Sen şu gijede keramata öwürdiň...
* * *
Sen şu gijede keramata öwürdiň
Häzire çenli ähli sözsüzi, könäni:
Ýönekeý suwy, çöregi, çakyry.
Mynajatçy monah, ojakda ot aýdýar heňi,
Şehidiň gözleri deý, gijede bakýar aýna,
Wagyzçy saçak hem düşdi
Dub apostol-stoluň döşüne.
Eý zatlar dünýäsi, keramatda ýaradylan!
Eý tam, ýalkym saçýaň Hudaý eradasyndan!
Bitewüligi örümiň hem stropil agajyň,
Zemin berkligi bilen nikalap zemini däli,
Sen kakabaş ogul üçin gijede hem gurduň.
Horaz sesi taýyp barýanyň deňinden öter —
Gaçyp barýan ýürek bolsa gürsüldäp böker.
Möňňürýän, özüne seretmeýän nejis bilen
Gije gaýdyp gelerin, taparyn seni, hyjuw bilen
Birwagt boýun gaçyrylan tünegi.
Nädip basalap bilerin durmuş hapasy bilen
El degmedik halyçalaryň ümsümligni?
Emma men nirede boldum, idemezler meni,
Diňe süýşürerler oduň ýanyndaky kürsini.