan sowuk gelýär
sen görýärmiň: hemme zat şondaky ýaly
biziň bile bolan wagtymyz ýaly

  has garalyp we garalyp barýar
uzakda yşyklar ýandy
sen görýärmiň: bu bir wagt seniň bilen biziň dünýämizdi
we biz ony özümizçe söýdük

  ertir seniň ýyl sadakaň
gaýgy-gam we dogalar güni
sen görýärsiň: biziň ezilen ýüreklerimizi
ýene-de bile bu seýilgähde aýlanarlar


4. Osip Mandelştam

  Maşgala girdejilerini ýitirip we buržuaz ýaşaýşynyň endiklerini başarman, otuz ýaşly intellektual akylyndan azaşyp başlaýar.

  meniň eýýäm ýadyma düşürmäge ýagdaýym ýok
mäçe wagtlap mende bu sazyň eşidilýändigini
ol iriziji we çydap bolmaýan
gandan doýman çybynlaryň hyzzyldysy ýaly

  men töwerege seretmek üçin kükürt çakýaryn :
gapdalymda agyr gije agyr dem alýar
men ony iteleýärin
ony gymyldadyp bolanok

  howa hem basýar we bogýar
meniň ýüzümi deri bilen ýapan ýaly
eý nädip onuň gowy ysyny böwüsjek
eşitmek üçin

  eşitmek kapilýarlardan syzýan
guran otlaryň gülgüne ganyny
bu ukudaky bulaşyk
bedehanadaky giňişligi


5. Boris Pasternak

  Irden söýgülisiniň ýanyndan gelip, şahyr ýene bir gezek bolan zatlary şatlyk builen başdan geçirýär.

  nähili görülmedik syrgyn
biziň üstümize indi bu gije
göwnümize bolmasa
aýnalaryň ýarysy durşuna gardy

  sen stoluň üstünde şem ýakdyň
we onuň ýalyn sütünjikleriniň
täsinje kölegeleri
potologa düşýärdi

  dowamy hökmünde
seniň uzyn barmaklaryň
yrgyldaýşy ýaly
seniň goýberilen saçlaryň

  sen başarýarsyň
şeýle täsirli eşik çykarmaga:
iki ýeňil urgusy
aýakgabyň polda

  ine sen özüň bilen meniň üstümi basyrýarsyň
edil arassa gar ýaly
entek şemal aralygy yrgyldadýar
stoluň üstündäki şemiň ýalnyny



6. Anonim

  Näbelli ýaňy başlan şahyr öz temasyny we äheňini tapmaga çalyşýar; köpsanly özünden öňküleriň we döwürdeşleriniň täsiri duýulýar.

  kelle häzir hem lowlaýar          emma aslynda men näme görüp ýetişdim
tomusda orulmadyk meýdanda hilesiz gülleri görksüz kebelekleri
güýzde      ölüme şadyýan uçýan ýapraklary
ýüzüňe kerep bilen tüýkürýän taýgany

  men näme bilýärin gelýän gyş hem barada
ondan başga onuň       aýratyn manysynyň ýokdugyny
hiç haçan ynamy ýitirmeýäris hemme zatda diňleýäris
zordan tapawutlanýan bahar ritmini

  ýene-de bir zadyň gapdalyndan görmän geçdim
gözlerimi öz aýak aşagyna goýberip         öz geçmişim bilen mynjyradylan
bu ädimler bilen umytsyz synanyşýan ýyl geçdikçe kütelýän
sesi saklama


7. Balkan aýdymy
Wilnýusda kafede oturyp, ýaş bolgar şahyr gyz Dostena Angelowa garaşýaryn we onuň eden setirme-setir terjimesinden onuň goşgusyny terjime edýärin.

  Düýbünden tötänleýin
Birnäçe sözleriň baglanyşy ýaly

  (howa ýeterlik derejede tötänleýin)

Penjirä hem tuty dakylan
ýagyşdan
we saralýan ýapraklardan

(olaryň tansy geň hem bolsa
ýeterlik dogumly

 adatça şeýle bolýa
saz replikalary
  (ritmiki suratlary
beden partiturasynyň)

  Bu ses hatary
indi (näme üçin?)
birkemsiz ýeterlik

  nädip birkemsiz doýurýar
(içirip gandyrýar lül-gammar edýär —
dogrumyka?)
bu mukam

  Gürrüňsiz kapitulýasiýa
we
sen eýýäm başararsyň
meni hemme zada ynanmaga:

  bu çeýe ýylan
süýrenýän
aýnalaryň açyk gabsalaryna —

  men taýyn
alada bilen garaşmaga
onuň gara dyzlaryna

  emma sen maňa gürrüň bermegi ýatdan çykardyň
bu sowuk zady
nädip ulanmaly


8. Awtorimeýk
Meniň özüm, döredijilik krizisini ýeňmek üçin, özümiň öňki goşgularymy täzeden göçürýärin.

  belki eýýäm müňlerçe gezek şol bir ýoldan geçip
(gün entek ýokarda durdy eýýäm agşam bolsa-da)
birden men duýdum          bu nemli ýatgy ysyny
ysyny ýaş bedeniň

  (haýran galdyryjy arassa häzire çenli agaçlaryň aşagynda eremän galan gar ondan käwagt sowuk)
men hem duýdum aljyrandygym
ýöne aslynda men näme aýtmakçy boldum?

  bolaýjak zat       adama goşgy bilen geplemek
meniň geçmişim bilen      we meniň şu günüm bilen
gaty ýüz görmeýän setirler: hiç hili pleýboý konformizmiň
(sözleri aýtmak     olaryň gorkunç manysyny aňlaman)

  Haçanda düýbünden garaňky düşende
men derýa ýetdim
ýöne biderek bolsa gerek
ol häzirem buz bilen örtülgi


9. Gabriil Deržawin
Ýüregagyry tutanyndan soň; ölüm gorkusy wagtlaýynça yza tesýär.

  wagtyň akymy haýal we saklanmaýan
meni ýuwýar
meniň bilen bile onda ereýär
ýadygärlik meniň halkymyň dili hakynda onuň hudaýlary
onuň gahrymanlary

  bu galyndy nähili bolar bakylygyň okeanyna düşende?
başga ýerden gelen folkloristleriň ýazgylary
kitaphanalarda çüýreýän kitaplar
pentaton ses hatary kalbyňy çöwürýän aýdymlar?